Türkmenistanyň wekiliýeti Seýşel adalarynda geçirilen halkara sanly pasportlar forumyna gatnaşdy
Amul Info ·

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri 2026-njy ýylyň 20–22-nji oktýabrynda Seýşel adalarynyň Wiktoriýa şäherinde geçirilen Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) Açyk açarlar katalogynyň (PKD) Dolandyryş geňeşiniň 33-nji mejlisine we halkara seminara gatnaşdylar. Çärä pasport…
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri 2026-njy ýylyň 20–22-nji oktýabry aralygynda Seýşel adalarynyň Wiktoriýa şäherinde geçirilen Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) Açyk açarlar katalogynyň (PKD) Dolandyryş geňeşiniň 33-nji mejlisine we onuň çäklerinde guralan halkara amaly seminara gatnaşdylar.
Eden Blue myhmanhanasynda geçirilen halkara çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan pasport howpsuzlygy, awiasiýa we serhet gözegçiligi boýunça 100-e golaý hünärmen ýygnandy. Gatnaşyjylar syýahat resminamalaryny sanlylaşdyrmak, elektron pasportlaryň hakykylygyny çalt barlamak we serhet gözegçiliginde ulanylýan tehnologiýalary döwrebaplaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Forumyň esasy ugurlarynyň biri adaty resminamalardan sanly syýahat maglumatlaryna geçmek boldy. Digital Travel Credentials (DTC) diýlip atlandyrylýan bu tehnologiýa syýahatçylaryň degişli maglumatlaryny smartfonlarda saklamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem elektron pasportlaryň hakykylygyny dessin tassyklamak üçin sanly howpsuzlyk maglumatlarynyň ulanylmagy we serhet geçelgelerinde barlag işleriniň kämilleşdirilmegi boýunça tejribeler paýlaşyldy.
Türkmenistanyň wekilleri ICAO-nyň 2026-njy ýylyň martynda işe girizilen täzelenen Açyk açarlar katalogy platformasy bilen hem tanyşdylar. Bu ulgam döwletleriň elektron pasportlaryň hakykylygyny barlamakda zerur bolan sanly howpsuzlyk sertifikatlaryny alyş-çalyş etmegine ýardam berýär. Ol pasport maglumatlarynyň ygtybarlylygyny tassyklamakda we halkara derejesinde resminamalaryň barlagyny ýeňilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Açyk açarlar katalogynyň ulanylmagy serhet gulluklaryna we beýleki ygtyýarly edaralara elektron pasportlaryň hakykylygyny barlamaga mümkinçilik berýär. Şeýle çözgütler ýolagçylara hyzmat etmek işini çaltlandyrmaga, resminamalaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga we halkara syýahat amallaryny ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir.
Forumyň dowamynda serhet howpsuzlygyny ösdürmek we syýahat resminamalaryny sanlylaşdyrmak boýunça ICAO-nyň täzelenen strategik meýilnamasy hem tassyklanyldy.
Türkmenistanyň bu halkara çärä gatnaşmagy migrasiýa ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek, biometrik resminamalaryň howpsuzlygyny pugtalandyrmak we serhet gözegçiliginde sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini giňeltmek babatda tejribe alyşmak üçin ähmiýetli boldy.