Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2026-njy ýylyň 29-njy awgustynda çykaran 78-iş belgili buýrugy

TÜRKMENISTANYŇ ADALAT MINISTRLIGI ·

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2026-njy ýylyň 29-njy awgustynda çykaran 78-iş belgili B U Ý R U G Y «Ýer desgalary, esaslar we binýatlar. Işleriň guramaçylygy, önümçiligi we kabul edilişi» atly TGK 3.02.01-2026 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak barada» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 13-nji aprelinde çykaran 46-njy karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama, gurluşyk, şähergurluşyk işi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny, kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet resminamalaryny, döwlet kadalaryny, gollanmalaryny, gözükdirmelerini bellenen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen, buýurýaryn : 1. «Ýer desgalary, esaslar we binýatlar. Işleriň guramaçylygy, önümçiligi we kabul edilişi» atly TGK 3.02.01-2026 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamaly (goşulýar). 2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň degişli orunbasary gözegçilik etmeli. Ministr A.Geldiýew Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2026-njy ýylyň 29-njy awgustynda çykaran 78-iş belgili buýrugy bilen tassyklanyldy “Ýer desgalary, esaslar we binýatlar. Işleriň guramaçylygy, önümçiligi we kabul edilişi” atly TGK 3.02.01-2026 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary I bap. Umumy düzgünler 1. Şu “Ýer desgalary, esaslar we binýatlar. Işleriň guramaçylygy, önümçiligi we kabul edilişi” atly TGK 3.02.01-2026 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary (mundan beýläk – Kadalar) “Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 13-nji aprelinde çykaran 46-njy karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama, gurluşyk, şähergurluşyk işi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny, kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet resminamalaryny, döwlet kadalaryny, gollanmalaryny, gözükdirmelerini bellenilen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy. Şu Kadalaryň talaplary pudaklaýyn tabynlygyna, guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan gurluşyk işi bilen meşgullanýan ähli fiziki we ýuridik şahslar üçin hökmany bolup durýar. 2. Şu Kadalar täze gurulýan, bar bolanlarynyň durky täzelenýän, giňeldilýän we döwrebaplaşdyrylýan, binalaryň, desgalaryň we kärhanalarynyň ýer işleriniň önümçiligine we kabul edilişine, esaslaryň we binýatlaryň gurulmagyna degişlidir. 3. Şu Kadalar ýer desgalary, esaslar we binýatlar taslanylanda, iş önümçiliginiň taslamalaryny (mundan beýläk - IÖT) we gurluşygy guramagyň taslamasy (mundan beýläk - GGT) işlenip düzülende, şeýle hem olaryň gurluşygynda berjaý edilmelidir. 4. Gidrotehniki desgalary, suw ulaglarynyň obýektlerini, melioratiw ulgamlaryny, magistral turbageçirijilerini, awtomobil we demir ýollaryny hem-de aerodromlary, aragatnaşyk we elektrik geçiriji liniýalaryny, şeýle hem beýleki maksatly kabel liniýalarynyň gurluşygynda ýer işleriň önümçiliginde, esaslaryň we binýatlaryň gurluşynda şu Kadalaryň talaplary göz öňünde tutulmalydyr. Şu kadalarda ulanylýan düşünjeler “Adalgalar we kesgitlemeler” atly (Şu Kadalara 1-nji goşundy) goşundyda kesgitlemeleri bilen getirilendir. §1. Esasy talaplar 5. Ýer işler önümçiliginde, esaslar we binýatlar gurlanda şu aşakdaky yzygiderlikdäki tapgyrlary öz içine alýar: 1) taýýarlygy; 2) tejribe-önümçilik (zerur bolan ýagdaýynda); 3) esasy işleriň önümçiligi; 4) hil gözegçiligi (hemişe, işleriň görnüşiniň ýerine ýetirilişine görä); 5) işleri kabul etmegi. 6. Ýer işleri, gurluşyk-gurnama işleri önümçiliginde, esaslar we binýatlar gurlanda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda 1830 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Gurluşyk önümçiliginiň guramaçylygy” atly TGK 3.01.01-2024 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda çykaran 106-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Gurluşyk önümçiliginiň guramaçylygy” atly TGK 3.01.01-2024 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň (mundan beýläk - TGK 3.01.01-2024 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary) talaplaryndan ugur alyp, howpsuzlyk tehnikasynyň, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerine laýyklykda geodeziýa işler bilen giriş, amaly we kabul ediş barlagyny ýerine ýetirmelidir. 7. Topraklardan başga känler özleşdirilende açyk usulda gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň ýataklary özleşdirilende howpsuzlygyň düzgünleriniň talaplaryny berjaý etmelidir. 8. Ýer desgalary, esaslar we binýatlar taslama laýyk gelmelidir. Binýatlar gurlup başlamazdan öň gurulýan binanyň oklaryny ýazyp bellemek üçin resminamalary ýerine ýetirmelidir. 9. Ýer desgalar galdyrylanda, esaslar we binýatlar gurlanda ulanylýan topraklar, materiallar, önümler we gurnawlar degişli kadalaşdyryjy resminamalaryna laýyk gelýän taslamalaryň talaplaryny kanagatlandyrmalydyr. Gurulýan desganyň ýa-da onuň esasynyň düzümine girýän, taslamada göz öňünde tutulan topraklary, materiallary, önümleri we gurnawlary çalşyrmaklyga diňe taslama edarasy we buýrujy bilen ylalaşyp ýol berilýär. 10. Şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda taýýarlanylan esaslarda monolit, gurnama betondan ýa-da demirbetondan ybarat binýatlary gurmak, daş ýa-da kerpiç örmek boýunça işler ýerine ýetirilende göteriji we germewleýji gurnawlar üçin Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2020-nji ýylyň 28-nji dekabrynda 1426 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Beton we demirbeton monolit gurnawlary. Işleri amala aşyrmagyň we kabul etmegiň kadalary” atly TGK 3.03.04-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak barada” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2020-nji ýylyň 30-njy noýabrynda çykaran MB-138 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Beton we demirbeton monolit gurnawlary. Işleri amala aşyrmagyň we kabul etmegiň kadalary” atly TGK 3.03.04-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryndan (mundan beýläk - TGK 3.03.04-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary) we Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2020-nji ýylyň 14-nji iýulynda 1357 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Üzňelik we bezeg örtükleri” atly TGK 3.04.04-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2020-nji ýylyň 10-njy iýunynda çykaran MB-80 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Üzňelik we bezeg örtükleri” atly TGK 3.04.04-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryndan (mundan beýläk - TGK 3.04.04-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary), Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda 1429 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Gurnama beton we demirbeton gurnawlary. Öndürmegiň we kabul etmegiň düzgünleri”atly TGK 3.03.02-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda çykaran MB-145 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Gurnama beton we demirbeton gurnawlary. Öndürmegiň we kabul etmegiň düzgünleri” atly TGK 3.03.02-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryndan (mundan beýläk – TGK 3.03.02-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary) ugur almalydyr. 11. Ýaşyryn işleri üçin barlagyň delilnamalaryny düzmek bilen ýer işleriň, esaslaryň we binýatlaryň kabul edilişini “Ýaşyryn işlerinde ýer işleriniň, esaslaryň we binýatlaryň kabul edilişiniň sanawy” atly şu Kadalara 2-nji goşundy goşundysyndan ugur alyp ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda ýaşyryn işleriň barlagynyň delilnamalaryny düzmek bilen taslamada aralyk kabul edilişe degişli bolan beýleki elementleri görkezmeklige ýol berilýär. 12. Taslamalarda, degişli esaslandyrma bolanda, işleriň ýerine ýetiriliş usullaryny we tehniki çözgütleri kesgitlemek, çäkli gyşarmalaryň ululyklaryny, şu Kadalarda göz öňünde tutulanlardan tapawutlanýan göwrümleri we barlag usullaryny kesgitlemeklige ýol berilýär. II bap. Suw peseltmekligi, suw geçirijiligiň we ýerüsti akyşyň guramaçylygy 13. Şu babyň düzgünleri täze gurlan ýa-da durky täzelenen desgalarda ýerasty suwlaryň derejesini emeli ýagdaýda peseltmek (mundan beýläk – suw peseldiş), şeýle hem gurluşyk meýdanyndan ýerüsti suwlary sowmak işleriniň ýerine ýetirilmegine degişlidir. Ýerasty suwlaryň derejesiniň peselmegi çaklaýyşy onuň täsir ediş zolagyny kesgitlemek we depressiýa girdapjygyň ulalýan zolagyndaky ýeriň goşmaça çökmeleriniň ýüze çykmak mümkinçiligini göz öňünde tutmalydyr. Ýerasty suwlaryň derejesi 2 metrden gowrak peselende, gowşak toýunsow topraklarda, depressiýa girdapjygyň ulalýan zolagynda ýer üstüniň garaşylýan çökmeleriniň hasaplamasyny ýerine ýetirmek zerurdyr. Ýerasty desgalary, hendekleri we garymlary (tranşeýleri) ýerasty suwlaryndan goramak üçin gurluşykda we ulanyş döwründe dürli usullar ulanýar, olara şu aşakdakylar degişlidir, ýagny: 1) guýy suwlaryny ýygnamak; 2) iglofiltr (iňňe süzgüç) usuly; 3) zeýkeşler; 4) şöhleleýin suw ýygnamak; 5) açyk suwy sowmak. 14. Suwpeseldiji işleri başlamazdan öň işleriň alnyp barylýan zolagynda ýerleşýän binalaryň we desgalaryň tehniki ýagdaýyny barlag etmek, şeýle hem bar bolan ýerasty kommunikasiýalaryň ýerleşişini anyklamak zerurdyr. Açyk grawitasiýa suw ýygnalýan guýular suwpeseldijiligiň talap edilýän çuňlugy 4 metrden ýokary bolanda 2m/gije-gündizden az bolmadyk süzüjilik koeffisiýentli syzdyryjy topraklarda netijeli ulanylyp bilner. Şeýle guýular, esasan, aýlagyň aşagynda işleýän çümdürilýän elektrik nasoslar (suw sorujylar) bilen enjamlaşdyrylandyr. Süzüjilik koeffisiýenti 0,2-den 2m/gije-gündize çenli bolan az syzdyrýan topraklarda (toýunlaşan ýa-da tozanly çägeler) wakumly (boşlukly) suw ýygnaýan guýulary ulanylýar. Olaryň boşlugynda iglofiltr (iňňe süzgüç) desgalaryň nasoslary (suw sorujylary) wakumy (boşlugy) emele getirip, 6 guýa çenli hyzmat edip, suw ýygnamak ukybyny ýokarlandyrýar. Iglofiltr (iňňe süzgüç) usuly şu aşakdakylara bölünýär: 1) grawitasiýa suw peseldiş usuly, 4-den 5 metre çenli bir basgançak peselende 2-den 50m/gije-gündize çenli süzüjilik koeffisiýentli daşsyz topraklarda ulanylýar (az syzdyrýan topraklarda uly ululyk); 2) wakumly suw peseldiş usuly, 5-den 7 metre çenli bir basgançak peselende 2-den 0,2m/gije-gündize çenli süzüjilik koeffisiýentli topraklarda ulanylýar; 3) az netijelilik bilen süzüjilik koeffisiýenti 5m/gije-gündizden köp bolmadyk topraklarda ulanylýar; 4) howanyň sorulmagynyň öňüni almak üçin iglofiltrli (iňňe süzgüçli) wakumly gurnamalaryň we wakumly guýularyň süzýän bölegi ýeriň üstüniň derejesinden 3 metrden az bolmadyk aşakda ýerleşdirilýär; 5) elektron suw peseldiş usuly, ýerasty suwlaryň derejesi 10-dan 12 metre çenli çuňlukda peselende, ýöne 20 metrden köp bolmaly däldir, 2-den 0,2m/gije-gündize çenli süzüjilik koeffisiýenti az syzdyrýan topraklarda ulanylýar. 15. Suwpeseltmek işler geçirilende topraklaryň dykyzlanmazlygynyň öňüni almak, şeýle hem düýbüň ýapgytlarynyň we desgalaryň golaýynda ýerleşýän esaslaryň durnuklylygynyň bozulmagy boýunça çäreleri göz öňünde tutmalydyr. 16. Hendeklerden (kotlowanlardan) we garymlardan (tranşeýlerden) suwy sowma ulanylanda süzüji ýapgytlary we düýbi, zerurlyk bolanda, çäge-çagylly materialyň gatlagy arkaly berkitmeli, onuň galyňlygy taslamada bellenýär. Süzülýän akyndy suwlary ýygnaýjy zumpflaryň (desganyň arasyndaky guýy ýa-da sygym) sygymlylygy olara suwuň akymy azyndan bäş minut bolmalydyr. Suwpeseldijiligi açyk düýbüň we ýapgytlaryň ýagdaýyna gözegçiligi her gün geçirmelidir. Ýapgytlar opurylanda, suffoziýada, çukuryň düýbünde grifinler ýüze çykanda derrew gorag çäreleri geçirmelidir (Ýapgytlarda we ýerasty suwlaryň çykýan ýerlerinde çagylly gatlagy ýumşatmak, çagylyň gatlagy bilen berkitmek, ýük ýeňlediji guýulary işe girizmek we şuňa meňzeşler). Eger-de, esas suwdan doýgun ownuk we tozanly çägeden ýa-da akagan maýyşgak we akagan konsistensiýaly toýunsow topraklardan düzülen ýagdaýynda, ýer gazyjy we ulag maşynlary hereket edende, şeýle hem seýsmiki işjeň zolaklarda dinamiki täsirleriň we seýsmiki täsirleriň netijesinde suwuklanmada bolup biljek ýumrulmalardan olary goramak boýunça çäreleri kabul etmelidir. 17. Suwasty usul bilen özleşdirilen hendekden suwy sorup çykarylanda ondaky suwuň derejesiniň peselme tizligi düýbüň we ýapgytlaryň durnuklylygynyň bozulmazlygy üçin onuň çäklerinden daşardaky ýerasty suwlaryň derejesiniň peselme tizligine laýyk gelmelidir. 18. Zeýkeşler gurlanda has ýokary belentliklere tarap süýşýän suw sowulýan ýerlerden, turbalary we süzüji materiallary ýerleşdirmegi bolsa – arassalanmadyk suwlaryň zeýkeşi boýunça goýberilmezligi üçin sowulýan suwuň ýa-da nasos (suw sorujy) desgasynyň (hemişelik ýa-da wagtlaýyn) tarapyna süýşürmek bilen suw bölýän ýerlerden başlamalydyr. Ýokary süzüjilige garşy häsiýetleri bolan (“toprakdaky diwar”, burawlap kesiji paýalar we şuňa meňzeşler) hendegiň germeleriniň goragy astynda desganyň ýerasty bölegi gurlanda zeýkeşi gurmaklygyň zerurlygyny taslama edarasy tarapyndan kesgitlemelidir. Turbaly zeýkeşleriň, zeýkeş galereýalaryň we iglofiltrleriň suw saklaýjylyk ukybyny üpjün etmek üçin olaryň daşyny gömmekligi drenirleýji (zeýkeşli) materiallary (owradylan daş, çagyl, çäge ýa-da bölejikleriň iriligi 0,5-den 5 sm çenli bolan garyndylar) göz öňünde tutmalydyr. Zeýkeş galereýalar üçin suw kabul ediş deşikleri gurulan öýjükli betondan ýörite daşky bejergi hem ulanylýar. Sepelenen gumuň düzümini, olaryň gatlaklarynyň sanyny (bir ýa-da iki) we olaryň galyňlygyny seçip almaklygy süzgüjiň görnüşine we zeýkeşlenýän topraklaryň düzümine baglylykda ýerine ýetirilmelidir. Guratmanyň netijeli çuňlugy 4-5 metrdir. Uzyn zeýkeşleri hendegiň içinde, hendekleriň (garymlaryň) ýapgytlarynyň esasynda, gurluşyk meýdançasynyň töwereginde gurmak bolýar. Gatlaklaýyn zeýkeşler binýat çukuruň ähli meýdançasyndan gurluşyk döwründe ýerasty (toprak) suwlary ýygnamak üçin göz öňünde tutulýar. Süzüjilik koeffisiýenti 2m/gije-gündizden az bolan topraklarda, şeýle hem esasy suwly, jaýrykly, daşly bolan ýagdaýlarda netijelidir. Ýerasty suwlar tozanly ýa-da toýunsow topraklardan seçilip alnanda gatlak-gatlak zeýkeşiň gurnawlary şu aşakdaky iki gatlagy göz öňünde tutýar: 1) aşaky – 15-20 sm galyňlykdaky iri däneli çägeden; 2) ýokarky – 20-25 sm galyňlykdaky çagyldan ýa-da owradylan daşdan. Ulanyş döwründe gatlaklaýyn zeýkeş ulanylanda, gatlaklaryň galyňlygy artdyrylan bolmalydyr. Ýerasty suwlar daşly topraklardan seçilip alnanda gatlak-gatlak zeýkeş bir sany owradylan daşly (çagylly) gatlakdan ybarat bolup biler. Gatlaklaýyn zeýkeşiň aşagyna çägeli-çagylly materialy düşemek meýilleşdirilen hendegiň düýbüniň üstünde desganyň perimetri boýunça ýerleşýän turbaly kese zeýkeşleriň tarapyna 0,005-0,010 ýapgydy bolmalydyr. Desganyň ýerasty böleginiň derejesinde ýerasty suwlaryň hemişelik belentlik derejesi bolmadyk ýagdaýynda gowşak syzdyrýan we gatlakly topraklarda goralýan desganyň ýerasty böleginiň daşky gapdal üstünde gurulýan diwara golaý zeýkeş gatlak-gatlak zeýkeşiň gurnawçylyk bölegi bolup durýar. Diwar zeýkeşler süzüjilik koeffisiýenti 5 m/gije-gündizden az bolmadyk çägeden 0,3 metrden az bolmadyk galyňlykda ýerine ýetirilýär we zeýkeş rulonly emeli materiallardan gurulýar. Diwar zeýkeşleri arkaly ýygnanyp alnan suw emele gelýän gatlaklaýyn zeýkeşlere gönükdirilýär. Gatlaklaýyn zeýkeşler gurlanda düşegiň owradylan daşly gatlagynyň uzyn zeýkeşiň owradylan daş düşelmegi bilen birleşmesinde näsazlyklara ýol berilmeýär. Zeýkeş turbalaryň ýerleşdirilişini, gözleg guýularyny gurnamak we zeýkeş nasos (suw sorujy) stansiýalaryň enjamlaryny gurnamak degişli bellenilen tertipde tassyklanan degişli gurluşyk kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmelidir. Açyk suw sowmany binýat çukurlarda we garymlarda topragyň üstki gatlagyny wagtlaýyn guratmak üçin ulanylýar (esasanam, gurluşykda suwpeseldiji hökmünde). Çuň bolmadyk zeýkeş ganawlar açyk ýa-da süzüji materiallar (owradylan daş, çagyl) bilen doldurylyp bilner. Suw çümdüriji nasoslar (suw sorujylar) bilen enjamlaşdyrylan zumpflara akdyrylýar. 19. Suw peseldiji guýulary burawlamagy gidrogeologiki şertlere baglylykda göni ýa-da tersine ýuwma bilen ýa-da urgy-tanap usuly bilen amala aşyrylyp bilner. Olarda filtrleri (süzüjileri) gurmak şu aşakdaky talaplary berjaý etmek bilen ýerine ýetirilýär: 1) guýular urgy-tanap usuly bilen burawlananda oturdylan turbanyň aşagy özleşdirilýän zaboýyň (urgynyň) deňinden azyndan 0,5 metr öňe geçmelidir, burawda ulanylýan silindr gabyň ýokary göterilişi bolsa oturdylan turbanyň aşaky ujunyň üstaşyry topraga siňmekligi aýyrýan tizlik bilen ýerine ýetirilmelidir; 2) dykylaryň emele gelmegi mümkin bolan topraklarda burawlananda oturdylan turbanyň boşlugynda suwuň ýerasty suwlaryň derejesinden geçýän derejesini saklamak zerurdyr; 3) suw peseldiji guýularyň toýunly ýuwmak bilen burawlanmagyna ýol berilmeýär. Eger-de, öňünden tejribeli burawlama ýerine ýetirilen bolsa we toýunsyzlandyrmanyň kesgitlenen netijeliligi taslamanyň talaplaryna laýyk gelýän bolsa, kadadan çykma bolup biler; 4) süzüji gurallar aşak goýberilmezden we oturdylan turbalar çykarylmazdan öň guýular buraw şlamyndan arassalanylmalydyr; 5) çägesow topraklarda burawlanan guýularda, şeýle hem gat-gat suwly we suwa çydamly gatlaklarda oturdylan turbanyň içki boşlugy suw bilen ýuwulmalydyr; 6) guýynyň çuňlugyny barlaýan ölçegi süzüji gural oturdylmazdan öň ýerine ýetirmelidir; 7) guýular burawlananda suwly gatlaklaryň çäklerini we topraklaryň granulometrik düzümini anyklamak üçin nusgalyklary seçip almak zerurdyr; 8) süzüji sütün oturdylan we çäge-çagyl sepilip gurlan badyna guýyny ykjam sordurmalydyr. Guýy bir gije-gündiziň dowamynda eýrlift bilen üznüksiz sordurylandan soň, ony ulanyşa kabul etmek bolýar. 20. Gidrawlik usul bilen süzüji sütüni ýa-da oturdylýan turbalary topraga çümdürilende suwuň berlişiniň üznüksizligini üpjün etmelidir, suwy güýçli siňdirýän (sorýan) topraklar ýüze çykan ýagdaýynda, urgynyň (zaboýyň) goşmaça gysylan howany bermelidir. 21. Süzüji gurallaryň daşyny gömmekligi deňölçegde gömme galyňlygy 30 esseden köp bolmadyk beýiklikde gatlaklarda deň derejede doldurylmalydyr. Turbany her gezek ýokary göterilenden soň, onuň aşaky gyrasynyň üstünde 0,5 mertden az bolmadyk beýiklikde gömme gatlagy galmalydyr. 22. Guýularda nasoslary (suw sorujylary) gurnamagy nasosyň (suw sorujynyň) diametrinden geçýän diametrli şablonyň (çyzgysynyň) geçýänligine barlag edilenden soň ýerine ýetirmelidir. 23. Suw peseldiji ulgamy işe girizilenden soň suw sormagy üznüksiz ýerine ýetirilmelidir. Ätiýaç guýularda (bir guýudan az bolmadyk) gurlan nasos (suw sorujy) agregatlary (gurallar), şeýle hem açyk gurnamalaryň ätiýaç nasoslary (birden az bolmadyk) olary iş ýagdaýynda saklamak maksady bilen wagtal-wagtal işe göýberilmelidir. Nasos (suw sorujy) gurnamaryň sany gurnamalaryň umumy hasaplanan sanynyň ulanyş möhletine baglylykda şu aşakdakylara deň bolmalydyr: 1) 1 ýyla çenli -10%; 2) 2 ýyla çenli -15%; 3) 3 ýyla çenli -20% . Suw peseldiji ulgamlaryny suw kabul ediş desgasynda suwuň derejesi ýol berilýäninden peselende islendik enjamy awtomatik öçürýän agregatlar (gurallar) bilen enjamlaşdyrylmalydyr. 24. Gurluşyk döwründe ulanylýan ähli hemişelik suw peseldiji we suwy sowýan gurluşlar (desgalar) hemişelik ulanyşa tabşyrylanda taslamanyň talaplaryna laýyk gelmelidir. 25. Suw peseldiji ulgamlar gyş döwründe ulanylanda nasos (suw sorujy) enjamlaryň we kommunikasiýalaryň ýyladylmagy üpjün edilmelidir, şeýle hem iş arakesmelerde olary boşatma mümkinçiligi göz öňünde tutulmalydyr. 26. Ýerasty işlere başlanmazdan öň bar bolan desgalaryň abatlygyny bozmazdan wagtlaýyn ýa-da hemişelik gurluşlaryň kömegi bilen ýerüsti we ýerasty suwlary sowmagy üpjün etmek zerurdyr. 27. Üstki we ýerasty suwlar sowlanda şu aşakdakylar zerurdyr: 1) ýerüsti suwlaryň akymyny saklamak üçin köwmeleriň ýokarky tarapyndan bitewi kontur bilen gurulýan kawalýerleri we ätiýaçlyklary, şeýle hem hemişelik suw toplaýjy we suw sowýan desgalary ýa-da wagtlaýyn ganawlary we pel çekmeleri ulanmalydyr; 2) zerurlyk ýüze çykanda ganawlaryň oýulmadan ýa-da süzülme syzmalardan gorag berkitmeleri bolup biler; 3) köwmeleriň aşaky tarapyndaky kawalýerleriň böwsülen ýerini döküp aýyrmaly, köplenç peselen ýerlerde, emma her 50 metrden selçeň bolmaly däl, aşagyndaky böwsülen ýerleriň ini 3 metrden az bolmalydyr; 4) ýapgyt daglarda gurulýan daglyk we suw sowýan ganawlardan topragy olaryň pesdäki eňňidi tarapyndan ganawlaryň ugruna prizma görnüşinde ýerleşdirmelidir; 5) daglyk we suw sowýan ganawlar uzyn köwmelerden gönüden-göni ýakynlykda ýerleşende köwme bilen ganawyň arasynda daglyk ganawyň tarapyna gumdan ýa-da daşdan onuň üstüniň 0,02-0,04 ýapgydy bolan düşegi ýerine ýetirmelidir. 28. Suwly gatlaklaryň aşagynda ýerleşýän suwa çydamly topraklaryň binýat çukurlarynyň ýapgytlygy bilen kesişende suwa çydamly üçekde suwy sowmak üçin ganawly bermalary bolmalydyr (eger-de taslamada bu derejede zeýkeş göz öňünde tutulmadyk bolsa). 29. Ýerasty we ýerüsti suwlar sowlanda desgalaryň suw basmagyny, süýşmeleriň emele gelmegini, topragyň oýulmagynyň, ýeriň batgalaşmagynyň öňüni almalydyr. 30. Suw peseldiji gurnamalary söküp aýyrmaklygy hendekleriň we garymlaryň yzyny gömmek boýunça işler tamamlanandan soň ýa-da gönüden-göni olar suwdan doldurylmazdan öň pesdäki hatardan başlamalydyr. 31. Suw peseldiji, ýerüsti akymlary we suwy sowma boýunça işler geçirilende, gözegçilik edilýän görkezijileriň düzümi, çäkli gyşarmalar, göwrümler we barlag usullary şu Kadalaryň 1-nji tablisasyna laýyk gelmelidir. 1-nji tablisa Tehniki talaplar Çäkli gyşarmalar Barlag, (usuly we göwrümi) 1. Transmission waly bilen çuňlaýyn nasoslary geçirmekde suw peseldiji guýularyň gazuw işinde dikliginden gyşarmalar 0,5% H köp bolmadyk (H – ölçegiň derejesinde guýynyň çuňlugy) Her guýyny, ölçemek 2. Turbageçiriji ulgamyň berkligi barlananda suw basyşynyň barlagy Hasaplanan bahalardan 50% we ondan köp Birmeňzeş, her guýy 3.Iňňefiltrleýin gunamalaryň turbageçirijisiniň ýapgydy: sorujy güýçli paýlaýyjy suw toplaýyjy Azyndan: nasosdan (sorujydan) 0,005 nasosdan (sorujydan) 0,001 sirkulýar bakyň tarapyna 0,005 Birmeňzeş, ähli turba geçirijileriniň 1/3-i 4. Suw peseldiji guýularyň filtrleri Ýüpleriň üzülmesi, jebis bolmadyk sepler, jaýryklar we şuňa meňzeşler ýol berilmeýär Daşyndan seretmek arkaly (wizual) barlanýlar, her element 5. Taslama bahalaryndan suw sorujy ganawalaryň uzaboýuna ýapgyt gyşarmasy ±0,0005 köp bolmadyk Ölçeg. Öwrümleriň arasyndaky böleklerinde, birleşmelerinde ugruny niwelirlemek, ýöne azyndan her 50 metrden 6.Tebigy suw toplumlaryna we suw göwrümlerine dökülýän suwdaky himiki maddalaryň we goşundylaryň toplanmasy Akdyrylýan ýerüsti suwlary hapa suwlardan hapalanmakdan goramagyň düzgünleri bilen kesgitlenen ýol berlen çäkli mukdardan köp toplanmaly däldir Azyndan aýda iki gezek barlaghana synaglary 7.Suwpeseldiji gurnamalaryň işiniň barlagy Enjamlar üçin zawod pasporty boýunça Ölçemek, abzallaryň görkezişi boýunça her çalşykda 8. Suwuň statiki we dinamiki derejelerini barlag etmek Taslama laýyklykda Birmeňzeş, her gün 9. Tranşeýalaryň we hendekleriň ýapgytlarynyň we düýbüniň ýagdaýlaryny barlamak Ýapgytlaryň opurylmaly, topragyň akmagy ýygnanma süzgüçden geçirilmegine ýol berilmeýär Daşyndan seretmek arkaly (wizual) gözegçilikler, her gün 10. Binalaryň we desgalaryň çökmesiniň barlagy Ygalyň görkezilen ululykdan ýokary bolmaly däldir Binalarda we desgalarda gurnalan kysymlar boýunça niwelirleme (deňleşdirme) III bap. Köwmeleri özleşdirme, dik meýilleşdiriş 32. Köwmeleriň taslamada kabul edilýän ölçegleri paýalary kakyp girizme, binýatlary gurnama, izolýasiýanyň (üzňeleýjiniň) gurluşy, suw peseldiji we suw sowma hem-de köwmelerde ýerine ýetirilýän beýleki işler boýunça gurnawlaryň ýerleşdirilmegini we işleriň mehanizmleşdirilen önümçiligini, şeýle hem şu Kadalaryň otuz üçünji bölegine laýyklykda boşluk ýerde adamlary ýerleşdirmegiň mümkinçiligini üpjün etmelidir. Köwmeleriň düýbi boýunça ölçegleri taslamada kesgitlenilenden az bolmaly däldir. 33. Boşluklarda adamlaryň hereket etmekligi zerur bolan ýagdaýynda ýapgydyň üsti bilen köwmede (çöketlik) galdyrylýan desganyň gapdal üstüniň arasyndaky aralyk (emeli turba geçirijilerden, kollektorlardan başga) ýagtylykda 0,6 metrden az bolmalydyr. 34. Tranşeýalaryň (garymlaryň) iň kiçi ini taslamada şu aşakdaky talaplary kanagatlandyrýan ululyklaryň sanyndan has uly kabul edilmelidir: 1) lenta şekilli binýatlar we beýleki ýerasty gurnawlar – galyby (opalubkany), izolýasiýanyň galyňlygyny we her tarapyndan 0,2 metr goşmak bilen berkitmeleri göz öňünde tutup, gurnawlaryň inini içine almalydyr; 2) magistral turbageçirijilerden başga turbageçirijileriň aşagyndan, ýapgytlary 1:0,5 we has egik bolan – şu Kadalaryň 2-nji tablisasy boýunça; 3) magistral turbageçirijilerden başga turbageçirijileriň aşagyndan, ýapgytlary 1:0,5 – aýratyn turbalar bilen geçirilende 0,5 metr we örümler bilen geçirilende 0,3 metr goşmak bilen turbanyň daşky diametrinden az bolmaly däldir; 2-nji tablisa Turbageçirijileriň geçirmegiň usuly Tranşeýalaryň (garymlaryň) ini, m, sepli baglanyşyklaryň berkidilişini hasaba almadan kebşirleýji rastrubnyý (giň agyzly) muftaly, ähli turbalar üçin flansli we keramiki turbalar üçin rastrubnyý (giň agyzly) 1. Turbalaryň daşky diametrinde örümler bilen ýa-da aýratyn seksiýalar (bölümler) bilen, D, m: 0,7-ä çenli hasaba göşup 0,7-den ýokary D + 0,3, ýöne 0,7-den az 1,5 D - - - - 2. Adamlary tranşeýa (garyma) düşürmezden ýerleşdirilýän, 219 mm çenli diametrli turbageçirijileriň aşagyna tranşeýa (garym) ekskawatorlar bilen özleşdirilýän ýerlerde hem şonuň ýaly (dar tranşeýaly usul) D + 0,2 - - 3. Demirbeton ýükler ýa-da ankerli gurluşlar bilen agyrlaşdyrylýan turbageçirijiniň ýerlerinde hem şonuň ýaly 2,2D - - 4. Dokalmadyk sintetiki materiallaryň kömegi bilen agyrlaşdyrylýan turbageçirijiniň ýerlerinde hem şonuň ýaly 1,5D - - 5. Turbalaryň daşky diametrinde aýratyn turbalar bilen, D, m, hasaba goşup: 0,5 çenli 0,5-den 1,6 çenli 1,6-dan 3,5 çenli D + 0,5 D + 0,8 D + 1,4 D + 0,6 D + 1,0 D + 1,4 0,8 D + 1,2 D + 1,4 4) egri oturdylan böleklerdäki turbageçirijileriň aşagyna – göni böleklerdäki tranşeýalaryň (garymlaryň) ininden iki esse az bolmaly däldir; 5) emeli esaslar gurlanda toprak sepilmeden başga turbalaryň, kollektorlaryň we ýerasty kanallaryň aşagyna – her tarapyndan 0,2 metr goşmak bilen esaslaryň ininden az bolmaly däldir; 6) bir susguçly ekskawatorlar bilen özleşdirilýän – çägede we çägesow toprakda 0,15 metr, toýunsow topraklarda 0,1 metr, ýumşak daşly we doň topraklarda 0,4 metr goşmak bilen susgujyň kesýän gyrasynyň ininden az bolmaly däldir; 7) tranşeýa (garym) gazýan ekskawatorlar bilen özleşdirilýän – tranşeýanyň (gazmanyň) nominal (takyk) ininden az bolmaly däldir. 35. Turbageçirijileriň seplerini ýapmak üçin usullaryň – çukurjyklaryň ölçegleri şu Kadalaryň 3-nji tablisasynda görkezilenlerden az bolmaly däldir. 3-nji tablisa Turba lar Sepleri birleşme Dykyzlaýjy Turbageçirijini şertli geçirme, mm çukurjyklaryň ölçegleri, m uzyn-lygy ini çuňlygy Polat Kebşirleýiji - Ähli diametr üçin 1,0 D* + 1,2 0,7 Çoýun Giň agyzly Rezin manžetli Kendir sapak 300 -e çenli we 300 300 -e çenli we 300 300-den ýokary 0,5 0,55 1,0 D + 0,2 D + 0,5 D + 0,7 0,1 0,3 0,4 Germetier 300 -e çenli we 300 300-den ýokary 0,5 1,0 D + 0,5 D + 0,7 0,2 0,3 rizoti-sement Osbosement görnüşli mufta Çoýun flansli mufta Basyşsyz turbalar üçin islendik Şekilli kesişýän rezin halka Tegelek kesişýän rezin halka we 15 atm çenli basyş üçin tegelek çoýunly mufta Islendik 300-e çenli we 300 300-den ýokary 300-e çenli we 300 300- den ýokary 400-e çenli we 400 0,7 0,7 0,7 0,9 0,7 D + 0,2 D + 0,5 D + 0,5 D + 0,7 D + 0,5 0,2 0,2 0,3 0,3 0,2 Beton we demir beton Giň agyzly, muftaly we beton guşakly Tegelek kesişýän rezin halka 600 -e çenli we 600 600-den 3500 çenli 0,5 1,0 D + 0,5 D + 0,5 0,2 0,3 Polimer Sepleriň birleşdirmeleriniň ähli görnüşleri - Ähli diametrler üçin 0,6 D + 0,5 0,2 Keramiki Giň agyzly Asfaltobitum, germetikler we başgalar Şonuň ýaly 0,5 D + 0,6 0,3 * D- sepdäki turbageçirijiniň daşky diametri. Bellik - Sepleriň beýleki gurnawlary we turbageçirijileriň diametrleri üçin çukurjyklaryň ölçegleri taslamada gökezilmelidir. 36. Binýat çukurlarda, tranşeýalarda (garymlarda) we profilli köwmelerde atmosfera täsirleriniň täsiri astynda öz häsiýetlerini üýtgedýän elýuwial topraklary işläp taýýarlamagy gorag gatlagy galdyryp amala aşyrmalydyr, gorag gatlagyň ululygy we üsti açylan esasyň atmosfera bilen galtaşmasynyň ýol berilýän dowamlylygy taslamada kesgitlenilýär, ýöne 0,2 metrden az bolmaly däldir. Gorag gatlagy gönüden-göni desga gurlup başlanmazyndan öň aýrylýar. 37. Harsaňly, daşly we şu Kadalaryň otuz altynjy böleginde görkezilenlerden başga topraklarda köwmeleri, adatça, esaslaryň topraklarynyň tebigy düzümini saklap galmak bilen taslamadaky bellige çenli işläp taýýarlamalydyr. Köwmeleri iki tapgyrda amala aşyrylmagyna ýol berilýär: 1) ilkinji – şu Kadalara 4-nji tablisanyň birinji-dördünji böleklerindäki gyşarmalar bilen; 2) gutarnykly (gönüden-göni gurnawlaryň gurulmagyndan öň) – şu Kadalaryň 4-nji tablisasynyň bäşinji böleginde getirilen gyşarmalar bilen. 4-nji tablisa Tehniki talaplar Çäkli gyşarmalar Barlag (usul we göwrüm) 1. Ilkinji özleşdirilende köwmeleriň düýbüniň bellikleriniň taslamadakydan gyşarmalary (harsaňly, daşly we doň topraklardaky köwmelerden başga): 1) dişli susguçlar bilen enjamlaşdyrylan bir susguçly ekskawatorlar bilen; 2) meýilleşdiriji-ekskawatorlar bilen meýilleşdiriş işleri üçin meýilleşdirilen susguçlar, gyryp arassalaýjy enjamlar we beýleki ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bir susguçly ekskawatorlar bilen; 3) buldozerler bilen; 4) tranşeýaly (garymly) ekskawatorlar bilen; 5) skreperler bilen; Mehaniki herekete getiriji ekskawatorlar üçin iş enjamynyň görnüşleri boýunça: draglaýn +25 sm göni gazýan +10 sm ters pil +15 sm Gidrawlik herekete getiriji ekskawatorlar üçin +10sm +5 +10 sm +10 sm +10 sm Ölçeg, ölçeg nokatlary tötänleýin kesgitlenilýär; kabul edilýän ýere ölçeg sany aşakdakydan az bolmaly däldir: 20 15 10 10 5 15 10 10 2. Daşly we doň topraklarda ilkinji özleşdirmede köwleriň düýbüniň bellikleriniň taslamadakydan gyşarmalary, meýilleşdirilen köwmelerden başga: 1) dolmazlyklar. 2) çäkden çykma dolmaklyk. Ýol berilmeýär 5-nji tablisa boýunça Ölçeg, has ýokary ýerlerde tabşyrylýan ýere daşyndan görüp barlag etmek arkaly kesgitlenilen ölçegleriň sany 20-den az bolmadyk ýagdaýynda. 3. Şonuň ýaly, meýilleşdirilen köwmeler: 1) dolmazlyklar; 2) çäkden çykma dolmaklyk. 10 sm 20 sm Şonuň ýaly 4. Şonuň ýaly, harsaňly we ullakan bölekli topraklar ýumşadylmazdan: 1) dolmazlyk; 2) çäkden çykma dolmaklyk. Ýol berilmeýär Göwrümi boýunça 15%-den ýokary mukdarda toprakda saklanýan harsaňlaryň (ullakan bölekleriň) iň uly diametriniň ululygyndan köp bolmadyk, ýöne 0,4 metrden köp bolmaly däldir. Şonuň ýaly 5. Gutarnykly özleşdirmede ýa-da gereginden az işläp gutarmadan we çäkden çykma dolmaklyk üsti ýetirilenden soň binýatlaryň gurulýan we gurnawlaryň ýerleşdirilýän ýerlerindäki köwmeleriň düýbüniň bellikleriniň gyşarmalary. ±5sm Ölçeg, hendegiň burçlary we merkezi boýunça, binanyň oklarynyň kesişýän ýerlerinde, bellikleriň üýtgeýän, gaýtalanmalaryň we tranşeýalaryň (garymlaryň) ýanaşyk, guýularyň ýerleşýän ýerlerinde, ýöne her 50 m selçeň bolmaly däldir we kabul edilýän ýere 10 m ölçegden az bolmaly däldir. 6. Emeli esasly üsti açylan topragyň ýa-da binýatlaryň we ýerasty desgalaryň aşagyna, toprak düşekleriniň görnüşi we häsiýetlendirmeleri. Esasyň tebigy ýerleşmede talap edilýän dykyzlyga laýyk gelmeýän topraklaryny çalyşmaly ýa-da topragyň berklik häsiýetlerini ýokarlandyrmak, onuň deformirlenmegini we suw geçirijiligini azaltmak üçin doly dykyzlandyrmalydyr. Taslama laýyk gelmelidir. Çalşyrylan (dykyzlandyrylan) topragyň dykyzlanma derejesi gury topragyň dykyzlygyny kesgitlemek bilen saýlama barlag arkaly kesgitlenilýär. Galyňlygy 3 sm-den köp bolan esasyň topragynyň ýokarky gatlagynyň köwülmegine, ezilmegine, ýumşadylmagyna ýa-da doňmagyna ýol berilmeýär. Esasyň tutuş ýerüstüniň tehniki barlagy. Barlagy meýdan usullary (barlama, radioizotop usullar we başgalar) we hendegiň meýdançasyna baglylykda topragyň her bir dykyzlandyrylan gatlagyna azyndan 1-2 nusgalyk bilen her hili kesgitlemek arkaly (gury topragyň dykyzlygynyň barlaghana synaglary) ýerine ýetirmelidir. 7. Basyşsyz turbageçirijileriň aşagyndaky tranşeýalaryň (garymlaryň), suw sowujy ganawlaryň we beýleki ýapgytly köwmeleriň düýbüniň taslamadaky dik ýapgytdan gyşarmalary. ±0,0005-den geçmeli däldir. Ölçeg, gaýtalanmalaryň, ýanaşyklaryň, guýularyň ýerleşýän ýerlerinde we şuňa meňzeş, ýöne her 50 metrden selçeň bolmaly däldir. 8. Meýilleşdirilen üstüň ýapgydynyň taslamadakydan tranşeýalary (gyşarmalary), suwarylýan ýerlerden başga. Bitişik peslikler ýok bolanda ±0,001-den geçmeli däldir. Daşyndan görüp (atmosfera ygallarynyň akymyna gözegçilikler) ýa-da ölçeg, 50х50 m setka boýunça. 9. Suwarylýan ýerlerden başga, Meýilleşdirilen ýerüsti bellikleriň taslamadakydan gyşarmalary: 1) daşsyz topraklarda; 2) daşly topraklarda. Geçmeli däldir ±5 sm +10-dan –20 sm çenli Ölçeg, 50х50 m setka boýunça. 38.Taslama belliklerinden öň dolmazlyklary işlemekligi topragyň tebigy görnüşini saklap ýerine ýetirmelidir. 39.Binýatlaryň gurulýan we turbageçirijileriň ýerlerinde artykmaçlygy doldurmak şu Kadalaryň 5-nji tablisasyny göz öňünde tutup, esasy tebigy düzümli topragy dykyzlyga çenli dykyzlandyryp ýerli toprak ýa-da az dykyzlanýan toprak bilen (azyndan 20 MPa-dan deformasiýa moduly) ýerine ýetirilmelidir. II görnüşli çökýän topraklarda drenirleýji (zeýkeşleýji) topraklary ulanmaga ýol berilmeýär. 5-nji tablisa “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde çykanan 28 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Topraklar. Klassifikasiýa” atly ТDS-25100-95 döwletara standarty (mundan beýläk - ТDS-25100-95 döwletara standart) standartyna we jaýryklylyk modulyna laýyklykda topragyň dürli görnüşi Dolmaklygyň ýol berilýän ululygy, sm, ýumşatma usuly bilen partlama mehaniki guýy zarýad usuly şpur zarýad usuly Jaýryklylyk moduly 1,0-dan az bolanda berk we örän berk Başga daşly topraklar 20 40 10 20 5 10 Bellik - Jaýryklylyk moduly, zaboýyň (urgynyň) üstünde esasa ýa-da jaýryklaryň esasy ulgamlaryna perpendikulýar bolan ölçeg uzynlygynyň bir metrine jaýryklaryň ortaça sanydyr. 40. Daşly topraklarda meýilleşdirilen köwmelerde artykmaçlyklary doldurmak, üstünde 5 sm-den ýokary ölçegdäki bölekleri bolmadyk daşly toprak arkaly amala aşyrylyp bilner. 41. Doňmagyň, suw basmagyň netijesinde zeper ýeten esaslary, şeýle hem çuňlugy 50 sm-den köp bolan artykmaçlygy dikeltmegiň usuly taslama edarasy bilen ylalaşylmalydyr. 42. Ýerasty suwlaryň derejesinden ýokarda ýerleşýän topraklarda, (şu Kadalaryň kyrk dördünji bölegi boýunça suwuň kapilýar ýokarlanmagyny göz öňünde tutup), şol sanda emeli suw peseldijiniň kömegi bilen guradylan topraklarda berkidilmesiz gurulýan garymlaryň, binýat çukurlaryň we beýleki wagtlaýyn köwmeleriň ýapgytlarynyň iň uly kerti köwmegiň 1,5 m; 3,0 m we 5,0 metrden köp bolmadyk çuňlugynda kabul etmelidir: (howpsuzlyk tehnikasynyň talaplary Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2010-njy ýylyň 06-njy maýynda 523 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Gurluşykda howpsuzlyk tehnikasy. Işleri geçirmegiň we kabul etmegiň düzgünleri” atly TGK 3.01.03-06 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak barada” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2010-njy ýylyň 15-nji aprelinde çykaran MB-63 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Gurluşykda howpsuzlyk tehnikasy. Işleri geçirmegiň we kabul etmegiň düzgünleri” atly TGK 3.01.03-06 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary (mundan beýläk - TGK 3.01.03-06 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary) laýyklykda ýerine ýetirilmelidir): Тopragyň görnüşi: 1,5 m 3,0 m 5,0 m 1) dökülýän dykyzlanmadyk topraklar - 1:0,67; 1:1; 1:1,25; 2) çägesow we çagylly - 1:0,5; 1:1; 1:1; 3) çägesow topraklar 1:0,25; 1:0,67; 1:0,85; 4) toýunsow - 1:0; 1:0,5; 1:0,75; 5) toýun - 1:0; 1:0,25; 1:0,5; 6) mele (lýos) toprak we melemtil görnüşli- 1:0; 1:0,5; 1:0,5. Birmeňzeş topraklarda wagtlaýyn köwmeleriň ýapgytlarynyň beýikligi 5 metrden köp bolsa, olaryň kertligi maslahat berilýär, “Birmeňzeş doňmadyk topraklarda wagtlaýyn köwmeleriň ýapgytlarynyň kertligini kesgitlemek” atly (şu Kadalara 3-nji goşundy) goşundysynyň grafikleri boýunça kabul edilýär. Ýapgytlaryň kertligi gurluşykda iş howpsuzlygyny üpjün etmelidir. Partlama işlerini ulanyp, daşly topraklarda özleşdirilýän köwmeleriň ýapgytlarynyň kertligi taslamada kesgitlenmelidir. 43. Işleriň ýerine ýetirilýän döwründe köwmeleriň çäklerinde ýa-da olaryň düýbüniň golaýynda ýerasty suwlar bar bolsa, diňe ýerasty suwlaryň derejesinden aşakda ýerleşýän topraklary däl, eýsem kapillýar ýokary göteriliş ululyga çenli bu derejeden ýokarda ýerleşýän topraklary çygly hasaplamaly we aşakdaky ýaly kabul etmelidir: 1) 0,3 m – iri, orta iri we ownuk çäge üçin; 2) 0,5 m – tozanly çäge we çägesöw üçin; 3) 1,0 m – toýunsow we palçyk üçin. Esaslardaky topraklaryň tebigy gurluşyny we häsiýetlerini gorap saklamak boýunça çäreler şu aşakdakylary öz içine alýar: 1) topragyň opurylmazlygy we betonyň täze gatlagynyň ýa-da ergini suw basmazlygy üçin olaryň taslamadaky 30%-den az bolmadyk berkligine eýe bolýança hendege üstki suwlaryň düşmeginden goramak; 2) binýat çukury we esaslaryň topraklaryny suw geçirmeýän tor (setka) bilen germewlemek («diwar toprakda», dykydan germewler, burawlap kesiji paýalar we şuňa meňzeşler); 3) suw saklaýan gatlaklardan çuň suw sowmak arkaly gidrostatik basyşy aýyrmak; 4) suwuň düýbünden binýat çukura akmagynyň öňüni almak; 5) topragyň gorag gatlagyny ýer gazyjy maşynlaryň kömegi bilen gereginden az binýat çukury gazylan wagtynda dinamiki täsirleri aýyrmak; 6) esaslaryň topragyny doňmakdan goramak. Binýatlary gurluşy üçin germewleýji binýat çukury şu aşakdaky düzgünlere laýyklykda berjaý etmelidir: 1) binýat çukurlary guratmak mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda (binýatlaryň ýa-da paýalaryň rostwerkleriniň gurluşy boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin) topragy taslama belliklerine çenli özleşdirmegi suwasty usullar bilen (erliftler, gidroelewatorlar, greýferler) ýerine ýetirmelidir. Suwuň aşakdan binýat çukuryň düýbüne çenli barmagynyň öňüni almak üçin dik geçirilýän turba usuly bilen beton tamponaž gatlagy düşemelidir. Betonyň gatlagynyň aşakdan suwuň basyşyna hasaplanyp kesgitlenen galyňlygy 1 metrden (suwuň basyşy 3 metrden köp bolmaly däldir) we azyndan 1,5 metrden az bolmalydyr, binýat çukuryň toprakly düýbi suwasty özleşdirilende deňsizlikler bar bolsa 0,5 metrden köp bolmaly däldir; 2) binýat çukurlaryň germewleriniň ýokarsyny tolkunyň beýikligini we ýokarlanmagyny göz öňünde tutup, suwuň işçi derejesinden azyndan 0,7 metr ýokarda ýerleşmelidir. Suwuň işçi derejesi üçin işleriň şu görnüşiniň ýerine ýetirilýän döwründe suwuň iň ýokary bolup biljek, 10 % ýokary ähtimallyk hasaplanma laýyklykda möwsümleýin derejesini kabul etmelidir. Bu ýagdaýda güýçli ýelleriň täsirinden derejäniň bolup biljek artdyrmalar hem göz öňünde tutulmalydyr; 3) binýat çukuryň germewlerinden suwy sordurmaklygy we binýady (rostwerki) gurmak boýunça işler tamponaž gatlagyndaky beton taslamada görkezilen berkligi alnandan soň ýerine ýetirmegine ýol berilýär, ýöne 2,5 МPа-dan az bolmalydyr. 44. Suwasty we suwlulandyrylan kenarýaka garymlaryň, şeýle hem batgalyklarda özleşdirilýän garymlaryň ýapgytlarynyň kertligi TGK 3.01.03-06 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň talaplaryna laýyklykda kabul etmelidir. 45. Ýerasty işler tamamlanandan soň dikeldiş ugurlaryna we ýapgytlaryň üstüni berkitmegiň usullaryna baglylykda taslamada toprak känleriniň, ätiýaçlyklaryň we hemişelik galyndy üýşmeleňleriniň ýapgytlarynyň kertligini kesgitlemelidir. 46. Ýerasty suwlaryň derejesinden ýokary daşsyz topraklarda berkidilmezden we golaýynda ýerasty desgalar ýok bolanda dik diwarly binýat çukutlary we garymlary gazmaklygy TGK 3.01.03-06 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň talaplaryna laýyklykda şu aşakdakylardan köp bolmadyk çuňluga çenli özleşdirilmegine ýol berilýär: 1) 1,0 metr - dökülýän, çägesow we iri bölekli topraklar; 2) 1,25 metr – çägesow topraklar; 3) 1,50 metr – toýunsow we toýun. 47. Köwmegiň çuňlugyna, topragyň görnüşine we ýagdaýyna, gidrogeologiýa şertlere, erňeklere düşýän wagtlaýyn agramlaryň ululygyna we häsiýetine we beýleki ýerli şertlere baglylykda taslamada garymlaryň we binýat çukurlaryň dik diwarlaryny wagtlaýyn berkidilmegiň zerurdygyny kesgitlemelidir. 48. Köwtejikleriň çäklerindäki oýlaryň we ýerli çukurlaryň sany we ölçegleri az bolmalydyr we esaslaryň mehaniki taýdan arassalanmagyny we desgalaryň gurluşynyň tehnologikligini üpjün etmelidir. Ýaşaýyş jaýlarynyň aşagyndaky binýat çukurlar üçin daşly topraklardaky köwtejikleriň we ýerli çukurlaryň sany üçden, başga topraklarda - bäşden köp bolmaly däldir. Köwtekjäniň beýikliginiň onuň uzynlygyna bolan gatnaşygy taslamada kesgitlenilýär, ýöne toýunsow topraklarynda 1:2-den, çägeli topraklarda 1:3-den az bolmaly däldir. 49. Köwmeleri gönüden-göni golaý ýerde we bar bolan binalaryň we desgalaryň binýatlarynyň düýbüniň aşagynda özleşdirmek zerurlygy ýüze çykanda taslamada olaryň abat saklanylmagyny üpjün etmek üçin tehniki çözgütler göz öňünde tutulmalydyr (şpunt (dyky) diwarlar we şuňa meňzeşler). Binýat çukurlarda we garymlarda topragy «aşagyny gazma» özleşdirmeklige ýol berilmeýär. 50. Özleşdirilýän köwmeleriň ýa-da dökülýän gum düşekleriniň bar bolan ýerasty we howa kommunikasiýalarynyň, şeýle hem ýerasty desgalaryň gorag zolaklaryna atylýan ýerleri şu Kadalaryň elli üçinji böleginiň talaplaryna laýyklykda gorag zolagynyň kesgitlenilýän ululygyny görkezmek bilen taslamada bellenilmelidir. Taslamada görkezilmedik kommunikasiýalar, ýerasty desgalar ýa-da olary aňladýan bellikler tapylan ýagdaýynda ýer işleri az wagtlyk togtadylmalydyr, ol ýere buýrujynyň we tapylan kommunikasiýalaryň degişli ygtyýarly edaralaryň wekilleri çagyrylmalydyr we tapylan ýerasty gurluşlary zeper ýetmeden gorap saklamak boýunça çäreler kabul edilmelidir. 51. Köwmeleri özleşdirmek, gum düşekleriniň gurluşygy we ýerasty kommunikasiýalaryň açylmagy gorag zolaklaryň çäklerinde oňa degişli edaralaryň hat üsti ylalaşygy bilen we kommunikasiýalaryň tehniki ýagdaýyna gurluşyk işleriniň täsirini bahalandyrmak boýunça ygtyýarly edaranyň netijenamasyna laýyklykda ýol berilýär. 52. Özleşdirilýän garymlar mehaniki zeper ýetmelerden goralmadyk hereket edýän kommunikasiýalar bilen kesişende, topragy ýer gazyjy maşynlar bilen özleşdirmeklige şu aşakdaky iň az aralyklarda rugsat berilýär: 1) ýerasty we howa aragatnaşyk liniýalary, polat kebşirlenen, polietilen, keramiki, çoýun we hrizotilsement turbageçirijiler, kanallar we diametri 1 metrden köp bolmadyk kollektorlar üçin, gidrawlik ekskawatorlar ulanylanda gapdaldan - 0,5 metr we kommunikasiýalaryň ýokarsyndan 0,5 metr deslapky olary tapyp 0,25 metre çenli takyklyk bilen; 2) güýç berýän kabeller, magistral turbageçirijiler we beýleki ýerasty kommunikasiýalar üçin, şeýle hem kommunikasiýalaryň görnüşine we mehanizasiýa serişdelerine garamazdan harsaň we togalak daşly topraklar üçin – gapdaldan 2 metr we kommunikasiýalaryň ýokarsyndan 1 metr deslapky olary tapyp 0,5 metre çenli takyklyk bilen. Akagan-maýyşgak (plastikli) konsistensiýaly topraklarda topragyň kommunikasiýalaryň üstünde mehanizmleşdirilip özleşdirilmegine rugsat berilmeýär. Kommunikasiýalara çenli iň az aralyklar Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2022-nji ýylyň 26-njy iýulynda 1625 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Şähergurluşyk. Şäherleri we ilatly ýerleri meýilleşdirmek we gurmak” atly TGK 2.07.01-2022 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2022-nji ýylyň 17-nji iýulynda çykaran 54-iş buýrugy bilen tassyklanan, “Şähergurluşyk. Şäherleri we ilatly ýerleri meýilleşdirmek we gurmak” atly TGK 2.07.01-2022 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda bellenilmelidir. Galan toprak elde işlenilýän zarba urmaýan gurallary ýa-da ýörite mehanizasiýa serişdelerini ulanmak bilen özleşdirilmelidir. 53. Tranşeýalar (garymlar) özleşdirilende ýollaryň we şäher geçelgeleriniň zolaklarynyň (çyzyklarynyň) açylmagynyň giňligi şu aşakdaky görnüşde kabul etmelidir: 1) beton örtükde ýa-da asfalt örtükde beton esaslar boýunça berkitmeleri göz öňünde tutup, her tarapyň ýokarsyndaky tranşeýaň (garymyň) ininden 10 sm köp; 2) ýol örtükleriniň beýleki gurnawlary üçin - 25 sm. Gurnama demirbeton plitalardan ybarat ýol örtüklerinde üstüni açylyşyň ini plitanyň ölçeginden köp bolmalydyr. 54. Artykmaç goşmaçalary öz içine alýan topraklar özleşdirilende, taslamada olary ýok etmek ýa-da meýdançanyň çäklerinden aýyrmak üçin çäreler göz öňünde tutulmalydyr. Ölçegi uly bolmadyk diýlip harsaňlar, daşlar, ýumşan doň we daşly topragyň bölekleri hasaplanýar, olaryň has uly ölçegi şu aşakdakylardan geçýär: 1) susgujyň ininiň 2/3 – yzky pil ýa-da göni gazuw enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ekskawatorlar üçin; 2) susgujyň ininiň 1/2 – draglaýn bilen enjamlaşdyrylan ekskawatorlar üçin; 3) has uly gurnawçylyk gazma çuňlugyň 2/3 – skreperler üçin; 4) opurylma beýikligiň 1/2 – buldozerler we greýderler üçin; 5) kuzowyň ininiň we agramy boýunça pasport ýük göterijilik ukybynyň ýarysynyň 1/2 – ulag serişdeleri üçin; 6) kabul edýän deşigiň kiçi tarapynyň 3/4 – owradyjy maşyn üçin; 7) 30 sm – göteriji kranlar arkaly aýyrmak bilen elde özleşdirilende. 55. Topraklar emeli ýagdaýda şorlandyrylanda şorlanma ýerinden 10 metrden az aralykda üzňeleşdirilmedik (izolirlenmedik) metal ýa-da demirbeton gurnawlary bar bolan ýa-da çaklanyp ýerleşdirilende 10%-den ýokary öýjükli yzgarda duzuň konsentrasiýasyna (ýygnanmagyna) ýol berilmeýär. 56. Ýerasty kommunikasiýalardan golaýdaky topragyň doňy çözülende gyzgynlyk temperaturasy olaryň örtüginiň ýa-da üzňeliginiň (izolýasiýasynyň) zeperlenmegine getirýän ululykdan geçmeli däldir. Köwmegi özleşdirmek üçin rugsat berlende oňa degişli ygtyýarly edara tarapyndan çäkli ýol berlen temperatura kesgitlenmelidir. 57. Özleşdirilýän köwmeleriň we toprak känleriniň çäklerinde girelge ýollarynyň geçilýän ýeriniň ini 12 tonna çenli ýük göteriji ulaglar (samoswallar) üçin iki taraplaýyn hereketde – 7 metr, bir taraplaýyn hereketde – 3,5 metr bolmalydyr. Ulaglaryň (samoswallaryň) ýük göterijiligi 12 tonnadan köp bolanda, şeýle hem beýleki ulag serişdeleri ulanylanda geçilýän ýeriň ini gurluşyk edarasynyň taslamasy bilen kesgitlenýär. 58. Köwmeleri özleşdirmek we tebigy esaslaryň ýa-da toprak düşekleriniň gurluşy boýunça işler ýerine ýetirilende barlag edilýän görkezijileriň düzümi, ýol berilýän gyşarmalar, möçber we barlag usullary şu Kadalaryň 4-nji tablisasynyň talaplaryna laýyk gelmelidir. IV bap. Gum düşekleri we gaýtadan (yzyny) gömme 59. Taslamada gum düşeklerini galdyrmak we yzyny gömme gurluşlar üçin niýetlenilen topraklaryň görnüşleri we fiziki-mehaniki häsiýetlendirmeleri, olara bildirilýän ýörite talaplar, dykyzlandyrmanyň talap edilýän derejesi (gury topragyň dykyzlygy ýa-da dykyzlandyrma koeffisiýenti), gum düşeginiň dürli fiziki-mehaniki häsiýetli topraklardan galdyrylýan ýerleriniň araçäkleri, zerur bolanda geotehniki monitoring boýunça talaplar görkezilmelidir. Buýrujy we taslama edarasy bilen ylalaşma boýunça gum düşekleriniň we yzyny gömme topraklary zerurlyk ýüze çykanda çalşyrmak bolýar. 60. Gum düşeginden aýryp dökmek üçin üstüni taýýarlama şu aşakdakylary öz içine alýar: 1) agaçlary, gyrymsy agaçlary we olaryň köklerini aýyrmagy we köwläp aýyrmak; 2) otly we batgalyk ösümlikleri aýyrmak; 3) agramy boýunça Ir ≥ 0.1 bolan organiki maddalary saklaýan gyrmançaly we beýleki topraklaryň toprak-ösümlik gatlagyny kesip aýyrmak; 4) topragyň, garyň we beýleki gowşak topragyň ýokarky dykyzlygy gowşan (suwuklanan) doňup galan gatlagyny aýyrmak; 5) iri çagylly çägeden, owradylan daşly toprakdan ony buldozerler arkaly dykyzlandyrmak bilen 0,2-0,4 metr galyňlykdaky göteriji gatlagyň üstüni taýýarlamak boýunça aýryp dökmek, onuň üstünde awtomobil ulagyny we beýleki gurluşyk maşynlary we mehanizmleri erkin ýerleşdirmek we manýowr (başarnykly) geçirmek. Binýat düşekleriň we (tranşeýalaryň) garymlaryň yzyny gömme ýerine ýetirilende üstüniň taýýarlygy düýpden agaç we gurluşyk önümçiliginiň beýleki ýaýrap ýatan galyndylaryny hem-de adaty hapalary aýyrmak arkaly ýerine ýetirilýär. 61. Bir gum düşeginde dürli görnüşli topraklar ulanylanda aşakdaky talaplary ýerine ýetirmek zerurdyr: 1) köp drenirlenýän topraklardan ybarat gatlaklaryň aşagynda ýerleşýän az drenirlenýän topraklardan ybarat gatlaklaryň üstüniň gum düşeginiň okundan gyralaryna 0,04 - 0,1 çäklerde ýapgydy bolmalydyr; 2) bar bolan ýa-da taşlanylýan üzňeleşdirilmedik (izolirlenmedik) metal ýa-da demirbeton gurnawlardan 10 metrden az aralykda gömmek üçin ereýän duzlaryň konsentrasiýaly topraklaryň 10 %-den ýokary öýjükli yzgarda ulanylmagyna ýol berilmeli däldir. 62. Gum düşekleri we gömmek üçin ýol berilýän çäklerde (şu Kadalaryň 7-nji tablisasy) düzüminde gaty garyndylary saklaýan topraklar ulanylanda, soňkulary aýrylyp dökülýän toprakda deň ölçegde bölünmelidir we Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2016-njy ýylyň 16-njy noýabrynda 1027 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Binalary we desgalary posdan goramagyň usullary we tehnologiýasy” atly TGK 2.03.01-16 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2016-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda çykaran MB-85 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Binalary we desgalary posdan goramagyň usullary we tehnologiýasy” atly TGK 2.03.01-16 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň (mundan beýläk – TGK 2.03.01-16 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary) talaplaryna laýyklykda, gidroizolýasiýanyň görnüşine baglylykda üzňeleşdirilen (izolirlenen) gurnawlardan 0,2 metrden golaý, doňan bölekler (komýa), ondan başga-da, gum düşeginiň ýapgydyndan 1 metrden golaýda ýerleşmeli däldir. 63. Toprak «guraýança» ýerleşdirilende, ýol gum düşeklerinden başgasy, dykyzlandyrmany, adatça, w çyglylykda ýerine ýetirmeli, ýagny ol АWopt ≤ w ≤ ВWopt çäklerde bolmalydyr, bu ýerde wopt – optimal dykyzlandyrma abzalynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2021-nji ýylyň 26-njy martynda çykaran 91-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Topraklar. Dykyzlygy maksimal usulda kesgitlemek” atly TDS-22733-2016 döwletara standarty (mundan beýläk - TDS-22733-2016 döwletara standart) boýunça kesgitlenýän optimal (iň amatly) çyglylykdyr. А we В koeffisiýentleri hökmany “Tebigy gatlakly (ýatakly) topraklaryň we toprak ýassyklaryň synag dykyzlandyrmasy” atly şu Kadalara 4-nji goşundynyň (mundan beýläk-şu Kadalara 4-nji goşundy) synag dykyzlandyrmany ýerine ýetirmekde netijeleri boýunça soňundan anyklamak bilen şu Kadalaryň 6-njy tablisasy boýunça kabul etmelidir. 6-njy tablisa Topragyň görnüşi Dykyzlanma kcom koeffisiýentinde А we В koeffisiýentleriň ululygy 0,98 0,95 0,92 А В А В А В Iri, orta, ownuk çägeler Çäklendirilmeýär Tozanly çägeler 0,60 1,35 0,50 1,45 0,40 1,60 Çägesöw 0,80 1,20 0,75 1,35 0,56 1,40 Toýunsow 0,85 1,15 0,80 1,20 0,70 1,30 Toýun 0,90 1,10 0,85 1,15 0,75 1,20 Toýunsow dolduryjy bilen iri bölekli topraklar ulanylanda ýazylýan we akýan araçäkdäki çyglylyk ownuk däneli (2 mm-den az) dolduryjy boýunça kesgitlenýär we toprak garyndysyna täzeden hasaplanýar. 64. Gurluşyk meýdanynda şu Kadalaryň altmyş üçünji böleginiň talaplaryna laýyk gelýän topraklaryň känleri ýetmezçilik edende, eger-de gurluşyk meýdanynyň howa şertleri boýunça topragyň tebigy guratma mümkin bolmasa, topragy ýörite gurluşlarda topragy guratmak ykdysady taýdan maksadalaýyk bolmasa, düşemek üçin gum düşeginde taslama degişli üýtgetmeleri girizmek bilen ýokary çyglylykdaky topragy ulanmaga ýol berilýär. 65. Gum düşekleriniň we yzyny gömme topraklaryň tejribeli dykyzlandyrmasyny taslamada görkezmeler bar bolsa, ýörite görkezmeler bolmadyk halatynda obýektde üstüni dykyzlandyrmanyň möçberi 10 müň m3 we ondan köp bolsa ýerine ýetirmelidir. Tejribeli dykyzlandyrmanyň netijesinde şu aşakdakylar kesgitlenmelidir: 1) ТDS-22733-2016 döwletara standarty boýunça barlaghana işlerinde: a) bu dykyzlyga ýetilýän topragyň dykyzlygynyň maksimal (aňrybaş) bahasy rd maх we iň amatly çyglylyk w opt; b) dykyzlandyrylan topragyň çyglylygynyň üýtgemegine ýol berilýän diapazonlar ∆ⱳ we şu Kadalaryň 6-njy tablisasy boýunça А we В koeffisiýentleriň görkezijileriniň bahalary, olarda ulanylýan topraklaryň ähli görnüşleri üçin berlen kcom dykyzlanma koeffisiýentlerine ýetilýär, üstesine-de, dykyzlandyrylan topraklaryň dykyzlanma rd bahalary; 2) rd =rd maх kcom berlen bahalarda kcom, ýa-da tersine kcom =rd/rd maх: a) dökülen gatlaklaryň galyňlygy, dykyzlandyryjy maşynlaryň bir ýodajykda geçişleriniň sany, wibrasiýanyň we beýleki işçi serişdeleriň topraga täsiriniň dowamlylygy, urgylaryň sany we binýat çukurlar depgilenende “bozulma” dykyzlandyrylanda depgilenmeleriň zyňmagyň beýikligi we topragyň taslama dykyzlygyny üpjün edýän beýleki tehnologiki parametrler; b) dykyzlandyrma hiliniň operasion barlaga degişli goşmaça görkezijileriň ululyklary (“bozulma” depgilenen dykyzlandyrma üçin, dinamiki dykyzlyk ölçeginiň täsirleriniň sany we başgalar). Eger-de, tejribeli dykyzlandyrmany galdyrylýan gum düşeginiň çäklerinde geçirmek göz öňünde tutulan bolsa, işleriň ýerine ýetirilýän ýerleri taslamada görkezilmelidir. Gum düşemäni we yzyna gömmeler depgilenen, wibrasiýa, toprak paýalar, gidrowibrodykyzlandyrma, dik zeýkeşler bilen biraz agram bermek arkaly dykyzlandyrmada, şeýle hem toprak düşekleri tekizleme arkaly dykyzlandyrmada tejribeli dykyzlandyrmany hökmany şu Kadalara 4-nji goşundysynyň görkezmelerine laýyklykda ýerine ýetirmelidir. 66. Üstüki ini ulag serişdeleriniň yza öwrülmegine ýa-da gatnawyna mümkinçilik bermeýän gum düşemeleri galdyrylanda, yza öwrülme ýa-da gatnaw meýdançalaryny gurmak üçin ýerinde giňeltme bilen gum düşemeden aýryp dökmek zerurdyr. Ýer işleriniň goşmaça möçberleri gurluşyk edarasynyň taslamasynda göz öňünde tutulmalydyr. Ýumşak ýagdaýdaky toýunsow topraklaryň aýrylyp dökülýän gatlaklarynyň galyňlygyny 15-20%, çägeli topraklar bolsa taslamada berlenlerinden 10-15% köp bolmaly, şu Kadalara 4-nji goşundysyna görä tejribeli dykyzlanmanyň netijeleri boýunça anyklanylýar. Dykyzlandyrylan gatlaklaryň galyňlygy uly bolanda toprak dykyzlandyrýan mehanizmleriň güýjüni artdyrmak ýa-da geçişleriň sanyny köpeltmek maslahat berilýär. 67. Çökmeýän topraklarda turbageçirijileri ýerleşdirip, garymlary gömmek iki tapgyrda ýerine ýetirilmelidir. Birinji tapgyrda diametri 1/10-dan ýokary ölçegdäki gaty garyndylary düzüminde saklamaýan, doňmaýan toprak bilen aşaky zolagy, turbanyň ýokarsynyň üstünde 0,5 metr beýiklikde hrizotilsement, keramiki we demirbeton turbalary ölçegi 20mm-den köp gaty garyndysyz toprak bilen, polimer turbalar üçin turbanyň ýokarsynyň üstünde 0,3 metr beýiklige çenli, turbanyň iki tarapyndan taslama dykyzlygyna çenli deňölçegde gat-gat edip, ony dykyzlandyryp we boşluklaryň aşagyna kakmak bilen turbanyň ýokarsynda 0,2 metr beýiklikde olaryň diametrinden 1/4-den ýokary ölçegde garyndysyz topragy gömmek bilen ýerine ýetirilýär. Gömlende turbalaryň üzňeligine (izolýasiýasyna) zeper ýetmeli däldir. Basyşly turba geçirijileriniň birleşmeleri (sepleri), Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyyklykda tassyklanan ýyladyş ulgamlaryny taslamak boýunça gurluşyk kadalarynyň talaplaryna laýyklykda ulgamlaryň berkligi we jebisligi (germetikligi) synagdan geçirilenden soň gaýtadan gömülýar. Ikinji tapgyrda turbanyň diametrinden ýokary ölçegdäki gaty garyndylary öz içine almaýan toprak bilen garymlaryň ýokarky zolagy gömülýär. Bu ýagdaýda turbageçirijiniň abatlygy we topragyň taslamada kesgitlenilen dykyzlygy üpjün edilmelidir. 68. Çökmeýän we beýleki topraklarda geçilmeýän ýerasty kanallary bolan garymlary gömmek iki tapgyrda ýerine ýetirilmelidir. Birinji tapgyrda kanalyň beýikliginden 1/4 ýokary ölçegdäki gaty garyndylary düzüminde saklamaýan, doňmaýan toprak bilen kanalyň ýokarsynyň üstünde 0,2 metr beýiklikde garymyň aşaky zolagyny gömmek ýerine ýetirilýär, ýöne 20 sm-den köp bolmadyk kanalyň iki tarapyndan taslama dykyzlygyna çenli ony gatlaklaýyn dykyzlandyrmalydyr. Ikinji tapgyrda kanalyň beýikliginden 1/2 ölçegdäki gaty garyndylary düzüminde saklamaýan toprak bilen garymyň ýokarky zolagy gömülýär. Bu ýagdaýda kanalyň abatlygy we topragyň taslamada kesgitlenilen dykyzlygy üpjün edilmelidir. 69. Beýikligi 4 metrden köp bolmadyk gum düşegini we goşmaça agramlar (topragyň öz agramyndan başga) berilmeýän garymlaryň yzyny gömmek topragy dykyzlandyrmazdan ýerine ýetirmek bolýar, ýöne onuň galyňlygyna baglylykda çägesöw topraklardan ýerine ýetirilýän gum düşemäniň beýikligini 3-5% we toýunsow topraklardan – 6-10% geçirmek bilen ýa-da garymyň ugry boýunça dökmek bilen, topragyň soňundan tebigy çökmesini göz öňünde tutup, waligiň (çarhyň) ölçeglerini gum düşegi üçin meňzeşligi boýunça kesgitlemelidir. Waligiň barlygy meýdanyň göz öňünde tutulan maksadyna görä ulanylmagyna päsgelçilik döretmeli däldir. 70. Magistral turbageçirijileriň, ýapyk drenažyň we kabelleriň gömülmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tassyklanan gurluşyk kadalaryň talaplary bilen kesgitlenen iş tertibine laýyklykda ýerine ýetirilmelidir. 71. Çökýän II görnüşli topraklarda özleşdirilýänlerden başga garymlary we binýat çukurlary bar bolan ýollar we ýol örtükleri bar bolan beýleki ýerler bilen kesişýän ýerlerde tutuş çuňlugyna çägesöw, çagylly toprak, çagylyň elenmesi ýa-da beýleki şoňa meňzeş az gysylýan (deformasiýa moduly 20 МPа we ondan köp), sementleýji häsiýetlere eýe bolmadyk ýerli materiallar bilen dykyzlandyryp gömmelidir. Gurluşyk meýdanynda görkezilen materiallar ýok bolsa buýrujynyň, potratçynyň we taslama edarasynyň bilelikdäki çözgüdi esasynda yzyny gömmeklik üçin olaryň taslamadaky dykyzlyga çenli dykyzlandyrylmagy üpjün edilen şertinde çägesöw we toýunsow toprak peýdalanmaga ýol berilýär. Taslamada demir ýollaryň we awtomobil ýollarynyň ýer düşeginiň, aerodrom we beýleki şoňa meňzeş görnüşli örtükleriň, gidrotehniki gum düşemeleriniň gurluşy göz öňünde tutulan ýerlerdäki garymlaryň gömülmesini, bu desgalar üçin gurluşyk kadalaryna laýyk gelýän iş önümçiliginiň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirmelidir. 72. Garymlaryň çuňlugynyň çäklerinde geçýän hereket edýän ýerasty kommunikasiýaly (turbageçirijili, kabelli we başgalar) çökýän topraklarda özleşdirilýänlerden başga garymlaryň kesişýän ýerinde hereket edýän kommunikasiýalaryň aşagyna doňmaýan topragy ýa-da beýleki az gysylýan (deformasiýa moduly 20 МPа we ondan köp) topragy garymlaryň tutuş keseligine kesişýän ýeri boýunça kesişýän turbageçirijiniň (kabeliň) diametriniň ýarysyna çenli ýa-da topragy gat-gat dykyzlandyrmak bilen onuň gorag örtügine çenli sepmelidir. Garymlaryň ugrunyň aşagyna sepmegiň ölçegi üsti boýunça kesişýän turbageçirijiniň (kabeliň) ýa-da onuň gorag örtüginiň her tarapyndan 0,5 metrden köp bolmalydyr, aşagyna sepilen ýapgytlar bolsa 1:1-den kert bolmaly däldir. Eger-de taslamada ýagdaýyň üýtgemezligini we kesişýän kommunikasiýalaryň abat saklanmagyny üpjün edýän gurluşlar göz öňünde tutulan bolsa, garymlaryň yzyny gömmek şu Kadalaryň altmyş ýedinji bölegine laýyklykda amala aşyrylmalydyr. 73. Dar, şol sanda II görnüşli çökýän topraklarda ýerine ýetirilýän boşluklarda yzyny gömmekligi soňundan toýunsow toprak, toprak paýalar ýa-da soňundan olary B7,5 topara degişli beton bilen ownuk dolduryjy esasynda dolduryp, pnewmo-deşgiçler arkaly guýulary deşmek ýoly bilen dikligine armirleme arkaly tutuş çuňluga şol bir wagtda döküp aýyrmak hödürlenýär. 74. Gum düşemelerde ýapgytlary berk berkitmek bilen we beýleki ýagdaýlarda, haçan-da ýapgytdaky topragyň dykyzlygy gum düşeginiň gabarasyndaky dykyzlyga deň bolanda, tehnologiki giňelme bilen gum düşeginden döküp aýyrmaly, onuň ululygy taslamada ýapgydyň kertligine, dökülip aýrylýan gatlaklaryň galyňlygyna, ýumşak dökülip aýrylýan topragyň tebigy ýapgydyna we dykyzlandyryjy mehanizmiň gum düşeginiň erňegine iň az ýol berilýän golaýlaşmasyna baglylykda kesgitlenilýär. Ýapgytlardan kesilip aýrylýan toprak gum düşeginiň gabarasyna gaýtadan ýerleşdirilip bilner. 75. Bütin meýdançada dökülip aýrylýan daş taşlandysy boýunça geçelgeleri ýola goýmak üçin ownuk daşly toprakdan (bölegiň ölçegi 50 mm çenli) ýa-da çägeden tekizleýji gatlagy döküp aýyrmak zerurdyr. 76. Dykyzlandyrylman galdyrylýan gum düşemeleri taslama çözgütlerine görä beýikligi boýunça çökmesine ätiýaçlykly döküp aýyrmalydyr. Taslamada görkezmeler ýok bolanda ätiýaçlygyň ululygy, şeýle kabul etmelidir: 1) daşly topraklardan dökülip aýrylanda - 6 %; 2) daşsyz topraklardan - 9 %. 77. Ýokary çyglykly topraklar peýdalanylanda taslamada ýokardan ýerleşdirilen artyk çyglandyrylan toýunsow topragyň öz agramynyň täsiri aşagynda onuň jebislenmeginde (konsolidirlenmeginde) zeýkeşlenmegini we dökülip aýrylýan kartalar boýunça ulag serişdelerini we mehanizmleri ýerleşdirmek mümkinçiligini üpjün edýän drenirleýji toprakdan (çägesöw, çagylly we başgalar) gatlagy gezekleşdirip, dökülip aýrylýan gum düşemeleriniň zolaklary göz öňünde tutulmalydyr. Dökülip aýrylýan topraklaryň çyglylygy pes bolanda olary dykyzlandyrmak üçin toprak dykyzlandyryjy has agyr enjamlary ulanmalydyr. 78. Awtoulag, skreperler we toprak daşaýjylar bilen ýerasty desgalara daşalanda topragyň ýitgisini şu aşakdaky ölçegde göz öňüne tutulmalydyr: 1) 1 km çenli aralyga daşalanda - 0,5 %; 2) uly aralyklarda - 1,0 %. 79. Topragy buldozerler bilen başga görnüşli toprakdan ybarat esasyna geçirilendäki ýitgisini şu aşakdaky ölçegde göz öňüne tutmalydyr: 1) garymlar we binýat çukurlary yzyna gömlende - 1,5 %; 2) gum düşegine ýerleşdirilende - 2,5 %. Esaslandyrylan halatynda buýrujynyň we potratçynyň bilelikdäki çözgüdi bilen ýitginiň uly göterimini kabul etmeklige ýol berilýär. 80. Agaç töňňelerini köwlemegi, zerur bolan ýagdaýynda, gum düşemeleriniň (ýol, meýilleşdiriş we şuňa meňzeş), düşekleriň we bentleriň esaslarynyň çäklerinde ýerine ýetirmelidir. 81. Gum düşemeleriniň taslama profiliniň çäklerinde gurulýan girelgeleriň we inişleriň üstünden doňan toprak gyş döwründe gömülmezden öň aýrylmalydyr. Gömmekligi dykyzlandyryp, doňmaýan toprak bilen ýerine ýetirmelidir. 82. Gum düşemeleriniň gurluşy we yzyny gömmek boýunça işler ýerine ýetirilende barlanylýan görkezijileriň düzümi, çäkli gyşarmalar, göwrümi we barlag usullary şu Kadalaryň 7-nji tablisasynyň talaplaryna laýyk gelmelidir we iň amatly wopt golaý çyglylygy bolmalydyr. Topragyň häsiýetleriniň görkezijilerini kesgitleýän nokatlar meýdany we çuňlugy boýunça deňölçegde bölünen bolmalydyr. 7-nji tablisa Teniki talaplar Çäkli kadadan çykmalar Barlag (usuly we göwrümi) 1. Gum düşemeler we yzyna gömmek üçin niýetlenilen topragyň granulometrik düzümi (taslamada ýörite görkezmeler barlygnda) Taslama laýyk gelmelidir. Taslamada kesgitlenen diapazonyň çäklerinden daşary çykmaklyga 20%-den köp bolmadyk kesgitlemelerde ýol berilýär Ölçenme we registrasion taslama çözgütleri boýunça 2. Gum düşemäni guramak üçin we gaýtadan gömme üçin bellenen topragyň düzümi: 1) agaçlar, süýümli materiallar, çüýreýän ýa-da ýeňil gysylýan gurluşyk galyndylar 2) şor topraklar ulanylan ýagdaýynda ereýän duzlar Ýol berilmeýär Sany taslamada görkezilenlerden ýokary bolmaly däldir Her çalşykda, daşyndan görüp (wizual) Taslama laýyklykda ölçemek, ýöne 10 müň m³ toprak üçin azyndan bir kesgitlemeden 3. Gum düşemede (gidrotehnikiler-den gaýry) we yzyna gömmelerde doň tokga bölekleriň düzümi dökülýän topragyň umumy göwrüminden: 1) binalaryň daşky boşluklary we ýerleşdirilen kommunikasiýalar bilen garymlaryň ýokarky zolaklary üçin; 2) tekizleme arkaly dykyzlandyrylýan gum düşemede; 3) depeleme arkaly dykyzlandyrylan gum düşemeler üçin; 4) dykyzlandyrylman galdyrylýan gum düşemeler üçin; 5) binalaryň içindäki boşluklar we aşagyny gömmeler üçin; 6) toprak düşekler (ýassyk) üçin. Uly bolmaly däl % 20 20 30 50 Ýol berilmeýär 15% Daşyndan görüp, (wizual) döwürleýin (IÖT kesgitlenilýär) 4. Gum düşemelerde we yzyny gömmelerde gaty garyndylaryň, şol sanda doňan tokga bölekleriň ölçegi Dykyzlandyrylan gatlagyň 2/3 galyňlygyndan geçmeli däldir, ýöne toprak düşemeler üçin 15 sm-den we beýeki gum düşemeler we yzyna gömme üçin 30 sm-den köp bolmaly däldir Şonuň ýaly 5. Gum düşemelerde we yzyny gömmelerde we olaryň esaslarynda garyň we buzuň bolmagy Ýol berilmeýär Şonuň ýaly 6. Howanyň otrisatel temperaturasynda dökülip aýrylýan we dykyzlandyrylýan topragyň temperaturasy Topragyň doňmaýan ýa-da maýyşgak ýagdaýynyň saklanyp galmagyny ahyryna çenli üpjün etmelidir. Ölçeg, döwürleýin (IÖT kesgitlenilýär). 7. Barlanylýan meýdan boýunça yzyny gömmek boýunça gury topragyň oraça dykyzlygy Taslamadakydan pes bolmaly däl, taslamada görkezmeler ýok bolanda bolsa, 8-nji tablisada getirilen dykyzlanma koeffisiýentiniň barlag bahalaryna laýyk gelýän dykyzlykdan pes bolmaly däldir. Käbir ýagdaýlarda gury topragyň dykyzlygynyň baha-larynyň taslamadakydan 0,06 g/sm3 pes bolmagyna ýol berilýär, ýöne 20%-den gecmedik kesgitlemelerde Şonuň ýaly, göwrüm barlaýan edara tarapyndan kesgitlenýär. 8. Ýol gum düşemeleri, gidrotehniki gum düşemeler, binýatlaryň aşagyna toprak düşemeler üçin ýer düşemäniň gury topragynyň kabul edilýän ýer boýunça ortaça dykyzlygy Taslamadakydan pes bolmaly däldir. Gury topragyň dykyzlygynyň bahalarynyň taslamadakylardan pes bolmaklygyna ýol berilýär: 1) ýol gum düşemeleri üçin 4% çenli; 2) galanlary üçin 10%-den köp bolmaly däldir. Tomusda dökülende kesgitlemeler we gyşda dökülende 20%. Kesgitlemeleriň 10%-den köp bolmadyk netijelerinde 2-4% çäklerde taslama bahalardan gyşarmalar bolup biler – ýollar üçin. Galan desgalarda – taslama çözgütleri boýunça, görkezilmedik bolsa, her çalşykda, ýöne gum düşegiň 300 m3 üçin azyndan bir kesgitleme 9. Meýilleşdiriş we dykyzlandyrylýan beýleki gum düşemäniň gury topragynyň barlanylýan ýer boýunça ortaça dykyzlygy, olar üçin bu ululyk taslamada berilmedik Gury topragyň 8-nji tablisada getirilen dykyzlanma koeffisiýentiniň barlag bahalaryna laýyk gelýän dykyzlykdan pes bolmaly däldir. Ölçeme, göwrüm barlaýan edara tarapyndan kesgitlenlýär. 10. Pollaryň aşagyna düşelýän toprak esaslaryň gury topragynyň kabul edilýän ýer boýunça ortaça dykyzlygy Taslamadakydan pes bolmaly däldir. Gury topragyň dykyzlygynyň bahalarynyň kesgit-lemeleriň 20%-den köp bolmadyk taslama-dakylardan pes bolmaklygyna ýol berilýär Şonuň ýaly, taslama çözgütler boýunça, ýöne düşeme 1 m çenli galyňlygynda esaslaryň 200 m2 üçin ýa-da uly galyňlykda 300m3 gum düşeme üçin azyndan bir kesgitleme 11. Ýokary çyglylykly topraklardan gum düşemeleriniň gurluşynda çyglylyk derejesi 0,85-den köp bolmaly däldir. Käbir ölçemelerde 0,85-den köp bahalara ýol berilýär, ýöne kesgitlemeleriň 20%-den köp bolmaly däldir. Şonuň ýaly, taslamanyň çözgütleri boýunça, bu görkezmeleriň ýoklugynda – her çalşykda, ýöne azyndan bir kesgitleme bolmaly, gum düşeginiň 300 m3 üçin 12. Gum düşeginiň gabarasynda topragyň çyglylygy Taslamada kesgitlenilen çäklerde bolmalydyr. Çyglylygyň bahalarynyň taslamada kesgitlenilen çäklerden daşary gyşarmalaryna ýol berilýär, kesgitlemeleriň 10%-den köp bolmaly däldir. Şonuň ýaly, taslamanyň görkezmeleri boýunça, ýöne gum düşeginiň 20-50 müň m3 üçin azyndan bir kesgitlemeden bolmalydyr. 13. Ýadrolaryň, ekranlaryň, ponurlaryň we gum düşemeleriň süzüjilige garşy beýleki elementleriniň süzüjilik koeffisiýenti Taslama laýyk gelmelidir. Taslama bahalaryndan ýokary gyşarmalara ýol berilmegi kesgitlemeleriň 10%-den köp bolmaly däldir. Ölçeme, taslamanyň görkezmeleri boýunça 14. Taslama tarapyndan barlag edilýän topragyň beýleki häsiýetleri. Taslama laýyk gelmelidir. Taslamanyň görkezmeleri boýunça 15. Gum düşemeleriniň geometriki ölçegleriniň gyşarmalary: 1) demir ýollaryň gum düşemeleriň okunyň ýagdaýy; 2) şonuň ýaly awtomobil ýollarynyň 3) gum düşemäniň üstki we aşaky ini 4) gum düşemäniň üstüniň bellikleri 5) gum düşemeleriň ýapgytlaryň kertleri boýunça ±10 sm ±20sm ±15 sm ±5 sm Ulaltmaga ýol berilmeýär Ölçeme, bölünýän belgileriň ýerleşdirilýän ýerlerinde, ýöne her 100 m-den selçeň bolmaly däldir göni gidýän ýerlerde we 50 m egri çyzykly ýerlerde. Şonuň ýaly Şonuň ýaly Ölçeme, her 100 metrden göni böleklerde, 50 metrden egri çyzykly böleklerde we meýilleşdiriş gum düşemede. Toprak düşemede barlagyň göwrümi 4-nji tablisanyň, bäşinji bölegine laýyklykda. Ölçeme, her 100 metrden 8-nji tablisa Topra gyň görnüşi Dykyzlanma koeffisiýentiniň barlag bahalary kcom dykyzlandyrylan topragyň üstüne agram düşende, МPа (kg/sm2) uly galyňlykda dökülende, m 0 0,05-0,2 (0,5-2) 0,2-den ýokary (2) 2 çenli 2,01-4 4,01-6 6-dan ýoka ry 2 çenli 2,01-4 4,01-6 6-dan ýoka ry 2 çenli 2,01-4 4,01-6 6-dan ýoka ry Toýun söw 0,92 0,93 0,94 0,95 0,94 0,95 0,96 0,97 0,95 0,96 0,97 0,98 Çäge söw 0,91 0,92 0,93 0,94 0,93 0,94 0,95 0,96 0,94 0,95 0,96 0,97 Bellik - Dykyzlanma koeffisiýenti diýlip gury topragyň gazanylan dykyzlygynyň gury topragyň standart dykyzlanma abzalynda alnan maksimal dykyzlygyna bolan gatnaşygyna aýdylýar. V bap. Aýratyn toprak şertlerinde ýerasty işler 83. Çökegen, çişýän we şorlan topraklarda binýat çukurlary özleşdirmeklige diňe binýat çukurdan we ölçegleri özleşdirilýän köwmegiň her tarapyndan üstüniň ululygyna çenli ölçeglerden geçýän, golaýda ýerleşýän ýerüsti suwlaryň sowulmagyny üpjün edýän çäreler ýerine ýetirilenden soň ýol berilýär: 1) çökegen topraklar üçin – çökýän galyňlygyň taslamada görkezilen ululygyndan az bolmaly däldir, taslamada görkezmeler ýok bolsa – çökegenlik boýunça toprak şertleriniň I görnüşinde 15 metr we II görnüşinde 25 metr; 2) çişýän topraklar üçin azyndan - 15 metr bolmalydyr; 3) baýyrly ýa-da relýefiniň uly ýapgytlary bolan meýdançalarda dik meýilleşdirişi köwtekjeler ýa-da uly bolmadyk ýapgytlar bilen ýerine ýetirilýär. 84. Çökegenlik boýunça II görnüşli toprak şertlerinde ýer işleri geçirilende suw kabul ediş desgalary we suw sowma gurluşlary görkezilen ululyklardan has ulusyny kabul edip, garyň eremeginden we ygalyň ýagmagyndan üpjünçiligiň 5% suw akymy göz öňünde tutulmalydyr. Az suw syzdyryryjy ekranly II görnüşli toprak şertleri bolan çökegen topraklarda meýilleşdiriş gum düşeginiň h ≥ 1,5m galyňlykda aşaky bölegi kcom ≥ 0,95 dykyzlanma koeffisiýentine çenli dykyzlandyryp, toýunsow toprakdan ýerine ýetirmelidir. Zerur bolan ýagdaýynda desgalaryň binýatlarynyň aşagynda olary kcom ≥ 0,98 dykyzlanma koeffisiýentine çenli dykyzlandyryp we h ≥ 1,5m galyňlykda maýyşgaklyk sany lp ≥ 20 bolan toýundan ekologiki ekrany gurmalydyr. 85. Çökegenlik häsiýeti boýunça II görnüşli toprak şertlerinde, şol sanda hereket edýän kommunikasiýalar bilen kesişýän ýerlerde, şeýle hem kämilleşdirilen görnüşinde örtülen ýollaryň aşagynda köwmeleriň yzyny gömmegi şu Kadalaryň IV babynyň talaplaryna laýyklykda binýatlar we kommunikasiýalar gurlandan derrew gat-gat dykyzlandyryp, toýunsow çişmeýän we şorlanmadyk topraklar bilen ýerine ýetirmelidir. Drenirleýji (zeýkeşleýji) topraklaryň ulanylmagyna ýol berilmeýär. Dar boşluklaryň, şol sanda II görnüşli çökegen topraklarda ýerine ýetirilýänleriň yzyny gömmekligi soňundan toýunsow topraklaryny toprak paýalary bilen dykyzlandyryp, ýa-da soňundan ownuk dolduryjy esasynda B7,5 topara degişli guýma beton bilen dolduryp, pnewmatik zarba bilen guýulardan deşik açmak ýoly bilen dikligine armirleme bilen doly çuňlugyna derrew gömmek hödürlenilýär. 86. Çişýän topraklarda binýat çukurlaryň yzyny gömmede boşlugyň ähli ini boýunça ýa-da çişme deformasiýasyny siňdirýän, dempfirleýji dik gatlagyň gurnawlaryna golaý ýerleşýän çäklerde çişmeýän topragy ulanmalydyr. Topragyň dempfirleýji gatlagynyň ini taslamada kesgitlenilýär. 87. Çişýän ýa-da şorlan topraklary diňe desgalaryň we inženerlik kommunikasiýalaryň arasynda ýerleşýän ýaşyl zolaklaryň çäklerindäki ýerlerde ulanmaga ýol berilýär, ýol örtügi bilen olaryň üstünden ýollaryň we meýdanlaryň geçýän ýerlerinde bolsa – diňe çişmeýän topragy düşemelidir. 88. Topraklarynyň göterijilik ukyby 0,3 MPa-dan az bolan batgalyklarda, wagtlaýyn ýollarda we toprak üýşmekleriniň üstünde taslamanyň görkezmeleri boýunça ýer işleri amala aşyrylanda gurluşyk tehnikasynyň we ulagyň işini we geçelgesini üpjün edýän çäreler ýerine ýetirilmelidir (topragyň drenirleýji gatlagynyň aşagyna dökmek, geotekstil materiallary ulanmak we başgalar). Taslamada degişli görkezmeler ýok bolsa drenirleýji topraklardan aşaga dökülme galyňlygy 0,5 metrden az kabul edilmeli däldir we işleriň ýerine ýetiriliş döwründe anyklanylmalydyr. 89. Gowşak gyrmançaly topraklarda meýilleşdirişi, şeýle hem ýol gum düşemelerini galdyrmak we beýleki ýer işlerini ýerine ýetirmek usuly taslamada kesgitlenilmelidir we drenirleýji topraklary dökmek we şu Kadalaryň VII babynyň talaplary boýunça topraklary dykyzlandyrmak bilen ýerine ýetirilýär. 90. Gum düşemeler gowşak topraklarda galdyrylanda, şeýle hem häsiýetli ýerlerde batgalygyň düýbüniň ýapgytlary bar bolsa buýrujy we taslama edarasy bilen ylalaşyk boýunça gum düşeginiň deformasiýalaryna gözegçilikleri geçirmek, şeýle hem işleriň hakyky göwrümlerini anyklamak üçin üstki we çuňlukdaky kysymlary kesgitlemelidir. 91. Ýylyň gury döwründe şorlan topraklarda işler amala aşyrylanda gurluşyk edarasynyň taslamasynda wagtlaýyn ýol ugurlarynyň çalşyrylmagy göz öňünde tutulmalydyr. 92. Şorlan topragyň 5 sm-den az bolmadyk galyňlykdaky ýokarky gatlagy gum düşeginiň, ätiýaçlyklaryň we känleriň esaslarynyň üstünden aýrylmalydyr. 93. Çägeleriň süýşýän ýerlerinde ýer işleri geçirilende gurluşyk edarasynyň taslamasynda gurluşyk döwründe gum düşemeleri we köwmeleri syrgynlardan we sowrulmalardan goramak boýunça çäreler göz öňünde tutulmalydyr. Toýunsow toprakdan ybarat, sowrulmadan goraýan gatlaklary çägäniň üstünde 0,5 - 1,5 metr örtgi bilen gatlaklary ýerleşdirmeli, şonuň bilen baglylykda taslamada gorag gatlagyň umumy göwrüminiň 10-15% ölçeginde topragyň goşmaça göwrümini göz öňünde tutmalydyr. 94. Çägeleriň süýşýän ýerlerinde gum düşemeleri galdyrylanda topragyň sowrulyp ýitgilerini taslamada şoňa meňzeş ýa-da ýörite barlaglaryň maglumatlary boýunça sowrulma garşy göz öňünde tutulan çäreleriň netijeliligini göz öňünde tutup kabul etmeli, ýöne 30%-den köp bolmaly däldir. 95. Gurak ýerlerde gum düşemeleri we yzyna gömmeler gurlanda, dykyzlandyrylandan soň toprakda ereýän duzlaryň jemi mukdary taslamada kesgitlenilen ýol berilýän çäklerden geçmeýän şertinde topragy çyglandyrmak üçin minerallaşdyrylan suwy ulanmaga ýol berilýär. 96. Gurluşygy guramagyň taslamasynda süýşgün-howply ýapgytlarda süýşgün-howply zolaklar, topragy özleşdirmegiň tertibi (režim), özleşdirmegiň depginligi ýa-da wagtyň geçmegi bilen dökülmegiň ýapgydyň umumy durnuklylygyny üpjün edýän inženerlik çäreleri bilen köwmeleri (gum düşemelerini) we olaryň böleklerini gurmagyň yzygiderliligini utgaşdyrma, ýapgydyň howply ýagdaýynyň bolmagyna we ýagdaýyna gözegçilik etmek serişdeleri we tertibi (režimi) bellenilmelidir. 97. Ýapgytlarda we golaý ýerlerde jaýryklar, süzgüçler (gopmalar) bar bolsa süýşmä garşy degişli çäreler görülýänçä işleri amala aşyrmak ýol berilmeýär. Bolup biljek howply ýagdaý ýüze çykan halatynda işleriň ähli görnüşlerini bes etmelidir. Işleri dowam etmek üçin degişli delilnamany resmileşdirmek bilen, howply ýagdaýyň sebäpleri doly ýok edilenden soň ýol berilýär. VI bap. Topraklarda partlama işleri 98. Gurluşykda partlama işleri ýerine ýetirilende şu aşakdakylar üpjün edilmelidir: 1) partlama işlerinde Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2012-nji ýylyň 16-njy fewralynda 626 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Partladyş işlerinde howpsuzlygyň ýeke-täk düzgünlerini tassyklamak barada” Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň 2012-nji ýylyň 1-nji fewralynda çykaran 46, 17, 16 belgili bilelikdäki buýrugy bilen tassyklanan, Partladyş işlerinde howpsuzlygyň ýeke-täk düzgünlerine laýyklykda adamlaryň howpsuzlygy; 2) taslamada kesgitlenilen çäklerde binalaryň, desgalaryň, enjamlaryň, inženerlik we ulag kommunikasiýalaryň abat saklanylmagy, senagat, oba hojalyk we beýleki kärhanalarda önümçilik prosesleriniň bozulmazlygy, tebigaty goramagy. Eger-de, partlama işlerinde bar bolan we gurulýan binalara we desgalara ýetirilýän zeperleri doly aýryp bolmaýan bolsa, onda bolup biljek zeper ýetmeler taslamada görkezilmelidir we şolar boýunça çözgütler ulanyjy edaralar bilen ylalaşylmalydyr. Iş resminamalarynda partlama işlerine we jogapkärçilikli inženerlik desgalaryň we hereket edýän önümçilikleriň golaýynda partlama işlerini ýerine ýetirmek boýunça taslamada bu desgalaryň ulanyjy edaralary tarapyndan bildirilýän ýörite talaplary we partlama işlerini ýerine ýetirmek boýunça taslamalaryň ylalaşylan şertleri göz öňünde tutulmalydyr. 99. Aýratyn çylşyrymly şertlerde partlama işleri üçin iş resminamalary baş taslama edarasy ýa-da onuň tabşyrygy boýunça ýöriteleşdirilen kömekçi potrat edarasy tarapyndan taslamanyň düzüminde işlenip taýýarlanylmalydyr. Bu ýagdaýda, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýörite gözükdirijileriniň talaplaryna laýyklykda partlamalaryň howpsuzlygy boýunça tehniki we guramaçylyk çözgütler göz öňünde tutulmalydyr. Aýratyn çylşyrymly şertler diýip, kertligi 20°-dan ýokary bolan ýapgyt daglarda köwmeler gurlanda jogapkärçilikli desgalaryň (demir ýollaryň, magistral turbageçirijileriň, köprüleriň, tunelleriň, elektrik liniýalarynyň, aragatnaşyk liniýalarynyň, ýerli, hereket edýän kärhanalardan we ýaşaýyş jaýlaryndan başga) golaýyndaky partlamany, suwasty partlamany, konturdan aňyrky massiwini gorap saklamagyň zerurlyk şertlerinde, şeýle hem süýşgün-howply ýapgytlardaky işleri hasaplaýarlar. Aýratyn çylşyrymly şertlerde partlama işleriniň taslamalary işlenip düzülende daşky gurşawa we bar bolan binalara we desgalara dinamiki täsirleriň maglumaty, şeýle hem bu işleriň ýerine ýetirilişiniň ekologiki netijelerine baha berilmelidir. Aýratyn çylşyrymly şertlerde partlama işleri geçirilende partama işleriniň bolup biljek täsir zolagynda geotehniki we ekologiki (daşky gurşaw) monitoringi (gözegçiligi) geçirilmelidir. 100. Partlama usullary we iş resminamalarynda ýa-da partlama işleriniň önümçilik taslamasynda göz öňünde tutulan tehnologiki häsiýetlendirmeler olaryň ýerine ýetirilýän döwründe, şeýle hem ýörite tejribeli we modelirleýji partlamalar esasynda anyklanyp bilner. Köwmegiň taslama şekilleriniň bozulmagyny, ýer ýumşatma hiliniň peselmegini, desgalaryň, kommunikasiýalaryň, ulanylýan ýerleriň ýitgisiniň artmagyny emele getirmeýän üýtgeşmeler taslama resminamalaryny üýtgetmezden düzediş hasaplama arkaly anyklanylýar. Zerur bolan ýagdaýynda taslama resminamalaryna üýtgeşmeleriň girizilmegi taslamany tassyklan edara bilen ylalaşylyp edilýär. 101. Partlama materiallarynyň ammarlaryny, öňi ýapyk köçeleri we ýük düşürmek üçin meýdançalary kärhanalaryň gurluşygynda, eger olar hemişelik hökmünde olaryň düzümine girmeýän bolsa, wagtlaýyn desgalar hökmünde göz öňünde tutmalydyr. 102. Partlama işlerine başlamazdan öň şu aşakdakylar ýerine ýetirilmelidir: 1) meýdançalary arassalamak we meýilleşdirmek, meýilnamany ýerlere ýa-da desgalaryň ugurlaryna bölmek; 2) wagtlaýyn girelgäni we obýektleriň içindäki ýollary gurmak, suwy sowmagy gurnamak, ýapgytlary gasyn-gasyn edip oňarmak, süzgüçleri we ýapgytlardaky käbir durnuksyz bölekleri ýok etmek; 3) garaňky wagtda işlenen ýagdaýynda iş meýdançalaryny ýagtyltmak; 4) ýapgyt daglarda buraw enjamyny işletmek we ulag serişdelerini ýerleşdirmek üçin basgançaklaryň - köwtekjeleriň (ilkinjilik ýodajygy) gurmak; 5) inženerlik kommunikasiýalary, elektrik geçiriji we aragatnaşyk liniýalaryny geçirmek ýa-da öçürmek, enjamy söküp aýyrmak, howply zolagyň çäklerinden mehanizmleri çykarmak ýa-da basyryp goýmak we iş resminamalarynda ýa-da partlama işlerini geçirmegiň taslamasynda göz öňünde tutulan beýleki taýýarlaýyş işleri. 103. Partlanan topragyň ululygy taslamanyň talaplaryna laýyk gelmelidir, taslamada ýörite görkezmeler bolmasa, ýer we partlama işlerini ýerine ýetirýän edaralar tarapyndan şertnamalaýyn kesgitlenen çäklerden geçmeli däldir. 104. Partlama işlerini ulanmak bilen işlenilýän köwmeleriň düýbüniň we gyralarynyň taslama çyzgysyndan gyşarmalar, adatça, taslamada kesgitlenilmelidir. Taslamada şonuň ýaly görkezmeler ýok bolanda çäkli gyşarmalaryň ululygyny, doňan we daşly topraklar partladylyp ýumşadylan ýagdaýlary üçin göwrümini we barlag usullaryny şu Kadalaryň 4-nji tablisasy boýunça kabul etmelidir, partlama arkaly köwmeleriň gurulýan ýagdaýlary üçin bolsa partlama işlerini amala aşyrmagyň taslamasynda ýer we partlama işlerini ýerine ýetirýän edaralaryň arasyndaky ylalaşylyp kesgitlemelidir. 105. Gurluşyk meýdanynda partlama işleri, adatça, iş önümçiliginiň taslamalarynda kesgitlenilýän esasy gurluşyk-gurnama işlerine başlamazdan öň tamamlanmalydyr. 106. Daşly topraklarda ýapgytlarynyň kertlig 1:0,3 we ondan kertliräk bolan köwmeler gurlanda, adatça, konturly partlamany kabul etmelidir. 107. Daşly topraklarda profilli köwmeleriň berkidilmegine degişli bolmadyk ýapgytlary her bir hatar özleşdirilen ýagdaýynda gowşak daşlardan arassalanmalydyr. VII bap. Tebigy ýerleşýän topraklary dykyzlandyrma we toprak düşekleriniň gurluşy 108. Topraklary dykyzlandyrmak boýunça taslama çözgütleri şu aşakdakylary öz içine almalydyr: 1) dykyzlandyrmanyň ähli usullary üçin – dykyzlandyrmanyň hil görkezijileriniň (gury topragyň dykyzlygy ýa-da dykyzlandyrma koeffisiýenti), ýerüsti peseltme hem-de amaly we kabul ediş barlagyň düzüminde barlaga degişli beýleki ululyklaryň deslapky we talap edilýän bahalary, şeýle hem tehnologiki parametrleriň we tejribeli dykyzlandyrmanyň gidişinde anyklanylmaga degişli hil görkezijileriniň sanawyny; 2) tebigy ýerleşýän topraklaryň ýerüsti depgilemeler arkaly dykyzlandyrylanda – dykyzlandyrylýan meýdançanyň ölçegleri we binýatlaryň konturlary bilen binýat çukuryň meýilnamasy we ölçegleri, dykyzlandyrmanyň zerur çuňlugy, topragyň iň amatly çyglylygy, toprak dykyzlandyryjy mehanizmiň görnüşini, depgilemeler arkaly urgularyň zerur sanyny ýa-da bir yz boýunça dykyzlandyryjy maşynyň geçýän sanyny saýlamak, depgilenýän ýerüsti peseldiş ululygy barada görkezmelerini; 3) toprak düşekleriň gurluşynda binýat çukurlaryň meýilnamalary we kesikleri, dökülýän topragyň fiziki-mehaniki häsiýetlendirmeleri, dökülýän gatlaklaryň galyňlygy, topragy dykyzlandyrmak üçin hödürlenilýän maşynlar we iş tertipleri boýunça görkezmeler, şeýle hem düşeklerdäki gury topragyň dykyzlygyny; 4) binýat çukurlar basgylanyp depgilenende binanyň ýa-da desganyň aşagyna binýat çukuryň bellikleri bilen meýilnamasy, şol belliklerden binýatlaryň aşagyna binýat çukurlaryň basgylanyp depgilenmesini ýerine ýetirmelidir, meýilnama boýunça ölçegleri we aýry depgilenýän binýat çukurlaryň çuňlugy, esasa çäkli agramlar berýän binýadyň gurnawlary, depgilemäni (trambowkany) azaltmagyň ölçegleri, görnüşi, agramy we beýikligi hem-de berlen çuňlukda binýat çukurlar basgylanyp depgilenende urgularyň takmynan sanyny; 5) topraklaryň çyglylygynyň üýtgemesiniň ýol berilýän diapazony, depgilenen binýat çukurlaryň arasyndaky iň kiçi (minimal) ýol berilýän aralyklar, olaryň esasyndaky giňeltmeleriň ölçegleri, şeýle hem binýat çukuryň düýbüne depgilenen gaty toprak materialynyň (owradylan daş, çagyl, çäge-çagylly garyndy we şuňa meňzeş) göwrümi we görnüşi, porsiýalaryň (paýlaryň) sany we bir paýanyň göwrümini; 6) toprak paýalar bilen dykyzlandyrylanda paýalaryň diametrini we çuňlugyny görkezmek bilen olary ýerleşdirmegiň meýilnamasy, dykyzlandyrylýan topraklaryň çyglylygyna bildirilýän talaplar, ulanylýan enjamlaryň häsiýetlendirmesi, topragyň we guýulara gömülýän aýry porsiýalaryň (paýalaryň) umumy mukdary, şeýle hem topragyň ýumşadylan ýokarky (bufer) gatlagynyň beýikligi we ony dykyzlandyrmagyň usulyny; 7) deslapky ýumşadylyp we çuň partlamalar bilen ýumşadylyp dykyzlandyrylanda – dykyzlandyrylýan meýdançany aýry ýerlere (kartalara) olaryň çuňlugyny we ýumşatma kysymlaryň ýerleşişi we gurnawlary, suwakabasynyň ulgamyň çyzgydy, dykyzlandyrylýan meýdançanyň 1m2 üçin suwuň ortaça gije-gündiz sarp edilişi we her bir binýat çukuryň ýa-da ýeriň (kartanyň) ýumşadylma wagty boýunça maglumatlar, çökmekligiň şertli durnuklaşdyrma ululygy, guýular arkaly ýumşadylan ýagdaýynda bolsa, goşmaça – guýularyň çuňlugyny, diametrini, geçiş usulyny we gömmek üçin drenirleýji (zeýkeşleýji) materialyň görnüşini görkezmek bilen olary ýerleşdirmegiň meýilnamasy, topragyň ýokarky dykyzlandyrylmadyk (bufer) gatlagyny dykyzlandyrmagyň usullary. Ýumşatma we çuňlukda partlamalar arkaly çökýän topraklar dykyzlandyrylanda goşmaça seýsmika garşy çäreleri we partlama işlerini ýerine ýetirýän howpsuzlyk tehnikasyny görkezmek bilen partlama işleriniň tehnologiýasynyň getirilmegini; 8) çuňlukdaky wibrodykyzlandyrmada – dykyzlandyrma çuňlugyny görkezmek bilen meýdançanyň meýilnamasy, dykyzlandyrmanyň çyzgysy we wibrodesganyň işleýiş tertibi, topragyň dykyzlandyrma görkezijisiniň hasaplanan bahasy, işleýän gurluşdan bar bolan binalara, desgalara we kommunikasiýalara çenli ýol berilýän aralygyny; 9) gowşak suwdan doýgun topraklar dik drenalar bilen biraz agram berlip, gurulmazdan öň dykyzlandyrylanda – dykyzlandyrylýan massiwleriň (giňişlikleriň) möçberleri baradaky maglumatlar, konturyny görkezmek bilen ýeriň meýilnamasy, agram berýän gum düşeginden ýetýän wagtlaýyn agramyň ululygy, agram berýän wagtlaýyn gum düşeginiň görnüşi we ölçegleri, dik drenažlaryň ýerleşiş meýilnamasy, drenažlaryň kesişýän ýeri, drenažlaryň oklarynyň arasyndaky aralyk, drenažlaryň ölçegi we üstki we çuňlukdaky kysymlaryň ýerleşiş meýilnamasy, esasyň agram berýän wagtlaýyn gum düşegi zerarly gutarnykly çökmesiniň hasaplanan ululygy we agram aýrylandan soňky maýyşgak ýokary göterme ululygy, drenažlary çümdürme boýunça işleriň ýerine ýetiriliş çyzgydy (shemasy), ulanylýan enjamy görkezmek bilen agram berýän gum düşeginiň gurluşy we aýrylyşy, agram täsiri we wagtlaýyn agramyň aýrylyş tertibini. 109. Topraklary dykyzlandyrmak we toprak düşekleri gurmak boýunça esasy işlerden öň tejribeli dykyzlandyrma bolmalydyr, onuň gidişinde dykyzlandyrylan topragyň dykyzlygynyň taslamada talap edilýän bahalarynyň alynmagyny üpjün edýän tehnologiki parametrler (dökülýän gatlaklaryň galyňlygy, iň amatly çyglylyk, dykyzlandyryjy maşynlaryň geçýän sany, depgileme urgularynyň sany we taslamada görkezilen beýlekiler), şeýle hem işleriň (dykyzlandyrylýan üstüň, kysymlaryň çökme belligini peseltme we başgalar) gidişinde amaly barlagyna degişli görkezijileriň barlag ululyklary kesgitlenilmelidir. Tejribeli dykyzlandyrmany meýdançanyň gidrogeologiýa şertlerini, taslamada göz öňünde tutulan dykyzlandyrma serişdelerini, işleriň ýerine ýetiriliş möwsümini we işleriň tehnologiýasyna hem-de netijelerine täsir edýän beýleki ýagdaýlary göz öňünde tutýan iş tertibine laýyklykda şu Kadalaryň 4-nji goşundysyna laýyklykda ýerine ýetirilmelidir. 110. Dykyzlandyrma işlerine başlamazdan ozal, “Türkmenstandartlary” baş döwlet inspeksiýasynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50 belgili karary bilen tassyklanan, “Topraklar. Statiki zondirleme boýunça meýdan synag usuly” atly TDS-20069-81 döwletara standartyna (mundan beýläk - TDS-20069-81 döwletara standart) we “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2012-nji ýylyň 03-nji ýanwarynda çykaran 02-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Topraklar. Çyglygyň we dykyzlygyň radioizotopli ölçeg usullary” atly TDS-23061-2012 döwletara standartyna (mundan beýläk – TDS-23061-2012 döwletara standart) laýyklykda radioizotoplar we beýlekiler boýunça taslama tarapyndan kesgitlenen çuňluga çenli gury topragyň tebigy dykyzlygyny we tebigy çyglylygyny kesgitlemek zerurdyr (şu Kadalara 4-nji goşundy). Eger-de topragyň tebigy çyglylygy iň amatly 0,05-den pes we köp bolsa, ony suwuň hasaplanan mukdary bilen çyglanýança ýerine ýetirmelidir. 111. Topraklaryň üstüni depgileme arkaly dykyzlandyrmak şu aşakdaky talaplara laýyklykda ýerine ýetirilmelidir: 1) binýatlar dürli çuňlukda guýulanda topragy dykyzlandyrmak has ýokary belliklerden başlamalydyr; 2) üstüni dykyzlandyrma tamamlanandan soň topragyň ýokarky dykyzlandyrylma gatlagyny taslamanyň görkezmesi boýunça doly dykyzlandyrmalydyr; 3) topragyň doňmadyk ýagdaýynda we tebigy çyglylykda topragy gyşda depgileme arkaly dykyzlandyrmaga ýol berilýär. Topragyň çyglylygy iň amatlydan pes bolanda dykyzlandyrmanyň zerur çuňlugy depgilemäniň agramyny, diametrini ýa-da zyňlyş beýikligini artdyrmak bilen gazanylmalydyr; 4) barlag edip “gatamany” kesgitlemek, ol işler amala aşyrylanda kabul edilen beýiklikden zyňlandaky depgilemäniň iki urgulary arkaly ýerine ýetirilýär, ýöne azyndan 6 metr bolmalydyr. Eger-de iki urgynyň täsiri astynda dykyzlandyrylýan üstüň peselmesi tejribeli dykyzlandyrmada kesgitlenen ululykdan geçmeýän bolsa, dykyzlandyrma kanagatlanarly hasaplanylmalydyr. 112. Toprak düşekleriniň gurluşy şu aşakdaky talaplara laýyklykda ýerine ýetirilmelidir, ýagny: 1) toprak düşegiň gurluşy üçin toprak şu Kadalaryň altmyş üçünji böleginiň talaplaryna laýyklykda iň amatly çyglylykda dykyzlandyrylmalydyr; 2) her bir yzyndaky gatlakdan döküp aýyrma diňe dykyzlandyrmanyň hili barlanandan we öňdäki gatlagyň taslama boýunça dykyzlygy alnandan soň ýerine ýetirmelidir; 3) gyşda toprak düşekleri düzüminde 15 sm-den uly bolmadyk we howanyň ortaça gije-gündizlik temperaturasy minus 10°С-dan pes bolmadyk ýagdaýynda umumy göwrümii 15 %-den köp bolmadyk ölçegdäki doňan bölekleri saklaýan doňy çözülen topraklardan gurmaklyga ýol berilýär. Temperaturanyň peselen ýa-da işde arakesme ýagdaýynda binýat çukuryň taýýarlanylan, ýöne dykyzlandyrylmadyk ýerleri ýylylyk geçirmeýän materiallar ýa-da ýumşak gury toprak bilen örtülmelidir. Topragy gaty doňan gatlaga dökmeklige, kadadan çykma hökmünde, doňan gatlagyň galyňlygy 0,4 metrden köp bolmadyk, haçan-da dökülýän topragyň çyglylygy ýazylýan araçäkdäki 0,9 çyglylykdan geçmeýän ýagdaýynda ýol berilýär, eger tersine bolsa gaty doňan topragy aýyrmalydyr. 113. Вinýatlaryň aşagyna binýat çukurlary basgylap depgilemegi şu aşakdaky talaplary berjaý etmek bilen: 1) aýratyn durýan binýatlaryň aşagyna binýat çukury basgylap depgilemegi depgileýji mehanizmiň ugrukdyryjy ştangasynyň (görkezijisiniň) ýerini üýtgetmezden binýat çukuryň ähli çuňlugyna ýerine ýetirmelidir; 2) zerur bolan ýagdaýlarda topragy doly çyglandyrmagy binýat çukuryň düýbüniň belliginden azyndan binýat çukuryň bir ýarym ininiň çuňlugyna çenli ýerine ýetirilmelidir; 3) giňeldilen esaslary döretmek üçin binýat çukuryň düýbüne gaty materialyň basgylap depgilenenden soň dessine ýerine ýetirmelidir; 4) binýatlar, adatça, basgylanyp depgilenen binýat çukurlar kabul edilenden soň derrew gurulýar. Basgylap depgileme bilen betonlamanyň arasyndaky iň ýokary (maksimal) aralyk bir gije-gündizdir. Bu ýagdaýda diwarlardaky we binýat çukuryň düýbündäki kemçilikli (gaty doňan, ýumşan we şuňa meňzeşler) gatlagyň galyňlygy 3 santimetrden geçmeli däldir; 5) binýady betonlama esasynda ýerine ýetirmelidir; 6) gyşda binýat çukurlaryň basgylap depgilenmegi topragyň doňy erän ýagdaýynda ýerine ýetirilmelidir. Topragyň üstüniň doňmagyna 20 sm-den köp bolmadyk çuňluga ýol berilmegi ýerine ýetirilmelidir; 7) doň topragyň eremegini binýat çukuryň taraplarynyň bir ýarym ölçeglerine deň bolan meýdançanyň çäklerinde doňmagyň tutuş çuňlugyna çenli ýerine ýetirilmelidir; 8) howanyň pes (otrisatel) temperaturasynda binýat çukury basgylap depgilenmegi topragy goşmaça çyglandyrmazdan ýerine ýetirilmelidir; 9) depgilemeleriň agramy 3 tonna we ondan ýokary bolanda, deformasiýasy bolmadyk ulanylýan binalardan we desgalardan 10 metrden az aralykda binýat çukurlary we diwarlarynda jaýryklary bolan binalardan we desgalardan, şeýle hem çoýun, demirbeton, keramiki, asbestsement we plastmassa turbalardan ýerine ýetirilen inženerlik kommunikasiýalardan 5 metr aralyklarda basgylap depgilemek gadagan edilmelidir. Depgilemeleriň agramy 3 tonnadan az bolsa görkezilen aralyklary 1,5 esse azaldyp bolýar. Тopraklary agyr depgilemeler ulanyp dykyzlandyrmak boýunça tehniki talaplar “Agyr depgilemeler arkaly topraklary dykyzlandyrmak boýunça tehniki talaplar” atly şu Kadalara 5-nji goşundyda getirilendir. Çägeli we ýeňil çägesöw topraklarda 7 metr we agyr çägesöw topraklarda 4 metr çuňluga çenli topragy dykyzlandyrmanyň täsirini çaltlandyrmalydyr (Çalt täsirli dykyzlandyrma (RIС) - 40 urgy minutda). Depgilemegiň diametri 1 metre deňdir. 114. Toprak paýalary bilen çuňňur dykyzlandyrma şu aşakdaky talaplara laýyklykda ýerine ýetirilmelidir: 1) urgy-tanap burawlaýjy stanoklar arkaly guýulary gazmak topragyň tebigy çyglylygynda binýat çukuryň düýbüniň üstünde ýerine ýetirmelidir; 2) partlamanyň kömegi bilen guýulary giňeltmäge topragyň ýazylma çägindäki çyglylyga deň bolan tebigy çyglylykda ýol berilýär, çyglylyk az bolanda, topragy doly çyglandyrmalydyr; 3) guýulary her birinden soň gazmaly, geçirilenlerini bolsa diňe ozal geçirilenler gömlenden we dykyzlandyrylandan soň gazmalydyr; 4) partlama arkaly alnan her bir guýy gömülmezden öň onuň çuňlugy ölçenilmelidir; 5) guýynyň iki diametrine çenli beýiklikde üýşmek emele gelende, ol 250-350 kDž/m2 udel urgy energiýasy bilen depgileýji snarýadyň (guralyň) 20 urgylary arkaly dykyzlanmalydyr, iki diametrden köp täze guýy gazylmalydyr; 6) guýulary her biri dykyzlandyrylýan bölekler arkaly toprak bilen doldurylýar, toprak materialy hökmünde iň amatly çyglylygy bolan toýunsow (ösümlik galyndylary we gurluşyk zil-zebilleri goşulmazdan) we çägesöw ulanylmalydyr; 7) topragyň böleklerdäki görümini ýumşak topragyň guýuda ikiden köp bolmadyk diametriniň beýikligindäki sütünini hasaplamagyň esasynda kesgitlenýär, ýöne 0,2 metrden köp bolmaly däldir; 8) howanyň otrisatel temperaturasynda guýulary gömmek diňe doňmaýan toprak bilen ýerine ýetirilmelidir. 115. Topraklary deslapky ýumşatmak arkaly dykyzlandyrmak şu aşakdaky talaplara laýyklykda: 1) çukury suw bilen doldurmak, suwuň çuňlugyny 0,3-0,5 metr saklamak bilen binýat çukury suwdan dolduryp ýerine ýetirmeli we çökýän topraklaryň tutuş galyňlygy taslamadan öňki çyglylykda ýumşaýança we hepdede 1 sm-den az çökme kabul edilýän çökmegiň şertli durnuklylygyna ýetilýänçä dowam etdirmelidir; 2) deslapky ýumşatma wagtynda üstki we çuňlukdaky kysymlaryň çökmesine, şeýle hem suwuň sarp edilişine yzygiderli gözegçilik etmelidir; 3) kysymlary niwelirlemek (deňleşdirmek) azyndan 5-7 günden bir gezek ýerine ýetirilmelidir; 4) ýumşamagyň hakyky çuňlugyny 10,3-de sanalyp geçilen usullaryň islendiginiň tutuş çökme galyňlygyna çenli çuňluk boýunça her 1 metrden topragyň çyglylygyny kesgitlemegiň netijelerine görä kesgitlenmelidir; 5) howanyň otrisatel temperaturalarynda suw basan binýat çukuryň düýbüni doňmadyk ýagdaýda saklamak we buzuň aşagyndaky suwy bilen üpjün etmek bilen deslapky ýumşama ýerine ýetirilmelidir. 116. Ýumşamagy we partlaýjy energiýasy bilen çökýän topraklary dykyzlandyrmagy şu aşakdaky talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmelidir: 1) ýumşamagy binýat çukuryň düýbüniň, drenirleýji material bilen doldurylan drenaž (zeýkeş), partlama ýa-da utgaşdyrylan guýularyň üsti bilen ýerine ýetirmek we tutuş çökýän galyňlygy taslamadaky çyglylyga çenli siňýänçä dowam etdirmelidir; 2) ýumşama tamamlananda we partlama işleri amala aşyrylandan soň üstki we çuňlukdaky kysymlaryň çökmesine gözegçilik geçirilmelidir. Partlamadan soň WW zarýadlaryny niwelirlemegi (deňleşirmegi) soňky 15-20 gije-gündiziň dowamynda ýerine ýetirmelidir; 3) binýat çukuryň ýa-da topragy kesmegiň hasabyna aýrylýan bölüji garymlaryň çuňlugyny 0,3 - 0,5 metr ýumşadylanda suwuň gatlagyny abat saklamagyň şertlerine görä kesgitlenmelidir; 4) gyş aýlarynda binýat çukurdaky we garymlardaky suwuň derejesini bir bellikde saklamalydyr; 5) zerur ýagdaýlarda, haçan-da topragy dykyzlandyrmak uly meýdançalarda ýerine ýetirilende, dykyzlandyrylan ýerde gurluşyk-gurnama işlerine başlamagy tizleşdirmäge mümkinçilik berýän çäge-çagylly düşekleri oturtmagy göz öňünde tutmalydyr; 6) ýumşamagy tamamlamagyň we WWE zarýadlaryň partlamalarynyň arasyndaky ýarylma, meýdançanyň ölçeglerine baglylykda 3-8 sagatdan köp bolmaly däldir. 117. Esaslar deslapky ýumşadyp we WW zarýadlary çuňňur partlamalar arkaly ýumşadylandan soň topragyň ýokarky gatlagyny dykyzlandyrmalydyr. 118. Suwdan doýgun çägesöw topraklaryň yrgyldy dykyzlandyrmasyny şu aşakdaky talaplara laýyklykda ýerine ýetirilmelidir: 1) dykyzlandyryjy guralyň çümdüriş nokatlary iri we orta irilikdäki çäge üçin taraplary 3 metre we ownuk çäge üçin 2 metre çenli üçburçluk torda ýerleşdirilmelidir; 2) ýerasty suwlaryň derejesi binýat çukuryň düýbünden 0,5 metrden pes bolmaly däldir; 3) bir nokatda 6 metr çuňluga çenli dykyzlandyrmagyň doly sikli (tapgyry) azyndan 15 minut dowam etmelidir we dykyzlandyryjy guralyň gezekleşdirilip 4-5 gezek çümdürilmeginden we ýokary götermeginden ybarat bolmalydyr; 4) uly çuňlukda sikliň (tapgyryň) dowamlylygy taslamada kesgitlenilmelidir. 119. Dik zeýkeşler bilen wagtlaýyn agramlar bermek arkaly suwdan doýgun topraklary gurulmazdan öň dykyzlandyrmagy şu aşakdaky talaplara laýyklykda ýerine ýetirilmelidir: 1) drenirleýji (zeýkeşleýji) çägesöw gatlagynyň galyňlygy 0,4 - 0,5 metr bolmalydyr; 2) wagtlaýyn agram berýän gum düşeginiň gatlaklarynyň galyňlygy 1 - 1,5 metrden geçmeli däldir; 3) wagtlaýyn agram berýän gum düşegi gurlandan soň üstki kysymlaryň çökmesine gözegçilik etmelidir. Bu meýdançada wagtlaýyn agram berýän gum düşegini aýyrmazdan öň delilnama düzülip, ol ýerde üstki kysymlaryň ahyrky çökmeleriniň taslamasy we hakyky bahalary getirilýär. 120. Tebigy topraklary dykyzlandyrmak we toprak düşeklerini gurmak boýunça işler geçirilende barlag edilýän görkezijileriň düzümi, çäkli gyşarmalar, göwrüm we barlag usullary şu Kadalaryň 9-njy tablisasyna laýyk gelmelidir. 9-njy tablisa Tehniki talaplar Çäkli gyşarmalar Barlag (usul we göwrüm) 1. Dykyzlandyrylýan topragyň çyglylygy Taslamada kesgitlenilen çäklerde bolmalydyr Ölçeg, taslamanyň görkezmeleri boýunça 2. Üstki dykyzlandyrma: 1) dykyzlandyrylýan topragyň kabul edilýän ýer boýunça ortaça dykyzlygy 2) agyr depgilemeler arkaly dykyzlandyrylanda topragyň üstüniň peselme (gatma) ululy gy Şonuň ýaly, taslamadakydan pes däldir. Gury topragyň dykyzlygyny 0,05 t/m3 peseltmeklige ýol berilýär kesgitlemeleriň 10 %-den köp däldir Tejribeli dykyzlandyrmada kesgitlenilenden geçmeli däldir Şonuň ýaly, taslamanyň görkezmeleri boýunça, görkezmeler ýok bolanda bolsa her 0,25 metrden tutuş dykyz-landyrylan galyňlygyň çäklerinde ölçemeler bilen dykyzlandyrylan meýdanyň 300 m2-ne bir bölek dykyzlandyrylan gatlagyň galyňlygy 1 metr bolanda çuňluk boýunça we galyňlygy uly bolanda her 0,5 m-den; her bir nokatda azyndan iki nusgalyk. Ölçeg, dykyzlandyrylýan meýdanyň 300 m2-ne bir kesgitleme 3. Toprak düşekler gurlanda gury topragyň kabul edilýän ýer boýunça ortaça dykyzlygy Taslamada kesgitlenilenden pes bolmaly däldir. Dykyzlygy 0,05 t/m3 peseltmeklige ýol berilýär kesgitlemeleriň 10 %-den köp däl Şonuň ýaly, düşegiň meýdanynyň her 300 m2-ne bir bölek, her bir gatlakda azyndan üç ölçemeler 4. Depgilenen binýat çukurlarda binýatlaryň gurnalşy: 1) binýadyň merkezine we oklaryna degişlilikde binýat çukuryň ýagdaýy; 2) depgilenen binýat çukuryň çuňlugy; 3) depgilemäni taşlanyş beýikligi, urgylaryň umumy sany, gömülýän gaty materialyň porsiýalarynyň möçberi we sany, her bölegini depgilemek üçin urgy sany. Taslamadakydan gyşarmalar merkezden ±3 sm, oklaryň öwrümi ±5º geçmeli däldir. Taslamadakydan gyşarma ±5 sm geçmeli däldir. Tejribeli depgilenmäniň netijesinde kesgitlenilen ululyklara laýyk gelmelidir. Ölçeg, her bir binýat çukury Şonuň ýaly Şonuň ýaly 5. Toprak paýalar arkaly çuň dykyzlandyrma, şol sanda partlamanyň kömegi bilen: 1) dykyzlandyrylýan massiwde topragyň çyglylygy partlamanyň kömegi bilen guýular gazylyp geçirilende; 2) beýleki usullar ulanyp guýular gazylyp geçirilende; 3) guýa gömülýän topragyň çyglylygy; 4) guýynyň çuňlugy we ýagdaýy; 5) dykyzlandyrylýan massiwiň topragynyň dykyzlygy; 6) toprak paýalaryň meýilnama boýunça ýerleşişi. Çyglylyk derejesi açylma araçäginden pes bolmaly däldir. Taslamada kesgitlenilen çäklerde-de şonuň ýaly. Iň amatly çyglylykdan ±0,04-den köp bolmadyk gyşarma ýol berilýär. Üýşmekleriň beýikligi guýularyň iki diametrinden geçmeli däldir. Binýadyň goýlan belliginde gury topragyň ortaça dykyzlygy taslamadakydan pes bolmaly däldir. Dykyzlygy 0,05 t/m3 peselmegine 10 %-den köp bolmazlygy üçin ýol berilýär Taslamadaky ýagdaýdan gyşarmalar 0,4 metrden geçmeli däldir Ölçeg, dykyzlandyrylan meýdanyň 1000 m2 üçin bir kesgitleme. Şonuň ýaly. Ölçeg, her çalşykda. Şonuň ýaly, her guýy. Şonuň ýaly, dykyzlandyrylýan meýdanyň 500 m2 bir nokat. Şonuň ýaly, her paýa. 6. Suwa ezme arkaly çökýän topraklary, şol sanda partlamany ulanmak bilen, şeýle hem suwdan doýgun topraklary dik drenalar (zeýkeşler) bilen wagtlaýyn agramlary arkaly dykyzlama: 1) üstki we çuňlukdaky kysymlaryň çökmesi; 2) dykyzlanma zolagynyň çäklerindäki topragyň dykyzlygy we çyglylygy Taslama laýyk gelmelidir Taslamadaky bahalardan pes bolmaly däldir. Şonuň ýaly, taslamanyň görkezmeleri boýunça. Şonuň ýaly, meýdanyň 500 m2 bir nokat, dykyzlandyrylýan galyňlygyň çäklerinde çuňluk boýunça azyndan her 2 m-den kesgitleme bilen. 7. Çägesöw topraklary wibrodykyzlandyrma Gury topragyň kabul edilen ýer boýunça ortaça dykyzlygy taslamadakydan pes bolmaly däldir. Dykyzlygy 0,05 t/m3 peselmegine ýol berilýär kesgitlemeleriň 10 %-den köp bolmaly däldir. Şonuň ýaly, zondirleme ýa-da radioizotop usuly bilen, dykyzlandyrylan meýdanyň 500 m² az bolmadyk bir kesgitleme. VIII bap. Gidromehanizmleşdirilen we düýbi çuňlaşdyrmak işler §1. Gidromehanizasiýa usuly bilen topragy özleşdirme 121. Şu babyň düzgünleri gurluşygyň ähli görnüşlerinde, şeýle hem gurluşyk känlerinde gazylyp alynýan we gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň üstündäki gerekmez jynslary aýyrmak işlerinde gidromehanizasiýa usuly bilen ýerine ýetirilýän işleri amala aşyrmak we kabul etmek üçin ulanylýar. 122. Gidromehanizmleşdirilip özleşdirilmege degişli topraklaryň inžener-geologiýa gözlegleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tassyklanan gurluşyk üçin inžener gözlegleri babatda gurluşyk kadalarynyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmelidir. 123. Topragyň düzüminde toprak nasoslary (suw sorujylary) üçin gabarasy uly bolmadyk garyndylaryň (harsaňlar, daşlar, suwa batýan pürsler) 0,5 %-den ýokary göwrümi saklananda gum sorýan snarýadlary (gurallary) we şonuň ýaly goşundylary deslapky seçip almak üçin gurluşsyz toprak nasoslar (suw sorujylar) bilen desgalary ulanmak gadagandyr. Gabarasy uly bolmadyk nasosyň (suw sorujynyň) geçmegi üçin minimal (iň az) kesilen ýerinden ortaça keseleýin ölçegi 0,8-den ýokary bolan garyndylary hasaplanmalydyr. 124. Gidromehanizasiýa gurluşlary suw bilen üpjün etmek üçin az sarp edilýän derýalary ýa-da uly bolmadyk howdanlaryny peýdalanmak suw möçberiniň aşaky çägini (sanitariýa minimumyny), tebigy ýitgileri we gatladan pesde ýerleşýän ýeriň suwuna bildirilýän hojalyk zerurlyklary göz öňünde tutulyp, suw hojalyk hasaplamasy bolanda ýol berilýär. 125. Ýer işleriniň umumy göwrümlerine, desgalaryň taslamasyna laýyklykda profillilerden başga-da, ýerine ýetirilmeli işleriň taslamasynda köwmegiň ýa-da suwuň döreden kenarynyň şekilini anyklamak, köwmegiň düýbündäki we ýapgytlaryndaky artykmaç zatlar we bellenen gyşarmalaryň çäklerindäki gum düşeginiň ýapgytlarynda we gerişlerinde ýuwulmalar bilen emele gelen goşmaça göwrümleri goşmaga degişlidir. Şeýle-de, topragyň tehnologiki ýitgileriniň göwrümleri (şol sanda akdyrylýan suw bilen) we taslama profili emele getirilende topragy kesmegiň we meýilleşdirmegiň göwrümleri hem göz öňünde tutulmalydyr. Batgalyk we suw basan meýdanlarda gurluşyk geçirilende ilkinji bentlemegi, ýollary, turbalaryň aşagyna meýdançalary, pulpageçirijileriň aşagyna bentleri, elektrik geçiriji liniýalaryň we aragatnaşyk liniýalarynyň, açyk akwatoriýalarda goragy we kommunikasiýa bentleriň direglerini gurmak üçin topragy ýuwmagyň göwrümleri göz öňünde tutulmalydyr. Intensiw galdyrmaly desgalarda läbik sorujy gämiler (gurallar) bilen işledilende gaýtadan arassalamagy göz öňünde tutmalydyr. 126. Özi ýöremeýän ýüzüji gämi tehniki gözegçilik klassifikasiýasyna laýyklykda Р toparly läbik sorujy gämilerini ulanmak bilen işleri ýerine ýetirmeklige ýeliň güýji 4 balla çenli, suwuň tolkunlary 3 balla çenli we akymyň tizliginiň güýçli kesişýän ýeri ortaça 0,75 m/s çenli bolanda ýol berilýär. Akymyň tizliginiň güýçli kesişýän ýeri boýunça ortaça 1,2 m/s we degişli ýagdaýda enjamlaşdyrylanda 5 balla çenli tolkunda we tehniki gözegçilik klassifikasiýasynyň talaplary berjaý edilende suw öndürijiligi 4000 m3/sag we ýokary bolan labik sorujy gämileri (gurallar) işletmäge ýol berilýär. 127. Açyk akwatoriýalarda we suw howdanlarynda işleri ýerine ýetirmek üçin О toparly läbik sorujy gämileri ulanmalydyr. Suw howdanlarynda Р toparly gurluşyk läbik sorujy gämileri bilen işleriň ýerine ýetirilmegine aýratyn ýagdaýlarda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň rugsady bilen ýol berilýär. Tolkunlardan goralmadyk akwatoriýada işler alnyp barlanda tupanyň ýüze çykan halatynda özi ýöremeýän ýüzüji gämi serişdeleri howpsuz ýere sowmak mümkinçiligi üpjün edilmelidir. Tolkunyň täsirini peseldýän wagtlaýyn gorag bentlerini gurmaga ýol berilýär. Tupanyň turan wagtynda çökündi ýerler gurluşyk edarasynyň taslamasyndaky görkezmelerine laýyklykda enjamlaşdyrylmalydyr. 128. Gämi gatnawly derýalarda we deňiz akwatoriýalarynda iş önümçiliginiň yzygiderliligi, gämi gatnawynyň düzümi we ýerleşiş ýagdaýy degişliligi boýunça Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen gurluşyk edarasy tarapyndan ylalaşylmalydyr, işleriň ýerine ýetirilmeginde gatnaşýan gämileriň enjamlaşdyrylyşy degişli tehniki gözegçilik klassifikasiýasynyň talaplaryna laýyk gelmelidir. 129. Taýýarlaýyş we kömekçi işleriň düzüminde şu aşakdakylar ýerine ýetirilmelidir: 1) gabsa belgileri goýmak bilen kanallaryň, binýat çukurlaryň, beýleki köwmeleriň gabaralarynda kesikleri bellemek; 2) sürüp alnyp gidilýän desgalary, toprak üýşmekleri, durlanýan howuzlary bölmek; 3) pulpageçirijileriň we suwakabalaryň, ýaplaryň, bentleriň, böwetleriň, elektrik energiýasy bilen üpjünçilik we aragatnaşyk liniýalarynyň geçjek ugruny bellemek we gurmak; 4) hemişelik reper bilen nollaryny utgaşdyryp suw ölçeg taýaklary (reýka) dikmek; 5) läbik sorujy gämileriň we ýüzýän pulpageçirijiniň suwasty kabellere, turbageçirijilere, özleşdirilen zolakdaky beýleki desgalara ýol berilýän ýollaryň kontury (şekili) boýunça germewleýji belgileri goýmak; 6) suwuň düýbüne taşlanan labyrlary, daňylýan we urgan baglanýan desgalary taýýarlamak (suw howdanlaryndaky işlerde); 7) suwuň döreden kenarynyň kartalarynda barlag inlerini we gabsalaryny berkitmek üçin ölçeg agaçlary goýmak. Görkezilen işleriň geçirilmegi iş kitapçasynda bellige almak bilen tutuş (her bir desga üçin) daşyndan görüp barlag edilmäge degişlidir. 130. Pulpageçirijiler we suwakabalar (wodowodlar) bilen demir we awtomobil ýollaryň, elektrik energiýa üpjünçilik we aragatnaşyk liniýalarynyň kesişýän ýerleriniň gurnawlary, hereket edýän kärhanalaryň zolagynda we jaýlaryň golaýynda turbalaryň geçirilýän ugurlary (trassalary) olary ulanyjy edaralar bilen ylalaşylmalydyr. 131. Basyşly pulpa turbageçirijiler geçirilende öwrülme radiuslary azyndan pulpageçiriji turbalaryň 3-6 diametrine barabar bolmalydyr. Öwrümler 30º-dan köp burçda pulpa turbageçirijiler we suwakabalar berkidilmelidir. Basyşly ähli pulpa turbageçirijiler maksimal (iň ýokary) işçi basyş bilen synagdan geçirilmelidir. Turbageçirijileriň ýerleşdirilişiniň dogrulygy we işde ygtybarlylygy olaryň 24 sagat iş wagtynda ulanylyşynyň netijeleri boýunça düzülen delilnama esasynda resmileşdirilýär. 132. Binalaryň we desgalaryň binýat çukurlary gidromehanizasiýa usuly bilen özleşdirilende artykmaç zatlara ýa-da binýatlaryň düýbüniň, beton taýýarlamasynyň ýa-da daş dökmesiniň taslama belliklerinden aşakda topragyň tebigy düzüminiň beýleki bozulmalaryna ýol berilmeýär, topragyň ýer gazyjy serişdeler bilen özleşdirilmeklige degişli gorag gatlagyny galdyrmalydyr. 133. Ýüzýän läbik sorujy gämiler arkaly topragyň özleşdiriliş çuňlugy, gat-gat işe bolan zerurlyk we gatlaklaryň sany, köwmegi işläp bejermegiň tehnologiýasyna we onuň esasynyň hiline bildirilýän ýörite talaplar gurluşyk edarasynyň taslamasynyň görkezmelerine, kesikleriň ini bolsa – iş önümçilik taslamasynyň (mundan beýläk - IÖT) görkezmelerine laýyk gelmelidir. 134. Ýüzýän läbik sorujy gämiler arkaly köwmeleri we känleri özleşdirmegiň parametrlerini we iş önümçiliginiň taslamalarynda bellenen belliklerden we göwrümlerden çäkli gyşarmalary şu Kadalaryň 10-njy tablisasy boýunça kabul etmelidir. 10-njy tablisa Suwda läbik sorujy gäminiň öndürijiligi, m³/s Suwuň derejesinden pesde iň kiçi özleş-diriliş çuňlugy, m Suw-asty özleşdirilýän gatlagyň iň kiçi galyňlygy, m Topragyň gorag gatlagynyň iň kiçi galyňlygy Çäkli gyşarmalar, m Köküne çenli çäkli geregin den az zatlar (kände düşelýän jynslar, m) Çäge-sow Toýun-sow Köwmeleriň ini we uzynlygy boýunça; düýbi we ýapgytlary boýunça (köwmegiň her tarapynda) Gorag gatlagyň taslama belliginden Kanallaryň düýbündäki artykmaçlar (ortaça) 7500-den ýokary 6 5 2 1,1 ±2 ±0,9 0,9 1,5 4001-7500 4,5 4 1,5 0,9 ±1,8 ±0,7 0,6 1,0 2501-4000 3,5 3 1,25 0,7 ±1,5 ±0,5 0,5 0.7 1001-2500 2* 2 1,0 0,5 ±1,0 ±0,3 0,3 0,6 801-1000 1,6 1,5 0,7 0,5 ±0,8 ±0,9 0,3 0,6 400-800 1,5 1,3 0,6 0,4 ±0,7 ±0,2 0,2 0,5 400-den az 1,5 1,0 0,5 0,3 ±0,6 ±0,2 0,2 0,5 * Rotorly (aýlanýan) ýer ýumşadyjylar bilen enjamlaşdyrylan läbik sorujy gämiler üçin -2,5 metr. Bellikler 1. Giňeldilen toprak kabul ediş gurluşy we erkin sorujy suwa çümdüriji toprak nasosy (suw sorujy) bilen gurluşyk edarasynyň taslamasynda çäkli gyşarmalar kesgitlenilýär. 2. Toprakda iri garyndylar bolsa çäkli artyk çuňlaşdyrma garyndylaryň ölçegi 60 sm bolanda – 0,2 metr, 80 sm – 0,4 metr ulaldylýar, has iri garyndylarda artyk çuňlaşdyrma ululygy gurluşyk edarasynyň taslamasynda kesgitlenilýär. 3. Suwuny sordurmak bilen berkidilmeli kanallaryň ýapgytlarynda we düýbünde artykmaç zatlara ýol berilmeýär. Suwasty köwmeler özleşdirilende, berkidilmedik kanallar arassalananda, suwa daş taşlamak bilen berkidilende düýbünde gereginden az bolmagyna ýol berilmeýär. 4. Känlerde düşelýän jynslaryň relýefi çylşyrymly bolanda çäkli gereginden az bolmagyň ululygy gurluşyk edarasynyň we iş önümçilik taslamalarynda anyklanylmalydyr. 135. Gidromonitorlary arkaly kyn köwülýän topraklar özleşdirilende olary mehaniki serişdeler ýa-da partlama usuly bilen deslapky ýumşatmalydyr. Gidromonitor işleriň alnyp barlyş tehnologiýasy, gidromonitoryň görnüşini we onuň parametrlerini saýlamak, köwtekjeleriň sany, işleriň howpsuz alnyp barlyşyny göz öňünde tutup, köwtekjäniň iň ýokary beýikligi, süýşme ýygylygy we ýuwulmadyk topraklary azaltmagyň usullary gurluşyk edarasynyň taslamasynda kesgitlenilmelidir. 136. Peýdaly köwmelerde (binýat çukurlar, kanallar, ýol köwmeleri we şuňa meňzeşleri) gidromonitor işlerde köwmegiň düýbüni buldozerler ýa-da beýleki ýer gazyjy maşynlar arkaly arassalamalydyr. Gereginden az zatlaryň çäkli ululygy, olary arassalamagyň we aýyrmagyň usullary gurluşyk edarasynyň taslamasynda kesgitlenmelidir. 137. Köwmeler gidromehanizasiýa serişdeleri bilen özleşdirilende barlag edilýän görkezijileriň düzümi, göwrüm we barlag usullary şu Kadalaryň 11-nji tablisasynyň görkezmelerine laýyk gelmelidir. 11-nji tablisa Теhniki talaplar Çäkli gyşarmalar Barlag (usuly we göwrümi) 1. läbik sorujy gämiler bilen profilli köwmeleriň ähli görnüşlerini özleşdirmek: 1) binýatlaryň çuň goýulýan aşagyna binýat çukurlary we gorag gatlagy galdyrmak bilen beýleki köwmeler; 2) gämi gatnawly kanallar, beýleki gämi gatnawly desgalar we arassalamalar. IÖT-da kabul edilenlere laýyklykda özleşdirmegiň bellikleri we profiliň konfigurasiýasy. IÖT-da başgaça görkezilmedik bolsa, 10-njy tablisada gorag gatlagynyň galyňlygyna laýyklykda 1-nji setirinde görkezilenlere goşmaça. Şonuň ýaly, düýbi boýunça gereginden az zatlaryň ýoklugy we IÖT laýyklykda gämi gatnawyň göwrümlerini üpjün etmek. Köwmeleriň göni ýerlerinde 50 m-den we egri ýerlerde 25 m-den keseligine inler boýunça ölçemek (IÖT-da başga görkezmeler ýok bolsa). Läbik sorujy gämileri magistral pulpageçirijiniň täze şahalanmasyna geçirmezden öň geçirilýär, ýöne azyndan aýda bir gezek bolmalylyr. Şonuň ýaly, 7 günde bir gezek Şonuň ýaly, çuňluklary ölçemek we ýerine ýetiriji bellikleri geçirmek bilen çuňluklaryň meýilnamasyny düzmek. Zerur bolsa buýrujynyň gatnaşmagynda düýbünde suwa girip (wodolaz) barlagyny ýerine ýetirmeli, gaty trally ýuwaş goýbermeli, eholoty ulanyp düýbüň relýefinde surat (sýomka) geçirmek zerurdyr. Ölçeglerde tolkun 2 balldan geçmeli däldir, ýuwaş goýbermede -1 ball. 2.Gidromonitor-läbik sorujy gurluşlar arkaly profilli köwmeleri özleşdirmek. Köwmegiň taslama araçäkleri we düýbüniň bellikleri, köwmegiň düýbüniň gutarnykly ýapgydy. IÖT-da kesgitlenilen gyşarmalaryň çäklerinde düýpdäki gereginden artyk we gereginden az zatlar. Şonuň ýaly, IÖT-daky görkezmeler boýunça (görkezmeler ýok bolanda – geodeziki sýomka 25-50 m-den). Köwmegiň dik we kese profilleriniň ýerine ýetiriji çyzgytyny (shemasyny) düzmek bilen bellige alyş. Ölçeg, 15 günde 1 gezek. 3.Gidromehanizasiýa serişdeleri arkaly känleri özleşdirme. IÖT laýyklykda bölünen ýerleri (bloklary) özleşdirmegiň yzygiderliligi 10-njy tablisadaky görkezmeleri göz öňünde tutup, peýdaly gatlagyň köwüginiň dolulygy Hili pes toprakly zolaklary özleşdirmeklige ýol berilmezligi. Теhniki barlag 15 günde bir gezekden az däl Şonuň ýaly Şonuň ýaly Bellikler 1. Köwmegiň göwrümi kesgitlenilende barlag kese inlerde ölçeg ýerlerini profiliň häsiýetli üýtgeýän nokatlarynda kabul etmeli, beýleki desgalar üçin – IÖT-nyň görkezmelerine laýyklykda, gatnawly kanallaryň suwasty böleginde – her 10 metrden az bolmaly däldir. 2. Berkidilmedik köwmeleriň suwasty böleginde çuňluk ölçegleriniň takyklygy 6 m çenli çuňlukda ±10 sm we uly çuňlukda ±20 sm. Düýbi we ýapgytlary berkidiji gurluşlara berkidilýän suwasty köwmeler üçin ölçegleriň takyklygyny IÖT-da we tehniki şertlerde kesgitlenmelidir. 3. Intensiw (güýçli depginlilikde) baglylykda desgalarda düýbüň deslapky belliklerini işe başlamazdan 10 gije-gündiz öňünden, ýerine ýetirijileri bolsa – tamamlanandan 10 gije-gündizden gijä galman kesgitlenmelidir. 138. Köwmegiň ýa-da käniň gyrasyndan ýuwup alma desgalara çenli aralyk taslamada bellenilenden az bolmalydyr, aýda azyndan iki gezek barlag edilmelidir. 139. Gurluşyk edarasynyň taslamasynda esaslandyrylanda känlerden gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň üstündäki artykmaç topraklaryny öňünden aýyrman, desgalar gurulýan wagtynda ýuwup, gidromonitorlary ýa-da läbik sorujy gämiler ulanyp işlemäge ýol berilýär. §2. Ýer desgalary, gatbarlary we toprak üýşmekleri sorup ýuwma 140. Ýer desgalaryny, gurulýan binalaryň aşagyndaky esaslary, gatbarlary toprak üýşmeklerini sorup ýuwma tehnologiýasy gurluşyk edarasynyň we iş önümçilik taslamalarynda ýörite görkezmelere laýyk gelmelidir. Basyşly gidrotehniki binalaryň sorup ýuwmalaryna olary galdyrmakda tehniki şertler bolmasa ýol berilmeýär. 141. Sorup ýuwma işleri geçirilende aşakdakylar zerurdyr: 1) sorup ýuwulýan ýerleriň we desgalaryň ugruna süzülýän suwy sowmak üçin ganawlary gurmaly we daş-töwerekdäki meýdanyň batgaçylyk bolmagynyň öňüni almak üçin beýleki çäreleri amala aşyrmalydyr; 2) bar bolan demir we awtomobil ýollarynyň ýer düşegini, şeýle hem sorup ýuwulýan işleriň çäginde ýerleşýän beýleki desgalary seňňer galdyrylan bentler ýa-da ganawlar arkaly suwuň zeper ýetirmeginden goralmalydyr; 3) sorup ýuwulýan meýdany ýagyş suwunyň ýa-da daşgyn suw akymyndan goramalydyr. 142. Ýerüsti akymyň ýolunda sorup ýuwulýan desgalar we gidroaýyrmalar ýerleşdirilende olaryň esaslarynda ýörite suwgeçiriji gurluşlary we zerur bolanda öwrümli ganawlary (jarlary, ýaplary) göz öňünde tutmalydyr. 143. Sorup ýuwulýan desgalaryň mejbury emele getirilýän ýapgytlarynyň kertligini gurluşyk döwründe suw berijiligi we süzüjiligi göz öňünde tutmalydyr. Iri çägeler üçin ýapgydyň kerti 1:2, ortaça irilikdäki çägeler üçin - 1:2,5, ownuk çägeler üçin - 1:3 we aýratyn ownuk tozanly çägeler üçin - 1:4 bolmalydyr. 144. Pulpanyň (myžžyk toprak jynslaryň) erkin akdyrylýan (erkin ýapgyt) sorup ýuwmasyny ýaýraň ýa-da tolkuna çydamly profilli ýer desgalary gurlanda ulanmaly, erkin ýapgydyň kertligini gidrotehniki desgalar taslamagyň we gurmagyň bellenen tertipde tassyklanan gurluşyk kadalaryna laýyklykda kabul edilip, taslamada esaslandyrmalydyr. 145. Uly çygly, suwdan doýgun ýagdaýyndaky peselen berkligi, uzak konsolidasiýa (berkleşdirme) ýagdaýy bilen häsiýetlendirilýän dürli ýerli topraklardan (inçe tozanly çägelerden, çägesöw, mele toprakly toýunsow) ybarat ýaýran profilli desgalary gurmak üçin aşakdaky sorup ýuwma usullary hödürlenilýär: 1) erkin ýapgydy çäklendirmek bilen bir taraply sorup ýuwma; 2) gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň üstündäki artykmaç toprak üýşmeklerinde gurulýan kesikleriň üstünden ýokarky ýapgytda goşmaça durlaýjy howuzlara pulpany (öllenen daş jynsyny) goýbermek bilen birtaraplaýyn gat-gat sorup ýuwma, bu ýagdaýda topragy akdyryp alyp gitme 25-40%-dan 5% çenli azalýar; 3) suwy çekdirmegiň intensifikasiýasy üçin keşleri çekmek arkaly toprak üýşmek bentleri gurmak bilen baglanyşykly toýunsow topraklardan ybarat desgalary gat-gat sorup ýuwma (batga modifikasiýaly ýagdaýda ganaw gazyjy). 146. Inçe däneli çägesöw we toýunsow topraklardan desgalar gurlanda sorup ýuwma intensiwligi (depginliligi) berk çäklendirilmelidir we hasaplamalar bilen kesgitlenmelidir. 147. Her bir gatlak sorup ýuwlandan we suw akdyrylandan soň durlaýjy howuzlarda topragy dykyzlandyrma we suwuny çekdirmegini güýçlendirmek, emele getirilen toprakdan artykmaç çyglylygy siňdirýän gury topragy doldurmak bilen gazanylýar. 148. Seýsmiki taýdan işjeň sebitlerde çökegen esasynda giň profilli (esasyň ini 80 m-den gowrak) bentleri gurmak pesdäki býef (meýdança) tarapdan sorup ýuwmanyň birtaraplaýyn estakada (estakadanyň beýikligi 2-2,5 m) usuly bilen maslahat berilýär. Desganyň süzülmesini, tolkunyny we seýsmiki durnuklylygyny üpjün edýän güýçli ekrana ýokarky býefe (meýdança) pulpanyň (öllenen daş jynsynyň) akymy bilen berilýän topragyň toýunsow, tozanly bölejiklerini aýyrmak arkaly ýetilýär. Ýapgytlary 1:20 - 1:25 goýmalydyr. 149. Esasynyň ini 80 metrden az bolan dar görnüşli desgalar gurlanda uzyn kartalarda gyraňy sorup ýuwma ulanylýar. 150. Çökegen makroöýjükli we gyrmançaly topraklarda gurulýan ýer desgalarynyň sorup ýuwmasy, adatça, iki tapgyrda geçirilmelidir: 1) giňeldilen aşadaky bölegi («düşegi») gurmak; 2) esasyň we düşegiň çökmesi durnuklaşandan soň ýokarky bölegi yzyndan ýuwmak. 151. Sorup ýuwmanyň intensiwligi (depginliligi) uly bolanda suwlulandyrylan ýapgytlardan suwy suw peseldiji gurluşlary (gurluşyk döwründe goýulýan zeýkeşleri, iglofiltrleri (iňňe görnüşli süzgüçi) we şuňa meňzeşler) bilen aýyrmak bolýar. 152. Suwuklanan topragyň täsir etmeginde gurnawçylyk elementleriň durnuklylygyny üpjün etmek barada maglumatlar bar bolsa beton desgalaryň boşluklaryny ýuwup arassalamaga ýol berilýär. 153. Desgalaryň suwasty bölekleri sorup ýuwlanda ýerüsti suwly üstünde we batgalyk ýa-da suw basan ýerlerde bent basma gurluşlarda we sorup ýuwma alnyp barylýan pulpageçirijileriň okunyň ugrunda topragy artdyrmak şu aşakdakylardan az bolmaly däldir, m: 1) çagylly topraklar üçin ........................……...........…0,5 2) çäge-çagylly topraklar üçin ………...........................0,7 3) iri we ortaça irilikli çägeler üçin............................... 1,0 4) has ownuk çägeler üçin....................................……..1,5 Görkezilen bahalar howpsuz iş ýerine ýetiriş şertleri boýunça artdyrylyp bilner. Gum düşemeleri gyrmançalarda gurlanda we akýan suwa sorup ýuwmada artdyrmak, desgalaryň taslamasynda we gurluşyk edarasynyň taslamasynda kesgitlenilenden az bolmaly däldir. 154. Ilkinji seňňer galdyrylan bentleri çägesöw we çäge-çagylly topraklardan, olar ýok bolan ýagdaýynda bolsa, bentleri desganyň profiliniň çäklerinden daşary çykarmak bilen ýerli topraklardan gurmaga ýol berilýär. Batgalyk ýa-da suw basan ýerlerde, desganyň suwasty bölekleri sorup ýuwlanda we gurluşyk edarasynyň taslamasynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda ilkinji seňňer galdyrylan bentleri deslapky ýuwlan toprakdan gurmak bolar. 155. Eger-de, soňky gurluşyk edarasynyň taslamasynda göz öňünde tutulan bolsa, desganyň gurlanda seňňer galdyrmagy (ugurdaş bentleme) ýuwlan ýa-da getirilen toprakdan ýerine ýetirmelidir. Seňňer galdyrylmaly bentler üçin gyrmançaly topragy, şeýle hem 5%-den gowrak erän duzlary düzüminde saklaýan topragy ulanmaga ýol berilmeýär. Getirilen toprakdan edilen bentlere gum ýuwulýan toprak üçin kabul edilen bahalara çenli dykyzlandyrylyp, gatlaklaýyn doldurylmalydyr. 156. Ýapgytlary demirbeton plitalar bilen berkidilmäge degişli gum düşemelerde, haçan-da ýapgytlarda topragyň desga üçin kesgitlenilen dykyzlygyny üpjün etmek zerur bolan ýagdaýynda, ýuwlan toprakdan ybarat seňňer galdyrylan bentleri gurluşyk edarasynyň taslamasyndaky görkezmelere laýyklykda desganyň sudurynyň (konturynyň) daşynda bölekleýin ýa-da dolulygyna çykarmalydyr. Seňňer galdyrylan bentleriň daşky ýapgydy desganyň iş önümçiliginiň taslamalarynda kabul edilen profiline laýyk gelmelidir. 157. Ikisi hem mejbury profile gabat gelýän diregler, läbik sorujy gämiler we suw öndürijiligi 2500 m3/sag we ýokary bolan läbik sorujy desgalar bilen, buldozerler arkaly seňňer galdyrýan gurluş bilen gum düşemeleri sorup ýuwmada sorup ýuwulan bölegiň gerişiniň (depesiniň) iň kiçi ini azyndan 20 metr bolmalydyr. Gerişiniň inini kiçi bolan gum düşegini galdyrmagyň zerur bolsa, onuň ýokarky bölegi guraýança gum dökmelidir. 158. Sorup ýuwulýan kartalarda suw ýygnaýjy turbalar suwuň ýüzüne çykmazlygy üçin agyrlaşdyrylmalydyr, basyşly ýer desgalarynyň sorup ýuwmasynda bolsa turba diwarlarynyň ugruna süzülmegine garşy diafragmalar bilen üpjün edilmelidir. Diafragmalar desganyň gurnawlaryna we topragyň süzüjilik häsiýetlerine baglylykda her 15-25 metrden gurulmalydyr, ýöne artykmaç suw akdyrylýan turbada ikiden az bolmaly däldir (seňňer galdyrylanda ähli sorup ýuwulan desgalarda we gatbarlarda gurulan diafragmalary hasaba almazdan). Diafragmanyň ölçegleri we aýry-aýry diafragmalaryň arasyndaky aralyk iş önümçiliginiň taslamalarynda kesgitlenilýär. Turbageçirijileri doldurmak üçin toprak sorup ýuwulma meňzeş bolmalydyr. Gidrotehniki desgalar ýuwlanda, eger-de gurluşyk edarasynyň taslamasynda başga gurnawlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, sazlanyp guýulýan görnüşde artykmaç suw akdyrylýan guýulary ulanylmalydyr. 159. Sorup ýuwulan ýer desgalarynyň içinde goýulýan zeýkeş gurluşlary ýuwup arassalamazdan öň 1-2 metr galyňlykda guraýança düşelýän çägesöw topragyň gatlagy ýa-da gurluşyk edarasynyň taslamasynda göz öňünde tutulan beýleki usullar bilen goralmalydyr. Gömmek üçin ulanylýan topragyň ýuwulan birmeňzeş granulometrik düzümi bolmalydyr ýa-da has iri däneli bolmalydyr. 160. Basyş emele getirýän desga gurlandan soň artykmaç suw akdyrylýan guýular we turbalar taslama laýyklykda möhürlenmelidir. Adatça, turbalary sement (çäge-sement) ergini bilen doldurmalydyr. 161. Ýuwulmagy tamamlanmadyk desgalaryň üstleri möwsümleýin ýa-da beýleki uzak wagtlaýyn (üç aýdan gowrak) arakesmeden öň ýuwlanda akýanlygy bildirmeýän suwuň ýygnanmagyny ýok edýän ýagdaýa getirilmelidir. 162. Ýuwma tamamlanandan soňra artykmaç suw akdyrylýan guýularyň we estakadalaryň diregleriniň ýokarky bölegini gazyp çykarmaly we ýuwulýan desganyň depesiniň taslamadaky belliginden 0,5 metrden az bolmadyk çuňlukda kesip aýyrmalydyr. 163. Desgalary (aralyk gatbarlary) ýuwmak üçin özleşdirilýän topragyň göwrümini şu Kadalaryň 12-nji we 13-nji tablisalaryna laýyklykda ýitgileriň üstüni doldurmak üçin ätiýaçlygy hasaba almak bilen kesgitlemelidir. Ýitgileriň göwrümini galdyrylýan gum düşeginiň profil göwrümine bolan gatnaşygy boýunça hasaplanmalydyr. 12-nji tablisa Desgalar (gatbarlar) ýuwlup kömwede topragyň goşmaça gorlary Topragyň göwrümini kesgitlemegiň tertibi 1. Gum düşeginiň esaslarynyň çökündüleriniň ýerini dolmak Taslama hasaplama maglumatlary boýunça kesgitlenilýär. Gowşak gyrmançaly esasda ýuwlanda çökmeler plita-kysymlar we reperler (ýere kakylan aýratyn belgi) boýunça kesgitlenilmelidir. 2. Ýuwlan gum düşeginiň gabarasyndaky topragy dykyzlandyrma Gum düşeginiň beýikligi boýunça ätiýaçlyk gory hasaba almak bilen kesgitlenilýär: 1) 1,5% beýiklik çägesöw we toýunsow topraklardan ýuwlanda; 2) 0,75% beýiklik çägesöw we çäge-çagylly topraklardan ýuwlanda; 3. Suwasty toprak almada, gidrawlik daşamada, baýlaşdyrylanda, durlandyrylan suw bilen akdyrylanda, ýuwulýan gum düşemeleriň gabarasyndan toprak süzülip çykarylanda topragyň tehnologik ýitgileri Şu Kadalaryň 13-nji tablisasynda kesgitlenilýär 4. IÖT-da kabul edilen profilden çäkli gyşarma zolagynda topragy gaýtadan ýuwma Şu Kadalaryň 14-nji tablisasynda kesgitlenilýär 5. Topragyň ýel bilen äkidilmegi (desgalaryň suwüsti bölekleri üçin) Desganyň görnüşine, onuň profiline, topragyň häsiýetlerine we işleriň ýerine ýetirilýän ýerine baglylykda kesgitlenilýär: 1) 0,5 % - eger-de gum düşeginiň beýikligi 5 metre çenli bolsa, daş-töwerekdäki meýdan tokaýa öwrülen ýa-da gurluşyk edilen, ýapgytlary berkitmek ýuwmadan soň bir ýylyň dowamynda ýerine ýetirilýär, işleriň amala aşyrylýan ýeri güýçli ýeller bilen häsiýetlendirilmeýär; 2) 1 % - ýuwulýan desganyň beýikligi 5 metrden ýokary bolanda şol bir gurluşyk şertlerinde; 3) 1,5 % - ýeliň täsirine duçar bolýan açyk meýdanlarda ýuwmada we eger-de ýapgytlaryň berkidilmesi ýuwmadan soň indiki ýylda; 4) 2 % - eger-de ýapgytlaryň berkidilmesi, esasan, ýuwma geçirilenden soň bir ýyldan gowrak wagtdan ýerine ýetirilse ýa-da işleriň amala aşyrylýan ýeri ortaça tizligi 10 m/s-dan ýokary bolan güýçli durnukly ýeller bilen häsiýetlendirilýän bolsa; 5) görkezilen kadalar ortaça irilikdäki we has ownuk çägelere ýaýradylýar; 6) iri çägeler üçin olar 25% we 30% çenli düzüminde çagyl bolan çagylly çägeler üçin – 50% peseldilmelidir. 6. Desgalaryň ýuwulýan suwasty böleklerinden akdyryp, şeýle hem suw joşýan döwürlerinde gum düşemelerinden topragyň gitmegi Suwuň akymynyň ugruna we tizligine, tolkun tertibine we topragyň granulometrik düzümine baglylykda gözegçilikleriň, meňzeş zatlaryň (analoglaryň) we gidrawlik hasaplamalaryň maglumatlary boýunça kesgitlenilýär. Bu maglumatlar ýok bolsa gum düşeginiň suwasty (suw basan) böleginden göwrüm ýitgileri şu aşakdaky ýaly kabul edilýär: 1) 1% - suwuň ortaça tizligi 0,4 m/s çenli bolanda ýylda 20 gije-gündize çenli akymlara ýa-da joşmalaryna täsir edýän desgalar üçin; 2) 2% - galan ýagdaýlarda. 13-nji tablisa Işleriň görnüşi Ýitgileriň görnüşleri Ýitgileri kesgitlemegiň tertibi 1. Çägesöw gum düşemeleriň ilkinjilik suwasty ýuwmasy 0,05 mm-den az we has iri ähli fraksiýalary ýuwup arassalama Gidrawlik hasaplama arkaly ýa-da meňzeş zatlaryň (analoglaryň) boýunça kesgitlenilýär. 2. Çäge-çagylly toprakdan ybarat bentleriň we böwetleriň suwüsti ýuwmasy Теhnologiki durlanan suw bilen akdyrylanda we topragy baýlaşdyrmagyň hasabyna Bellenen tertipde tassyklanan gidrotehniki desgalary taslamagyň kadalary boýunça 3. Bentleriň we böwetleriň 0,1 mm çenli ölçegde 15%-den gowrak bölejikleri saklaýan ownuk we tozanly çägelerden ybarat birtaraplaýyn ýapgytly suwüsti ýuwmasy Şonuň ýaly Meňzeşleriň (analoglaryň) ýa-da tejribeli ýuwmanyň maglumatlary boýunça 4. Demirýol we awtoýol gum düşemeleriň suwüsti ýuwmasy Şonuň ýaly Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2021-nji ýylyň 3-nji noýabrynda 1526 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Awtomobil ýollary. Taslamagyň kadalary” atly TGK 2.05.02-2021 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2021-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda çykaran MOB-94 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Awtomobil ýollary. Taslamagyň kadalary” atly TGK 2.05.02-2021 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary” boýunça 5. Topragyň baýlaşdyrylmagyna bildirilýän talaplar bolmazdan desgalaryň suwüsti ýuwmasy. Теhnologiki 1520 koleýaly demirýollary taslamagyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda 6. Tizligi 0,4 m/s-dan ýokary suw akymlarynda toprak alma Şonuň ýaly Tejribeli ýol bilen kesgitlenilýär. 7. Pulpany daşama Şonuň ýaly Gum düşeginiň ölçeginiň 0,25 %. 8. Suwüsti ýuwmanyň ähli görnüşleri: 1) iri we ortaça çägeleriň; 2) ownuk we tozanly çägeleriň. Gum düşemäniň göwrüminden topragyň ýuwlup çykmagy Gum düşeginiň suwüsti böleginiň ölçeginiň 0,5 %. Gum düşeginiň suwüsti böleginiň ölçeginiň 1 % . Bellikler 1. Topragyň ýitgilerini desgalaryň suwasty we suwüsti bölekleri üçin aýratynlykda göz öňünde tutmalydyr. 2. Ýitgiler her bir ýuwulýan desga (gatbary) üçin, şeýle hem onuň topragynyň ýa-da bir çärýekden az bolmadyk wagtyň dowamynda özleşdirilmek üçin kände göz öňünde tutulyp, bölünen iri ýerleriň häsiýetlendirmesine laýyklykda her bir kän üçin kesgitlenilmelidir. 164. Ýuwma işleri ýerine ýetirilende barlag görkezijileriniň düzümi, çäkli gyşarmalar göwrümler we barlag usullary şu Kadalaryň 14-nji tablisasyna laýyk gelmelidir. 14-nji tablisa Теhniki talaplar Çäkli gyşarmalar Barlag (usuly we ölçegi) 1. Ýuwma üçin esaslary taýýarlamak Taslamanyň talaplaryna laýyk gelmelidir Esasyň topragynyň geotehniki häsiýetlerine we olaryň taslama laýyklygyna baha bermek bilen tehniki barlag. Ýerine ýetiriji resminamany düzmek bilen esasy kabul etmegiň zerurlygy we her bir aýry ýagdaýda topragyň nusgalyklaryny seçip almagyň kadalary taslamada kesgitlenilýär. 2. Ýuwulýan desgalaryň göwrüminde suw ýygnaýjy guýulary we turbageçirijileri gurmak we olaryň dykylmasy ýuwup alma işlerinden soň bolmalydyr IÖT-nyň talaplaryna we desgalary ýuwma boýunça tehniki şertlere laýyk gelmelidir Ýerine ýetiriji resminamany düzmek bilen tehniki barlag (suw ýygnaýjy ulgamlaryň ýerleşiş meýilnamasy we guýulary we turbalaryň çykýan ýerlerini belgilemek bilen turbageçirijiler boýunça dik profiller). 3. Ilkinji we ugurdaş bent basma gurluşy Gum dökmek profili IÖT-da ýa-da bir nusgaly tehnologik kartalarda kesgitlenenlere laýyk gelmelidir Bent basylan her bir gatlagy ýa-da ýuwulýan gum düşeginiň beýikliginiň her 2-3 m gum dökülende tehniki barlag (IÖT-nyň görkezmeleri boýunça). Göni ýerlerde her 50 m-den we egri ýerlerde her 25 m-den goýulýan bent basylan daşky ýapgydyň ýagdaýynyň gabsaly görkezijilerini peýdalanmak bilen getirilýär 4. Desganyň profiliniň çäklerinde getirilen toprakdan edil şonuň ýaly Topragyň geotehniki häsiýetleri taslamada we tehniki şertlerde kabul edilenlere laýyk gelmelidir Gury gumlar üçin kadalara görä nusgalyklary seçip almak bilen ölçemek 5. Ýuwma işleriň tehnologiki parametrleri (gatlaklaryň we hili pes topraklaryň linzalarynyň bolmazlygy, kesgitlenen araçäklerde durlaýjy howuzyň ýerleşýän orny, meňzeş däl bentleriň içki zolaklaryny emele getirmegi, suw ýüzünden ýuwlup alynyan topragyň aşmagynyň ululygy we başgalar) we bina edilýän desganyň ýapgydynyň ýagdaýy IÖT-nyň we tehniki şertleriň görkezmelerini kanagatlandyrmalydyr Ähli desgalaryň tehniki barlagy, olar üçin barlag göz öňünde tutulan (her gije-gündiz, eger-de IÖT-da we tehniki şertlerde başga görkezmeler ýok bolsa) 6. Ýuwma desganyň profili IÖT-da kesgitlenenlere laýyk gelmelidir Bu taslamada kabul edilen profil bilen baglanyşykly beýiklik, dag gerşiniň giňligi we ýapgytlary bilen kemýuwmasyna ýol berilmeýär. Mejbury profilli desgalar üçin adaty ýapgyt boýunça tehnologik ýuwma suw öndürijiligi 2500 m3/sag bolan ýer nasos (sorujy) snarýadlar üçin ortaça 0,2 m-den we depe boýunça 0,1 we 0,2 m-den, ýokary öndürijilikli ýer nasos (sorujy) snarýadlar üçin – 0,4 m-den geçmeli däldir Теhniki barlag (bent basma daşky ýapgydynyň görkezijilerini ulanmak bilen) iň azyndan 7 günden bir gezek we her kartanyň ýuwmasy tamamlanandan soň ölçemek, ýöne aýda aýda azyndan bir gezek (IÖT-da başga görkezmeler ýok bolsa, gum düşemäniň barlag kese-kesikleriň göni çyzyklarynda her 50-100 metrden, egrilerinde her 25-50 metrden). Desgalaryň suwüsti böleklerini ölçemegiň takyklygy ±5 sm, suwasty±10 sm 7. Şeýle-de, demirýol we awtomobil gum düşemelerinde Okuň taslamadaky ýerleşiş ýagdaýyndan çäkli gyşarmalar: demirýollar üçin ±0.1 m; awtomobil ýollar üçin ±0,2m; Ýer düşemäini ini boýunça kemýuwmasyna ýol berilýär. Çäkli gaýtadan ýuwma -0,2m IÖT-nyň görkezmelerine görä keselikler boýunça ölçeme 8. Gurluşyk meýdanlaryny we esaslary ýuwmada üstüň bellikleri we topragyň ýerleşiş göwrümi IÖT-da görkezilenlere laýyk gelmelidir Topragyň göwrümi boýunça kemýuwmaga ýol berilmeýär. Gaýtadan ýuwmanyň ýuwlan ýeriň tutuş üsti boýunça ortaça arifmetiki kesgitlenen ortaça beýikligi 0,1 metrden geçmeli däldir. Käbir ýerlerde taslama belliginden gyşarma 0,2 m we +0,3metrden geçmeli däldir Ýeri ýuwma tamamlanandan soň ölçeg, ýöne aýda azyndan bir gezek (IÖT-daky görkezmelere görä 25×25; 50×50 ýa-da 100×100 m tor boýunça ýerine ýetirilýär). Ölçemäniň takyklygy şu tablisanyň altynjy bölegine laýyklykda 9. Topragyň granulometrik düzümi: 1) desgalary ýuwmada; 2) gurluşyk meýdanlary, gurulýan jaýlaryň esaslaryny we gatbarlary ýuwmada Barlanan keselikler boýunça ortaça granulometrik düzümli egri çyzyk (ýa-da desganyň gurnawçylyk böleginiň kese-liginde bölünen) taslamada ýa-da tehniki şertlerde kesgitlenen araçäk egri çyzyklaryň çäklerinde ýerleşmelidir. Topragyň käbir fraksiýalarynyň taslamada her bir aýratyn ýagdaýda kabul edilen hakyky göterim düzüminden çäkli gyşarmalary taslamada we tehniki şertlerde kesgitlenilýär. Topragyň granulometrik düzümli egri çyzygy ortaça ýer bölegi, obýekt ýa-da olarda bölünen gurnawçylyk bölek boýunça taslamada ýa-da gurluşyk edarasynyň taslamasynda kesgitlenen araçäk egri çyzyklaryň çäklerinde ýerleşmelidir. Hakyky ortaçalaşdyrylan granulometrik düzümiň taslamadakydan gyşarma çägi taslamada kesgitlenilýär. Tehniki şertlerdäki ýa-da IÖT-daky görkezmelere görä her 50-200m keseliklerde nusga seçip almak bilen TDS 25100-95 döwletara standarty boýunça ölçeg, ýöne ýuwma kartadasynda iki kesim ikiden az bolmaly däl. Keseliklerde nusgalyklary seçip almagyň ýerleri profiliň her 10-50 m-den häsiýetli nokatlarda umumy sany üçden az bolmadyk kesgitlenilýär. Beýikligi boýunça nusgalyklar azyndan 1-1,5 metrden alynýar. Ölçeme, 50×50m tor boýunça nusgalyklary seçip almak bilen beýikligi boýunça her 1-1,5 metrden (eger-de IÖT-da başga görkezmeler ýok bolsa). 10. Gury topragyň dykyzlygy: 1) desgalary ýuwmada; 2) gurluşyk meýdanlary, gurulýan jaýlaryň esaslaryny ýuwmada. Barlag edilýän keselikler üçin ortaça (ýa-da onda bellenen desganyň gurnawçylyk bölegi) we bu kesikdäki (gurnawçylyk bölekleri) dykyzlyk ölçemeleriniň azyndan 50 %-i taslamada we (ýa-da) tehniki şertlerde kesgitlenen barlag bahasyna laýyk gelmelidir (deň ýa-da ondan ýokary). Görkezilen talapdan çäkli gyşarmalar her aýratyn ýagdaýda taslamada kesgitlenýär. Ortaça, obýekt ýa-da kesgitlenen gurnawçylyk böleginiň ölçegleriniň ortaça azyndan 50% bolmalydyr, ýa-da gurluşygy guramagyň taslamasynda bellenen bahadan deň ýa-da ýokary bolmalydyr. Ölçeg, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2020-nji ýylyň 14-nji dekabrynda çykaran 363 iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Topraklar. Fiziki häsiýetlerini barlaghana usulynda kesgitlemek” atly TDS-5180-2015 döwlet standartyna laýyklykda 14-nji tablisanyň dokuzynjy böleginiň 1-nji kiçi bendi boýunça nusgalyklary seçip almak bilen Şonuň ýaly, 14-nji tablisanyň dokuzynjy böleginiň 2-nji kiçi bendi boýunça nusgalyklary seçip almak. 11. Topragyň süzüjilik koeffisiýenti. Her bir barlag edilýän keselikler boýunça (ýa-da desganyň gurnawçylyk böleginiň kesiklikde bellenen) ortaça baha taslamada kesgitlenen barlag bahasyndan deň ýa-da ýokary bolmaly däldir. Şonuň ýaly, “Türkmenstandarlary” baş döwlet gullugynyň 2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda çykaran 268-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Topraklar. Süzgüç koeffisiýenti kesgitlemek üçin barlaghana usullary” atly TDS 25584-2023 döwletara standarty boýunça 14-nji tablisanyň dokuzynjy böleginiň 1-nji kiçi bendi boýunça barlag keseliklerinde her 3-4 m beýiklikde nusgalyklary seçip almak. 12. Topragyň beýleki fiziki-mehaniki häsiýetleri. Ortaça bahalar taslamada ýa-da tehniki şertlerde kabul edilenlere laýyk gelmelidir. Şonuň ýaly, taslamadaky we (ýa-da) tehniki şertlerdäki görkezmeler boýunça nusgalyklary seçip almak. Bellikler 1. Ýuwlan topragyň geotehniki häsiýetleri I, II, III toparlaryň bentleri, böwetleri, beýleki basyş desgalary, gum gatbarlary dökmek we ýokary hilli topragy ýuwmak ýa-da üýşmekler galdyrylanda kesgitlenilmelidir. Meýdanlary we gurluşyk üçin ýerleri, gum düşemeleriniň beýleki görnüşlerini, gatbarlary we suw aýrylmalarda geotehniki barlag taslamada göz öňünde tutulan ýagdaýlarda amala aşyrylýar. 2. Ýuwulýan desgalaryň geçirilýän ýagdaýyndaky iş barlaglarynda gury topragyň granulometrik düzümi we dykyzlygy kesgitlenilmäge degişlidir. Goşmaça, taslamada we tehniki şertlerde degişli görkezme bar bolsa aňryçäk (maksimal) dykyz we aňryçäk ýumşak ýagdaýlardaky gury topragyň süzüjilik koeffisiýenti we dykyzlygy, şeýle hem birmeňzeş bolmadyk bentleriň merkezi zolagyndaky toýunsow we tozanly topraklaryň maýyşgaklyk sany kesgitlenilýär. 3. Barlag geçirilende, eger-de tehniki şertlerde başga göz öňünde tutulmadyk bolsa, granulometrik düzümi we dykyzlygy boýunça bir nusgalyk ýuwlan topragyň ortaça 2-5 müň m3 üçin seçilip alynmalydyr. Süzüjiligi we maýyşgaklyk sanyny kesgitlemek üçin nusgalyklar topragyň her 10-20 müň m3-danseçilip alynýar. Beýleki häsiýetlerini kesgitlemek, desgalaryň göwrümi 2 mln. m3 çenli bolanda bir nusgalygy topragyň 50 müň m3 üçin hasaplap geçirilýär, has uly göwrümde we meňzeş topraklarda degişlilik sany 1,5 – 2 esse gysgalýar. 4. Gury topragyň, düzüminde 10 mm-den iri çagylly fraksiýalary saklaýan çäge-çagylly topraklaryň granulometrik düzümi we dykyzlygy hem-de düzüminde 5 mm-den iri fraksiýalary saklaýan topraklaryň süzüjilik koeffisiýenti degişli döwlet standartynda kesgitlenen usulynda kesgitlenilmelidir. §3. Gyş şertlerinde işleri ýerine ýetirmek 165. Gyş döwründe gidromehanizmleşdirilen ýer işlerini ýörite iş önümçiliginiň taslamalary boýunça ýerine ýetirmelidir. 166. Gyş şertlerinde, köplenç, desgalaryň suwuň aşagynda ýuwulyşyny ulanmalydyr. Toprak konuslarynyň suw derejesinden ýokary bolmagy gurluşyk edarasynyň taslamasynda kesgitlenilýär. Buzuň aşagynda ýuwmada durlaýjy howuzyň topragy ýerleşdirmek üçin ýeterlik bolan çuňlugy üpjün edilmelidir. 167. Hemişelik durlaýjy howuz bolmadyk ýagdaýynda wagtlaýyn tehnologiki howuzyň zolagynda pulpanyň doňmazlygy üpjün edilende topragy ýuwmaga ýol berilýär. Ýuwlan desgalaryň topragynda buz linzalarynyň gat-gat bolmalaryna ýol berilmeýär. 168. Ýuwma wagtynda durlaýjy howuzyň buzly meýdanynyň guýynyň diwarjyklaryna we ýuwulýan kartanyň ýokarsyna doňup ýapyşyp galmagyna ýol berilmeýär. Buzuň ýüzüne çykyp emele gelen suwy aýyrmalydyr. Artykmaç suwy akdyrýan turbanyň diametriniň ¼-den ýokary irilikdäki buz bölekleri guýulara gaçmaly däldir. Suw akýan ganawlary (ýaplary) hemişe buzdan arassalap durmak zerurdyr. Basma bentleri diňe doňy çözülen toprakdan gurmalydyr. 169. Arakesmeden soň suwüsti ýuwma täzeden başlananda, eger-de gurlan desganyň öň ýuwlan bölegi ýa-da tebigy esasy 0,4 metrden gowrak çuňlukda doňan bolsa, doňan gatyň ýüzüni doňy çözülen topraga çenli açmak zerurdyr. 170. Ýuwmany täzelemek üçin doňan gatyň ýüzüni açmaklygy, eger-de gurluşyk edarasynyň taslamasynda başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, 6х6-dan 10х10 m çenli tor (setka) boýunça doňy çözülen topraga çenli diametri 0,5 metrden az bolmadyk çukurlary (girdapjyklary) gurmak arkaly amala aşyrmalydyr. 171. Gyş şertlerinde ýuwlan we beýleki jogapkärçilikli desgalarda ulanyşa kabul edilip alynmazdan öň aşakdaky barlaglar geçirilmelidir: 1) gum düşemeleriň gabarasynyň we esasynyň doly eremesi; 2) buzuň gatlaklarynyň we linzalarynyň ýoklugy; 3) topragyň taslamadaky fiziki-mehaniki häsiýetleriniň dikeldilişi. 172. Gyş şertlerinde läbik sorujy gäminiň we ýüzýän pulpageçiriji turbanyň işjeň böleginiň töweregindäki toprak özleşdirilende doňmaýan zolak (maýna) saklanylmalydyr, onuň üçin buz döwýän serişdeleri, suwly ýa-da pnewmatik sirkulýasion gurluşlary we akym emele getiriji enjamlary ulanmalydyr. Topragy özleşdirmek, adatça, zerur bolan ýagdaýlarda ätiýaç enjamlary ulanyp, arasyny üzmän alyp barmalydyr. §4. Suw giňişliginde düýbi çuňlaşdyrma işleri 173. Şu paragrafyň talaplary deňiz, derýa we köl şertlerinde geçirilýän düýbi çuňlaşdyryjy flotyň serişdelerini ýüzýän susguçly we läbik sorujy gämileri ulanylmagy bilen baglanşykly gurluşyk işlerine degişlidir. 174. Iş önümçiliginde ulanylýan ähli gämiler we kömekçi ýüzýän serişdeler degişli deňiz sanawynyň (registrine) talaplaryna laýyk gelmelidir. 175. Özleşdiriliş kynçylygy boýunça toparagyň häsiýeti düýbi çuňlaşdyryjy deňiz işleri ýa-da suwasty inžener-geologiýa gözlegleriniň materiallarynyň esasynda derýa refuler ýa-da gum çykarýan işleri üçin topraklaryň hereket edýän klassifikasiýasy boýunça kesgitlenmelidir. 176. Düýbi çuňlaşdyryjy işleriň ýerine ýetirilýän ýeriniň gidrologiki we gidrometeorologiki häsiýetleri şu aşakdaky maglumatlary öz içine almalydyr: 1) suwuň derejeleriniň şertli belgilerini we derejäniň üýtgäp durma tertibi; 2) buzuň galyňlygy baradaky maglumatlary; 3) düýpde buz we buz dykylmalarynyň emele gelen ýerleri; 4) ýeliň güýji we ugry; 5) tolkun, suwuň üstündäki we aşagyndaky görnüşler; 6) howanyň temperaturasynyň üýtgemegi; 7) ýeliň, akymyň we daşgyn-gaýtgyn akymlaryň tizligi we ugurlary. 177. Ulanylýan suw ýollarynda işleri amala aşyrmaga, düýbi çuňlaşdyryjy snarýadyň işiniň geçiriljek ýeriniň akwatoriýalary barlanylandan soň, tehniki flotuň gämileriniň ýeri üýtgedilenden we suwasty toprak üýşmeginiň bellige alnan soň ýol berilýär. Işe päsgel berýän böwetlikler aýrylmalydyr. Muňa mümkinçilik bolmadyk halatynda, onda iş başlamazdan öň akwatoriýany ulanýan edara bilen böwetliklerden aýlap geçirmek baradaky çözgüt ylalaşyk netijesine gelmelidir. 178. Aşakdaky işler düýbi çuňlaşdyryjy işlerinden öňinçä ýerine ýetirilmelidir: 1) ýerinde daýanç esasyny (bazisini) bellemek we işçi kesimleriniň bellenilip, köwmegiň (kanalyň, suwasty binýat çukuryň, garymlaryň we şuňa meňzeş) susup alma araçäklerini bölmek, nyşan (stworny) belgilerini oturtmak; 2) suwuň içindäki galyndy (zibil) taşlanan ýerleri, känleriň we toprak üýşmekleriň ýerlerini görkezýän gazyklary (wehalary) we yşykly buýlary goýmak; 3) toprak daşaýjy we kömekçi gämileriň işleriň amala aşyrylýan ýerlerine, şeýle hem bukalgalara we ýangyç guýulýan bazalaryna gatnamagy üçin gämi geçýän nawigasiýa haýatlaryny gurnamak. 179. Oklaýyn we gyra-gaşdaky nyşan (stworny) belgileri, çuňlugy 3 metre çenli bolanda düýbe goýmalydyr. Çuňlugy 3 metrden gowrak ýerlerde işlenende kenarlaryň görünýän çäklerinden daşlykda bu belgileri ýüzýän, gijelerine ýagtylandyryp ýerine ýetirmelidir. Gabsa belgileriň arasyndaky aralyk işçi kesigiň ýa-da binýat çukuryň araçäkleriniň berlen takyklygyny berjaý etmek üçin ýeterlik bolmalydyr. 180. Suwasty köwmeleri aýry-aýry işçi kesikler arkaly gatlaýyn özleşdirmek zerurdyr. Gämi gatnawly ýollarda işlenende kesigiň ini gämi gatnawynyň talaplaryny berjaý etmek bilen bellenmelidir. 181. Papilonaž läbik sorujy gämi arkaly özleşdirilýän işçi kesigiň iň ýokary (maksimal) ini bir köwüp geçiş üçin 110 metrden köp bolmaly däldir. Işçi kesigiň iň kiçi (minimal) ini önümçilik şertlerine we düýbi çuňlaşdyryjy läbik sorujy gämileriň tehniki häsiýetlerine baglylykda taslamada kesgitlenilýär. Taslamada ýörite çözgütler bolmadyk ýagdaýynda 110 metrden köp inlikdäki köwmeler deň inlikdäki kesikler arkaly özleşdirilýär. 182. Suwasty köwmeler papilonaž usul bilen suwuň erňekdäki çuňluklary nawigasiýa çuňlugyndan az bolan ýerlerde topragyny şalandalar bilen äkidip özleşdirilende, şalandalaryň we hyzmat edýän gämileriň hereketi üçin işçi kesigiň minimal (iň az) ini azyndan 40 metr bolmalydyr. 183. Işçi kesigiň ini we onuň tamamlanýan ýeri boýunça araçäkleri köwmegiň taslama araçäklerinden özleşdirilmäge degişli topragyň suwasty ýapgydynyň tebigy goýlan ululygynyň ýarysyna deň bolan aralyga çenli daşky tarapyna yza çekilmek bilen kesgitlenilýär. 184. Işçi kesigiň öňdäki araçägini taslamadaky çuňluk boýunça snarýadyň işçi gurluşynyň kem-kemden kesilip goýulmagyny göz öňünde tutup kesgitlemelidir. Kesip ýerleşdirmegiň başlangyjy köwmegiň taslamadaky araçäginden bu toprak üçin tebigy ýapgydyň goýluşyna deň aralykda kesgitlenmelidir, ýöne akgyn we ýumşak topraklarda iş alnyp barlanda kesilýän gatlagyň üç galyňlygyndan, dykyz we gatymaýyşgak topraklarda – bäş galyňlygyndan we ýarymgaty topraklarda – ýedi galyňlygyndan az bolmaly däldir. 185. Suwasty köwmegiň bellenen ini läbik sorujy gämi her gezek işçi kesigiň ahyryna golaýlanda düýbi çuňlaşdyryjy läbik sorujy gäminiň toprak alyjy gurluşynyň kesişýän ýerine takyk çykarmagy bilen üpjün edilmelidir. 186. Işiň gidişinde toprak alyjy läbik sorujy gäminiň aşak goýberliş çuňlugyny suwuň derejesi her gezek 0,1 metr üýtgände düzetmelidir. 187. Taslamadaky köwmegiň çuňlugy we ini boýunça gereginden az bolmagy ýol berilmeýär. Çäkli artykmaçlyklar şu Kadalaryň 15-nji we 16-njy tablisalarynda görkezilen ululyklardan ýokary bolmaly däldir. Esasyň topragyň tebigy gurluşynyň bozulmagyna ýol berilmeýän suwasty köwmeler özleşdirilende çuňlugy boýunça çäkli artykmaçlygy şu Kadalaryň 15-nji we 16-njy tablisalarynda görkezilen üçin ýeterlik gorag gatlagyň galdyrylmagyny göz öňünde tutmalydyr. Çäkli artykmaçlygyň düýbi çuňlaşdyryjy snarýad üçin kesgitlenen ululygy gorag gatlagyň şu Kadalaryň 10-njy tablisasynda getirilen galyňlygyndan az bolan ýagdaýlarynda, degişli suw öndürijilikli gum sorujy gurluşyk snarýad üçin gorag gatlagyň galyňlygy şu Kadalaryň 10-njy tablisasynyň maglumatlary boýunça kabul edilmelidir. Bellik - Gorag gatlagyň galyňlygy we şu Kadalaryň 10-njy tablisasynyň maglumatlaryny ulanyp, ini boýunça çäkli artykmaçlyklar kesgitlenilende susguçly snarýadlaryň öndürijiligi pulpanyň konsistensiýasy 1:10 bolanda toprak boýunça soňkularyň şertli öndürijiliginiň esasynda läbik sorujy gämileriň öndürijiligine deňleşdirilýär. 188. Çuňlugy we ini boýunça şu Kadalaryň 15-nji we 16-njy tablisalarynda getirilen çäkli gyşarmalar, haçan-da döwülýän geodeziki belgiler we çelgiler talap edilýän takyklyk bilen akwatoriýada snarýadyň ýerleşişini kesgitlemäge ýol berende, ýeliň tolkunyndan goralan akwatoriýalarda suwuň durnukly we yzygiderli üýtgäp durýan derejesi bilen ýerine ýetirilýän işe ýaýradylýar. Galan ýagdaýlarda düýbi çuňlaşdyryjy snarýadlaryň işiniň takyklygyny gurluşyk edarasynyň taslamasynyň görkezmeleri boýunça kesgitlemelidir. 15-nji tablisa Düýbi çuňlaşdyryjy snarýadyň görnüşi Toprak boýunça tehniki öndürijilik, m3/sag Çuňlugy boýunça çäkli artykmaçlyk, m Köp susguçly 500-e çenli 0,20 Şonuň ýaly 500-den ýokary 0,30 Gum sorýujy papilon Ähli görnüşler 0,40 Bir susguçly ştangaly ýa-da greýferli 300-e çenli 0,50 Özi äkidýän gum sorýujy: 1)Ýumşak ýa-da akgyn topraklar özleşdirilende; 2) maýyşgak we gaty çägesöwler, akagan maýyşgak, ýumşak maýyşgak we gaty maýyşgak toýunly we toýunsow, şeýle hem dykyz çägesöw we çäge-çagylly topraklar özleşdirilende; 3)ýarymgaty we gaty toýunly we toýunsow özleşdirilende. Ähli görnüşler Ähli görnüşler Ähli görnüşler 0,50 0,70 0,90 Bellikler 1. 2 km çenli aralykdan gözegçilik edilýän gabsalarda işlenende çäkli artykmaçlyklar köwmegiň her tarapynyň ini boýunça kabul edilýär: 1) bar bolan çuňluklar dikeldilende – 2 m; 2) täze çuňluklar birleşdirilende – 3 m. 2. Görkezilen çäkli artykmaçlyklar çuňluk boýunça susguçly snarýadlaryň ähli görnüşleri üçin keselikde 40 sm çenli we gum sorýujy snarýadlar üçin 25 sm çenli ölçegdäki goşundylar bilen ýa-da goşundylar bolmazdan topragy özleşdirmegi göz öňünde tutýarlar. Uly ölçegdäki goşundylar bar bolanda çäkli artykmaçlygy çuňlugy boýunça 16-njy tablisanyň maglumatlaryna görä goşmaça artdyrmalydyr. 16-njy tablisa Keselik boýunça toprakdaky goşulmalaryň iň uly ölçegi, sm Çüňlukdaky çäkli artykmaçlygyň ulalyşy, m susguçly snarýadlaryň ähli görnüşleri gum sorýujy snarýadlar 40 çenli – 0,2 60 çenli 0,2 0,4 100 çenli 0,4 0,5 100-den ýokary 0,5 0,6 189. Düýbi çuňlaşdyryjy işler ýerine ýetirilende barlag edilýän görkezijileriň düzümi, çäkli gyşarmalar, barlagyň möçberi we usullary şu Kadalaryň 17-nji tablisasyna laýyk gelmelidir. 190. Desgalaryň golaýynda düýbi çuňlaşdyryjy snarýadlar işlände olara golaýlaşýan, gurluşyk edarasynyň taslamasynda kesgitlenilen iň az ýol berilýän aralygy saklamak zerurdyr. Desgalary tanaplar, zynjyrlar we labyrlar arkaly zeper ýetmelerden goramak boýunça çäreleri berjaý etmelidir. 191. Gurluşyk edarasynyň taslamasy ylalaşylanda bölünip aýrylan toprak üýşmeginiň çäklerinde topragy düşürmelidir. Düşürmegiň yzygiderliligi we tehnologiýasy iş önümçiliginiň taslamalarynda kesgitlenenlere laýyk gelmelidir. 17-nji tablisa Теhniki talaplar Çäkli gyşarmalar Barlag (usuly we möçberi) 1. Düýbi çuňlaşdyryjy flotyň serişdeleri arkaly suwasty köwmeleriň ähli görnüşlerini özleşdirmek. Köwmegiň konfigurasiýasy (kesikler) we IÖT-da kabul edilenlere laýyklykda onuň düýbüniň bellikleri. Iş önümçiligiň dowamynda – ölçeme, her 2 – 4 sagat işländen üç nokatda çuňlugyň ölçelmek bilen: 1) toprak alnan ýerde, korpusyň ortasynda we snarýadyň yz tarapynda, ýa-da abzalyň (eho ses, ehografiýa we başgalar) kömegi bilen üznüksiz ölçemek bilen; 2) kesigiň ini deňeşdirme belgiler boýunça daşyndan görüp barlag edilýär. Iş tamamlanandan soň ölçeg 11-nji tablisa laýyklykda. 2. Gorag gatlagyny galdyrmak bilen binýat çukurlary we beýleki köwmeleri özleşdirme. Gorag gatlagyň galyňlygy şu Kadalaryň bir ýüz segsen ýedinji bölegi boýunça kabul edilýär. Ölçeme, köwmegiň çuňlugyny we galan gatlagyň galyňlygyny ölçemek bilen çalşykda iki gezekden seýrek bolmaly däldir. 3. Gämi gatnawly kanallary özleşdirme, gämi gatnawly köwmeleri arassalamak. Düýbüň taslama belligine ýetmezligiň ýoklugy, köwmegiň taslama laýyklykda gabaralary. Ölçeme şu Kadalaryň 11-nji tablisa laýyklykda. 192. Gyş döwründe önümçilik işlerine şu aşakdaky şertlerde ýol berilýär: 1) howanyň ortaça gije-gündiz temperaturasy minus 10°С-dan pes bolmaly däldir; 2) ýeliň tizligi 5 m/s-dan köp bolmaly däldir; 3) akwatoriýada tutuşlaýyn döwlen buz bolmaly däldir; 4) özleşdirilýän toprak dolulygyna suwuň aşagynda ýerleşmelidir; 5) gämileriň manewrirleme (dolandyrmak) we apy-tupan wagtynda olaryň bukalga ýerine we abatlaýyş bazasyna geçmegi üpjün edilmelidir; 6) suwasty topragyň çykarylýan toprak üýşmekleri şeýle aralykda ýerleşmelidir, gämi ýöreýän wagtynda ammarda (trýumda) toprak doňmaly däldir. 193. Otrisatel temperaturada we akwatoriýada buz bar bolsa düýbi çuňlaşdyryjy işler bu şertleri göz öňünde tutýan iş önümçiliginiň taslamalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmelidir. Iş alnyp barlanda otrisatel temperatura şertlerinde iş alyp barmaga mümkinçilik berýän tehniki-ulanyş häsiýetlendirmeleri bar bolan sanawyň degişli buz toparyna eýe bolan gämileri ulanmalydyr. 194. Topragy desgalara ýa-da kenar toprak üýşmeklerine ýuwup äkitmek bilen baglanyşykly düýbi çuňlaşdyryjy işler amala aşyrylanda goşmaça şu Kadalaryň bir ýüz kyrk birinji-bir ýüz altmyşynjy bölekleriniň talaplaryny berjaý etmelidir. IX bap. Paýaly binýatlar, şpuntly germewler, ankerler we nageller §1. Umumy talaplar 195. Paýaly binýadyny, şpuntly germewleriň we ankerleriň gurluşy boýunça işler ýerine ýetirilende, barlag edilýän görkezijileriň düzümi, göwrümi we barlag usullary şu Kadalaryň 18-nji tablisasyna laýyk gelmelidir. Paýalar bar bolan binalardan we desgalardan 20 metrden az aralykda kakylanda paýalaryň çümdürilmeginden olara ýetirilýän täsire baha bermeli. 20 metrden 40 metre çenli aralykda paýalar kakylanda binalaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek hökmandyr. Bu ýagdaýda paýalary kakmak boýunça işler başlanmazdan öň, 40 metrden az aralykda ýerleşýän binalaryň jaýryklaryny we kadadadan ýokary deformasiýalaryň barlygy barlanylmalydyr. 196. Paýalary we şpunt çümdürmegi (ýuwup köwme, lider guýular we başgalar) 0,2 sm-den az kakylýan elementler bozulanda ýa-da wibroçümdürme tizligi 5 sm/min-dan az bolsa taslama edarasy bilen ylalaşylmalydyr. 197. Paýalary çümdürmegi ýeňilleşdirmek üçin ýuwup köwmegi ulanmak bar bolan binalardan we desgalardan azyndan 20 metr aralyga daşlaşdyrylan we paýalaryň çümdürilmegi iki esse çuňlaşdyrylan ýerlerde ýol berilýär. Çümdürilmegiň soňunda ýuwup köwmegi bes etmeli, ondan soň paýany çekiç ýa-da wibroçümdüriji bilen ýuwup köwmezden hasaplama boýunça ýetjek derejesine ýetilýänçä goşmaça aşak kakmak zerurdyr. 18-nji tablisa Теhniki talaplar Çäkli gyşarmalar Barlag (usul we göwrüm) 1. Diagonaly ýa-da diametri boýunça ölçegdäki paýalary çümdürilýän ýerine oturtmak, m Ölçeme, her paýa Konduktorsyz, mm Konduktorly, mm 0,5 çenli ±10 ±5 0,6 – 1,0 ±20 ±10 1,0-dan ýokary ±30 ±12 2. Kakylýan paýalaryň otkaz ululygy Hasaplanan ululykdan geçmeli däldir Şonuň ýaly 3. Paýalaryň wibroçümdürmeleriniň we örtükli paýalaryň soňundaky yrgyldylaryň amplitudasy Şonuň ýaly Şonuň ýaly 4. Kakylýan paýalaryň meýilnama boýunça diametrde ýa-da 0,5 m çenli içine alyp gapdal kesişýän ýagdaýy Şonuň ýaly 1) aýalaryň bir hatarly ýerleşişi: a) paýaly hatarynyň okunyň keseligine; b) paýaly hatarynyň okunyň ugruna. ±0,2d ±0,3d 2) paýalaryň iki we üç hatarda ýerleşmegi bilen topbaklar we lentalar: a) paýaly hataryň keseligine gyraky paýalar; b) paýaly hataryň ugruna galan paýalar we gyraky paýalar. ±0,2 d ±0,3 d 3) ähli binanyň ýa-da desganyň astynda tutuş paýaly meýdan: a) gyraky paýalar; b) ortadaky paýalar; ±0,2d ±0,4d ç) ýekebara paýalar; ±5 sm d) sütün paýalary. ±3 sm 5. 0,5 m diametrden köp kakylýan, dykylýan we burawlanyp kakylýan paýalaryň meýilnama boýunça ýerleşişi: 1) hataryň keseligine; 2) paýalar topbak ýerleşende hataryň ugruna; 3) sütüniň astyndaky ýekebara boş tegelek paýalar üçin. ±10 sm ±15 sm ±8 sm Şonuň ýaly 6. Köpriniň öň tarapy boýunça ýerleşdirilen paýalaryň ýerleşişi: Meýilnama boýunça Okuň ýapgydy Şonuň ýaly Gury üstüniň derejesinde Akwatoriýanyň derejesinde 1) iki we köp hatarda 2) bir hatarda ±0,05d ±0,02d ±0,1d ±0,04d 100:1 200:1 7. Paýalaryň uçlarynyň bellikleri: 1) monolit rostwerk bilen; 2) gurnama rostwerk bilen; 3) gurnama uçly rostwerksiz binýat; 4) paýaly-sütünler. ± 3 sm ± 1 sm ± 5 sm – 3 sm Şonuň ýaly 8. Direg-paýalardan başga, kakylýan paýalaryň okunyň dikligi 2:100 Ölçeg, tötänden saýlanyp alnan paýalaryň 20 % 9. Şpuntyň meýilnama boýunça ýerleşişi: 1) demirbeton, topragyň üstüniň belliginde; 2) polat, ýeňil kran arkaly. çümdürilendäki bellikde: a) şpuntyň üsti; b) suwuň üsti; 3) gury ýerden çümdürilende şpuntyň üstüniň belliginde ± 10 sm ± 30 sm ± 15 sm ± 15 sm Şonuň ýaly 10. Diwarda şpuntyň ýelpewaçlygyny ýok etmek ulanylýan şpuntinleriň şine şekilliligi ± 0,01 Ölçeg, ähli şpuntinleriň 10 % 11. Guýularyň we burawlanyp kakylýan paýalaryň giňeldilen ölçegleri: 1) agzyň, zaboýyň we giňeldilen bellikler; 2) guýynyň diametri; 3) giňeltme diametri 4) guýynyň okunyň dikligi ± 10 sm ± 5 sm ± 10 sm ± 1% Şonuň ýaly, her guýy, buraw enjamyndaky bellikler boýunça Şonuň ýaly, tötänden saýlanyp alnan guýularyň kabul edilýänleri 20% Şonuň ýaly Şonuň ýaly 12. Guýularyň meýilnama boýunça ýerleşişi 5-nji görnüş boýunça 5-nji görnüş boýunça 13. Suwasty betonlama usuly bilen ýerine ýetirilen paýallaryň sütüniniň bitewiligi Paýalaryň sütüninde bitewiligiň bozulmalar bolmaly däldir Ölçeg, paýalarda burawlanan kernlerden ýa-da başga usul bilen alnan nusgalaryň synagy 14. Doly kakylyp salynýan paýalaryň sütüniniň bitewiligi Paýanyň sütüninde meýdany 100 sm²-dan ýokary bolan betonyň ýykylmasy ýa-da görnüp duran işçi armatura bolmaly däldir Daşyndan görüp, her paýa 15. Rostwerk üçin gazylyp aşak goýberilýän usul bilen goýulýan direg-paýalaryň aşagyndaky guýularyň çuňlugy: 1) monolit; 2) gurnama; Gyşarmalar geçmeli däldir, sm: +5,-20 +3,-20 Ölçeg, guýa goýlan paýanyň ujunyň belligi boýunça her paýa 16. Gönüden-göni uçsuz agram berýän paýalardan başga paýalaryň uçlaryna bildirilýän talaplar (platforma sepi) Gyraňlar 5º-dan köp bolmadyk gyşarmalar bilen kese bolmalydyr, betonyň döwükleriniň paýanyň perimetri boýunça ini 50 mm-den geçmeli däldir, burçlar boýunça şine şekilli (pahnapisint) döwükleri 35 mm-den çuň we uzynlygy ýapylan çuňlugyň 30 mm-den gysga bolmaly däldir Tehniki barlag, her paýa 17. Gönüden-göni uçsuz agram berýän paýalardan başga uçlaryna bildirilýän talaplar (platforma sepi) Gyraňlar 0,02-den köp bolmadyk gyşarmalar bilen kese bolmalydyr, betonyň döwükleri perimetr boýunça 25 mm-den köp inli bolmaly däldir, burçlaryň şine şekilli (pahnapisint) döwükleriniň çuňlugy 15 mm-den köp bolmaly däldir Şonuň ýaly 18. Gurnama rostwerkleriň gurnamasy: 1) ýaşaýyş we jemgyýetçilik binalaryň binýatlary; 2) senagat binalaryň binýatlary; Bölünýän oklaryna degişli süýşme, mm Üstleriň belliklerinde gyşarmalar, mm Ölçeg, her rostwerk ± 10 ± 20 ± 5 ± 10 19. Paýalaryň oklaryna degişli ujuň oklarynyň süýşmegi ± 10 mm Şonuň ýaly, her uç 20. Rostwerk bilen burçuň arasyndaky erginli sepiň galyňlygy 30 mm-den köp däldir Şonuň ýaly 21. Platforma söýelendäki gurnamadan soň sepiň galyňlygy 8 mm-den geçmeli däldir Şonuň ýaly 22. Çişýän topraklarda topragyň üsti bilen rostwergiň aşaky tekizliginiň arasyndaky deşigiň galyňlygy Taslamada kesgitlenilenden az däldir Ölçeg, her rostwerk 23. Rostwerkli paýaly binýatlar bolmazdan erginli sepuiň galyňlygy: 1) plita bilen ujuň arasyndaky 2) diwarlyk panel bilen ujuň arasyndaky Bolmalydyr, mm, köp bolmaly däldir 30 20 Şonuň ýaly 24. Ankerleriň parametrleri (gurnawlara, goýluş çuňlugy, keseligine ýapgyt burçy, ýapylýan umumy uzynlyk, boş böleginiň uzynlygy, guýynyň diametri) Taslama laýyk gelmelidir Теhniki barlag, her anker 25. Ankerleriň göterijilik ukyby: 1) hemişelik; 2) wagtlaýyn*. Ulanyşdakydan köp güýji kabul etmelidir: 1) 1,5 esse; 2) 1,2 esse. Ölçeg, barlag synaglarynda ankerleriň umumy sanynyň 10 %-den az däl we kabul edişde ähli galan ankerler d- tegelek paýalaryň diametri ýa-da gönüburçly kiçi tarapy. Bellikler 1. Çäkli gyşarmalar we gidrotehniki deňiz we derýa ulag desgalarynyň paýaly elementleri üçin olara gözegçilik etmegiň usullar ýolaryň kadalaryna görä kesgitlenilýär. 2. *Wagtlaýyn anker - Hasaplanan ulanyş möhleti iki ýyldan köp bolmadyk toprak ankeri. 198. Kese kesigi 40×40 sm çenli paýalary 5 metrden az aralykda, şpunty – 1 m we 0,6 m - 10 m diametre çenli içi boş tegelek paýalary içki basyşy 2 MPa-dan köp bolmadyk ýerasty polat turbageçirijilere çenli çümdürmäge ýol berilmeýär. Içki basyşy 2 MPa-dan ýokary bolan ýerasty turbageçirijileriň golaýynda ýa-da kiçi aralyklarda paýalary we şpunty çümdürmek diňe barlagyň maglumatlaryny nazara alyp we taslamada degişli esaslandyrma bar bolsa ýerine ýetirmek bolýar. Paýalary we şpunty çümdürmek üçin çekiç ýa-da wibroçümdüriji enjamlar ulanylanda bar bolan binalaryň we desgalaryň golaýynda olar üçin esaslaryň topraklarynyň deformasiýalaryna yrgyldylaryň täsiriniň dinamiki täsirleriniň howpuna, tehnologiki abzallara we enjamlara yrgyldylaryň ýol bererlik derejesine baha bermelidir. 199. Paýalaryň hasaplama deň ýa-da ondan az çümdürilmede “gataýan” halynda onuň sebäplerini kesgitlemek üçin barlagy geçirilmelidir hem-de bar bolan paýalary ulanmak ýa-da goşmaçalary çümdürmegiň mümkinçiligi barada çözgüt kabul edilmelidir: 1) köprüler we gidrotehniki ulag desgalar üçin - uzynlygy 10 metre çenli bolanda, taslamadaky derejesine çenli 25 sm-den köp çümdürilmedik we paýalaryň uzynlygy 10 metrden köp bolanda – 50 sm-den köp çümdürilmedik; 2) beýleki desgalar üçin uzynlygy 10 metre çenli bolanda, taslama çuňlugyna çümdürilmezligi 15%-den köp we uzynlygy 10 metrden köp bolup, taslama çuňlugyna çümdürilmegi 10%-den köp ýetmände. §2. Çümdürilýän paýalar, ötük paýalar, şpunt 200. Akwatoriýanyň çäklerinde paýaly elementlerini çümdürmek boýunça işlerini, eger suw göwrümi 500 tonna çenli bolan ýüzüji kraplar we kopralar ulanylýan bolsa tolkunlanmanyň derejesi bir baldan köp bolmadyk, suw göwrümi has uly bolan halatynda 2 baldan köp bolmadyk, öz-özüni galdyrýan platformalar ulanylanda bolsa tolkunlanmanyň derejesi 4 baldan köp bolmadyk ýagdaýlarynda ýerine ýetirmäge ýol berilýär. 201. Çümdürilýän paýalary ýa-da ötük paýalaryň boýuny uzaltmak üçin ulanylýan paýaly elementleriniň bölümleri (seksiýalary), olaryň bir okda durmagyny hem-de sepleriň goýulýan bölekleriniň taslamasyna laýyklygyny (ýol berilýän bellenilen çäklerinde) barlamak üçin, gurluşyk meýdançasynda barlag sepleşdirmesine degişlidir we çümdürilýän ýerinde dogry birleşdirilmegi (sepleşdirilmegi) üçin ýuwup aýryp bolmaýan boýag bilen belgilenmelidir we belgi goýulmalydyr. 202. Paýalary kakmak işleriniň başlangyjynda, gurluşyk meýdançasynyň dürli nokatlarynda ýerleşýän we çümdürilmeginiň her bir metri üçin urgy sanyny hasaba almak bilen 5-20 sany synag paýalary (takyk sany taslamada bellenilýär) kakmak zerurdyr. Galan paýalar çümdürilende urgularyň umumy sanyny hasaplamak talap edilmeýär. Şeýle-de bolsa, uzynlygy 25 metrden gowrak bolan paýalar üçin, çümdürilmeginiň soňky üç metrinde her bir metr üçin urgularyň sany goşmaça hasaba alynmalydyr. Ölçegleriň netijeleri iş žurnalynda bellenilmelidir. 203. Çümdürmäniň ahyrynda, paýalaryň hakyky bahasy hasaplanan ölçegine golaýlaşanda, ölçemek işi geçirilýär. Paýa kakmagyň ahyrynda ýa-da gaýtadan kakylanda, bozulmasy 0,1 sm takyklyk bilen ölçenilmelidir. Bug-howaly işleýän ýeke täsirli ýa-da dizel çekiçleri bilen paýa kakylanda, soňky goýum 30 urgulara deň bolmalydyr, bozulmasynyň goýumdaky soňky 10 urgusynyň ortaça bahasy hökmünde kesgitlenmelidir. Iki taraplaýyn täsirli çekiçler bilen paýa kakylanda bolsa, soňky urgularyň dowamlylygy 3 minut kabul edilmelidir, bozulmasy bolsa tapgyryň soňky minudynyň dowamyndaky bir urgydan paýanyň çümmeginiň ortaça çuňlugynyň bahasy hökmünde kesgitlenmelidir. Hasaplamalar bilen çekiç görnüşini saýlamak “Paýalary we şpunty kakmak üçin çekijiň görnüşini saýlamak” atly şu Kadalara 6-njy goşundysynda getirilendir. 204. Hasaplanan bahadan has uly bozulmasy bolan paýalar, “Türkmenstandartlary” baş döwlet inspeksiýasynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50 karary bilen tassyklanan, “Topraklar. Paýalaryň meýdan synagynyň usullary” atly TDS-5686-94 döwletara standartyna (mundan beýläk - TDS-5686-94 döwletara standarty) laýyklykda toprakda «dynç alandan» soň, barlag üçin gaýtadan kakylmalydyr. Eger barlag üçin gaýtadan kakylandaky bozulmasy hasaplanan bahadan ýokary bolsa, taslama edarasy paýalary statiki agramlar bilen barlag synaglaryndan geçirmegiň hem-de paýaly binýadynyň taslamasyna ýa-da bir bölegine düzediş girizmegiň zerurlygyny kesgitlemelidir. 205. Paýalar ýa-da ötük-paýalar wibroçümdüriji enjam arkaly çümdürilende, iň soňky urgularyň dowamlylygy 3 minut kabul edilýär. Tapgyryň iň soňky minudynyň dowamynda, paýalaryň göterijilik ukybyny kesgitlemek mümkinçiligi üçin, wibroçümdürijiniň sarp edýän kuwwatyny, çümdürilmegiň tizligini 1 sm/min çenli takyklyk bilen we paýalaryň ýa-da ötük-paýalaryň yrgyldy amplitudasyny 0,1 sm çenli takyklyk bilen ölçemek zerurdyr. Wibroçümdürijiniň görnüşini saýlamak “Paýa elementlerini çümdürmek üçin wibroçümdürijiniň görnüşini saýlap almak” atly şu Kadalara 7-nji goşundysynda getirilendir. 206. Demirbeton ötük-paýalar we aşagy açyk boşlukly tegelek paýalar wibroçümdüriji enjam arkaly çümdürilende, olaryň suwa ýa-da gowşak suwuklanan topraga batyrylmagy netijesinde paýa elementleriniň boşlugynda ýüze çykýan gidrodinamiki basyşyň täsiri netijesinde demirbeton diwarlarynda uzynlygyna jaýryklaryň emele gelmeginiň öňüni almak boýunça çäreler görülmelidir. Jaýryklaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak çäreler, iş önümçiliginiň taslamasynda işlenip düzülmelidir we ilkinji ötük-paýalaryň çümdürilende barlanylmalydyr. 207. Ötük-paýalar çümdürmegiň iň soňky tapgyrynda, esasyň dykyzlygynyň gowşamagynyň öňüni almak üçin, ötük-paýalaryň boşlugynda taslama boýunça bellenilen beýiklikde toprak ýadrosyny galdyrmak zerurdyr. Bu ýadronyň beýikligi: 1) gidromehanizasiýa usuly ulanylanda ötügüň ujunyň aşaky böleginden azyndan 2 metr bolmalydyr; 2) topragy aýyrmagyň mehaniki usuly ulanylanda bolsa azyndan 0,5 metr bolmalydyr. 208. Polat şpunt çümdürilmezden ozal, onuň göni çyzyklylygy we gulplarynyň boşluklarynyň arassalygy iki metrlik şablondan stendde (gurluşa) çekilip barlanylmalydyr. Şpunt guraly tanap bilen galdyrylanda, olaryň gulplaryny we grebenlerini (gerişlerini) agaçdan ýasalan prokladkalar (ara goýulma) arkaly goramak zerurdyr. 209. Şpunt guraly çümdürilen ýagdaýynda, ýanaşyk kakylýan şpuntlaryň aşaky uçlarynyň belentlik tapawudy tekiz şpuntlar üçin 2 metrden, şpuntyň beýleki profilleri üçin bolsa 5 metrden köp bolmaly däldir. 210. Meýilnamada ýapyk bolan gurnawlar ýa-da germewler gurlanda, şpunty çümdürmek işlerini, adatça, olary öňünden doly ýygnap we bitewi görnüşde birleşdirip gutaranyňdan soň ýerine ýetirmelidir. 211. Şpunty sogrup çykarmak işleri, berlen ýa-da meňzeş şertlerde şpuntyň barlag sogrulyp çykarylmagynda kesgitlenen güýçlerden 1,5 esse köp bolan sogrujy güýji döredýän mehaniki enjamlar arkaly ýerine ýetirilmelidir. Şpuntlary sogrup çykarmagyň tizligi çäge toprakda 3 m/min-dan, toýunly toprakda bolsa 1 m/min-dan geçmeli däldir. 212. Polat şpunty çümdürmäge ýol berilýän iň pes otrisatel temperatura, poladyň kysymyna we çümdüriş usulyna baglylykda taslama edarasy tarapyndan bellenilýär. §3. Dykylýan, gazylýan, burawlanyp kakylýan we buroinýeksion paýalar 213. Gysyp çykaryjy kakylýan paýalary gurnamak işleri, galdyrylýan (ýitirilýän) uçly ýa-da çekiç urgulary bilen aýrylýan dykyzlandyrylan beton dykyly polat ötük turbalaryny topraga çümdürmek arkaly ýerine ýetirilmelidir. Agzalan turbalary çümdürmek işlerini urgy, wibrasiýa ýa-da towlap çümdüriji mehanizmler bilen enjamlaşdyrylan ýöriteleşdirilen stanoklaryň kömegi bilen ýerine ýetirmäge ýol berilýär. Betonlama işleri tamamlanandan soň, turbalar sogrup çykarylýar. 214. Buraw we burawlanyp dykylýan paýalary gurnamak işleri, guýulary burawlamak bilen bir hatarda armatura karkaslaryny oturtmaga, betonlama işlerini geçirmäge we ötükli turbalaryny sogrup çykarmaga mümkinçilik berýän greýfer, urgy, rotor, susguç ýa-da şnek görnüşli köp ugurly agregatlary ulanmak arkaly ýerine ýetirilmelidir. Guýynyň zaboýy (düýbi) ýumşadylan toprakdan arassalanmalydyr ýa-da trambowka (depgileme) arkaly dykyzlandyrylyp berkidilmelidir. Suwdan doýmadyk topraklary dykyzlandyrmak işi, guýynyň içine agramly trambowkany (depgilemäni) taşlamak arkaly ýerine ýetirilmelidir (guýynyň diametri 1 metr we ondan köp bolsa - agramy 5 tonnadan az bolmaly däldir, guýynyň diametri 1 metrden az bolsa - 3 tonna). Guýynyň düýbündäki topragy depgilemek işi, iň soňky 5 urgyda “gatamagy” 2 sm-den geçmeýän ululyga çenli dowam etdirilmelidir, bu ýagdaýda depgilemegiň umumy “gatamak” mukdary guýynyň diametrinden az bolmaly däldir. Üznüksiz doly şnek arkaly burawlanyp dykylýan paýalar gurlanda, ozal taýýarlanylan golaýdaky paýalaryň merkezinden öz diametriniň üç essesinden az aralykda ýerleşýän guýulary burawlamaga ýol berilmeýär, eger-de şol paýalaryň betonynyň berkligi “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2019-njy ýylyň 27-nji iýunynda çykanan 193-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Betonlar. Berkligini barlamagyň düzgünleri” atly TDS 1275-2019 döwletara standartyna (mundan beýläk – TDS 1275-2019 döwletara standart) laýyklykda hakyky üýtgeşme koeffisiýentini hasaba almak bilen taslama toparynyň 50%-ine ýetmedik bolsa ýol berilmeýär. Aralyk üç diametrden köp bolanda, burawlama işleri çäklendirmesiz alnyp barylýar. Paýalaryň goýulýan çuňlugynyň çäklerindäki suwdan doýgun topraklarda, olary gurnamak işleri sogrup çykarylýan ötükli turbalaryny, toýunly (bentonit) ýa-da polimer erginlerini ulanmak arkaly, käbir ýagdaýlarda bolsa suwuň artykmaç basyşy astynda ýerine ýetirilýär. 215. Guýulýan beton garyndysynyň täsiri bilen hem-de beton guýujy ýa-da oturdylan turbany sogrup çykarmak ýagdaýynda, armatura karkasynyň ýokary galmagynyň we meýilnamada süýşmeginiň öňüni almak üçin, şeýle hem guýy doly çuňlugyna armaturlanmadyk ähli ýagdaýlarda, karkasy taslama ýagdaýynda berkitmek zerurdyr. 216. Tozanly-toýunly topraklarda guýularyň üstüni berkitmek üçin suwuň artykmaç basyşyny ulanmaga, diňe bar bolan binalardan we desgalardan 40 metrden az bolmadyk aralykda ýol berilýär. 217. Burawlanýan guýularyň diwarlaryny berkitmek üçin ulanylýan toýunly (bentonit) erginler şu Kadalaryň 20-nji tablisasynyň talaplaryna laýyk gelmelidir. Guýyny burawlamak, arassalamak we betonlamak döwründe, toýunly (bentonit) erginiň derejesi kesgitlenen basyşly ýerasty suwlaryň derejesinden ýokarda bolmalydyr (ýa-da akwatoriýadaky suwuň derejesinden) azyndan 0,5 metr bolmalydyr. 218. Burawlama işleriniň dowamynda ýüze çykan päsgelçilikleri ýeňip geçmek mümkin bolmadyk ýagdaýynda, paýalary gurnamak üçin şol guýulary ulanmagyň mümkinçiligi baradaky çözgüdi taslama edarasy kabul etmelidir. 219. Burawlama işleri tamamlanandan soň, guýularyň hakyky ölçegleriniň, agzynyň we zaboýynyň (düýbüniň) bellikleriniň hem-de her bir guýynyň meýilnamadaky ýerleşişiniň taslama laýyklygy barlanmalydyr, şeýle hem, esaslaryň topragynyň görnüşiniň inžener-geologik gözlegleriniň maglumatlaryna laýyklygy anyklanylmalydyr (zerur bolan ýagdaýynda geolog hünärmeni çekilmelidir). Guýyny gurak usul bilen betonlamazdan ozal, armatura karkasyny oturtmazdan öň we oturdylandan soň, guýynyň düýbünde ýumşak topragyň, dökülmeleriň, opurylmalaryň, suwuň we şlamyň (palçykly galyndylaryň) barlygyny anyklamak üçin guýa gözegçilik barlagy geçirilmelidir. 220. Çäge we suwly topraklarda guýulary öňürdýän zaboý usuly bilen burawlamak gadagandyr. Suwly çägesöw, çökegen we beýleki durnuksyz topraklarda paýalary betonlamak işleri burawlama tamamlanandan soň 8 sagatdan gijä galman, durnukly topraklarda bolsa 24 sagatdan gijä galman ýerine ýetirilmelidir. Bellenilen möhletlerde betonlama işlerini geçirmek mümkin bolmasa, burawlamaga başlamaly däldir, eýýäm başlanan işleri bolsa, zaboýy (düýbüni) taslama derejesine 1-2 metr ýetirmän we giňeltmeleri burawlaman bes etmelidir. 221. Daşly toprakda burawlanan her bir guýa beton garyndysyny suwasty usul bilen guýmazdan göni öň, zaboýyň (düýbüniň) ýüzünden buraw şlamyny ýuwup aýyrmak zerurdyr. Ýuwmak işi üçin 150-300 m³/sagat sarp edilişli, 0,8-1 MPa artykmaç basyşly suwuň berilmegini üpjün etmelidir. Ýuwmak işini şlamyň galyndylary doly aýrylýança (muny ötükli turbasynyň ýa-da sowma turbanyň gyrasyndan dökülýän suwuň reňki görkezmelidir) 5-15 minudyň dowamynda dowam etdirmelidir. Ýuwmak işini diňe beton guýujy turbanyň içinde beton garyndysynyň hereketi başlanan pursadynda bes etmelidir. 222. Suwasty betonlama usuly arkaly doldurylýan buraw paýalaryň beton sütüniniň bitewiligine gözegçilik etmek üçin, paýalarda burawlanyp alnan kernlerden saýlama tertipde nusgalaryň synaglaryny geçirmek ýa-da dargatmaýan usullar bilen bitewilige gözegçilik etmek (her 100 sany paýadan birinde, ýöne gurluşyk desgasy boýunça iki sany paýadan az bolmaly däldir), şeýle hem gurluşygyň dowamynda tehnologik düzgünleriň bozulan ähli paýalarynda bu barlaglar hökmany suratda geçirmek zerurdyr. Kernleri burawlap almagyň dowamynda, betonlamagyň talaplarynyň bozulmagy bilen (mysal üçin, garyndyny goýmakda dowamly arakesmeler) goýlan beton gatlagynyň kadaly goýlan gatlak bilen galtaşýan zolagyna, şeýle hem daşly toprakda guýynyň zaboý (düýbi) bilen galtaşýan zolagyna burawlamagyň tertibine aýratyn üns bermelidir. Bu zolaklarda buraw guralynyň çalt çümmegi (ýykylmagy), suwasty betonlama düzgüniniň bozulmagy netijesinde emele gelen şlam gatlagynyň bardygyny görkezýär. Bu ýagdaýy buraw guralynyň ýykylan belgisini we çuňlugyny görkezip, kern burawlamagyň žurnalynda bellemek hökmandyr. 223. Kamuflet zarýady (güýji) partladylmazdan ozal goýlan garyndynyň göwrümi, kamuflet boşlugyny we paýalaryň sütünini azyndan 2 metr beýiklige çenli doldurmaga ýeterlik bolmalydyr. Her bir paýanyň kamuflet giňeltmesini gurmagyň dowamynda, zaboýa düşürilen partlaýjy maddanyň belgisini hem-de partlamadan öň we soňra beton garyndysynyň üstüniň belgisini gözegçilikde saklamak hökmandyr. 224. Burawlanyp kakylýan içi boşlukly paýalary iri bölejikleri (fraksiýasy) 20 mm-den uly bolmadyk çagyldan we konusyň çökmegi 1-3 sm bolan gaty beton garyndylaryndan taýýarlamalydyr. Her bir burawlanyp kakylýan gazygyň sütüniniň içki ýüzi daşyndan görüp gözegçilikden geçirilmelidir. Eger meýdany 100 sm²-den uly bolan betonyň gopmalary ýa-da işçi armaturanyň açylyp galmagy ýüze çykarylsa, gazygyň boşlugy konusyň çökmegi 18-20 sm bolan beton garyndysy bilen, tapylan kemçiligiň belgisinden 1 metr ýokaryk galýan beýiklige çenli doldurylmalydyr. 225. Durnuksyz suwly topraklarda buroinýeksiýa paýalaryň gurluşynda guýulary burawlamagy guýulary toýunsow (bentonit) garyndysy bilen ýuwmak ýa-da goýlan turbalaryň goragy astynda amala aşyrmalydyr. Toýunsow (bentonit) garyndynyň dykyzlygyny 1,05-1,15 g/sm³ deň kabul etmelidir. Toýun ergininiň hil görkezijileri şu Kadalaryň 20-nji tablisasynda beýan edilen tehniki talaplara laýyk gelmelidir. Buroinýeksiýa paýalary taýýarlamak üçin ulanylýan gatadyjy garyndylaryň we erginleriň (ownuk däneli betonlaryň) dykyzlygy 1,75-1,8 g/sm³-den 2,0 g/sm³-e çenli aralykda bolmalydyr, hereketliligi azyndan 17 sm we suw bölünip çykmasy 2%-den köp bolmaly däldir. Buroinýeksiýa paýalar üçin ulanylýan erginleriň düzümi taslamada görkezilmelidir. 226. Buroinýeksiýa paýalaryň guýularyny gatadyjy (sement ýa-da başga) garyndylar bilen doldurmagy, buraw stanogyň sütüni ýa-da inýektor turbajygy arkaly guýunyň zaboýyndan (düýbünden) aşakdan ýokaryk tarap, tä toýun garyndysy doly gysylyp çykarylýança we guýynyň agzynda arassa sement garyndysy peýda bolýança amala aşyrmalydyr. 227. Buroinýeksiýa paýanyň gysyş synagyny (opressowkasyny) turbanyň-konduktoryň ýokarky böleginde manometrli tampony gurnanyňyzdan soňra inýektor arkaly gatadyjy garyndyny 0,2-0,3 MPa basyş astynda 2-3 minudyň dowamynda gysyp goýbermek arkaly amala aşyrmalydyr. §4. Rostwerkler we rostwerksiz paýaly binýatlar 228. Rostwerkleri gurmak işlerinden öň, topraga çümdürilen we taslama derejesinde kesilen paýalaryň, paýaly-ötükleriň ýa-da buraw paýalaryň we gurlan binýat çukurlaryň germewleriniň (eger bar bolsa) kabul edilişi amala aşyrylmalydyr. 229. Açylyş giňligi 0,3 mm-den uly bolan kese we gyşyk jaýryklary ýüze çykarylan paýalaryň diwarlarynyň galyňlygy 100 mm-den az bolmadyk demirbeton oboýma (gurnama) bilen güýçlendirilmelidir ýa-da çalşyrylmalydyr. 230. Paýalar ahyryna çenli kakylyp girizilmedik ýa-da kakylýan wagty olaryň ujuna zeper ýeten ýagdaýynda, paýalaryň uçlary kesilende aşakdaky betonyň goraýjy gatlagynyň bozulmagyny aradan aýyrýan usullar bilen kesilmelidir. 231. Rostwerkler paýalara stakan görnüşli aralyk elementler - uçlar arkaly söýenilende, uçlaryň we paýalaryň birikdirilmesini paýanyň ujunyň içine taslamada görkezilen çuňluga çenli berkidip ýerleşdirmelidir, ýöne azyndan 100 mm bolmalydyr. 232. Rostwerkleriň we rostwerksiz binýatlaryň gurnama elementleri gurnalanda maýaklaryň ergini düşegi gurmak üçin taslamada göz öňünde tutulan garyndynyň toparyndan bir basgançak pes bolmalydyr. 233. Rostwerk bilen paýalaryň ujunyň arasyndaky boşlugy garyndy bilen doldurman galdyrmak düýbünden ýol berilmeýär. 234. Paýalar döwülende we taslamadaky bellikden pes derejede mejbury çümdürilen ýagdaýynda, taslama edarasy bilen ylalaşyp, olary monolit demirbeton bilen uzaltmalydyr (artdyrmalydyr). 235. Rostwerkleri gurmak üçin binýat çukurlaryň germewlerini şu aşakdaky kadalary berjaý etmek bilen ýerine ýetirmelidir: 1) binýat çukurlary guratmaga mümkinçilik bolmadyk halatynda (rostwerkleri gurmak işlerini geçirmek üçin), topraklary taslama belliklerine çenli gazyp almagy suwasty usul bilen (erliftler, gidroelewatorlar, greýferler arkaly) amala aşyrmalydyr. Suwuň aşakdan gelmeginiň öňüni almak üçin, binýat çukuryň düýbüne dikligine süýşürilýän turba usuly arkaly betonyň tamponaž (depgileme) gatlagyny goýmalydyr. Betonyň aşakdan gelýän suw basyşyna görä hasaplanylyp kesgitlenen galyňlygy, eger ol binýat çukuryň germewiniň demirbeton plitasynyň üstüne goýulmagy göz öňünde tutulan bolsa - 1 metrden, suwasty gazuw işleri wagtynda binýat çukuryň toprakly düýbüniň büdür-südürligi 0,5 metre çenli bolan ýagdaýynda bolsa - azyndan 1,5 metr bolmalydyr; 2) binýat çukurlaryň germewleriniň ýokarky bölegini tolkunlaryň beýikligini we suwuň gubarmasyny (nagon) hasaba almak bilen, işçi suw derejesinden azyndan 0,7 metr ýokarda ýa-da doňaklyk (buz gatlagynyň) derejesinden 0,3 metr ýokarda ýerleşdirmelidir. Işleri ýerine ýetirmek taslamasynda işçi suw derejesi (doňaklyk derejesi) hökmünde, şol işleriň geçirilýän döwründe mümkin bolan iň ýokary möwsümleýin suw derejesini, 10% aşmak ähtimallygy bolan hasaplama laýyklykda kabul edilmelidir. Bu ýagdaýda şemalyň täsiri bilen suwuň gubarmasyndan (nagon) ýa-da buz dykylmalaryndan emele gelip biljek suw derejesiniň ýokarlanmagy hasaba alynmalydyr. Akymy sazlanylýan derýalarda işçi suwyň derejesi akymy sazlaýjy edaralaryň berýän maglumatlary esasynda bellenilmelidir; 3) binýat çukuryň germewiniň içinden suwy sorup çykarmaga we rostwerki gurmak işlerine, beton arkaly tamponaž (depgileme) gatlagynyň taslamada görkezilen berkligi alnandan soň ýol berilýär, ýöne azyndan 2,5 MPa bolmalydyr. §5. Toprak inýeksiýaly ankerler 236. Inýeksiýaly öňünden dartylan toprak ankerleri binýat çukurlaryň germewlerini, doklaryň (port desgalaryň) düýplerini we düşürilýän guýulary, direg diwarlaryny we ýerasty desgalaryň diwarlaryny, süýşgünli eňňitleri we ýapgytlary, beýik we beýleki desgalaryň binýatlaryny berkitmek üçin ulanylýar. Bu ankerler gowşak toýunly, çökegen, çişýän we organomineral topraklardan başga islendik topraklarda gurnalýar. Toprak ankeri çekiji güýçleri berkidilýän gurnawlardan topragyň göteriji gatlaklaryna geçirmek üçin niýetlenendir. Anker üç sany esasy bölekden, uçdan, anker dartgysyndan we berkitme böleginden (kökünden) ybaratdyr. 237. Ankeri gurnamazdan ozal guýy ankeriň uzynlygynyň çäklerindäki şlamdan arassalanmalydyr. Manžet turbasy bolan ankerlerde oboýmany emele getirmek üçin, adatça, 7 günlük möhletdäki berkligi 1-den 2 MPa çenli bolan toýun-sement garyndysyny ulanmalydyr. Oboýmany emele getirmek üçin sement garyndysyny ulanmaga diňe taslama resminamalary bilen ylalaşylan ýagdaýynda ýol berilýär. 238. Berkitme bölegini emele getirmek üçin sement erginini (adatça, suw-sement gatnaşygy S/S = 0,4-0,6 bolan) gönüden-göni guýa gysyp goýbermezden ozal gurluşyk meýdançasynda taýýarlamalydyr. Garyndynyň gatlaklara bölünmeginiň öňüni almak üçin, gysyp goýberilýän ähli döwrüň dowamynda wagtal-wagtal bulap durmalydyr. 239. Ankeriň armaturasy guýuda berkidilen (ankeriň köküni emele getirmek) wagtynda sarp edilişiň we basyşyň hasaba alynmagy bilen garyndynyň taslama boýunça göwrüminiň gysylyp goýberilmegini üpjün etmelidir. Basyş duýdansyz ýokarlanan ýagdaýynda inýeksiýa (garyndy goýbermek) bes edilmelidir. Diňe manžet turbanyň içine garyndy goýberilýän wagty, inýeksiýanyň başlangyjynda oboýmanyň ýarylmagy sebäpli basyşyň duýdansyz ýokarlanmagyna ýol berilýär. 240. Ankerleriň berkitme bölegi goşa tamponly inýektor arkaly we toýun-sement oboýmasy ulanylyp, manžet turbadan köp gezekli inýeksiýa usuly bilen emele getirilende, her bir indiki inýeksiýa öňki inýeksiýa tamamlanandan azyndan 16 sagat geçenden soň amala aşyrylmalydyr. Sementli oboýma ulanylanda, inýeksiýalaryň arasyndaky aralyk taslama boýunça kesgitlenmelidir. 241. Her bir ankeriň göterijilik ukyby, adatça, ol berkidilýän gurnawlar bilen bilelikde işe girizilmezinden ozal, iň ýokary barlag ýüklenmesi astynda gözegçilik ýa-da kabul ediş synaglary arkaly barlanmalydyr. Ankerleri bar bolan binalaryň we desgalaryň, şol sanda suw geçiriji kommunikasiýalaryň aşagynda ýerleşdirmek maslahat berilmeýär. Eger bu talaby ýerine ýetirmek mümkin bolmasa, ankerleriň gurnalmagy sebäpli bar bolan binalaryň düýp gurluşlarynda ýüze çykyp biljek tehnologiki çökmeleri hasaba almak zerurdyr. Elektrik zarýadly tehnologiýasy boýunça ýerine ýetirilýän ankeriň köki hereket edýän binalaryň, desgalaryň we kommunikasiýalaryň düýp gurluşlaryndan azyndan 3 metr aralykda ýerleşmelidir. 242. Ankerler gurnalanda barlag (synag), gözegçilik we kabul ediş synaglary geçirilmelidir. Ankerleri gurnamagyň dowamyndaky çäkli gyşarmalar we gözegçilik edilýän görkezijileriň düzümi, gözegçiligiň göwrümleri hem-de usullary “Ankerleri we nagelleri gurnamak boýunça tehniki şertler (çäkli gyşarmalaryň tablisasy bilen)” atly şu Kadalara 8-nji goşundysynda getirilen maglumatlara laýyk gelmelidir. §6. Nageller 243. Nagel berkitmeleri gurluşyk binýat çukurlarynyň eňňitleriniň we ýapgytlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin ulanylýar we gowşak toýunsow, çökegen, çişýän, organomineral we organiki topraklardan başga islendik topraklarda gurnalýar. Nagelleri gurnamak işleri tejribe meýdançasynda olaryň gurnalyş tehnologiýasy kämilleşdirilenden we barlag synaglary geçirilenden soňra ýerine ýetirilmelidir. Nagelleri gurnamak üçin döwürleýin ýa-da hyrly armaturany we nurbat görnüşli metal däl kompozit armaturany ulanmalydyr. 244. Toprak şertlerine we bar bolan enjamlara baglylykda, nageller kakylyp, gysylyp, towlanyp çümdürilip bilner, şeýle hem olar öňünden burawlanan, diametri 60-dan 170 mm-e çenli bolan we ownuk däneli beton garyndysy ýa-da inýeksiýa garyndysy bilen doldurylan guýularda gurnalyp bilner. 245. Kakylyp, gysylyp, towlanyp çümdürilýän nagelleri durnukly toýunsow topraklarda binýat çukuryň (eňňidiň) çuňlugy 7-den 8 metre çenli bolan ýagdaýynda, dikligine we keseligine hasaplama görä aralykdan ulanmaly, ýöne bu aralyk 1 metrden köp bolmaly däldir. Inýeksion nagelleri dikligine we keseligine hasaplama görä aralykdan topraklarda gurnamaga ýol berilýär, ýöne bu aralyk 1,5 metrden köp bolmaly däldir. Nageliň armatura dartgysy tutuş uzynlygy boýunça guýynyň merkezinde ýerleşmegini üpjün edýän ýörite merkezleşdirijiler bilen enjamlaşdyrylmalydyr. Merkezleşdirijileriň arasy 2-den 3 metre çenli bolmalydyr. 246. Ýapgytlary (diwarlary) uzak möhletleýin (iki ýyldan köp) berkitmek üçin gurnalýan toprak nagelleri posa durnukly polatdan taýýarlanmalydyr ýa-da talap edilýän kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda goşmaça posa garşy gorag bilen üpjün edilmelidir. Nageliň açyk galýan ujy üçin ýörite posa garşy goragy göz öňünde tutulmalydyr. 247. Toprak ýapgytlaryny we binýat çukurlaryň diwarlaryny nagel bilen berkitme usuly ulanylanda, toprak nagelleriniň göterijilik ukybyny anyklamak üçin barlag (synag), gözegçilik we kabul ediş synaglary geçirilmelidir. Synaglaryň ähli görnüşleri, süýşmeleri hasaba almak bilen, ok boýunça basgançakly artýan çekiji agramlary arkaly geçirilýär. Işlere başlamazdan ozal, topragyň hakyky göterijilik ukybyny kesgitlemek, taslama parametrlerini takyklamak, burawlamagyň we garyndy goýbermegiň tertiplerini işläp taýýarlamak üçin, nagelleriň berkidilmegi göz öňünde tutulýan topraklaryň her bir görnüşi boýunça azyndan bäş sany nagele barlag synaglaryny geçirmelidir. 248. Berkitme işlerini ýerine ýetirmegiň dowamynda nagelleriň kabul ediş synaglary gurnamagyň her bir gatlagy üçin şu aşakdaky göwrümlerde geçirilmelidir: 1) ilkinji bäş sany nagel; 2) her 20-nji nagel (umumy sanynyň 5%-inden az bolmaly däldir). Nagelleriň synag ölçegleri (kriteriýalary) taslama edarasy tarapyndan synag maksatnamasynda bellenilmelidir. 249. Gönümel nagelleriň özleri we nagelleriň arasynda topragyň ýerli opurylmalarynyň we berkitmäniň ulanylýan döwründe ýüzleý eroziýanyň öňüni almak üçin hyzmat edýän toprak diwarynyň ýa-da ýapgytyň örtügi berkitmäniň esasy elementleri bolup durýar. Ýapgytyň üstüni pürkme beton, sintetiki örtük, gurnama gorag diwary ýa-da polat gözenek (setka) gurnamak arkaly goramalydyr. 250. Nagelleri topraga öňünden çümdürmek pürkme beton örtükli nagel berkitmesini, adatça, çuňlugy 8 metrden köp bolmadyk binýat çukurlar we gazuw-agtaryş işleri üçin durnukly baglanyşykly topraklarda (toýunly gumlar, toýunlar) wagtlaýyn berkitme hökmünde ulanmalydyr. 251. Gurnama gorag diwarly nagel berkitmesini durnukly baglanyşykly topraklarda (toýunlar, toýunly gumlar, çägesöw topraklar) çuňlugy 15 metrden geçmeýän binýat çukurlar we gazuw-agtaryş ýerleri üçin wagtlaýyn ýa-da hemişelik berkitme hökmünde ulanmaga ýol berilýär. Gorag germewleri hökmünde, esasan, galyňlygy 60-dan 80 mm-e çenli bolan ýuka diwarly, az armaturlanan demirbeton plitalar ulanylýar. Şeýle-de metal ýa-da polimer germewleri ulanmaga ýol berilýär. 252. Sintetiki örtükli nagel berkitmesini baglanyşykly topraklarda, çuňlugy 10 metrden köp bolmadyk binýat çukurlar we gazuw-agtaryş işleri üçin wagtlaýyn berkitme hökmünde ulanmalydyr. Nagelleri gurnamagyň dowamyndaky çäkli gyşarmalar we gözegçilik edilýän görkezijileriň düzümi, gözegçiligiň göwrümleri hem-de usullary “Ankerleri we nagelleri gurnamak boýunça tehniki şertler (çäkli gyşarmalaryň tablisasy bilen)” atly şu Kadalara 8-nji goşundysynda getirilen maglumatlara laýyk gelmelidir. X bap. Aşak goýberilýän guýulary we kessonlar 253. Aşak goýberilýän guýularyň (kessonlaryň) esasy oklaryny ýerleşdirilen ýerinde berkitmek usuly, olaryň taslamadaky ýerleşişini aşak goýbermegiň islendik wagtynda barlamaga mümkinçilik bermelidir. Guýularyň (kessonlaryň) esasy oklarynyň berkidilişine we dikileýin belliklerine gözegçilik etmek üçin niýetlenen nyşan (stwor) belgiler we reperler, desganyň aşak goýbermegi netijesinde topragyň mümkin bolan deformasiýa zolaklaryndan daşarda, şeýle hem ýuyulma we süýşme howpy bolmadyk howpsuz ýerlerde gurnalmalydyr. Aşak goýberme guýularyň üstünlikli çümdürilmegi üçin şu aşakdaky şert berjaý edilmelidir: G + Gn ≥ Kn ∑ Т bu ýerde G – guýynyň öz agramy (suwda ölçenilmegi hasaba almak bilen); Gn - guýyny goşmaça agramlandyrmak: Кп = 1,15 - 1,25 – çümdürilendäki iş şertleriniň koeffisiýenti; ∑ Т - guýynyň diwarlarynyň toprak bilen döreýän sürtülme güýçleri. 254. Tekizlenilen meýdançanyň, emeli aýratyn bölek ýeriniň ýa-da başlangyç binýat çukuryň düýbüniň belgisini desgany gurup başlamazdan aşak goýbermegi gutarýança garaşylýan iň ýokary ýerasty suwlaryň ýa-da suw howdanynyň derejesinden (suwuň galyşyny we tolkun beýikligini hasaba almak bilen) azyndan 0,5 metr belentlikde kabul etmelidir. Aýratyn bölek ýeriň gyralarynyň ini tehnikalaryň howpsuz işlemegini üpjün etmek üçin ýeterlik derejede bolmalydyr, ýöne azyndan 2 metr bolmalydyr. 255. Aşak goýberme guýularynyň we kessonlaryň gurluşygy üçin niýetlenen wagtlaýyn desgalary we enjamlary (beton we toýun ergini düwünlerini, kompressor stansiýalaryny, kranlary we şuňa meňzeş) topragyň opurylma zolagynyň çäginde ýerleşdirmäge, topragyň süýşmegi mümkin bolan ýagdaýynda olaryň kadaly işlemegi üpjün edilen şertinde ýol berilýär. 256. Guýyny (kessony) gurmak üçin çäge-çagyl prizmasy, agaç ýassyklar, gurnama ýa-da monolit daýanç beton plitalary we şuňa meňzeş görnüşinde wagtlaýyn esas taýýarlanylmalydyr. 257. Guýularyň (kessonlaryň) suwda ýüzdürilip daşalmagy, olaryň durnuklylygy (suwuň beýikligini we mümkin bolan gyşarmany hasaba almak bilen) barlanylandan soňra, suwuň ýüzündäki bortunyň beýikligi 1 metrden az bolmadyk ýagdaýynda amala aşyrylmalydyr. Aşak goýberme guýularyň (kessonlaryň) gurnaljak ýerinde akwatoriýanyň (suw howdanynyň) düýbi öňünden meýilleşdirilmelidir. 258. Diwarlaryň toprak bilen döredýän sürtülme güýçlerini azaltmak boýunça ýörite çäreleri (tiksotrop örtügi, sürtülmä garşy örtükler we şuňa meňzeş) ulanmazdan, aşak goýberme guýularynyň ähli görnüşlerini aşak goýbermäge (çümdürmäge) ýol berilmeýär. 259. Topragy gidrawlik we gidropnewmatik usullarda ýuwmak işlerini geçirmäge diňe opurylma zolagynyň çäginde hemişelik desgalar we inženerçilik kommunikasiýalary bolmadyk ýagdaýynda ýol berilýär. 260. Bar bolan desgalaryň golaýynda guýulary we kessonlary aşak goýbermek işleri, şol desgalarda ýüze çykyp biljek deformasiýalaryň instrumental barlagy bilen utgaşdyrylmalydyr. Çökmegiň ýol berilýän möçberleri taslamada bellenilen ölçeglerden ýokary bolmaly däldir. 261. Gaty daşly we ýarym-daşly gatlaklar bolan ýagdaýynda, topragy diňe pyçagyň düşeginiň aşagynda däl-de, eýsem onuň daşky gyrasyndan azyndan 10 sm daşarda hem gazyp aýyrmalydyr. Emele gelen boşluklar haýal etmän toýunly toprak bilen doldurylmalydyr. 262. Suwa doýgun topraklarda ýa-da akwatoriýada guýulary suw sorulmazdan (suwuň derejesi peseldilmezden) aşak goýberilen wagtynda, topragyň pyçagyň aşagyndan guýynyň içine dolmagynyň öňüni almak üçin, içindäki suwuň derejesi daşarky suwuň derejesinden pes bolmaly däldir ýa-da ondan ýokary saklanmalydyr. 263. Guýular aşak goýberilende açyk suw sorujy ulgamyny akýan (süýşýän) toprakly ýerlerde, şeýle hem çägesöw suwly gatlaklarda tiksotrop örtügi ulanylan ýagdaýynda ulanmaga ýol berilmeýär. 264. Domkrat (galdyrgyç) ulgamynyň gidrawlik çyzgydy (shemasy) her bir domkraty aýry-aýrylykda birikdirmegi we öçürmegi göz öňünde tutmalydyr. Gidrawlik domkratlaryň sany hasaplama boýunça kabul edilmelidir, ýöne guýynyň perimetriniň her 6 metrine azyndan bir domkrat düşmelidir. 265. Guýular gyş paslynda aşak goýberilen wagtynda, doňma temperaturasy pes bolan we gurluşlara posladyjy täsirini ýetirmeýän erginler ulanylmalydyr, şeýle hem guýularyň topraga doňup ýapyşmagynyň öňüni almak üçin degişli çäreler görülmelidir. 266. Guýular tiksotrop örtükde aşak goýberilen wagtynda şu aşakdakylar: 1) guýynyň dikligine düşmegini gözegçilik etmelidir we sazlamalydyr topragyň diwaryna söýenmegine (degmegine) ýol bermeli däldir; 2) suwdan doýgun toprak gatlaklaryndan geçilende, pyçagyň aşaky böleginiň (banketkasynyň) golaýynda topragyň gazylmagyna ýol bermeli däldir. 267. Suwdan doýgun topraklara aşak goýberilen guýularyň düýbi tutulýança we suw peseldiji ulgamy öçürilýänçä ýüzüp çykmazlygy üçin, taslamada göz öňünde tutulan taslama belgilerinde guýulary berkitmek işleri ýerine ýetirilmelidir. 268. Suw sorulmazdan (suw çykarylmazdan) aşak goýberilen guýularyň suwasty betonlama işleri guýynyň ähli meýdany boýunça birwagtda we arakesmesiz ýerine ýetirilmelidir. Içki germeçler bolan ýagdaýynda, betonlama işlerini aýratyn bölümler (seksiýalar) boýunça geçirmäge ýol berilýär. Köne, ulanylan betonyň böleklerini iri dolduryjy hökmünde ulanyp, köpürjikli ergin arkaly düşekleri gurmaga ýol berilýär. 269. Suw sorulmazdan (suw çykarylmazdan) aşak goýberilen we gurluşynda suwasty betonlama usuly bilen ýerine ýetirilen düşegi bolan guýulardan suwy sorup çykarmaga, diňe şol düşegiň betony taslama berkligini alandan soňra ýol berilýär. 270. Kessonlary aşak goýbermek işlerine başlamazdan ozal, enjamlar (şlýuz apparatlary, şahta turbalary, howa kabul edijiler, howa geçirijiler) gözden geçirilmelidir we iň ýokary iş howa basyşyndan 1,5 esse köp bolan gidrawlik basyş bilen synalmalydyr. 271. Kesson işlerine hyzmat edýän kompressor bekedi, iň kuwwatly esasy kompressoryň öndürijiliginden az bolmadyk umumy öndürijiligi bolan ätiýaçlyk kompressorlaryna eýe bolmalydyr. 272. Kessonyň içinde topragy gazyp aýyrmagyň usullary we yzygiderliligi, kessonyň deň ölçegli aşak goýbermegini hem-de iş kamerasyndan howanyň çykmagynyň öňüni almagy üpjün etmelidir. Kessonlaryň pyçagynyň aşagyndan gaty goşundylary aýyrmagyň usullary we yzygiderliligi, kessonyň kamerasyndan howanyň çykmak mümkinçiligini aradan aýyrmalydyr. Gapdal sürtülme güýçleri ýeterliksiz bolan ýagdaýynda, kessonlar gum düşekçeleriniň üstünde gurlan we kessonyň kamerasynyň beýikligine direýän şpal gözenekleri arkaly saklanmalydyr. Gözenekleri gurnamagyň zerurlygy, olaryň sany, orunlaryny çalşyrmagyň usullary we yzygiderliligi işleri ýerine ýetirmegiň taslamasynda bellenilýär. Aşak goýbermek işleriniň dowamynda iş kamerasyndaky topragyň belligi pyçagyň aşaky böleginiň (banketkasynyň) belliginden 60 sm-den köp bolmaly däldir. 273. Kessonlaryň saklanyp galmagyna güýçlendirilen kessonyň kamerasyndaky basyşy wagtlaýyn we duýdansyz peseltmek arkaly amala aşyrylýan usuly bilen aradan aýyrmaga ýol berilýär, ýöne basyşyň peselmegi 50%-den köp bolmaly däldir. Güýçlendirilen oturtmanyň öňündäki banketkanyň aşagyndaky topragy 0,5 metrden artyk çuňlukda gazyp aýyrmak we güýçlendirilen oturtma pursadynda adamlaryň kessonyň içinde bolmagy ýol berilmeýär. 274. Kesson arkaly daşly ýa-da ýarym daşly topraklardan geçilende, pyçagyň aşagyndaky topragy ýumşatmak üçin geçirilýän partladyş işleri kessonyň bellenen zolaklara (seliklere) diremegini üpjün etmelidir, olaryň ýerleşýän ýerleri we ölçegleri işleri ýerine ýetirmegiň taslamasynda görkezilmelidir. Partlamadan öň kessonyň iş kamerasyndaky howa basyşynyň peseldilmegi pyçagyň aşagyndan topragyň süýşüp girmegine sebäp bolmaly däldir, partlamadan soň basyşyň wagtlaýyn ýokarlanmagy iş basyşyndan 50%-den geçmeli däldir. 275. Kessonlaryň kamerasyny suwa basmak (işleriň dowamynda mejbury arakesmeler ýüze çykanda) işi howa basyşyny kem-kemden peseltmek arkaly amala aşyrylmalydyr. Suwa basdyrylan kameradan suwy gysyp çykarmak işi, taslamada göz öňünde tutulan basyşdan ýokary bolmadyk basyş astynda ýerine ýetirilmelidir. 276. Iş kamerasyny toprak, beton ýa-da but daşy bilen örüp doldurmak işleri, olaryň kameranyň bütin beýikligi boýunça dykyz ýerleşdirilmegini üpjün etmek bilen ýerine ýetirilmelidir. Dolduryjy material bilen iş kamerasynyň beýikliginiň arasynda galan boşluklar, iň azyndan 0,1 MPa basyş astynda sement ergini bilen ýygnalyp doldurylmalydyr. 277. Ýol berilýän bellenen ölçeglerden geçýän süýşmeleri, gyşarmalary we taslamadan beýleki tapawutlyklary bolan aşak goýberme guýularyň we kessonlaryň ýaramlylygy baradaky çözgüt taslama edarasy we buýrujy bilen ylalaşylanda kabul edilýär. 278. Aşak goýberme guýulary we kessonlary gurmak boýunça iş önümçiliginde, barlanylýan görkezijileriň düzümi, çäkli gyşarmalar, barlagyň göwrümi we usullary şu Kadalaryň 19-njy tablisasyna laýyk gelmelidir. 19-njy tablisa Теhniki talaplar Çäkli gyşarmalar Barlag (usuly we göwrümi) 1. Wagtlaýyn esaslary gurmak Gurnama elementleriň gurnamy direg plitalarynyň betonynyň berkligi 70 %-e ýetenden soň amala aşyrylmalydyr Ölçeg usuly, her bir esas 2. Monolit pyçak böleginde gurnama elementleriň gurnamy Betonyň berkliginiň gazanylmagyndan ir däl, % pyçak bölegi – 70 bitewileşdirilýän kese halkalar - 50 Şonuň ýaly, her bir hatarda 3. Guýulary we kessonlary wagtlaýyn esaslardan aýyrmak Betonyň berkliginiň gazanylmagyndan ir däl, %: diwarlar – 70 sepleriň bitewileşdirilmesi - 100 Şonuň ýaly 4. Guýulary aşak goýberme: 1) gujularyň her bir aşak goýberme tapgyryndaky oturtma ululygy; 2) gysyp düşürme usuly bilen gurulýan gujulardaky toprak dykysynyň iň pes galyňlygy; 3) garşylykly nokatlardaky gysyp düşürme ululyklarynyň tapawudy. Dikligiň we meýilnamadaky taslama ýagdaýynyň berjaý edilmegi şerti bilen 0,5 m-den köp däldir Toýunsow topraklarda – 1 m Çägede – 1,5 m Plywun häsiýetli topraklarda – 2 m 10 mm-den köp däldir Şonuň ýaly, her oturtmadan soň Ölçeg usuly, her aýda 5. Tiksotrop örtükde guýulary aşak goýberme: 1) tiksotrop örtük üçin toýun we erginler; 2) forşahtanyň ýokarky bölegine görä toýun ergininiň derejesi. 20-nji tablisanyň talaplaryna laýyk gelmelidir 20 sm-den pes bolmaly däldir 20-nji tablisa boýunça Ölçeg usuly, döwürleýin (her çalşykda) 6. Kessona howa berlişi: 1) mukdary; 2) gidromehanizasiýany ulanmazdan kessonlar çümdürilendäki howa basyşy. Her bir işçi üçin azyndan 25 m³/s bolmalydyr Pyçagyň aşagyndan suwuň akymyny aýyrmak üçin ýeterlik bolmalydyr, ýöne pyçagyň derejesindäki gidrostatik basyşdan 0,02 Мpа-dan (0.2 atm.) köp geçmeli däldir Hemişelik, ölçeg usuly Şonuň ýaly 7. Aşak goýberme guýularyň we kessonlaryň ölçegleri: 1) kese kesimi boýunça: a) uzynlygy, giňligi, tegelekleniş radiusy we diagonaly boýunça. 2) diwarlaryň galyňlygy boýunça: a) beton; b) demirbeton. 3) keseligine süýşme. 4) Dikligine gyşarma burçunyň tangensi. 0,5 %, emma 12 sm-den köp bolmaly däldir 0,5 %, emma 6 sm-den köp bolmaly däldir 1 % ± 3 sm ± 1 sm 0,001 çümdürme çuňlugy 0,01 Ölçeg usuly, döwürleýin (çümdürmegiň her 2 metrinden) XI bap. “Toprakdaky diwar” usuly bilen gurulýan desgalar §1. Umumy talaplar 279. “Toprakdaky diwar” gurmak üçin toprak işlerini (guýulary, garymlary) gazyp çykarmagyň usulyny saýlamak desganyň niýetlenilişine, onuň düýbüniň çuňlugyna, gurluşyk meýdançasynyň inžener-geologik şertlerine, bar bolan desgalaryň aralygyna we olaryň soňkularynyň çökmeginiň ýol berilýän ölçeglerine baglylykda amala aşyrylmalydyr. 280. Desganyň niýetlenilişine baglylykda, gazylan toprak işleri monolit beton we demirbeton, gurnama demirbeton gurnawlary, süzülmäge garşy materiallar (toýun ýa-da toýnuň sement bilen garyndysy) bilen doldurylýar. Şeýle-de gazylan ýerleri doldurmak işi utgaşdyrylan gurnama-monolit görnüşinde amala aşyrylyp bolýar. 281. Toprak işleriniň (gazuwlaryň) giňligi we çuňlugy ulanylýan ýer gazyjy mehanizmleriň mümkinçilikleri bilen çäklenýär. Gazuwlaryň giňligi 0,4 metrden 2 metre çenli, çuňlugy bolsa 4 metrden 50 metre çenli we ondan köp bolup bilýär. 282. Gowaklary we boşluklary bolan (karst) topragyň, ýumşak garyndyly topragyň, süýşýän toprak (plywun) we suwdan doýgun gyrmança ýaly durnuksyz topraklaryň, jaýrylan daşly jynslaryň bolan ýerinde, şeýle hem topragyň düzüminde harsaňlar we gurluşyk gurnawlarynyň bölekleri, ýerasty kommunikasiýalar we beýleki päsgelçilikler bolan ýagdaýynda durnuksyz topraklary durnuklaşdyrmak boýunça çäreleri, karstlara garşy çäreleri we tehnologik täsirlerden goramak işlerini göz öňünde tutmalydyr. 283. Toprak işleriniň (gazuwlaryň) ýerine ýetirilmegi olaryň diwarlarynyň ýykylmagynyň öňüni alýan ýörite erginiň goragy astynda amala aşyrylmalydyr. Şeýle erginler hökmünde toýun erginleri (toýun suspenziýalary), polimer-bentonit we polimer erginleri ulanylýar. 284. Gury we durnukly toprakly ýerlerde, toprak işleriniň çuňlugy uly bolmadyk ýagdaýynda (akaganlyk görkezijisi IL≤ 0 ,25 bolan toýunly topraklar we gazuw çuňlugy 5 metrden 7 metre çenli bolanda), işleri toýun erginini ulanmazdan amala aşyrmak mümkindir. 285. Toýun erginlerini (toýun suspenziýalaryny) taýýarlamak üçin bentonit toýunlaryny, olar bolmadyk ýagdaýynda bolsa, fiziki-mehaniki häsiýetnamalary şu Kadalaryň 20-nji tablisasynda görkezilen görkezijilere laýyk gelýän ýerli toýunlary ulanmalydyr. Ýerli toýunlaryň gutarnykly ýaramlylygy, şol toýunlaryň esasynda alnan toýun erginleriniň barlaghana synaglarynyň netijeleri boýunça kesgitlenilýär. Garymyň 1 m³ göwrümi üçin zerur bolan toýun ergininiň mukdaryny erginiň toprak tarapyndan siňdirilmegi bilen bagly bolan we 15%-den 20%-e çenli aralygy düzýän ýitgileri hasaba almak bilen kesgitlemelidir. 286. Toýun erginleriniň hili toprak işleriniň (garymlaryň, guýularyň) gurluşygy we olaryň doldurylýan döwründe diwarlarynyň durnuklylygyny üpjün etmelidir. Gazuw işleriniň diwarlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin şu aşakdaky şerti berjaý edilmelidir, ýagny: Рр ≥ Рг+Рв ; bu ýerde Рe - toýun ergininiň basyşy; Рt - topragyň keseligine basyşy (topragyň üstüne düşýän agramy hasaba alyp); Рs - ýerasty suwuň basyşy. Bu şert erginiň dykyzlygyny ýokarlandyrmak ýa-da erginiň derejesini ýerasty suwlaryň derejesinden ýokarlandyrmak arkaly ýerine ýetirilip bilner. Toýun erginini taýýarlamak üçin ulanylýan suw şor bolmaly däldir. Toýun erginleriniň häsiýetlerini gowulandyrmak üçin dürli himiki reagentler ulanylyp bilner. Has uniwersal (köptaraply) reagent kalsinirleme sodasydyr – toýunlaryň ähli görnüşlerinde taýýarlanan erginiň hilini ýokarlandyrýar. Aşakda massanyň göterimi hökmünde belli bir mukdarda gazanylan netijeler bilen reagentleriň sanawy görkezilýär: 1) kalsinirleme sodasy (Na2 CO3) – 0,25 -den 2% -e çenli toýun bölejikleriniň ýaýramagyny ýokarlandyrýar, suw berijiligini azaldýar we statiki süýşme dartgynlygynyň ýokarlanmagy; 2) natriý silikat (suwuk aýna Na2OnSiO2) – 0,2 - 2% - şepbeşikligi we statiki süýşme dartgynlygynyň ýokarlanmagy; 3) natriý hlorid (aşpez duzy NaCl) – 1 - 3% - gurluş berikliginiň ýokarlanmagy; 4) Karboksimetil sellýuloza – 1 - 2% - suw berijiliginiň peselmegi, şepbeşikliginiň ýokarlanmagy; 5) kömür aşgarly reagenti 1 - 2% - suw berijiliginiň peselmegi, şepbeşikliginiň ýokarlanmagy. Toýundan taýýarlanan we himiki reagentler bilen işläp taýýarlanan toýundan ýasalan buraw suwuklyklary bilen zerur häsiýetlere ýetip bolmaýan bolsa, suwuklygyň düzümine bentonit toýun goşulmalydyr. 287. Toýun ergininiň dykyzlygyny ýokarlandyrmak üçin basyş suwy bilen durnuksyz topraklar işlenip taýýarlanylanda, erginiň talap edilýän dykyzlygyna baglylykda bariti, magnetiti we beýleki ergin agyrlyk serişdelerini ulanmaga ýol berilýär, ýöne toýun agramynyň 7%-inden köp bolmaly däldir. Iri öýjükli topraklar işlenip taýýarlanylanda, suw berijiligini we toýun ergininiň ýitgilerini azaltmak üçin, erginiň düzümine toýun agramynyň 2%-inden 6 %-ine çenli aralykda suwuk aýna (natriý silikaty ýa-da kaliý silikaty) goşmak bolýar. Ýerasty suwlaryň derejesi ýokary bolan durnuksyz topraklarda işlenilende, “toprakdaky diwar” tutumlarynyň (zahwatkalarynyň) ölçeglerini 1,8 metrden 2,5 metre çenli çäklendirmelidir. Bar bolan desgalaryň golaýynda gurluşyk geçirilende, bir wagtda işlenilýän tutumlaryň (zahwatkalaryň) sanyny bire çenli azaltmalydyr. Tejribe işleriniň netijeleri boýunça, eger tutumyň (zahwatkanyň) gurluşygy bar bolan desgalara täsiri bolmadyk ýagdaýynda, onda tutumyň (zahwatkanyň) uzynlygyny artdyrmaga ýol berilýär. 288. Gaýtadan ulanmak üçin toýun erginleriniň hili arassalamak ýa-da toýun goşmak arkaly dikeldilmelidir. 289. Gurnama demirbetondan diwarlary bir tapgyrly tehnologiýa boýunça (toýun erginini tamponaž ergini bilen çalşyrmazdan) gurlanda, dykyzlygy 1,2 g/sm³ çenli bolan gataýan ergini ulanmalydyr. Bu ergin bir wagtyň özünde adaty toýun we tamponaž erginleriniň häsiýetlerine eýe bolmalydyr hem-de gatandan soňra berkligi azyndan 0,6 - 0,8 MPa bolmalydyr. 290. Tranşeýa (garymly) beton, demirbeton gurnawlary ýa-da süzüp geçirmeýän material bilen doldurmak işlerine başlamazdan ozal, onuň düýbüni çökündilerden arassalamalydyr. 291. Toýun ergininiň goragy astynda diwarlary betonlamak işleri tutumda (zahwatkada) garymyň gazylmagy tamamlanandan soň, 8 sagatdan gijä galman amala aşyrylmalydyr. 292. Çäklendirijileriň gurnawlary betonyň basyşynа çydamly bolmalydyr, betonyň bir bölekden beýlekisine geçmeginiň öňüni almalydyr we sepleşme ýerleriniň bellenilen suw geçirmezligini üpjün etmelidir. 293. Tranşeýa (garymly) beton dökülýän wagtynda, toýun ergininiň derejesiniň peselmegine ýol bermezden, gysylyp çykarylýan artykmaç ergini döwürleýin alyp durmak zerurdyr. 294. Süzüp geçirmeýän germewler gurnalanda, toýun-sement ergininiň ýa-da betonyň berilmegi üznüksiz amala aşyrylmalydyr. Bu ýagdaýda ergini beriji turbalaryň aşaky ujy işiň başlangyjynda garymyň düýp derejesinde bolmalydyr, soňra bolsa toýun-sement ergininiň ýa-da betonyň derejesinden azyndan 1 metr aşakda saklanmalydyr. Tranşeýanyň (garymyň) içine süzüp geçirmeýän toýun materialynyň berilmegi garymda dolduryjy materialdan boşluklaryň we gümmezleriň (howa boşluklarynyň) emele gelmegini aradan aýyrýan usullar bilen amala aşyrylmalydyr. 295. «Toprakdaky diwar» usuly bilen desgalary gurmak işleri geçirilende gözegçilik edilýän görkezijileriň düzümi, ýol berilýän gyşarmalar, gözegçiligiň göwrümi we usullary şu Kadalaryň 20-nji tablisasyna laýyk gelmelidir. 20-nji tablisa Tehniki talaplar Çäkli gyşarmalar Gözegçilik (usuly we göwrümi) 1. Erginleri taýýarlamak üçin toýunyň hil görkezijileri: 1) maýyşgaklyk sany 2) bölejikleriň ölçeg düzümi, mm: a) 0,05-den iri b) 0,005-den az ç) 0,001-den az 0,2-den az bolmaly däldir 10 %-den köp bolmaly däldir 30 %-den az bolmaly däldir 10 %-den az bolmaly däldir Ölçeg usuly, 500 m³ üçin 1 nusgalyk 2. Toýun ergininiň hil görkezijileri: 1) toýun gabygynyň galyňlygy; 2) suw berijiligi. 3) şepbeşikligi: şertli şepbeşikligi ýa-da marşyň çukury 4) AzYBI konusy boýunça ergin çägäniň düzümi 5) durnuklylygy 6) gije-gündizdäki suw çökündisi 7) gurşawyň reaksiýasynyň ululyk görkezijisi (pH) 8) erginiň dykyzlygy:* bentonit toýundan beýleki görnüşli toýundan 9) statiki süýşme dartgynlygy (SSD) her 10 min-dan 4 mm-den köp bolmaly däldir 30 min-da 17 sm²-den köp bolmaly däldir 30 sek-dan köp bolmaly däl 30-dan 35sek çenli 12-den 18sm çenli 4 %-den köp bolmaly däldir 0,024 g/sm³-den köp bolmaly däldir 4 %-den köp bolmaly däldir 8-11 1,03 - 1,10 g/sm³ 1,10 - 1,25 g/sm³ 0,1-den 0,5 Pа çenli Ölçeg usuly, çalşykda bir gezek toplanýan gapdan Şonuň ýaly, her garyndy 3. Toýun ergininiň derejesi Ýerasty suwlaryň derejesinden ýokarda, emma garymyň agzynyň bejergisiniň ýokarsyndan azyndan 0,2 metr Ölçeg usuly, her çalşykda 4. Göteriji we germewleýji diwarlar üçin ýol berilýän gyşarmalar: dik galyňlykda diwaryň gyşarmasynyň meýilnama boýunça oklarynyň süýşmesi: monolit diwarlar gurnama diwarlar diwaryň çuňlugy Süzüjilige garşy örtük üçin: meýilnama boýunça oklarynyň süýşmesi dik diwaryň gyşarmasynyň galyňlygy çuňlugy ± 3 sm 0,5% + 10 sm ± 1 sm ± 5 sm 0,5% + 20 sm + 20 sm Şonuň ýaly, her 10 m-den seýrek bolmaly däl, diwaryň uzynlygy boýunça 5. Süzmeklige garşy perdäniň dolduryjysynyň süzüjilik koeffisiýenti Taslama boýunça Şonuň ýaly, dolduryjynyň 1000 m³-de 30 nokat. Nusgalary saýlap almak ýa-da ekspress usullar arkaly * Polimer goşundylar ulanylanda erginleriň dykyzlygy 1,02g/sm3 çenli peselip biler. Bellik: Toýun ergininiň çykymy - 1 tonna toýun poroşogyndan (tozundan) alynýan, bellenilen netijeli şepbeşikligi bolan erginiň göwrümi. §2. Burawlanan we buraw-kesiji paýalardan “toprakdaky diwary” gurmak 296. Greýfer bilen işlemek kyn bolan iri bölekli (daşly) garyndylary bolan topraklarda we daşly topraklarda buraw paýalardan «toprakdaky diwary» gurmak maslahat berilýär. 297. Buraw paýalardan gurlan diwar, onuň niýetlenilişine, meýdançanyň inžener-geologiki we gidrogeologiki şertlerine baglylykda, biri-birine degip duran (galtaşýan) ýa-da kesiji paýalardan gurlup bilýär. Buraw-kesiji paýanyň adaty burawlanyp kakylýan paýadan esasy tapawudy olaryň biri-birini bölekleýin ýapyp, üznüksiz gurnalmagydyr we gezekli-gezegine armaturlanmagydyr. Buraw paýalardan ybarat “toprakdaky diwar” gaty çuňlukda gurlanda, olaryň diklikden gyşarma mümkinçiligini hökman göz öňünde tutmalydyr. 298. Buraw-kesiji paýalary göwrümli karkas (ýa-da metal turbalar) bilen armaturlamak her paýadan biri görnüşinde paýalaryň gatamazlygy toprak-sement garyndysynda basylyp ýerine ýetirmelidir. Paýalary döretmek işi urgy güýjüni ulanmazdan, göni guýynyň içinde amala aşyrylýar. Taýýar buraw-kesiji paýalar üznüksiz monolit diwary emele getirýär, ýokary berkligi we ýerasty suwlaryň syzylyp geçmegini doly bökdemegi üpjün edýär. Bu usulda guýulary gazmak we olara beton guýmak işleri goraýjy turbalaryň içinde ýa-da toýun ergininiň aşagynda amala aşyrylýar. 299. “Toprakdaky diwary” buraw paýalardan gurmak üçin çüwdürilme tehnologiýa (çüwdürilip gurnalýan tehnologiýa) hem ulanylyp bilner. Bu usul topragy dargatmak we şol bir wagtyň özünde ony sement ergini bilen garyşdyrmak üçin ýokary basyşly sement ergininiň çüwdürilmegini ulanmakdan ybaratdyr. Toprak-betondan emele gelen galtaşýan elementler üznüksiz diwary döredýär. Çüwdürilme tehnologiýany ulanmak, aýratyn-da, iki we köp hatarly diwarlary gurmak üçin örän amatlydyr. Çüwdürilme tehnologiýa her paýadan biri görnüşinde ýerleşdirilen buraw paýalaryň arasyndaky boşluklarda toprak-sement elementlerini döretmek üçin ulanylyp bilner. Bu bolsa diwaryň bitewiligini üpjün edýär. §3. Garym görnüşli “toprakdaky diwar” gurluşy 300. Garym görnüşli “toprakdaky diwar”, adatça, aýratyn tutumlarda (zahwatkalarda) gurnalýar. Aýratyn tutumyň (zahwatkanyň) uzynlygy ýer gazyjy mehanizmiň işçi şerişdelerine esaslanyp, iş önümçiliginiň taslamasynda kesgitlenmelidir. Bu ýagdaýda betonlanma böleginiň göwrümi 100-120 m³-den geçmeli däldir. 301. Tutumlar (zahwatkalar) ýer gazyjy mehanizmiň işçi şerişdelerine esaslanyp bir ýa-da birnäçe geçişinde gazylyp bilner. Uzynlygy 5 metrden 8 metre çenli bolan tutumlar (zahwatkalar) üç geçişde emele getirilýär, ýagny: 1) iki gapdal; 2) bir aralyk. Tutumyň (zahwatkanyň) uzynlygy 3-3,5 metrden köp bolanda, betony tutuma (zahwatka) guýmak işi bir wagtyň özünde iki sany beton guýujy turba arkaly amala aşyrylmalydyr. 302. Eger-de tutumlar (zahwatkalar) gazylanda gabarasy uly bolmadyk daşlar ýa-da gaty jynslaryň goşundylary ýüze çykan ýagdaýynda greýfer agyr doloto guraly bilen çalşyrylmalydyr. Şu doloto arkaly gaty goşundy deşilýär ýa-da tutumdan (zahwatkadan) garymyň gapdal diwarlaryna gysylyp çykarylýar. 303. Betonlama tutumlary (zahwatkalary) biri-birinden tapawutlandyrmak üçin her bir bölegiň gyralarynda ýörite bölege çäklendirijiler ýerleşdirilmelidir. Çäklendirijileriň gurnawlary guýulýan betonyň basyşyna durnukly bolmalydyr, betonyň bir tutumdan (zahwatkadan) beýlekisine geçmeginiň öňüni almaly we goňşy betonlama bölekleriň özara birikmegini üpjün etmelidir. 304. Çäklendiriji hökmünde aýrylýan inwentar metal elementler (turbalar, prokat profilleri we şuňa meňzeş), hem-de demirbetondan ýa-da metaldan taýýarlanylan aýrylmaýan elementler ulanylýar. Garymlaryň çuňlugy 20 metrden köp bolanda, armatura karkasynyň gurluşyna girýän aýrylmaýan çäklendirijileri ulanmak maslahat berilýär. 305. Çäklendirijileriň gurnawlary olaryň garymyň toprak diwarlaryna azyndan 3-5 sm çuňlukda kesip geçmegini üpjün etmelidir. Çäklendirijiniň aşaky ujuny garymyň düýbünden 30-50 sm aşakda çuňlaşdyrmalydyr. Çäklendirijiniň ýokarky bölegini bolsa forşahtada berk berkidilmelidir. Beton bilen ýelmeşmeginiň öňüni almak üçin, inwentar çäklendirijileri betonlama işleri tamamlanandan 5-6 sagat geçensoň tutumlardan (zahwatkalardan) çykarmalydyr. Taýýar tutumlaryň (zahwatkalaryň) gyralarynda emele gelýän oýuklar goňşy bölegi gazylanda ýer gazyjy mehanizm üçin ugrukdyryjy bolup hyzmat edýär, beton guýlandan soň şponka birikmesini emele getirýär. 306. Gurnama elementleri gurnamazdan ozal garymyň çuňlugyny ölçemelidir. Garymyň düýbüniň büdür-südürligini hasaba alyp, gurnama elementler ulanylanda, onuň çuňlugy taslamada görkezilen ölçegden 15-20 sm artyk bolmalydyr. 307. Gurnama elementlerini bitewileşdirmek üçin toýun-sementli tamponaž erginleri ulanylmalydyr. Tamponaž erginleriň zerur bolan häsiýetlerini we görkezijilerini, kabul edilen gurluşyk tehnologiýasyndan we gurluşyk meýdançasynyň inžener-geologik şertlerinden ugur alyp, her bir anyk ýagdaý üçin aýratynlykda bellemelidir. 308. Gurluşygyň bir tapgyrly tehnologiýasynda tamponaž ergini garymy gazmak üçin onuň diwarlaryny opurylmadan saklamak üçin hyzmat edýän, diwar panelleri gurlandan soň gatylaşanda gatama möhleti haýalladylan (azyndan 48 sagat) erginleri ulanmalydyr. 309. Gurluşygyň iki tapgyrly tehnologiýasynda diwar panelleri çümdürilmezden ozal kändaky toýun ergini gatylaşdyryjy ergin bilen çalşyrylanda gatama möhleti has gysga bolan (ýöne 12 sagatdan az bolmadyk) tamponaž ergini ulanylmalydyr. Iki tapgyrly tehnologiýada gurnama elementlerini bitewileşdirmek işi, şeýle hem diwar panelleriniň içine goýlan ýa-da olaryň ýanyndan çümdürilen inýektorlaryň üsti tamponaž erginini gysyp guýmak arkaly amala aşyrylyp bilinýär. Toýun-sementli tamponaž erginleriniň düzümini saýlap almak işi barlaghanalarda amala aşyrylmalydyr we kabul edilen tehnologiýa hem-de gurluşyk meýdançasynyň geologik gurluşyna baglylykda önümçilik şertlerinde takyklanmalydyr. 310. Taýýarlanylan tamponaž ergini her çalşykda bir gezek saklaýjy gapdan (jemleýji göwrümden) ölçeg gözegçiligi bilen şu aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir, ýagny: 1) erginiň dykyzlygy azyndan 1.20 g/sm3 bolmalydyr; 2) suw-sement gatnaşygy – 2-den 4 çenli; 3) gatama möhletiniň başlangyjy – 12-den 96 sagada çenli; 4) konusy boýunça ýaýrama – 12-den 18 sm çenli; 5) SPW-5 enjamy boýunça şertli şepbeşiklik – 18-den 30 sekunda çenli; 6) bir gije-gündizdäki suw çökündisi – 4%-den köp däldir; 7) 10 minutdan soňky statiki süýşme garşylygy (SSG) – 0,4-den 1 Pа çenli. 311. Gatan tamponaž (depgileme) erginiň 7 gije-gündizden soňky bir okly gysylma berkligi azyndan 0,1 MPa bolmaly (ýöne töwerekdäki topragyň berkliginden az bolmaly däldir), suw geçirmezligi - 10-6 -10-8 sm/sek süzüjilik koeffisiýenti bilen häsiýetlendirilýär. §4. Filtrasiýa (süzmeklige) garşy örtügi gurmak 312. Filtrasiýa (süzmeklige) garşy örtügi niýetlenişine we hyzmat ediş möhletine baglylykda, toýun erginiň goragy astynda işlenip taýýarlanylan topragy doldurmak şu aşakdakylar bilen arkaly gurulýar: 1) toýunsow toprak; 2) frezaly mehanizmleri bilen garymyň gazylanda alynýan toýunlaşdyrylan toprak; 3) düzüminde sement we toýunsow materiallary bolan toýunly pastalar; 4) beton garyndysy. 313. Filtrasiýa (süzmeklige) garşy örtüginiň iň ýokary netijeliligi, topragyň suwa çydamly gatlaklaryna çenli çuňlaşdyrylmagy arkaly gazanylýar. Örtügiň suw çydamly gatlaga girmek çuňlugy azyndan 1 metr bolmalydyr. Suwa çydamly gatlaklar çuňlukda ýerleşen ýa-da olar bolmazlykda, filtrasiýa (süzmeklige) garşy örtügiň ulanyş döwründäki işi açyk suw akdyryş ýa-da suw peseldiji bilen utgaşdyrylmalydyr. 314. Toýun erginiň goragy astynda dikeldilýän filtrasiýa (süzmeklige) garşy örtügi üçin käni doldurýan materialy saýlap almak şu Kadalaryň 21-nji tablisasyna laýyklykda amala aşyrylmalydyr. 21-nji tablisa № t.b. Dolduryjy material filtrasiýa (süzmeklige) garşy örtügi üçin basyşyň ýol berilýän gradiýenti Id hemişelik wagtlaýyn 1 Toýunlaşdyrylan toprak 20 30 2 Bölek-bölek toýun 30 50 3 Toýun-sement ergin 100 150 4 Beton 150 200 315. Toýunlaşdyrylan toprak (gazylyp alynýan topragyň toýun ergini bilen garyndysy) garyma ekskawator (greýfer) arkaly ýa-da yzyna ýuwmak usuly bilen ýerleşdirilmelidir. Yzyna ýuwmak usuly garymda toprak frezaly desgalary arkaly gazylanda ulanylýar. 316. Käne ýerleşdirilýän bölek-bölek toýun dykyz bolmalydyr, suwda haýal ezilmelidir we gurluşynda aýdyň bildirýän bölekli gurluşy bolmalydyr. Bölekleriň esasy böleginiň ölçegi azyndan 10 sm bolmalydyr, bölekleriň iň uly ölçegi bolsa garymyň giňliginiň 1/3 böleginden geçmeli däldir, tebigy çyglylygy togalanma çägine ýakyn bolmalydyr. Bölekleriň konsistensiýasy gaty, ýarym gaty ýa-da gaty maýyşgak bolmalydyr. 317. Toýun-sementli ergini taýýarlamak üçin ölçegi 0,05 mm-den kiçi bolan bölejikleriň mukdary 30%-den az bolmadyk toýunlary we toýunsow toprakary, ýerasty suwlara himiki taýdan durnukly islendik kysymly sementler we ownuk we orta çägeler ulanmalydyr. Garymdaky toýun suspenziýasynyň gysylyp çykarylmagyny üpjün etmek üçin, toýun-sementli erginiň dykyzlygy toýun suspenziýasynyň dykyzlygyndan ýokary bolmalydyr. Gatan erginiň zerur bolan häsiýetlerine baglylykda, toýun-sementli erginiň dykyzlygy 1,5 - 1,8 g/sm³ çäklerinde saýlanyp alynýar. 318. Ýerli bölek-bölek toýunlardan ýa-da toýunsow topraklardan taýýarlanylan toýun pastasy, örtügiň göwresine ýerleşdirilende amatly bolmaly we taslamada örtügiň suw geçirmezligi üçin bellenilen talaplara laýyk gelmelidir. 319. Filtrasiýa (süzmeklige) garşy örtüginiň gatadyjy dolduryjysy hökmünde ulanylýan beton garyndysy, monolit “toprakdaky diwar” gurluşynda ulanylýan betona bildirilýän ähli talaplara laýyk gelmelidir. 320. Garymyň diwarlarynda toýunsow gabygyň we kolmatirlenen gatlagyň emele gelmegi arkaly filtrasiýa (süzmeklige) garşy häsiýetlerini döretmek üçin, dolduryjy materialy käne ýerleşdirmek işini gazylandan azyndan 24 sagat geçensoň amala aşyrmalydyr. Tranyşýany (garymyny) ondan artyk möhlet bilen doldurman goýmak bolmaýar, sebäbi bu diwarlaryň topragynyň opurylmagyna getirip bilýär. Filtrasiýa (süzmeklige) garşy materialyny toprak känine (garyma) bermek, dolduryjy materialdan garymda boşluklaryň we gümmezleriň emele gelmegini aradan aýyrýan usullar arkaly amala aşyrylmalydyr. 321. Filtrasiýa (süzmeklige) garşy örtügini doldurýan materialyň süzüjilik häsiýetleri (dykyzlygy, granulometrik düzümi, süzüjilik koeffisiýenti), örtüginiň göwresinden nusgalary almak we olary barlaghanada synagdan geçirmek arkaly, her 1000 m³ material üçin 30 sany nusga hasabyndan barlanylmalydyr. Filtrasiýa (süzmeklige) garşy örtügine dolduryjy materialyň ýerleşdirilişiniň hiline gözegçilik, onuň dykyzlygyny we çyglylygyny her 20 - 25 metrden kesgitlemek arkaly amala aşyrylmalydyr, munuň üçin radioizotop usulyny ulanmak mümkindir. XII bap. Topraklary berkitmek §1. Umumy düzgünler 322. Berkitmek arkaly topragyň häsiýetlerini gowulandyrmak işleri täze gurlan, durky täzelenen we bu görnüşli işleriň ýerine ýetirilmegi talap edilýän beýleki desgalarda dürli usullar bilen sement erginleri, çüwdürilme tehnologiýasy, burawlap garyşdyrmak, gidroýarylma, himiki (silikatlaşdyrmak we smolalaşdyrmak) hem-de termiki usullar arkaly amala aşyrylýar. Topragyň häsiýetlerini emeli gowulandyrmak boýunça işler şu aşakdaky tapgyrlary öz içine almalydyr: 1) tejribe-önümçilik işleri; 2) topragy berkitmek boýunça işler; 3) berkitmegiň hiline baha bermek boýunça gözegçilik işleri. Tejribe-önümçilik işleri jogapkärçiligiň ýokary derejeli desgalary “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2017-nji ýylyň 09-njy iýunynda çykanan 120-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Gurluşyk konstruksiýalarynyň we esaslarynyň ygtybarlygy. Esasy düzgünler” atly TDS-27751-2014 döwletara standartyna (mundan beýläk – TDS-27751-2014) 3-nji geotehniki topara degişli desgalary üçin gözleg tapgyrynda hem-de özboluşly topraklar bolan ýagdaýynda ýerine ýetirilýär, galan ýagdaýlarda bolsa gurluşyk tapgyrynda, ýöne topragy gowulandyrmak boýunça işler başlamazdan öň amala aşyrylmalydyr. Topragy berkitmek işleri, termiki usuldan başga ähli usullar bilen, bekedilýän topraklaryň temperaturasy oňyn ýagdaýynda ýerine ýetirilmelidir. 323. Işleriň ýerine ýetirilýän wagtynda toprak şertlerini anyklamak zerurlygy ýüze çykanda, gurluşyk meýdançasynda topraklaryň häsiýetnamalaryny kesgitlemek bilen goşmaça barlag (gözleg) burawlamasyny geçirmek mümkinçiligi göz öňünde tutulmalydyr. Goşmaça gözlegleriň göwrimi we nomenklaturasy taslamada bellenilýär. 324. Bar bolan gurluşyk şertlerinde topraklary inýeksiýa usullary bilen berkitmek işleri ýerine ýetirilende, golaýda ýerleşýän ýerasty inženerçilik kommunikasiýalarynyň (kollektorlaryň, kabel we telefon kanallarynyň, zeýkeşleriň we şuňa meňzeş) gataşan reagentler bilen hapalanmagyna hem-de olara zeper ýetirilmegine ýol berilmeli däldir. Bar bolan desgalaryň aşagyndaky topraklar inýeksiýa usuly bilen berkidilýän wagty reagentleriň ýer ýüzüne ýa-da ýerasty gurluşlara (ýerzeminlere) we kommunikasiýalara çykmagy bilen toprakda ýarylmalaryň ýüze çykan ýagdaýynda, reagentleri gysyp goýbermegi derrew bes etmek we awtorlyk gözegçiligi tarapyndan bellenilen bökdençlikleri aradan aýyrmak boýunça çäreleri ýerine ýetirmek zerurdyr. 325. Topraklary berkitmek boýunça işleriň ýerine ýetirilmegine diňe ýörite işlenip taýýarlanylan we tassyklanylan, desganyň taslamasy bilen utgaşdyrylan iş önümçiliginiň taslamasyna laýyklykda ýol berilýär. 326. Çuňlukda dykyzlandyrmak: 1) “jet-grouting” görnüşli buroinýeksiýa sement-toprak sütün-paýalary (400-500 atm basyşly, diametri 200 mm-den 2000 mm-e çenli, 30 m çuňluga çenli, ýörite enjamlar ulanylanda bolsa – 100 metre çenli dykyzlandyrýan), 2) çuňlukdaky toprak garyşdyrmak sement-toprak sütünleri (enjam DSM* (*Deep Soil Mixing – çuňlukda topragy garyşdyrýan), 25-35 atm basyşly, diametri 600-1400 mm, 30 metr çuňluga çenli dykyzlandyrýan) arkaly işler olaryň öz tehnologiýalaryna laýyklykda “Mikrosement arkaly çägeleri berkitmek boýunça tehniki şertler” atly şu Kadalara 9-njy goşundyda görkezilendir ýerine ýetirilmelidir. 327. Taslama parametrleriniň we topraklary berkitmek boýunça iş önümçiliginiň tehniki şertleriniň dogrulygyny barlamak işleriniň ilkinji tapgyrynda gönüden-göni önümçilik meýdançasynda topragy berkitmek gözegçilik (barlag) arkaly amala aşyrylýar. Burawlap garyşdyrmak usuly bilen gözegçilik berkidilende, kernleri burawlap çykarmak arkaly ýa-da zeper ýetirmeýän usullar bilen paýanyň materialynyň berklik häsiýetleri barlanýar, şeýle hem taslamada görkezmeler bar bolsa paýanyň göterijilik ukyby barlanmalydyr. 328. Berkidilýän ýa-da berkidilen agramdaky ähli guýular (gözleg, inýeksiýa, gözegçilik guýulary) bellenilen maksat boýunça ulanylandan soň, durnukly sementleýji ergini bilen doldurylmalydyr. Gözegçilik şurflary bolsa yzyna gömmek bilen doldurylmalydyr we esasy iş önümçiliginde ulanylan usul bilen berkidilmelidir. 329. Topraklary berkitmek boýunça tamamlanan işler kabul edilende, berkitmegiň hakykatda alnan netijeleriniň taslama talaplaryna laýyklygy anyklanylmalydyr. Işleriň gizlin häsiýetini göz öňünde tutup, görkezilen laýyklyk taslama-çenlik, ýerine ýetiriş we gözegçilik resminamalaryny deňeşdirmek arkaly kesgitlenýär. Gözegçilik edilýän görkezijileriň düzümi, çäkli gyşarmalar, gözegçiligiň göwrimleri we usullary şu Kadalaryň 24-nji tablisasyna laýyk gelmelidir. §2. Topraklaryň semetlenmesi 330. Bekedilýän topraklaryň tehnologiki aýratynlyklaryny we häsiýetnamalaryny hasaba almak bilen, sementlemegiň şu aşakdaky usullary tapawutlandyrylýar we olar şu ýollar arkaly amala aşyrylýar: 1) siňdirme düzgüninde sement ergininiň inýeksiýasy; 2) wibrosementleme düzgüninde sement ergininiň inýeksiýasy; 3) çüwdürme usul arkaly sement ergininiň toprak bilen garyşdyrylmagy; 4) burawlap garyşdyrmak usuly arkaly sement ergininiň toprak bilen garyşdyrylmagy; 5) gidroýarylma düzgüninde sement ergininiň inýeksiýasy. Umumy gurluşyk maksatly sementlerden taýýarlanylan sement erginleri özüniň gaba dispersli (iri bölejikli) düzümi sebäpli (bölejikleriň udel meýdany – 3,5 × 10³ sm²/g-dan köp däldir), jaýrylan gaýa jynslaryny (jaýryklaryň açylmagy – 0,1 mm-den köp, udel suw siňdirijiligi – 0,01 l/min m²-dan az däldir), iri bölekli we çagylly çäge topraklary (süzüjilik koeffisiýenti gije-gündizde 80 metrden köp) siňdirme arkaly berkitmek üçin ulanylýar. 331. Akagan ýa-da akagan-maýyşgak durnuklylygyndaky (konsistensiýaly) gowşak (dykyzlygy 1,3 t/m³-dan az bolan) suwdan doýgun çägsöw-toýunsow topraklary sementleme usuly arkaly berkitmek işi synagdan geçirildi we önümçilige maslahat berilýär. 332. Topraklar sementlenende ergini gysyp goýbermek işi ýük astynda amala aşyrylmalydyr. Goşmaça ýüklenmesi hökmünde şu aşakdakylar ulanylýar: 1) inýeksiýa zolagynyň ýokarsynda ýerleşýän topraklar; 2) gurluşyk döwründe topragyň gysylyp çykmagynyň öňüni alýan we ulag serişdeleriniň hereketini üpjün etmäge ýeterlik agramy bolan, dykyzlandyrylyp depgilenen owradylan daş (çagyl); 3) desganyň özüniň agramy; 4) ýörite düşelen beton plitalar. Goşmaça ýüklenmesi - agramy we berklik häsiýetleri boýunça topraklara ergin gysyp goýberilýän wagtynda erginiň ýer ýüzüne ýa-da desganyň içine çykmagyna sebäp bolup biljek weýrançylyklara sezewar bolmaly däldir. 333. Jaýrylan gaýalaryň, gurluşy boýunça durnuksyz, şol sanda karstlaşan topraklaryň hil taýdan ykjam berkidilmegi üçin, guýulardan gysyp goýberilýän erginleriň berkidilýän agramynyň çäklerinde lokalizasiýa edilmegi (jemlenip saklanmagy) hem-de iri jaýryklar bilen bir hatarda ähli ownuk jaýryklaryň (kanallaryň, gözenekleriň, boşluklaryň) doldurulmagy üpjün edilmelidir. Munuň üçin işleriň şu aşakdaky yzygiderliligi berjaý edilmelidir: 1) berkidilýän agramyň kontury (çäkleri) boýunça ýerleşýän barýer guýulary arkaly deslapky sementleme işlerini geçirmek bilen, erginleriň berkidilýän agramyň konturyndan daşyna çykmagyna garşy goraýjy barýeriniň döredilmegi; 2) taslama laýyklykda deňölçegli paýlanan we ýeterlik derejede ýygy ýerleşdirilen guýularyň ulgamy arkaly konturyň (çägiň) içine erginleriň yzygiderli inýeksiýa edilmegi. 334. Topraklar sementlenende berkidilen agramyň içinde kakylyp girizilýän inýektorlary ýa-da manžet-tamponaž inýektorlarynyň turbalaryny armatura hökmünde galdyrmaga ýol berilýär. 335. Her bir guýynyň üsti bilen erginleri gysyp goýbermek işi “gatama” (gutarnykly sarp ediliş derejesine) çenli ýerine ýetirilmelidir. Daşly topraklary sementlenende, “gatama” hökmünde şu aşakdakylar kabul edilmelidir: 1) gysyp goýberiş basyşy taslamada bellenilen derejeden ýokary geçmedik ýagdaýynda, guýynyň (zolagyň) erginiň hasaplanan möçberini siňdirmegi; 2) eger “gatama” pursadyndaky sarp edilişiň mukdary taslamada ýörite bellenilmedik bolsa, gysyp goýberiş basyşynyň taslamada görkezilenden ýokary galmagy bilen bir wagtynda, erginiň sarp edilişiniň bir guýuda (zolagynda) minutda 5-10 litre çenli peselmegi. 336. Topraklar sementlenende iň ýokary ýol berilýän basyşlaryň we sarp edilişleriň mukdary taslamada bellenilýär. Gysyp goýberiş basyşy inýeksiýa zolakdaky topraklara hereket edýän agramlardan (ýüklenmelerden) düşýän basyşyň mukdaryndan ýokary geçmeli däldir. Sement erginlerini gysyp goýberiş basyşyna gözegçilik, olaryň gysylyp goýberilýän çuňluklarynda, ýagny suwuklyk sütünini hasaba almak bilen ölçelip amala aşyrylmalydyr. 337. Sementleriň görnüşleri, toparlary we hili, inýeksiýa erginlerini taýýarlamak üçin ulanylýan beýleki materiallaryň we himiki goşundylaryň görnüşleri, şeýle hem inýeksiýa erginleriniň düzümleri toprak şertlerine we gurnalýan desganyň aýratynlyklaryna baglylykda taslamada bellenilýär. Topraklar sementlenende ulanylyşda ulanylýan desgalary gurmak üçin niýetlenen sementleriň görnüşlerine we toparlaryna artykmaçlyk berilmelidir. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda çykanan 51-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Umumy gurluşyk sementler. Tehniki şertler” atly TDS-31108-2020 döwletara standartyna (mundan beýläk – TDS-31108-2020 döwletara standart) laýyklykda klassifikasiýa madda düzümi boýunça alty görnüşe bölünýär: 1) SEM 0 – goşundysyz portlandsement; 2) SЕМ I - portlandsement; 3) SЕМ II – mineral goşundyly portlandsement; 4) SЕМ III - şlakoportlandsement; 5) SЕМ IV – pussolan sement; 6) SЕМ V – kompozision sement. Ýörite we tehnologik goşundylaryň umumy mukdary sementiň agramynyň 1%-den ýokary geçmeli däldir. Organiki goşundylaryň gury ýagdaýyndaky mukdary sementiň agramynyň 0,2%-den ýokary geçmeli däldir. TDS-31108-2020 döwletara standartyna (2-nji tablisasy) laýyklykda, 28 gije-gündiz duran döwürde gysylmadaky berkligi Rgys МPа boýunça - sementler şu toparlara bölünýär: 1) 32,5 (Rgys - azyndan 32,5 MPa we 52,5 MPa-dan köp däl); 2) 42,5 (Rgys - azyndan 42,5МPа we 62,5МPа-dan we 52,5-den köp däl (Rgys - azyndan 52,5МPа); 7 gije-gündizden soň sementler şu aşakdaky kiçi toparlara bölünýär: 1) M (haýal gataýan 32,5M (Rgys - azyndan 12МPа) we 42,5М(Rgys - 16МPа- azyndan); 2) Н (kadaly gataýanlar 32,5Н(Rgys - azyndan 16МPа); 3) B (çalt gataýanlar 32,5B; 42,5B we 52,5B – diňe 28 gije-gündizde). “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2025-nji ýylyň 01-nji aprelinde çykanan 51-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Sulfata çydamly sementler. Tehniki şertler” atly TDS-22266-2013 döwletara standartyna (mundan beýläk – TDS-22266-2013 döwletara standart) (Sulfata durnukly sementler) laýyklykda, sulfata durnukly sementiň gysylmadaky berkliginiň Rgys МPа topary we kiçi topary 4-nji tablisada görkezilendir: 1) 22,5H; 32,5H(B); 2) 42,5H(B); 3) 52,5H(B). Inýeksiýa erginlerini taýýarlamak üçin sulfata durnukly portlandsementi, şeýle hem “Türkmenstandartlary” baş döwlet inspeksiýasynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50 belgili karary bilen tassyklanan, “Glinozemli sementler. Tehniki şertler” atly TDS-969-91 döwletara standarty (mundan beýläk – TDS-969-91 döwletara standart) boýunça glinozýomly sementi 42,5H ýa-da 42,5B toparlaryndan pes bolmadyk derejede ulanmaga ýol berilýär. 338. Topraklary sementlemek boýunça iş önümçiliginiň taslamasy umumy gurluşyk talaplaryndan başga-da, guýularda bir wagtda inýeksiýa zolaklaryň uzynlygy we olaryň ýokarky böleginiň gurnawlary, guýulary işläp taýýarlamagyň yzygiderliligi, ulanylýan materiallaryň nomenklaturasy we häsiýetnamasy hem-de olara bolan zerurlyklar baradaky maglumatlary öz içine almalydyr. 339. Sementleme işlerini guýularyň arasyndaky iň köp aralyklardan başlap, olary yzygiderli golaýlaşdyrmak usuly bilen ýerine ýetirmelidir, bu ýerde gysyp goýberiş pursadynda guýularyň arasyndaky gidrawlik arabaglanyşyk iş ýüzünde bolmaly däldir. 340. Gowşak, suwdan doýgun iri döwüklikli topraklar we çagylly çägeler sementlenende burawlama we inýeksiýa işleriniň yzygiderli tertibi şu Kadalaryň üç ýüz otuz ikinji böleginde beýleki inýeksiýa usullary üçin bellenilen talaplar arkaly düzgünleşdirilýär. 341. Jaýrykly daşly we karstlaşan topraklarda burawlama we erginleri gysyp goýberiş işleri, adatça, bir zolakda, sementleme işleriniň tutuş çuňlugyna birbada amala aşyrylmalydyr. Zolagyň ölçegi taslamada bellenilýär. Guýyny zolaklara bölmek we olaryň her birine yzygiderli ergin gysyp goýbermek işleri şu aşakdaky ýagdaýlarda amala aşyrylmalydyr: 1) erginler bilen doldurylýan dürli görnüşli we dürli ölçegdäki boşluklar (jaýryklar, karst boşluklary we kanallary) bolanda hem-de sementlenýän toprak gatlagynyň dürli çuňluklarynda dürli dolduryjylar ulanylanda; 2) daşly topraklarda jaýryklary ýa-da karst boşluklary bolan birnäçe ara gatlaklar (gatlakçalar) bolanda; 3) sementlenýän agramyň galyňlygy uly (10 metrden gowrak) bolanda. 342. Taslama laýyklykda, guýynyň çuňlugy boýunça nobatdaky zolaklarda burawlama we olara erginleri gysyp goýberiş işlerini, basyşly ýerasty suwlar bolmadyk ýagdaýynda, sement ergininiň gatamagy üçin arakesme bermezden ýerine ýetirmäge ýol berilýär. Basyşly toprak suwlary bar bolan ýagdaýynda bolsa, sement ergininiň gatamagy üçin arakesmeler hökmandyr. Daşly topraklarda guýularyň zolaklaryny burawlama işleri tamamlanandan soň, suw bilen ýuwmaly ýa-da gysylan howa bilen üflemelidir (arassalamalydyr). 343. Daşly topraklaryň (jaýrykly, karstlaşan) sementlenmeginiň hili barlag guýularyny burawlamak, gidrawlik barlagyny geçirmek we sementlemek usullary arkaly gözegçilikde saklanylýar. Bu ýagdaýda sementlemegiň hiline baha bermegiň ölçüdi onuň niýetlenilişine, topragyň görnüşine we jaýryklylygynyň (karstlaşanlygynyň) häsiýetine baglylykda, şeýle hem barlag işleriniň göwrümi taslamada bellenilýär. 344. Haýal ereýän daşly karstlaşan topraklarda (hek daşlarda, dolomitlerde) sementlemegiň hiline gözegçilik, adatça, barlag burawlamasyny geçirmek we buraw guralynyň gopmagy (aşak gaçmagy) boýunça karst boşluklarynyň ölçeglerine baha bermek arkaly amala aşyrylmalydyr. Ýeňil ereýän topraklarda bolsa (gipsde, duzda) sementlemegiň hiline gözegçilik udel suw siňdirijiligini kesgitlemek arkaly ýerine ýetirilmelidir. Galan boşluklaryň ýol berilýän ölçegleri we udel suw siňdirijiliginiň mukdary taslamada bellenilýär. 345. Gowşak, suwdan doýgun baglanyşykly we ýarym baglanyşykly topraklarda berkidilen topragyň deformasiýa modulyny, dykyzlygyny we öýjükliligini kesgitlemek desganyň düýbüniň (binýadynyň) gyrasy boýunça şurflap we ýörite geotehniki gözegçiligiň geofiziki usullary arkaly amala aşyrylýar. 346. Iri we ownuk çägeli topraklary berkitmek işini topragyň öýjükleriniň siňdirilme düzgüninde sementlemek arkaly, şu aşakdaky tehnologiýalar boýunça ýerine ýetirmek bolýar: 1) inýektor (guýy) arkaly udel üstüniň 104 sm2/g-den köp görkezijisi bilen tapawutlanýan ýokary dispersli sementlerden (mikrosementlerden) taýýarlanan erginleri gysyp goýbermek (inýeksiýa etmek) arkaly; 2) inýektor arkaly umumygurluşyk maksatly sementden taýýarlanan erginleri gysyp goýbermek (inýeksiýa etmek) we şol bir wagtda inýektora wibrasiýa bermek (titretmek) arkaly. 347. Çägäni inýeksiýa arkaly berkitmek üçin mikrosementiň granulometrik düzümini saýlap almak we çägäni berkidip, oňa talap edilýän berklik häsiýetnamalaryny bermäge ukyply bolan mikrosement ergininiň düzümini işläp düzmek işleri barlaghanada ýerine ýetirilýär hem-de soňra tejribe-önümçilik işlerinde hökmany suratda takyklanylýar. “Mikrosement arkaly çägeleri berkitmek boýunça tehniki şertler” atly şu Kadalara 9-njy goşundyda görkezilendir. 348. Mikrosementlerden taýýarlanan erginleri çäge topraklaryna gysyp goýbermek işini porşenli we plunžerli nasoslar arkaly, şu aşakdaky düzgünleri berjaý etmek bilen amala aşyrylýar: 1) ergini topraga gysyp goýbermek işi taslamada we iş önümçiliginiň taslamasynda göz öňünde tutulan basyş astynda ýerine ýetirilýär, bu basyş toprakda jaýryklaryň (ýarylmalaryň) emele gelmegine sebäp bolmaly däldir, çünki olaryň üsti bilen ergin berkidilýän zolagyň çäklerinden daşary çykyp biler; 2) berkidiji ergini topragyň zolagyna (gysmyna/gözegçilik) tutumyna (zahwatka) gysyp goýbermek işi taslama kadasynyň doly siňdirilmegine çenli ýa-da “näsazlyk” (kesilme) ýagdaýyna çenli ýerine ýetirilmelidir, “gatama” ýagdaýy iş resminamalarynda we iş önümçiliginiň taslamasynda göz öňünde tutulan iň ýokary ýol berilýän basyşda 5 minutlap erginiň sarp ediliş mukdarynyň minutda 0,2 litrden (0,2 l/min) geçmeýän ýagdaýyna düşünilýär; 3) geçirijiligi boýunça birmeňzeş bolmadyk topraklarda, ilkinji nobatda suw geçirijiligi has ýokary bolan gatlaklary berkidilýär; 4) topragyň çuňlugy boýunça deňölçegli berkidilmegini üpjün etmek maksady bilen, guýulara (inýektorlara) ergini gysyp goýbermek işini 0,5 metrden geçmeýän uly bolmadyk zolaklar tutumlar (zahwatkalar) arkaly ýerine ýetirilýär tejribe işlerini geçirmekde oňyn netijeler bilen tassyklanan ýagdaýynda, 1,0 metrden köp bolmadyk zolak-tutumlary (zahwatkalary) ulanmaga ýol berilýär. 349. Mikrosementleriň inýeksiýasy arkaly berkidilen çägeli topraklaryň hiline gözegçilik şu Kadalaryň üç ýüz ýetmiş dokuzynjy böleginiň we 24-nji tablisanyň 1-nji böleginiň talaplaryny berjaý etmek bilen amala aşyrylýar. Berkidilen çägeli topraklaryň berklik we deformasiýa häsiýetnamalary boýunça hiline gözegçilik, barlag şurflary arkaly berkidilen elementler açylanda nusgalyk synaglary saýlap almak ýa-da barlag guýulary burawlananda kerni (gazuw nusgasyny) saýlap almak arkaly amala aşyrylýar. Berkidilen topragyň elementlerinden nusgalyklar çuňlugy boýunça her 0,5 metrden bir we kese kesiginde berkidilme radiusynyň 1/6 we 5/6 aralygyndaky çäkde azyndan iki nokatda saýlap alynmalydyr. Elementlerden saýlap alnan nusgalar boýunça, mikrosementleriň inýeksiýasy arkaly berkidilen topraklaryň gysylma garşylygynyň kadalaşdyryjy bahasynyň hasaplamasy we mikrosement arkaly çägeleri berkitmek boýunça tehniki şertleri, “Mikrosement arkaly çägeleri berkitmek boýunça tehniki şertler” atly şu Kadalara 9-njy goşundyda getirilýär. 350. Sement ergini gysyp goýberilende (inýeksiýa edilende), sement ergininiň çäge içindäki hereketi jümmüşinde onuň konsentrasiýasynyň yzygiderli peselmegi sebäpli, berkidilen çägäniň göwrümi, adatça, ergin siňdirilen göwrümden ep-esli az bolýar diýmek, berkidilen çägäniň radiusy hem degişlilikde ergin siňdirilen radiusdan kiçi bolup çykýar. Çägäniň berkidilme we siňdirilme radiuslarynyň (mümkin bolan göwrümlerini) arasyndaky tapawudy anyklamak we soňra iş resminamalaryna düzedişleri girizmek üçin tejribe-önümçilik işleriniň ýerine ýetirilmegi hökmandyr. 351. Taslama laýyk gelýän hasaplama berkidilme radiusyny üpjün etmek üçin, sarp edilýän berkidiji mikrosement ergininiň mukdaryna düzediş girizmek işi tejribe-önümçilik işleriniň netijeleri boýunça, “Çägäni berkitmegiň hasaplanan radiusyny üpjün etmek üçin zerur bolan sement ergininiň göwrümini kesgitlemek” atly şu Kadalara 10-njy goşundasyna laýyklykda amala aşyrylýar. Islendik suw geçirijiligi bolan we çyglylyk derejesindäki çägeleri berkitmek işi wibrosementleme tehnologiýasy boýunça umumy gurluşyk maksatly sementlerden taýýarlanan sement ergini arkaly amala aşyrylýar. Bu tehnologiýa ýokary ýygylykly wibroçümdüriji arkaly inýektory topraga çümdürmek we şol bir wagtda onuň üsti bilen sement erginini gysyp goýbermek prosesleriniň bir wagtda ýerine ýetirilmeginden ybaratdyr. 352. Wibrosementleme amala aşyrylanda emele gelýän toprak-sement sütüniniň diametri, inýektoryň gurluşyna baglylykda 0,3 metrden 0,8 metre çenli bolýar, daşyň berkligi bolsa, sementiň sarp edilişine baglylykda 10 MPa we ondan hem ýokary bolan görkezijilere ýetýär. 353. 16.3.40. Wibrosementleme amala aşyrylanda sement ergininiň sarp edilişi inýektoryň topraga çümdüriliş tizligi arkaly düzgünleşdirilýär, ol tizlik bolsa ortaça minutda 0,4 metrden 1,0 metre (0,4–1,0 m/min) çenli bolýar. Wibrosementleme tehnologiýasy boýunça erginler arkaly çägeli topraklary berkitmek işleri şu Kadalaryň üç ýüz ýetmiş ýedinji böleginiň düzgünlerine laýyklykda ýerine ýetirilmelidir. §3. Topraklaryň çüwdürme tehnologiýa (Jet -grouting) boýunça sementlenmesi 354. Çüwdürip sementleme (Jet grouting) usuly - topragy we sement garyndysyny şol bir wagtda dargatmak hem-de garmak maksady bilen ýokary basyşly sement garyndysynyň ýa-da howa akymly suwuň energiýasyny ulanmaga esaslanýar. Gatandan soň döredilýän garyndyda, belli bir berklik we deformasiýa häsiýetlerine eýe bolan toprak-sement Jet - paýa (topragy doly çalşan ýagdaýynda - sement paýasy) emele gelýär. Çüwdürip sementleme usuly çägeli, çägesöw, toýunsow we toýunly topraklarda ulanylyp bilner. Çüwdürilme tehnologiýany ulanmagyň şerti taslamada talap edilýän bellenen ölçeglere, görnüşlere (formalara) we materialyň, ýagny toprak-sementiň häsiýetnamalaryna eýe bolan toprak-sement elementlerini almakdyr: 1) bir okly gysylmadaky berkligi, deformasiýa moduly; 2) gözegçilik edilýän hil görkezijisi boýunça meýilnama we çuňluk boýunça berkidilmegiň birmeňzeşligi - bir okly gysylmadaky berkligi; 3) uzak möhletlilik (hemişelik gurnawlar üçin). 355. Binýat gurluşygynda çüwdürip sementleme usuly toprakdaky toprak-sement bilen doldurylan inçe boşluklar ýa-da özara kesişýän toprak-sement elementlerden (Jet-paýalardan) ybarat bolan gurnawlar görnüşindäki paýa nusgaly silindrik agramlar we süzülmeklige garşy örtükler görnüşinde ýerine ýetirilen toprak-sement elementlerinden ybarat wagtlaýyn we hemişelik göteriji, germewleýji we süzülmeklige garşy gurnawlar döredilende ulanylýar. Çüwdürip sementleme usuly bilen ýerine ýetirilen toprak-sement elementleri, olaryň gatylygyny goşmaça ýokarlandyrmak maksady bilen, toprak-sement gatamanka armatura karkaslaryny, metal turbalary, şwellerleri we demirbeton serdeçnikleri çümdürmek arkaly armirlemek bolýar. Çüwdürilme tehnologiýa şu aşakdaky esasy amallary öz içine alýar: 1) göni hereket paýanyň ýa-da örtügiň çuňlugyndan 1 metrden geçýän çuňluga çenli berkitme turbasyz ugrukdyryjy liderli guýyny burawlamagy; 2) yzyna hereket guralyň (monitoryň) ýokary galmagyna görä, toprakda ýarygyň ýa-da silindrik boşlugyň ýuwlup açylmagy we şol bir wagtyň özünde toprak şlamynyň sement ýa-da sement-toýun ergini bilen garyşdyrylmagy; 3) zerurlyk bolan ýagdaýynda – armirleýji elementiň çümdürilmegi. 356. Topraklaryň çüwdürip sementleme usuly bilen berkitmek işleri toprak şertlerine, niýetlenilişine, döredilen toprak-sement gurnawlarynyň talap edilýän berkligine we süzülme häsiýetlerine baglylykda şu aşakdaky üç tehnologiýa boýunça amala aşyrylyp bilner: 1) bir komponentli tehnologiýa (Jet1). Topragyň weýran edilmegi (bozulmagy) sement (sement-toýunsow ýa-da bentonit) ergininiň akymy arkaly amala aşyrylýar. Bu tehnologiýa ýerine ýetirilişi boýunça iň ýönekeý usul bolup, onuň kömegi bilen toprak-sementiň iň ýokary dykyzlygy we berkligi gazanylýar. Sementiň amatly sarp edilende (350-den 400 kg/m³ çenli), (Jet1) tehnologiýasy boýunça ýerine ýetirilen çägeli topraklardaky toprak-sementiň gysylma berkligi ortaça 5-den 10 MPa çenli, toýunsow topraklarda bolsa 4 MPa-dan köp bolmadyk görkezijini düzýär. Bu tehnologiýa boýunça alynýan elementleriň diametri Jet2 we Jet3 tehnologiýalaryna görä has kiçidir. Jet1 tehnologiýasy boýunça alnan toprak-sementiň dykyzlygy we berkligi iň ýokary (maksimal) bolup durýar; 2) iki komponentli tehnologiýa (Jet2). Berkidilen topragyň göwrümini artdyrmak üçin goşmaça hökmünde gysylan howanyň energiýasy ulanylýar. Sement erginini we gysylan howany monitora aýratynlykda bermek üçin iki gatly konsentrik (umumy merkezli) çukur ştangalar ulanylýar. Sement ergini içki ştangalar arkaly, gysylan howa bolsa daşky ştangalar arkaly berilýär we ol ergin akymynyň daşyndan emeli howa akymyny döredýär. Toprak-sementiň dykyzlygy we berkligi Jet1 tehnologiýasyna görä 10 - 15% pesdir. Howa akymy daş-töweregi gurşap alýan topragyň weýran ediji (bozulma) täsirini artdyrýar. 3) üç komponentli tehnologiýa (Jet3). Topragyň weýran edilmegi (bozulmagy) emeli howa akymyndaky suw akymy arkaly amala aşyrylýar, sement (sement-toýunsow) ergini bolsa aýratyn akym görnüşinde berilýär. Toprak-sementiň dykyzlygy we berkligi Jet1 we Jet2 tehnologiýalaryna görä ep-esli pesdir. Has köp ulanylýan tehnologiýalar -Jet1 we Jet2 şu Kadalaryň 22-nji tablisasynda topraklaryň görnüşine (nusgasyna) baglylykda toprak-sement sütünleriň diametrleri getirilendir. 