«Awaza» mili syýahatçylyk zolagynda geçirilen forumda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň giň gerimli işi aýratyn bellenildi
Turkmenistan RSS Feed · · turkmenbasy, balkan
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Awaza» Kongresler merkeziniň mejlisler zalynda «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahat geçirildi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Awaza» Kongresler merkeziniň mejlisler zalynda «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahat geçirildi. Foruma Türkmenistanyň Mejlisiniň, ugurdaş ministrlikleriniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, alymlar we bilermenler gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylaryň öňünde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa çykyş etdi. Ol halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan ynsanperwerlik we rehimdarlyk ýörelgeleri bu gün döwlet derejesinde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi.
Çykyşda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň giň gerimli işine aýratyn üns berildi.
«Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bu ugurda alyp barýan işi uly buýsanç duýgusyny döredýär. Mälim bolşy ýaly, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň dürli sebitlerindäki çagalara çylşyrymly lukmançylyk hyzmatlary amala aşyrylýar. Şeýle hem gazna dünýäniň dürli künjeklerinde tebigy we ykdysady betbagtçylyklardan ejir çeken çagalara ynsanperwerlik kömegini berýär. Bu asylly işler Türkmenistanyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we beýik ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň güwäsidir» diýip, Mejlisiň Başlygy nygtady.
Sözüniň ahyrynda D. Gulmanowa şu günki maslahatyň dowamynda öňe sürüljek täze başlangyçlaryň GDA ýurtlarynda we halkara giňişlikde saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, foruma gatnaşyjylara iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.