«Volvo Cars» 2,5 müň töweregi iş ornuny gysgaldar
Amul Info ·

Şwesiýanyň awtoulag öndürijisi «Volvo Cars» çykdajylary azaltmak maksady bilen takmynan 2,5 müň iş ornuny ýatyrmagy meýilleşdirýär. Olaryň 2 müňüsi Şwesiýadaky işgärlere degişli bolar. Kompaniýanyň 2026-njy ýylyň üçünji çärýegindäki girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäki 86,4 milliard kron bilen…
Şwesiýanyň awtoulag öndürijisi «Volvo Cars» kompaniýasy çykdajylary azaltmak maksady bilen takmynan 2,5 müň iş ornunyň ýatyryljakdygyny mälim etdi. Olaryň 2 müňüsi Şwesiýadaky işgärlere degişli bolar. Bu barada kompaniýa 2026-njy ýylyň üçünji çärýeginiň maliýe hasabatyny çap eden wagtynda habar berdi.
«Bloomberg» neşiriniň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň maliýe görkezijileriniň ýaramazlaşmagy bilen baglylykda, «Volvo Car AB» kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy 30 göterimden gowrak pese gaçyp, taryhy iň pes derejesine ýetdi.
2026-njy ýylyň iýul — sentýabr aýlarynda «Volvo Cars» kompaniýasynyň girdejisi 66,9 milliard şwed kronuna deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 86,4 milliard krona deňdi. Kompaniýanyň amallardan çeken ýitgisi 5,6 milliard krona ýetdi. Deňeşdirmek üçin, 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde kompaniýa 6,4 milliard kron möçberinde amaly girdeji gazanypdy.
Kompaniýa bu netijeleri Hytaýyň awtoulag bazaryndaky ýerli öndürijiler bilen güýçli bäsdeşlik we bahalara edilýän basyş bilen düşündirdi. Şol sebäpli Hytaýdaky girdeji ýyllyk hasapda tas 50 göterim azaldy. ABŞ bazarynda bolsa Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan girizilen gümrük paçlarynyň we elektrik awtoulaglary üçin berilýän ýeňillikleriň ýatyrylmagynyň ýaramaz täsiri dowam edýär.
Çykdajylary azaltmak üçin kompaniýa maslahatçylar bilen baglaşylan şertnamalaryň möhletini tamamlamagy, öz islegi bilen işden giden işgärleriň käbiriniň ornuny doldurmazlygy we işden çykarylýan işgärlere öwez töleglerini hödürlemegi meýilleşdirýär. «Bloomberg» neşiriniň maglumatlaryna görä, meýilleşdirilýän gysgaltmalar kompaniýanyň işgärleriniň takmynan 6 göterimine täsir eder. 2025-nji ýylda hem «Volvo Cars» takmynan 3 müň işgäri bilen zähmet gatnaşyklaryny bes edipdi. Bu görkeziji kompaniýanyň ofis işgärleriniň 15 göterimine deňdi.
Şeýle-de «Volvo Cars» 2027-nji ýylda Hytaýyň bazary üçin ýörite işlenip taýýarlanan alty modeliň ilkinji ikisiniň önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Bu taslama kompaniýanyň paýnamalarynyň tas 80 göterimine eýeçilik edýän «Geely» topary bilen bilelikde amala aşyrylar. Kompaniýanyň baş direktory Hakan Samuelssonyň bellemegine görä, awtoulaglary Ýewropada işläp taýýarlap, Hytaýda ýokary bahadan satmak mümkinçiligi öňki ýaly däl.