Daşary ýurt uniwersitetinde okamaga taýýarlyk maksatnamasyna kabul edilýär
Amul Info ·

«Iş Nokady» bilim merkezi ABŞ-nyň Kent State University Florence ýokary okuw mekdebiniň bir semestrlik Foundation Course maksatnamasyna kabul edilýändigini habar berdi. Okuw 2027-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabatda onlaýn görnüşde başlar. Gatnaşyjylar halkara işewürlik ýa-da moda dizaýny we söwda…
«Iş Nokady» bilim merkezi ABŞ-nyň Kent State University Florence ýokary okuw mekdebiniň Foundation Course atly taýýarlyk maksatnamasyna kabul edilýändigini habar berdi. Daşary ýurt uniwersitetine şu ýyl okuwa girip bilmedik, emma halkara bilim almak maksadyndan ýüz öwürmeýän ýaşlar üçin niýetlenen maksatnama 2027-nji ýylyň ýanwarynda başlar.
Maksatnama barada
Foundation Course bir semestr dowam edýär we doly bir ýyllyk Foundation Year taýýarlyk tapgyryna deň hasaplanýar. Şonuň üçin talyplara bakalawr maksatnamasyna girmek üçin goşmaça bir ýyl taýýarlyk görmek zerurlygy bolmaz. Okuw sapaklary Aşgabat şäherinde onlaýn görnüşde geçiriler, ýagny maksatnama gatnaşmak üçin daşary ýurda göçmek talap edilmeýär.
Gatnaşyjylar iki ugurdan birini saýlap bilerler:
Okuw sapaklaryny Kent State University-niň Florensiýadaky hünärmenleri, şol sanda Simone Anselmi we Barbara Guarducci geçirer. Şeýlelikde, talyplar Ýewropa bilim ulgamynyň aýratynlyklary bilen göni şol ýokary okuw mekdebiniň wekilleriniň alyp barjak sapaklarynyň üsti bilen tanşarlar.
Maksatnamany üstünlikli tamamlanlara Kent State University Florence tarapyndan şahadatnama berler. Bu resminama goşmaça bir ýyllyk taýýarlyk tapgyryndan geçmezden, bakalawr maksatnamasyna okuwa girmek üçin ýüz tutmaga mümkinçilik berýär.
Maksatnamanyň tölegine Italiýanyň Florensiýa şäherine dört günlük okuw sapary hem girýär. Saparyň dowamynda ussatlyk sapaklary geçiriler, gatnaşyjylar Italiýanyň akademiki gurşawy bilen tanyşarlar we şahadatnamalary gowşurmak dabarasyna gatnaşarlar.
Taýýarlyk maksatnamasy 2027-nji ýylyň ýanwarynda başlar. Giňişleýin maglumat almak üçin +993 61 38-64-17 we +993 63 48-53-80 telefon belgilerine ýüz tutup bolýar.