Şabadyň «ak altynly» pelleri
Amul Info · · sabat, dashoguz

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabyndaky «Nowbahar» we «Azatlyk» daýhan birleşikleriniň pagtaçy daýhanlary şu ýyl hem ýokary netijeleri gazanyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Olaryň yhlasly zähmeti sebitde «ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan…
Daşoguz welaýatynda pagta öndürmekde öňdebaryjy hojalyklaryň hatarynda Şabat etrabynyň «Nowbahar» we «Azatlyk» daýhan birleşikleri aýratyn orun eýeleýär. Bu hojalyklaryň zähmetsöýer daýhanlary geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem ýokary netijeleri gazanyp, pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Bu barada Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Şabat etrap komitetiniň başlygy Hudaýguly Aşyrow habar berdi. Gazanylan zähmet üstünlikleri bilen daýhanlary gutlamak we olaryň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen, degişli meýdanlara tarap ýola düşüldi.
Daşoguz şäherinden çykyp, il arasynda «Belent köpri» diýlip atlandyrylýan ýol geçelgesinden geçeniňde, giňişlige ýaýylyp ýatan ekin meýdanlary gözüňi özüne çekýär. Şol ýerden başlanýan giň meýdanlar Şabat etrabynyň pagtaçy daýhanlarynyň yhlasly zähmetiniň aýdyň beýany bolup, «ak altynyň» bol hasylyny kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň gerimini görkezýär.