OGT 2026: Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen birnäçe ylalaşyga gol çekdi

Amul Info ·

OGT 2026: Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen birnäçe ylalaşyga gol çekdi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) halkara maslahatynyň we sergisiniň ikinji gününde Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen Hytaýyň, Malaýziýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň kompaniýalarynyň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn resminama gol çekildi.

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) atly halkara maslahatynyň we sergisiniň ikinji gününiň jemleri boýunça Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen Hytaýyň, Malaýziýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň kompaniýalarynyň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn resminama gol çekildi.

Baglaşylan ylalaşyklar nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki işlere degişli hyzmatdaşlygy giňeltmegi, ýöriteleşdirilen enjamlary we turba önümlerini üpjün etmegi, şeýle hem nebitgaz hyzmatlary ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar.

Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Hytaýyň milli deňiz nebit korporasiýasy (CNOOC) özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Resminama deňizdäki nebitgaz bloklary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasynyň (MPRC) arasynda nebitgaz hyzmatlary we enjamlary babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy.

Turba önümlerini üpjün etmek ugrunda hem birnäçe şertnama gol çekildi. «Türkmengaz» döwlet konserni Özbegistanyň «Galperin adyndaky Daşkent turba zawody» bilelikdäki kärhanasy bilen dürli diametrli turbalary satyn almak barada şertnama baglaşdy. Resminama Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew we özbek kärhanasynyň direktory Wiktoriýa Susepina tarapyndan gol çekildi.

Mundan başga-da, «Türkmennebit» döwlet konserni Hytaýyň TENERGY TIANJIN CO., LTD kompaniýasy hem-de Gazagystanyň KSP Steel kompaniýasy bilen turba önümlerini satyn almak we üpjün etmek boýunça şertnamalary baglaşdy.

Gol çekilen resminamalar Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmäge, zerur enjamlaryň we önümleriň üpjünçiligini ösdürmäge hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar OGT 2026 çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Источник: Amul Info