Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
tdh.gov.tm ·
Häzirki döwürde ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän iri möçberli beýik özgertmeleri, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 36 ýyllyk baýramyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýetini, Watanymyzyň dünýädäki belent şan-şöhratyny, milli medeni mirasymyzy we gadymy gymmatlyklarymyzy kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän zehinli döredijilik adamlary ýüze çykarmak, olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmek hem-de höweslendirmek, türkmen edebiýatyny iri göwrümli eserler bilen baýlaşdyrmak, milli sungatymyzy has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti edebiýat, medeniýet, sungat işgärleriniň we döredijilik bilen meşgullanýan beýleki adamlaryň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi.