Türkmenistanyň daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşdy
Amul Info ·

2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Samarkant şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubiýonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Samarkant şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubiýonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan tagallalara oňyn baha berdiler.
Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Waşington şäherinde geçirilen «C5+1» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň bilelikdäki tagallalary birleşdirmekde möhüm tapgyr bolandygy bellenildi.
Taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak meselelerine garadylar. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi bermäge gönükdirilen möhüm duşuşyklaryň we syýasy geňeşmeleriň geçiriljek senelerini kesgitlediler.
Duşuşyga ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, ilçi Serjio Gor hem gatnaşdy.