Türkmenistan Brýusselde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» forumynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitledi

Amul Info · · turkmenbasy, balkan

Türkmenistan Brýusselde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» forumynda hyzmatdaşlygyň esa…

Türkmenistan Brýusselde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» Strategik institutlarynyň ilkinji forumynda energetika, ulag-logistika we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe başlangyç öňe sürdi. Olaryň hatarynda türkmen tebigy gazyny Ýewropa bazaryna ibermek, Türkmenbaşy halkara…

Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar gullugynyň binasynda «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky Strategik institutlaryň ilkinji forumy geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistan Ýewropa bazaryna tebigy gaz ibermek, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini giňeltmek we 2027-nji ýylda ykdysady forumy geçirmek boýunça başlangyçlaryny öňe sürdi.

Ýewropa Bileleşiniň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň hem-de ÝB-niň Howpsuzlyk meselelerini öwrenmek institutynyň (EUISS) ýardam bermeginde geçirilen forum strategik seljeriş merkezleriniň ýolbaşçylaryny, diplomatlary we Ýewropanyň öňdebaryjy bilermenlerini bir ýere jemledi. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministrliginiň geňeşçisi Batyr Niýazlyýew we Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow wekilçilik etdiler.

Türkmen wekilleriniň çykyşlarynda öňe sürlen esasy meseleleriň biri yglan edilen başlangyçlardan anyk infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge geçmek boldy. Gatnaşyjylar türkmen tebigy gazyny Ýewropa bazaryna ibermegiň geljegini, Türkmenbaşy halkara deňiz portuny Transhazar halkara ulag geçelgesiniň ulgamyna goşmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Ýewropa tehnologiýalaryny we maýa goýumlaryny «Global Gateway» maksatnamasynyň çäklerinde çekmek meselelerine üns berildi.

Forumyň aýratyn bölümi göni işewürlik we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge bagyşlandy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2027-nji ýylda «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» Ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyjy aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Jemgyýetçilik diplomatiýasyna bagyşlanan mejlisde bolsa geçen ýyl Niderlandlarda geçirilen ahalteke bedewleriniň ilkinji dünýä çempionatynyň üstünlikli tejribesi Ýewropaly bilermenlere tanyşdyryldy. Bu çäre medeni taslamalaryň iki sebitiň işewür we jemgyýetçilik wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýakynlaşdyrmakdaky mümkinçiliklerini görkezdi.

Источник: Amul Info