Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
yashlar.gov.tm ·

Hormatly sergä gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyzlygyň aýdyň ýolunda ykdysadyýetimiziň gazanan uly üstünlikleriniň özboluşly görkezijisi hökmünde guralýan bu serginiň ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini giňden ýaýmakda möhüm ähmiýeti bardyr. Häzirki döwürde eziz Diýarymyz ösen tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanýan, ýokary depginler bilen ösýän, döwletli tutumlaryň dabaralanýan ýurdy hökmünde tanalýar. Mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, sebit we dünýä ýurtlarynyň abadançylygyna gönükdirilen başlangyçlarymyz halkara jemgyýetçilikde uly goldaw tapyp, Bitarap döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraýyny barha belende göterýär. Gadyrly dostlar! Hormatly myhmanlar! Biz Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda amala aşyrylan özgertmelere baha bermek bilen, özygtyýarly ösüşiň her gününiň, her aýynyň taryhy wakalara beslenýändigini uly ynam bilen aýdyp bileris. Muňa berkarar döwletimizi senagat taýdan ösdürmek, ýurdumyzyň oba hojalygyny özgertmek, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de ykdysadyýetimiziň pudaklaryny öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek, ähli ugurlara ylmyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň we halkara ähmiýetli ägirt uly taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek, bazar özgertmelerini ilerletmek, ilatyň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda geljegi nazarlaýan tutumly maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa...