COP31 maslahatynyň çäklerinde Türkmenistan halkara guramalar bilen birnäçe resminama gol çekdi
Amul Info ·

COP31 maslahatynyň çäklerinde Türkmenistan halkara guramalar bilen daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we durnukly ösüşi goldamak boýunça birnäçe resminama gol çekdi. Olaryň hatarynda 2026–2030-njy ýyllar üçin FAO bilen hyzmatdaşlyk maksatnamasy, HCFC-lerden tapgyrlaýyn ýüz…
Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda birnäçe möhüm resminama gol çekildi.
Halkara foruma türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.
Türkmenistanyň habarlar portalynyň habar bermegine görä, gol çekilen resminamalaryň hatarynda Çagalar, ýaşlar we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler baradaky Jarnama hem bar. Resminama Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew tarapyndan gol çekildi.
Maslahatyň çäklerinde daşky gurşawy goramak, oba hojalygy, energiýa we suw serişdelerini dolandyrmak ugurlary boýunça hem birnäçe ylalaşyk gazanyldy.
Şolaryň hatarynda 2026–2030-njy ýyllarda Türkmenistanda gidrohlorftoruglerodlary (HCFC) ulanmakdan tapgyrlaýyn ýüz öwürmek taslamasynyň üçünji tapgyryny durmuşa geçirmek baradaky ylalaşyk bar.
Şeýle-de Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) arasyndaky hyzmatdaşlyk täze bäş ýyllyk döwür üçin uzaldyldy. Taraplar 2026–2030-njy ýyllar üçin Ýurt boýunça çarçuwaly hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassykladylar.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Öwezgeldi Goşjanow bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň arasynda hem resminama gol çekildi. Bilelikdäki taslama ýurduň dürli künjeklerinde energiýa geçişini goldamaga gönükdirilendir.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Halkara Suw serişdelerini dolandyrmak instituty (IWMI) özara düşünişmek we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama gol çekdiler.
Bu resminamalar Türkmenistanyň halkara guramalar bilen daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak, durnukly ösüşi üpjün etmek we tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendir.