Tramp Habib Nurmagomedowa we Islam Mahaçewa Ak tamda wezipe teklip etdi
Amul Info ·

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp UFC-niň ýolbaşçysy Dana Uaýta Ak tamyň metbugat sekretary wezipesini teklip edendigini mälim etdi. Tramp bu teklip kabul edilen ýagdaýynda Habib Nurmagomedowy, Islam Mahaçewy we beýleki türgenleri Uaýtyň kömekçileri hökmünde işe çekmegi teklip etdi. Bu barada ol…
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp UFC söweş sungatlary guramasynyň ýolbaşçysy Dana Uaýta Ak tamyň metbugat sekretary wezipesini teklip etdi. Şeýle-de ol bu teklip kabul edilen ýagdaýynda, russiýaly türgenler Habib Nurmagomedowy we Islam Mahaçewy Uaýtyň kömekçileri hökmünde işe çekmegi teklip edendigini mälim etdi.
Tramp bu barada özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda ýazdy. Ol kömekçiler hökmünde Nurmagomedowyň we Mahaçewyň, şeýle hem Jastin Getžäniň, Amanda Nunýewe hem-de Kaýl Harrisiň atlaryny agzady. ABŞ-nyň Prezidenti olaryň käbiriniň amerikan raýaty däldigine garamazdan, bu wezipelere dalaşgär hökmünde hödürlenendigini belledi.
Trampyň ýazmagyna görä, ol agzalan türgenleriň Dana Uaýta kömek etmegini isleýär. Şeýle-de amerikan lideri Uaýty Ak tamyň metbugat sekretary wezipesine razy bolmaga çagyrdy.