Daşoguz şäherinde döwrebap tehnikalar abadanlaşdyryş işleriniň netijeliligini ýokarlandyrýar
Amul Info · · dasoguz, dashoguz

Daşoguz şäherinde abadanlaşdyryş işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin jemagat hojalygynyň tehniki binýady döwrebaplaşdyrylýar. Şu ýylyň başynda gulluklara ýol ýuwujy, süpüriji, suw daşaýjy we durmuş galyndylaryny daşamak üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen ulaglar gelip gowuşdy. Täze…
Soňky ýyllarda Daşoguz şäheriniň abadanlaşdyrylmagyna we ýaşaýjylar üçin amatly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Şäheriň bagy-bossanlyga öwrülmegi, kiçi heýkeltaraşlyk toplumlarynyň döredilmegi, çagalar we sport meýdançalarynyň abadanlaşdyrylmagy, şeýle hem awtomobil ýollarynyň ýagdaýynyň gowulandyrylmagy boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.
Bu işleriň netijeliligini ýokarlandyrmakda jemagat hojalygynyň tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Ýöriteleşdirilen tehnikalaryň sanynyň artmagy şäheriň arassaçylygyny üpjün etmäge, daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmaga we abadanlaşdyryş çärelerini has netijeli guramaga mümkinçilik berýär.
Şu ýylyň başynda Daşoguz şäheriniň jemagat hojalygy gulluklaryna ýöriteleşdirilen ulaglaryň täze tapgyry gelip gowuşdy. Olaryň hatarynda ýol germewlerini we päsgelçiliklerini ýuwýan köpugurly enjamlar, süpüriji-ýuwujy ulaglar, suw daşaýjy hem-de durmuş galyndylaryny daşamak üçin niýetlenen awtoulaglar bar. Bu tehnikalar gelip gowşan günlerinden bäri degişli ugurlar boýunça ulanylýar.
Döwrebap ulaglaryň işe girizilmegi şäher köçeleriniň arassa saklanmagyna, durmuş galyndylarynyň öz wagtynda daşalmagyna we jemagat hojalygyna degişli desgalaryň ygtybarly hyzmat edilmegine ýardam berýär. Şeýle hem täze tehnikalar şäheriň dürli künjeklerinde, seýilgählerde we bagçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň hilini ýokarlandyrmaga şert döredýär.
Jemagat hojalygynyň maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy Daşoguz şäheriniň abadanlaşdyrylyşyny has-da kämilleşdirmäge we ýaşaýjylar üçin arassa, gözel hem-de amatly şäher gurşawyny döretmäge gönükdirilendir.