Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Hafyz Şirazynyň şygryýet güni bellenildi

Amul Info ·

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Hafyz Şirazynyň şygryýet güni bellenildi

📚 Aşgabatda Hafyz Şirazynyň şygryýet güni bellenildi. 20-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Eýranyň ilçihanasynyň Medeniýet merkezi bilen bilelikde edebi-medeni çäre geçirildi. Onda türkmen we pars edebiýatynyň arabaglanyşyklary, Hafyzyň dostluk, parahatçylyk we…

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda pars nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Hafyz Şirazynyň şygryýet gününe bagyşlanan edebi-medeni çäre geçirildi. Duşuşyk ýokary okuw mekdebi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda geçirildi.

Çäräniň açylyşynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Döwletgeldi Hallygylyjow hem-de Eýranyň ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi çykyş etdiler.

Çykyşlarda pars we türkmen edebiýatynyň arasyndaky umumy aýratynlyklar, iki halkyň köp asyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary hem-de umumy ruhy gymmatlyklary barada nygtaldy. Hafyz Şirazynyň edebi mirasynyň bu taryhy we medeni arabaglanyşyklary şöhlelendirýändigi bellenildi.

Eýranyň ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Hafyzyň şygyrlarynyň sada we düşnükli dili bilen häzire çenli hem giň meşhurlygyny saklaýandygyny aýtdy. Şahyryň dostluk, parahatçylyk, hakykatçyllyk we söýgi baradaky goşgularynyň diňe Eýranyň däl, eýsem, bütin dünýäniň ruhy baýlygydygy aýratyn nygtaldy.

Çärä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary, şeýle-de Medeniýet merkeziniň ýanyndaky pars dili okuwlaryna gatnaşýan diňleýjiler gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda türkmen we pars dillerinde goşgular okaldy, aýdymlar ýerine ýetirildi. Hafyz Şirazynyň, Sagdy Şirazynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň eserleri ýaňlandy.

Çäräniň ahyrynda myhmanlar iki ýurduň amaly-haşam sungatyna degişli önümleriň bilelikdäki sergisi we pars dilindäki edebiýat bilen tanyşdylar.

Источник: Amul Info