Söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 114 göterim ýokarlandy
Amul Info ·

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýanwar – oktýabr aýlarynyň söwda we dokma senagaty boýunça netijeleri habar berildi. Prezident bazarlaryň üpjünçiligini gözegçilikde saklamagy we hususy pudagy ösdürmegi tabşyrdy.
Türkmenistanda söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 114 göterim ýokarlandy. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer N. Atagulyýewiň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Şu ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 114 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde 109,6 göterim ösüş depgini üpjün edilip, bu görkeziji nah ýüplügiň önümçiliginde 103,4 göterime, nah matalarynda 101,7 göterime, tikin we trikotaž önümlerinde 103,6 göterime, gön önümlerinde 100,4 göterime deň boldy. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda gazanylan umumy girdejiniň ösüş depgini 106 göterime barabar boldy.
Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 249 birža söwdasy geçirilip, olarda 25 müň 987 şertnama hasaba alyndy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, umumy girdejiniň ösüş depgini 146,4 göterime barabar boldy.
Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107,3 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 22 sergi we 10 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 109,7 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108,1 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, bazarlarda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň hem-de beýleki harytlaryň üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagy, dokma senagatynyň kärhanalarynda ýokary hilli dokma önümlerini öndürmek işlerini dowam etmegi hem-de hususy pudagy ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy.