Türkmenistanyň zenan tennisçileri Billie Jean King Cup ýaryşyna ýeňiş bilen başlady
Amul Info ·

Türkmenistanyň zenan tennis ýygyndysy Wýetnamyň Fantýet şäherinde geçirilýän Billie Jean King Cup halkara toparlaýyn ýaryşynyň ilkinji duşuşygynda Täjigistanyň toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi.
Türkmenistanyň zenan tennis ýygyndysy Wýetnamyň deňiz kenaryndaky Fantýet şäherinde geçirilýän Billie Jean King Cup halkara toparlaýyn ýaryşynyň ilkinji duşuşygynda Täjigistanyň ýygyndysyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy.
Aziýa we Okeaniýa zolagynyň üçünji toparynda geçirilýän ýaryşa sekiz ýurduň ýygyndysy gatnaşýar. Olar iki topara bölünip, indiki tapgyra çykmak ugrunda bäsleşýärler. Bijäniň netijesinde Türkmenistanyň ýygyndysy «B» toparyna düşdi. Bu toparda Wýetnamyň, Täjigistanyň we Yragyň tennisçileri hem çykyş edýärler. «A» toparynda bolsa Nepal, Demirgazyk Mariana adalary, Bruneý we Saud Arabystanynyň ýygyndylary bäsleşýärler.
Toparlarda ilkinji iki orny eýelän ýygyndylar pleý-off tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Jemleýji tapgyryň ýeňijisi geljek ýyl Aziýa we Okeaniýa zolagynyň ikinji toparynda çykyş etmek mümkinçiligini gazanar.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde Aşgabat şäherindäki 27-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Aýnur Möwlamowa, Aşgabatdaky Gahryman Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli çagalaryň mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy, «Jahan» döredijilik merkeziniň türgeni Aýlara Kakabaýewa, Mary şäherindäki 19-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Jennet Çaryýewa hem-de Aşgabatdaky A. S. Puşkin adyndaky Türkmen-rus bilelikdäki orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Anna Ponýatowa bar. Toparyň kapitany Türkmenistanyň zenan tennis ýygyndysynyň baş tälimçisi, sport ussady Ýuriý Rogusskidir.
Täjigistanyň ýygyndysyna garşy geçirilen ilkinji duşuşykda türkmen türgenleri ynamly çykyş etdiler. Ýekelikdäki duşuşyklaryň birinjisinde Aýlara Kakabaýewa Sumaýa Tuhtaýewany 6:1, 6:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk 49 minut dowam etdi. Beýleki ýekelik duşuşygynda Aýnur Möwlamowa Anisa Ýahýaýewadan 6:0, 6:4 hasabynda üstün çykdy. Bu duşuşyk 1 sagat 35 minut dowam etdi.
Jübütleýin bäsleşikde Jennet Çaryýewa bilen Anna Ponýatowa Saýýora Rajabaliýewa we Anastasiýa Taşinsewa garşy oýnap, 6:1, 6:1 hasabynda ýeňiş gazandylar. Türkmen tennisçileriniň bu üstünligi gazanmagy üçin 28 minut ýeterlik boldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndysy duşuşyklaryň ählisinde ýeňiş gazanyp, ýaryşa şowly başlady.
Indiki duşuşykda türkmen tennisçileri Yragyň ýygyndysy bilen güýç synanyşarlar. Yragyň topary ilkinji tapgyrda bije boýunça birinji orunda görkezilen Wýetnamyň ýygyndysyndan 0:3 hasabynda ýeňildi.
Billie Jean King Cup zenan tennisçileriň arasynda geçirilýän iri halkara toparlaýyn ýaryşlaryň biridir. 1963–2020-nji ýyllarda «Federasiýa kubogy» diýlip atlandyrylan bu ýaryş 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda amerikaly tennisçi Billi Jin Kingiň hormatyna häzirki adyny aldy. Türkmenistanyň zenan tennisçileri bu ýaryşa 2004-nji ýyldan bäri gatnaşyp gelýärler.