22-nji tablisa Topragyň görnüşi Toprak-sement sütüniň diametri Jet1, mm Toprak-sement sütüniň diametri Jet 2, mm Toýunlar 400-600 600-1000 Toýunsow, çägesöw topraklar 600-700 1000-1200 Çägeler 700-900 1500-1800 Çagyl, jyglym daş 800-1000 1800-2000 Bellik – Has kuwwatly nasoslar, buraw sütünleri we ýörite forsunkalar ulanylanda 3000-4000mm diametrli, ýöne dykyzlygy we berkligi pes bolan Jet 3 toprak-sement sütünleri almak bolar. 357. Toprak-sement elementleriniň uzynlygy synag meýdançasynda elementi ýerine ýetirmek mümkinçiliginiň tassyklanylan şertinde ulanylýan buraw enjamynyň kuwwaty (mümkinçiligi) bilen çäklendirilýär. Synag işlerini geçirmek ýagdaýynda berkidilen topragyň geometrik görkezijilerine (parametrlerine), hiline (Jet-paýadaky toprak-sementiň berkligine we birmeňzeşligine), şeýle hem olaryň taslama talaplaryna laýyklygyna gözegçilik edilýär. Tejribe-önümçilik işleriniň netijeleri boýunça, zerurlyk bolan ýagdaýynda, taslama düzediş girizilýär, bu ýagdaýda tebigy şertlerdäki esasyň çökmegi boýunça hasaplamalar S ≤ Su şertinden ugur alnyp ýerine ýetirilýär, bu ýerde S – esasyň we desganyň bilelikdäki çökmegi, Su – esasyň we desganyň bilelikdäki çökmeginiň çäkli bahasydyr. Hasaplama Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2016-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda 952 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Binalaryň we desgalaryň esaslary” TGK 2.02.01-16 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak barada” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda çykaran MB-02 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Binalaryň we desgalaryň esaslary” TGK 2.02.01-16 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna (mundan beýläk - TGK 2.02.01-16 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary) laýyklykda alnyp barylýar. Çökmegiň çäkli mukdaryndan artykmaçlyk ýüze çykan ýagdaýynda, getirilen deformasiýa moduly esasynda berkidilen esasyň hasaplamasyny, şeýle hem materiallaryň berkligi boýunça hasaplama geçirilmelidir. 358. Topraklary çüwdürip sementlemek işlerini Jet1 görnüşli tehnologiýalary ulanmak bilen amala aşyrmak üçin zerur bolan tehnologik enjamlar toplumy şu aşakdakylary öz içine alýar: 1) çüwdürilme monitorly buraw enjamy (gurnamasyny); 2) ýokary basyşly sementleme nasosy; 3) gandaryjy (mikser) stansiýasy; 4) gatadýan ergini taýýarlamak üçin sementi saklamak we mehanizmleşdirilen görnüşde taýýarlama üçin ammary (silosy). Jet2 tehnologik görnüşi üçin, howa akymyny döretmek maksady bilen gysylan howany bermäge niýetlenen goşmaça kompressor zerur bolup durýar. 359. Toprak-sement sütünlerini gurmak ýagdaýynda topragyň weýran edilmegi (bozulmagy) we topragyň bir böleginiň sement ergini bilen çalşyrylmagy amala aşyrylýar. Şunda tehnologik guýynyň üsti bilen topragyň we sement ergininiň bir böleginiň (pulpanyň) daşary çykarylmagy ýüze çykýar. Pulpanyň göwrümi takmynan sement sarp edilişiniň göwrüminden takmynan 10-dan 30%-ini tutýar. 360. Topraklaryň berkidilişine gözegçilik edilende taslama laýyk gelmegiň umumy talaplaryndan başga-da, şu aşakdaky tehnologik görkezijiler (parametrler) görkezilmelidir: 1) monitoryň ýokary galma (göterilme) tizligi; 2) monitoryň öňündäki sement ergininiň basyşy; 3) ýuwujy we berkidiji erginiň suw/sement (S/S) düzümi; 4) guýynyň (paýanyň) uzynlyk birligine sement ergininiň (sementiň) sarp edilişi. 361. Çüwdürilme tehnologiýasy boýunça topraklary berkitmek üçin, esasan, suw/sement (S/S) gatnaşygy 1:1-den 0,6:1-e çenli bolan sement ergini ulanylýar. S/S 1 bolan erginler bolsa topragy gaty pes berklik bilen berkitmäge ukyplydyr. Işler ýerine ýetirilende, işleri guramagyň we geçirmegiň şu aşakdaky umumy düzgünlerine eýermek maslahat berilýär: 1) diametri 0,6-dan 1,2 metre çenli bolan toprak-sement elementlerini gurmak üçin amatly sement sarp etmegi – 350 - 500 kg/p.m.; 2) monitoryň ýokary galma tizligi topragyň görnüşine we häsiýetlerine baglylykda 10-dan 30 aýlaw/minut çenli aýlanma ýygylygy bilen 0,25 - 0,5 m/min çäklerinde üýtgetmegi; 3) sement erginini bermegiň basyşy topragyň görnüşine we häsiýetlerine baglylykda 60-dan 250 l/min çenli sarp edilişde 10-dan 70 MPa çenli aralykda düzgünleşdirilýär (sazlanýar). Jet2 we Jet3 tehnologiýalary üçin gysylan howanyň basyşy azyndan 0,8 MPa bolmalydyr; 4) toýunsow topraklaryň ýuwulmagyny (goparylmagyny) monitoryň ýokary galma tizligini 0,25 m/min çenli peseltmek we aýlanma sanyny 30 aýw/min çenli ýokarlandyrmak arkaly, gidroakymyň iň ýokary (maksimal) basyşynda ýerine ýetirmegi; 5) çägeli topraklaryň ýuwulmagyny (goparylmagyny) 10 MPa çenli peseldilen basyşda, 250 l/min çenli ýokarlandyrlan sarp edilişde we monitoryň ýokary galma tizligini 0,5 m/min çenli ýokarlandyrmak arkaly, şeýle hem monitoryň 10 aýw/min çenli pes aýlaw sanynda ýerine ýetirmegi. Çüwdürip sementleme tehnologiýasy boýunça ýerine ýetirilýän toprak-sement elementleriniň gurluşynda sementiň hasaplanan mukdaryny saýlap almagyň usulyýeti “Akymly sementleşdirme we çuň garyşdyrma tehnologiýalary boýunça ýerine ýetirilýän toprak-sement elementleriniň gurluşynda sementiň hasaplanan mukdaryny saýlap almagyň usulyýeti” atly şu Kadalara 11-nji goşundysynda berlendir. 362. Ýaşyryn işlere degişli bolan, topraklary çüwdürip sementleme usuly bilen berkitmek boýunça işleriň hiline gözegçilik we olaryň tamamlanandygyna baha bermek işleri, önümçiligiň ähli tapgyrlarynda yzygiderli ýagdaýda alnyp barylmalydyr. Synaglar üçin toprak-sement elementleriniň mukdary we ýerleşişi taslama edarasy tarapyndan bellenilýär, ýöne ol meňzeş toprak şertlerinde ýerleşýän her ýüz sany paýa üçin ikiden az bolmaly däldir. Toprak-sement elementlerinden nusgalary çuňluga tarap her 1 metrden bir we berkitme radiusynyň 1/3 we 5/6 aralygyndaky uzaklykda, keseligine kesimde azyndan iki nokatdan almalydyr. Toprak-sement elementlerinde toprak-sementiň berkligi, toprak-sement elementleriniň göwresinden (merkezinden we gyrasyndan) alnan nusgalary we kernleri bir okly gysylmada synag nusgalar alnandan soň 14 günden gijä galman, toýunsow topraklarda alnan kernler üçin 21 günden soň bahalandyrylýar. 363. Toprak-sement sütünleriniň gysylma boýunça takmynan berkligi dolduryja toprak bölejiklerine baglylykda (sementiň sarp edilişi birmeňzeş bolan şertde) şu aşakdakylar berilýär: 1) baglanyşyksyz topraklar üçin: 2) çagyl-jyglym daşly topraklar - 7,0-12,0 MPa; 3) çägeler - 4,0 7,0 MPa. Baglanyşykly ownuk dispersli topraklar üçin: 1) toýunsow we çägesöw topraklar - 3,0-4,0 MPa; 2) toýunlar - 1,0-3,0 MPa. Dökülýän topraklar we gyrmançalar öz düzüminde organiki goşundylaryň barlygy sebäpli peselen berkligi berýär. Çüwdürilme tehnologiýasy boýunça berkidilen nusgalaryň gysylma boýunça kadalaşdyryjy garşylygynyň bahasy (1) formula boýunça hasaplanýar: Rstb = 0,11R0 + 0,89Rt (1) bu ýerde: R0 we Rt - guýynyň okundan radius boýunça degişlilikdäki 1/3 we 5/6 aralykda saýlanyp alnan nusgalaryň gysylma garşylygynyň ortaça bahasy. 364. Çüwdürip sementleme usuly bilen berkidilen topraklaryň hili aşakdaky gözegçilik edilýän görkezijiler boýunça bahalandyrylmalydyr: 1) hil görkezijisi boýunça berkitmegiň birmeňzeşligi çuňlugy boýunça berkitmegiň her bir metri üçin (1) formula boýunça kesgitlenilýän, bir okly gysylmadaky berkligiň integral bahasy (taslama talaplaryndan kiçi bahalara tarap gyşarmalar 10%-den köp bolmaly däldir); 2) meýilnamada we çuňluk boýunça berkidilme galan meýdanlaryň (ýer bölekleriniň) ýoklugy boýunça berkitmegiň birmeňzeşligi (iş resminamalary bilen kesgitlenýär, ýöne 20%-den köp bolmaly däldir); 3) toprak-sement elementiň (talap edilýän hil görkezijisi bolan toprak-sement elementlerinden ybarat agramynyň) görnüşi (şekilleri) we ölçegleri, bekedilen topraklaryň berklik we deformasiýa häsiýetleri taslamanyň talaplaryna laýyk gelmelidir. Ölçenilýän bahalaryň azalmagy boýunça çäkli gyşarmalar – 10%-den geçmeli däldir. §4. Burawlap-garyşdyrmak tehnologiýasy boýunça topraklary sementlemek (çuň garyşdyrmak) 365. Çuňlukda garyşdyrmak tehnologiýasy boýunça topraklary sementleme usuly çägeleri, toýunsow topraklary, batgalyklary (gyrmançalary) we mele topraklary öz içine almak bilen, topraklarda diametri 0,8 - 1,0 metre çenli, uzynlygy bolsa 30 metrden köp bolmadyk silindr agramlary (paýalar) görnüşinde toprak-sement gurluşlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Burawlap-garyşdyrmak usuly bilen topragy berkitmek boýunça işleriň önümçiligi şu aşakdaky iki esasy amallardan ybaratdyr: 1) berkidiji suw-sement erginini taýýarlamak; 2) burawlap-garyşdyryjy enjam bilen sement erginini gysyp goýbermekden we aýlawly burawlama arkaly burawlap-garyşdyryjynyň topraga çümdürme (ýokary galma) ýagdaýyň toprak bilen garyşdyrmak. 366. Batgalyklary (gyrmançalary) burawlap-garyşdyrmak usuly bilen berkitmek boýunça işleri (batga-sement paýalary) ýörite burawlap-garyşdyryjy maşynlar ýa-da aýlawly burawlama stanoklar (gurallar) arkaly ýerine ýetirmelidir. Bu enjamlaryň aýlaýjy pursady batga-sement gazyklarynyň diametri 0,7 metre çenli bolanda 2,5 kNm-den (250 kgg m) az bolmaly däldir, diametri 1 metre çenli bolanda bolsa, 5 kNm-den (500 kgg m) az bolmaly däldir. Sement erginini gysyp goýbermek üçin azyndan 0,7 MPa-dan (7 kgg/sm²) basyşy ýokarlandyrýan we erginiň yzygiderli, ölçegli (dozalanan) berilmegini üpjün edýän ergin nasoslaryny ulanmalydyr. 367. Sement erginini taýýarlamagyň, daşamagyň we topraga bermegiň umumy wagt dowamlylygy erginiň gatap (gatamaga) başlama wagtyndan geçmeli däldir. 368. Batgalyklary (gyrmançalary) burawlap garyşdyrmak usuly bilen berkitmek boýunça işler ýerine ýetirilende tejribe işleriniň netijeleri boýunça kesgitlenen we taslamada bellenilen tehnologik düzgüne işçi serişdäniň aýlanma ýygylygyna we çyzykly süýşme tizligine hem-de sement erginini gysyp goýbermegiň yzygiderliligine, işçi serişdäniň geçiş sanyna we sement ergininiň sarp edilişine gözegçilik edilmelidir we olar takyk berjaý edilmelidir. Synaglar üçin meýilleşdirilen toprak-sement elementleriniň mukdary we ýerleşişi taslama edarasy tarapyndan bellenilýär, ýöne ol her ýüz sanysyna azyndan iki bolmalydyr. Berkidilen toprak-sement elementlerinden nusgalary çuňlugy boýunça her 1 metrden bir we berkitme radiusynyň 1/3 we 5/6 aralygynda, keseligine kesimde azyndan iki nokatdan alynmalydyr. Toprak-sement elementleriniň materialynyň berkligine baha bermegi elementden burawlap alnan (okdan 1/3 we 5/6 radius aralykda) kernleri bir okly gysylmada synamak arkaly, ol taýýarlanylandan azyndan 7 gije-gündiz geçenden soň ýerine ýetirilýär. Toprak-sement paýalaryň göterijilik ukybyny, olar taýýarlanylandan azyndan 28 gije-gündiz geçenden soň, oky boýunça gysyjy ýük basmak arkaly we TDS-5686-94 döwletara standartyna laýyklykda kesgitlenilýär. 369. Burawlap-garyşdyrmak usuly bilen bekedilen topraklaryň hili şu aşakdaky barlanylýan görkezijiler boýunça bahalandyrylmalydyr: 1) beketmegiň birsydyrgynlygy hil görkezijisi boýunça - bir okly gysylmada berkligiň integral bahasy boýunça, ol hem çuňlugy boýunça berkitmegiň her bir metri üçün “Mikrosement arkaly çägeleri berkitmek boýunça tehniki şertler” atly şu Kadalara 9-njy goşundysynyň (1) formulasy boýunça kesgitlenilýär (taslamadaky talaplaryndan kiçi bahalara tarap gyşarmalar 10%-den geçmeli däldir); 2) beketmegiň birsydyrgynlygy meýilnamada we çuňlugy boýunça bekedilmedik bölekleriniň ýoklugy boýunça berkitmegiň birsydyrgynlygy (taslamada bellenilýär, ýöne 10%-den geçmeli däldir); 3) talap edilýän hil görkezijisi (bekedilen topraklaryň berklik we deformasiýa häsiýetleri) bilen toprak-sement elementiniň uzynlygy taslamanyň talaplaryna laýyk gelmelidir. Ölçenilýän bahalaryň azalmagynyň çäkli gyşarmalary – 10%-den geçmeli däldir. Çuň garyşdyrmak tehnologiýasy boýunça ýerine ýetirilýän toprak-sement elementleriniň gurluşynda sementiň hasaplama mukdaryny saýlamagyň usulyýeti “Akymly sementleşdirme we çuň garyşdyrma tehnologiýalary boýunça ýerine ýetirilýän toprak-sement elementleriniň gurluşynda sementiň hasaplama mukdaryny saýlamagyň usulyýeti” atly şu Kadalara 11-nji goşundyda getirlen. §5. Gidroýarylma düzgüni boýunça inžeksiýa arkaly topraklary güýçlendirmek 370. Gatylaşdyryjy ergin bilen doldurylýan ýerli ugrukdyrylan gidroýarylmalary (dik, kese, ýapgyt) emele getirmek arkaly desgalaryň esas topraklaryny güýçlendirmek usuly toprak massiwini (agramyny) dykyzlandyrmak (armirlemek), onuň dartgynly-deformirlenen ýagdaýyny (mundan beýläk - DDÝ) üýtgetmek, şeýle hem plitaly binýatlarda gurulýan binalaryň we desgalaryň gyşarmasyny düzetmek üçin çägeli, toýunly, toýunsow, dökülýän topraklarda we mele (lýoss) topraklarda ulanylmalydyr. Ýerli ugrukdyrylan gidroýarylmalar arkaly toprak massiwlerini (agramlaryny) dykyzlandyrmak (armirlemek) we toprak massiwiniň DDÝ-ny üýtgetmek boýunça işler şu babyň §1 paragrafynda berlen düzgünleri berjaý etmek bilen ýerine ýetirilmelidir. Gidroýarylmalar tehnologiýasy boýunça topraklary güýçlendirmek we toprak massiwiniň (agramynyň) DDÝ-ny üýtgetmek işleri, zolaklary tutumlary (zahwatkalary) islendik yzygiderlilikde birnäçe gezek işlemäge mümkinçilik berýän manžetly sütünler we çümdürilýän inýektorlar bilen enjamlaşdyrylan guýular arkaly gatadýan ergini gysyp goýbermek arkaly ýerine ýetirilmelidir. Gidroýarylmalar tehnologiýasy boýunça erginleri guýular ýa-da inýektorlar arkaly gysyp goýbermegiň usulyny saýlap almak, berkidilýän massiwiň (agramyň) hasaplama ölçeglerine, geologik we gidrogeologik şertlere, şeýle hem tejribe işleriniň netijelerine baglylykda taslamada bellenilýär. 371. Berkitme we topraklaryň DDÝ-ny üýtgetme, ýerli ugrukdyrylan gidroýarylmalaryň araçäklerinde deňölçegli paýlamak üçin, berkidiji erginiň guýulara (inýektorlara) gysyp goýbermek işini beýikligi 1 metrden geçmeýän zolaklarda tutumlarda (zahwatkalarda) ýerine ýetirmelidir. Degişli esaslandyrma bolanda, synag (eksperimental) meýdançasynda geçirilen tejribe işleriniň netijeleri boýunça beýikligi 1 metrden geçýän zolaklary tutumlary (zahwatkalary) ulanmaga ýol berilýär. Guýularyň (inýektorlaryň) arasyndaky aralyklar taslamada bellenilýär we adatça, geomassiw üçin 2,5 metrden we geotehniki barýer üçin bolsa, 1 metrden geçmeli däldir. 372. Topraklaryň ýokary hilli dykyzlandyrmak üçin işler ýerine ýetirilende güýçlendirilýän massiwiň (agramyň) çäklerinde gysyp goýberilýän erginleriň çäklendirilmegi üpjün edilmelidir. Munuň üçin massiwiň (agramyň) daşky kontury (gözegçilik çyzygy) boýunça ýerleşen guýulary (inýektorlary) deslapdan sementlemek arkaly, erginleriň berkidilýän massiwiň (agramyň) konturyndan daşyna çykyp gitmeginiň öňüni alýan gorag zolagynyň döredilmegi göz öňünde tutulmalydyr. Konturyň içindäki erginleriň inýeksiýasy guýulary yzygiderli ýakynlaşdyrmak usuly bilen ýerine ýetirilmelidir (şu babyň §2 paragrafy). Topraklar dykyzlandyrylanda erginleri gysyp goýbermek işini biraz ýük astynda ýerine ýetirmelidir (şu babyň §2 paragrafy). Topraklar dykyzlandyrylanda we olaryň DDÝ-y üýtgedilende guýulardaky (inýektorlardaky) zolaklara tutumlara (zahwatkalara) erginleri gysyp goýbermek işi taslama göwrüminde ýerine ýetirilmelidir. Bozulma (erginiň siňmezlik/kabul edilmezlik) ýagdaýy ýüze çykanda (50%-den köp bolmadyk nasoslap goýberlende), şol bir zolaga taslamanyň ýerine ýetirilmän galan göwrümini gaýtadan inžeksiýa etmelidir. Ulanmaly göwrümi täze burawlanan golaýdaky guýy (inýektor) arkaly amala aşyrmaga ýol berilýär. Erginiň siňmezligi (bozulma) hökmünde şu Kadalaryň üç ýüz otuz bäşinji böleginde göz öňünde tutulan şertlere degişlidir. 373. Topraklar dykyzlandyrylanda we olaryň DDÝ-y üýtgedilende taslama parametrleriniň hem-de işleri ýerine ýetirmek boýunça tehniki şertleriň netijeliligini barlamak tejribe-önümçilik meýdançasynda amala aşyrylýar. Gidroýarylmalar arkaly dykyzlandyrylan topraklaryň fiziki-mehaniki häsiýetleriniň üýtgeşmesiniň hiline baha bermek we olaryň taslama ölçütlerine (görkezijilerine) laýyklygyny barlamak şu Kadalaryň 24-nji tablisasynyň birinji we dördünji böleklerinde berilýär. Gidroýarylma tehnologiýasy boýunça toprak massiwini (agramyny) dykyzlandyrmak we onuň DDÝ-ny üýtgetmek boýunça işleriň ýerine ýetirilmegi, ulanylýan materiallaryň giriş barlagyny, taslama parametrleriniň ýerine ýetirilişiniň we barlag işleriniň netijeleriniň degişli žurnallarda hem-de bellenilen tertipdäki beýleki ýerine ýetiriş resminamalarynda hasaba alynmagy bilen utgaşdyrylmalydyr. 374. Topraklaryň esaslarynyň DDÝ-nyň kompensasion (öwezini dolujy) üýtgemesi, gatadýan erginiň guýular (inžektorlar) arkaly topraga birnäçe gezek inžeksiýa etmek arkaly amala aşyrylýar. Geotehniki barýeriň konturlaryndan (araçäklerinden) daşyna erginiň çykyp gitmegini azaltmak üçin, wagtyň geçmegi bilen şepbikligi çalt ýokarlanýan ergin düzümlerini ulanmaga ýol berilýär. Inžeksiýa tapgyrlarynyň sany geotehniki monitoringiň netijeleri boýunça düzedilýär. Kompensasion (öwezini dolujy) gysyp goýbermegiň ýerine ýetiriliş hilini kesgitleýän esasy parametr goralýan desgalaryň gurnawlarynyň we topraklaryň esaslarynyň çökmegine hem-de deformasiýalaryna ýol bermezlik ýa-da olary duruzmak bolup durýar. 375. Kompensasion (öwezini dolujy) gysyp goýbermede inýektoryň beýikligi boýunça inýeksiýa zolaklarynyň aralygyndaky uzaklygy 300 mm-den köp bolmadyk ölçegde kabul etmelidir. Her bir zolaga birwagtda edilýän inýeksiýanyň göwrümi – 30 litrden 50 litre çenli bolmalydyr. Inýektorlaryň arasyndaky aralygy tejribe meýdançasynda ýerine ýetirilen işleriň esasynda ýarylma boşluklarynyň (sement linzalarynyň) emele gelýän zolaklarynyň biri-biriniň üstüni ýapmagyny hasaba alyp kabul etmelidir, ýöne ol 1 metrden köp bolmaly däldir. Kompensasion (öwezini dolujy) gysyp goýbermegi ýerine ýetirmek üçin erginiň düzümini topragyň şu Kadalaryň 23-nji tablisasynda görkezilen görnüşine baglylykda kabul etmek hödürlenilýär. 23-nji tablisa Dykyzlandyryl ýan topragyň görnüşi Gidrologiki şertler Erginleriň hödürlenilýän görnüşi Toýunlar, toýunsow, mele topraklar Suwlulandyrylan Sement ergini + bentonit 3% çenli, S/S = 1,1 Sement ergini + 50% çenli + СЗ 0,5% çenli, S/S = 1 Sement ergini (S/S= 0,8) + natriý silikaty 5% çenli Sement ergini (S/S = 0,7) + СЗ 0,5% çenli Suwlulandyrylmadyk Sement ergini + bentonit 5% çenli, S/S = 1,25 Sement ergini + до 50% çenli + СЗ 0,5% çenli, S/S = 1 Sement ergini (S/S = 0,8) + natriý silikaty 3% çenli Sement ergini (S/S = 0,7) + СЗ 0,5% çenli Çägeler, çägesöw topraklar Suwlulandyrylan Sement ergini + bentonit 5% çenli, S/S + б = 1,25 Sement ergini + 50% çenli + СЗ 0,5% çenli, S/S = 1 Sement ergini (S/S = 0,8) + natriý silikaty 5% çenli Sement ergini (S/S = 0,7) + СЗ 0,5% çenli Suwlulandyrylmadyk Sement ergini + bentonit 10%, S/S = 1,5 Sement ergini + 50% çenli+ СЗ 0,5% çenli, S/S = 1 Sement ergini (S/S = 0,8) + natriý silikaty 3% çenli Sement ergini (S/S = 0,7) + СЗ 0,5% çenli §6. Topraklary himiki usul bilen berkitmek 376. Topraklary himiki usul bilen berkitmek işi topragyň öýjüklerine berkidijileri organiki däl (natriý silikaty) we organiki (sintetik smolalar) polimerleriň suwly erginlerini siňdirmek arkaly ýerine ýetirilýär. Topraklaryň natriý silikatynyň esasynda berkidilmegine silikatlaşdyrmak, karbamid smolalarynyň esasynda berkidilmegine bolsa - smolalaşdyrmak diýilýär. Topraga yzygiderli görnüşde iki ergini (berkidijini we gatadyjyny ýa-da topragyň aktiwatoryny) gysyp goýbermek arkaly berkitme usulyna iki erginli usul, alnan gatadyjy bilen garylan ýeke-täk berkidijini gysyp goýbermek usulyna bolsa bir erginli usul diýilýär. Kremnezýomlaryň, akrilatlaryň we poliuretanlaryň esasyndaky erginleri ulanmaga ýol berilýär. Bir erginli we iki erginli silikatlaşdyrmak usuly, degişlilikde 0,3-den 0,5 MPa-a çenli we 0,5-den 8,0 MPa-a çenli berkidilen topragyň berkligini (mundan beýläk - BTB) gazanmak bilen çägeleri berkitmäge, şeýle hem 0,5-den 2,0 MPa-a çenli BTB-ni gazanmak bilen mele topraklary bir erginli silikatlaşdyrmak usuly arkaly berkitmäge mümkinçilik berýär. Bir erginli smolalaşdyrmak usuly bolsa, 0,5-den 5 MPa-a çenli BTB-ni gazanmak bilen çägeleri berkitmäge mümkinçilik berýär. 377. Inžeksiýa işlerini ýerine ýetirmegiň tertibi berkidilýän massiwiň (agramyň) gurnawlaryna, meýdançanyň toprak we gidrogeologik şertlerine baglylykda taslamada we iş önümçiliginiň taslamasy şu aşakdaky düzgünleri berjaý etmek bilen bellenilýär: 1) bar bolan desgalaryň aşagyndaky topraklary berkitmekde esasy işe başlamazdan ozal, berkidiji reagentleriň syzylyp gitmeginiň öňüni almak çäresi hökmünde binýatlar bilen esasyň galtaşýan zolagynda (umumygurluşyk maksatly sementler arkaly) kömekçi sementleme işleri ýerine ýetirilýär; 2) berkidiji erginleri gysyp goýbermek işini, toprakda ýarylmalaryň emele gelmegine we erginiň berkidilýän zolagyň araçäklerinden daşyna çykmagyna sebäp bolmajak sarp ediliş we basyş görkezijileriniň mukdaryny berjaý etmek tetipde ýerine ýetirilýär; 3) suwly çägeli topraklar berkidilende inžeksiýa işleriniň yzygiderliligi gysyp goýberilýän reagentler tarapyndan ýerasty suwlaryň toprak massiwiniň (agramynyň) berkidilýän göwrüminden gysylyp çykarylmagyny kepillendirilen ýagdaýda üpjün etmelidir, berkidilýän massiwiň (agramyň) içinde ýerasty suwlaryň gysylyp galmagyna ýol berilmeýär; 4) geçirijiligi boýunça birmeňzeş bolmadyk topraklarda geçirijiligi has ýokary bolan gatlagy ilkinji nobatda berkidilýär; 5) inžeksiýa işleriniň ýerine ýetirilýän meýdançalarynyň golaýynda ýerleşýän ýerasty inženerçilik kommunikasiýalarynyň (kollektorlaryň, kabel we telefon kanallarynyň, zeýkeşleriň we şuňa meňzeş) gatan reagentler bilen hapalanmagyna we olara şikes ýetirilmegine ýol berilmeýär; 6) ýuwujy suwlar we tehniki galyndylar ýörite gaplara nasos bilen sordurylyp guýulmalydyr, olar desganyň meýdançasyndan daşyna çykaryp, munuň üçin bellenilen ýerlerde boşadylýar. Topraklary berkitmegiň taslama (hasaplama) parametrleriniň we işleri ýerine ýetirmek boýunça tehniki şertleriň dogrulygyny barlamak işleri ýerine ýetirmegiň ilkinji tapgyrynda tejribe meýdançasynda barlag berkitmesini amala aşyrmak arkaly takyklanylýar. 378. Erginleri topraga gysyp goýbermek işini, erginleriň ýer ýüzüne çykmagynyň öňüni alýan ýüküň astynda ýerine ýetirilmelidir. Bu ýük hökmünde berkidilen massiwiň üstünde galyňlygy 1,5 metrden az bolmadyk hasaplama toprak gatlagy bolup biler, alnan şeýle gatlak bolmadyk ýagdaýynda bolsa – agramy we berklik häsiýetleri boýunça erginleriň ýer ýüzüne ýarylyp çykmagynyň öňüni almaga ukyply bolan, betondan ýa-da başga bir materialdan ýörite gurnalan örtük bolup biler. Erginleriň ýer ýüzüne ýa-da inženerçilik kommunikasiýalarynyň kanallaryna ýarylyp çykmak ýagdaýlary ýüze çykanda, ergini gysyp goýbermegi derrew duruzmak we awtorlyk gözegçiligi tarapyndan bellenilen, ýarylmalary aradan aýyrmak boýunça çäreleri ýerine ýetirmek zerurdyr. 379. Topraklary berkitmegiň hiline gözegçilik etmek berkitmäniň bitewiligi we birmeňzeşligi, berkidilen massiwiniň (agramynyň) görnüşleri we ölçegleri, şeýle hem berkidilen topraklaryň berklik, deformasiýa we başga-da fiziki-mehaniki häsiýetleri babatynda şu aşakdaky çäreler arkaly üpjün edilýär: 1) “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2017-nji ýylyň 01-nji iýunynda çykaran 69-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Topraklar. Dykyzlygy häsiýetlerini kesgitlemek. Bir zolakly kesiş usullary” atly TDS-12071-2014 döwletara standartyna (mundan beýläk – TDS-12071-2014 döwletara standart) laýyklykda barlag şurflaryny gazyp açmak; 2) TDS-12071-2014 döwletara standartyna laýyklykda nusgalary saýlap almak bilen barlag guýularyny burawlamak; 3) “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2024-nji ýylyň 06-njy dekabrynda çykaran 278-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Topraklar. Nusgalary saýlamak, gaplamak, daşamak we saklamak” atly TDS-12248.1-2020 döwletara standartyna laýyklykda nusgalary barlamak we synagdan geçirmek; 4) “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2022-nji ýylyň 03-nji ýanwarynda çykaran 02-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Topraklar. Dinamiki zondirleme meýdançasynyň synag usuly” atly TDS-19912-2012 döwletara standartyna laýyklykda statik ýa-da dinamiki zondirleme arkaly berkidilen massiwi (agramy) synagdan geçirmek; 5) bellenen tertipde tassyklanan gurluşyk üçin inžener gözlegleri babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň talaplaryna laýyklykda geofiziki usullar arkaly berkidilen massiwleri (agramlary) barlamak (öwrenmek). Taslamada berlen berkidilme şekillerini, ölçeglerini we birmeňzeşligini gözegçilikde saklamak boýunça çäreler işçi resminamalarynda we iş önümçiliginiň taslamasynda göz öňünde tutulmalydyr. Barlag guýularynyň (burawlama, zondirleme) sany işçi guýularyň umumy sanynyň azyndan 3-5%-ini, barlag şurflarynyň sany bolsa berkidilen topragyň her 1 müň m³-ine azyndan bir şurfy düzmelidir, ýöne ol bütin bir desga (obýekt) üçin iki şurfdan az bolmaly däldir. §7. Тopraklary termiki taýdan berkitmek 380. Toýun bölejikleriniň mukdary 7%-den az bolmadyk we suwdan doýgunlylyk koeffisiýenti 0,5-den köp bolmadyk mele we toýunsow topraklaryň çökmäge hem-de çişmäge ukyply häsiýetlerini aradan aýyrmak üçin, olary termiki taýdan bişirmek usuly ulanylýar. Topraklary bişirmek üçin guýulary burawlamak işini buraw guralynyň täsiri sebäpli guýynyň diwarlaryndaky topraklaryň dykyzlanmagyny bütinleý aradan aýyrýan düzgünde ýerine ýetirmelidir. 381. Guýularda topraklary bişirmek işlerine başlamazdan ozal, hökmany suratda guýularyň gaz geçirijilik ukybynyň synagy ýerine ýetirilmelidir. Gaz geçirijiligi pes bolan gatlaklar ýüze çykarylan ýagdaýynda, şeýle gatlaklary kesip aýyrmak we üflemek ýa-da guýynyň şol böleginiň süzülme meýdanyny ulaltmak arkaly, guýynyň gaz geçirijilik ukybyny deňlemek boýunça çäreleri görmelidir. 382. Bişirmek ýagdaýynda gysylan howanyň we ýangyjyň sarp edilişini, gazlaryň iň ýokary (maksimal) temperaturasyny üpjün edýän we şol bir wagtda guýynyň diwarlaryndaky topraklaryň eremegine sebäp bolmajak çäklerde düzgünleşdirmelidir. Gazlaryň basyş görkezijileri we temperatura bahalary iş žurnalynda bellige alynmalydyr. Toprakda emele gelen jaýryklar arkaly gazlaryň ýa-da howanyň ýer ýüzüne syzylyp çykandygynyň anyklanylan ýagdaýynda, bişirmek işlerini wagtlaýyn duruzmalydyr, jaýryklary bolsa çyglylygy tebigy çyglylykdan köp bolmadyk tebigy toprak bilen beklemelidir. Eger-de konturda gurnalan termojübütler bellenilen hasaplama temperaturasyna ýetilendigini, ýöne onuň 350°C-den az bolmaly däldigini bellige alan bolsalar, onda massiwiň (agramyň) emele gelme prosesi tamamlanan hasaplanmalydyr. 383. Topraklary berkitmek boýunça işler ýerine ýetirilende barlag edilýän görkezijileriň düzümi, çäkli gyşarmalar, barlag göwrümi we usullary şu Kadalaryň 24-nji tablisasyna laýyk gelmelidir. 24-nji tablisa Теhniki talaplar Çäkli gyşarmalar Gözegçilik (usuly we göwrümi) 1. Gözegçilikli berkidilme arkaly taslama (hasaplama) görkezijileriniň we işleriň ýerine ýetirilmeginiň tehniki şertleriniň dogrulygyny barlamak Gözegçilikli berkidilme netijesinde berkidilen toprak massiwiniň (agramynyň) hili (berkidilmäniň bitewiligi we birmeňzeşligi, massiwiň görnüşi we ölçegleri, berkidilen topraklaryň berklik we deformasiýa häsiýetnamalary) taslamanyň talaplaryna laýyk gelmelidir. Ölçenilýän ululyklaryň çäkli gyşarmalary – minus 10%-den köp bolmaly däldir. Ölçeg usuly we wizual (daşyndan görüp) taslama çözgütleri boýunça Gözegçilikli berkidilmäniň göwrümi we gözegçilik edilýän görkezijileriň nomenklaturasy desganyň ähmiýetine hem-de berkidiş işleriniň göwrümine baglylykda taslama arkaly bellenilýär. Görkezmeler bolmadyk ýagdaýynda, buraw-garyş usulyndan başga ähli usullar üçin, gözegçilik inýektorlaryň ýa-da tehnologik guýularyň sanynyň 3%-i möçberindäki gözegçilik guýulary we berkidilen topraklaryň häsiýetnamalaryny barlaghanada kesgitlemek, nusgalary saýlap almak hem-de wizual (daşyndan görüp) gözden geçirmek arkaly bir şurf bilen amala aşyrylmalydyr 2. Başlangyç iş materiallarynyň häsiýetnamalary (dykyzlygy, konsentrasiýasy, temperaturasy we taslama arkaly bellenilen beýleki görkezijiler) Taslama çözgütleri boýunça. Görkezilmedik bolanda taslamadan gyşarmalar - 3 %-den köp däldir Ölçeg usuly, taslama çözgütleri boýunça 3. Iş materiallarynyň basyşy we sarp edilişi, şeýle hem taslama arkaly bellenilen we gözegçilikli berkidilme bilen barlanylan beýleki tehnologik görkezijiler Şonuň ýaly, ýöne 5 %-den köp däldir Şonuň ýaly. 4. Berkidilen massiwiň hil görkezijileri (berkidilmäniň bitewiligi we birmeňzeşligi, berkidilen massiwiň görnüşi we ölçegleri, topraklaryň berklik, deformasiýa häsiýetnamalary we taslamada göz öňünde tutulan beýleki görkezijiler) Taslama laýyk gelmelidir Şonuň ýaly, berkidilmäniň ähli usullary üçin (buraw-garyş usulyndan başga) görkezmeler bolmadyk ýagdaýynda, gözegçilik hereket edýän inýektorlaryň, tehnologik guýularyň we gazyklaryň sanynyň 3%-i möçberindäki gözegçilik guýulary arkaly ýa-da berkidilen topragyň her 3 müň m³ möçberine bir şurf hasabyndan, ýöne bir desga üçin ikiden az bolmadyk şurflar bilen amala aşyrylmalydyr; Aýratyn jogapkärli desgalar üçin we işleriň göwrümi 50 müň m³-den köp bolanda, bulardan başga-da, statik ýa-da dinamiki zondirleme (gözleg guýularyny burawlama) we berkidilen massiwleri geofiziki usullar bilen barlamak amala aşyrylmalydyr. Hereket edýän desgalaryň esaslarynyň ýa-da binýatlarynyň topraklary inýeksion usul bilen berkidilende – berkidilme işlerinden öň, işleriň dowamynda we ondan soň binýatlaryň çökmegine hem-de beýleki deformasiýalaryna gural (instrumental) arkaly gözegçilikleri geçirmek 5. Inýektorlaryň ýa-da inžeksion guýularyň ýerleşdiriljek ýerlerini meýilnamada bellemekde ýol berilýän çyzykly gyşarmalar Taslama çözgütleri boýunça. Şeýle görkezme bolmadyk ýagdaýynda – belgileniş nokatlarynyň arasyndaky ölçenilýän aralygyň 3%-inden köp bolmaly däldir Şonuň ýaly 6. Inýektorlaryň we inýeksion guýularyň taslama ugrundan ýol berilýän çyzykly gyşarmalary: 1) inýektorlar çuňluga batyrylanda, guýular 5 metre çenli burawlananda 2) çuňluk uly bolanda 1% çuňlugyň 0,5% çuňlugyň Guýularyň gyşarma burçuny (egriligini) her 5 metrden bir ölçemek 7. Toplamada suwuk reagentleriň temperaturasy 5ºС-dan pes bolmaly däldir. Ölçeg usuly, döwürleýin (her çalşykda) 8. Toplamanyň taslama tertibi (basyş we sarp ediliş) Taslama laýyk gelmelidir. Tertibiň üýtgedilmesi taslama edarasynyň rugsady bilen ýol berilýär, onuň täze toplama tertibini kesgitlemegi bilen. Şonuň ýaly (taslama çözgütleri boýunça). Basyş hemişelik 9. Bir erginli iki komponentli silikatlaşdyrmak we smolalaşdyrmak üçin taslamada bellenilen geliň emele gelme wagtyndan gyşarmalar ±20 %-den geçmeli däldir. Uly gyşarmalar bolan ýagdaýynda, garyndy komponentleriniň gatnaşygy şoňä görä gönükdirmelidir. Ölçeg usuly, her bir girmede 10. Sementlemede inýeksion erginleriň hil görkezijileri Taslama laýyk gelmelidir Şonuň ýaly 11. Sementlemede ergini gysyp goýbermegiň yzygiderliligi Şu Kadalara üç ýüz otuz dokuzynjy bölegiň talaplaryna laýyk bolmalydyr Tutuş (ähli guýulary) bellige alyş 12. Daşly topraklaryň sementlemesiniň hil görkezijileri Taslamada bellenen hil ölçütlerine laýyk gelmelidir Ölçeg usuly we daşyndan görüp (taslama çözgütleri boýunça) 13. Gyrmança-sement paýalaryň göterijilik ukybyny statik usul bilen synag etmek Taslama laýyk gelmelidir Ölçeg usuly, taslama çözgütleri boýunça, paýalar gurlandan soň 28 gije-gündizden öň bolmaly däldir. Şeýle görkezmeler bolmadyk ýagdaýynda – TDS-5686-94 döwletara standartyna laýyklykda, paýalaryň umumy sanynyň 1%-i möçberinde, ýöne bir desga üçin ikiden az bolmadyk paýany statik agram (ýük) bilen synag etmek arkaly ýa-da “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2019-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda çykaran, 276-iş belgili buýrugy ilen tassyklanan, “Betonlar. Barlag nusgalary boýunça berkligiň anyklanmagynyň usullary” atly TDS 1281-2019 döwlet standartyna laýyklykda, paýalaryň umumy sanynyň 0,5%-i möçberinde, ýöne bir desga üçin ikiden az bolmadyk paýanyň kernlerini (gözleg nusgalaryny) burawlap almagyň hem-de olary bir okly gysylmada synag etmek arkaly amala aşyrylmalydyr; ýa-da usullaryň takyklygy we ygtybarlylygy bilen kesgitlenilýän möçberde dargatman barlamak (gözegçilik etmek) usullary arkaly amala aşyrylmalydyr 14. Burawlap-gatyşdyrmak usuly bilen gyrmançalary berkitmegiň tehnologik düzgüni (işçi böleginiň aýlanyş ýygylygy, çyzykly süýşme tizligi we geçiş sany, gysyp guýmagyň yzygiderliligi, sement ergininiň umumy sarp edilişi we ergininiň dykyzlygy). Taslama we tejribe işleriniň netijelerine laýyk gelmelidir Ölçeg usuly we daşyndan görüp, bellige alyş 15. Topraklary termiki usul bilen berkitmekde guýudaky gazlaryň temperaturasy we basyşy Taslamada bellenen çäklerde bolmalydyr Ölçeg usuly, üznüksiz 16. Termiki usul bilen berkidilen massiwde topragyň berkligi, deformasiýalylygy we suwa durnuklylygy Taslamada bellenenlerden pes bolmaly däldir Şonuň ýaly, her bir berkidilen massiw XIII bap. Gidroizolýasiýa işler 384. Ähli gidroizolasiýa işleri gurluşyk meýdançasynyň ýerli inžener-geologik şertleri we gurluşygyň ýerasty böleginiň gurnawlary göz öňünde tutulyp işlenip düzülen taslama hem-de iş önümçiliginiň taslamasyna berk laýyklykda ýerine ýetirilmelidir. Binýat plitasy gurnalmazyndan öň, gidroizolasiýanyň islendik görnüşi üsti tekizlenen beton ýa-da sement-çäge taýýarlygynyň üstüne çalynmalydyr. Gidroizolasiýa gurnalandan soň, ol mehaniki zeper ýetmelerden sement-çäge tekizleýjisi (stýažkasy) arkaly goralmalydyr. 385. Gidroizolasiýa işleri guradylan binýat çukurda, gury üstüň ýüzünde ýerine ýetirilmelidir. Otrisatel temperaturada gidroizolasiýa üstünde gar we buzlamalar bolmaly däldir. 386. Binýat plitasynyň göwresinden geçýän zeýkeş ulgamlarynyň gözegçilik guýulary, paýalaryň binýat plitasy bilen sepleşýän ýerleri, keseleýin gidroizolasiýanyň göni geçýän gurnamalary we gurnawçylyk elementleriniň binýat plitasy bilen kesişýän beýleki ýerlerinde keseleýin gidroizolasiýanyň görkezilen gurnawlar bilen ýokary hilli we ygtybarly sepleşmegine aýratyn üns berilmelidir. Dikleýin üstüň kese üste geçýän ýerleri (daşky burç) azyndan 50 mm radius bilen tegelek bolmalydyr. 387. Gurluşygyň ýerasty bölegi binýat çukurda “toprakdaky diwar” ýa-da toprak-sement paýalaryndan gurnalan germewleriň goragy astynda gurlanda we desganyň göteriji karkasy dirli derejeli çökmä sezewar bolup biljek ýagdaýynda, binýat plitasynyň düýbünden geçýän gidroizolasiýa düşegi germewleriň tekizlenen içerki üstüne, binýat plitasynyň ýokarky böleginden biraz ýokardan geçirilmelidir. Gurluşygyň çöküşi netijesinde gurluşyk döwründe-de, ulanyş döwründe-de gidroizolasiýa materialyny uzaltmak ukyby taslamada göz öňünde tutulan ýörite kompensator tarapyndan üpjün edilmelidir. Kompensator binýat plitasynyň aşagynda, onuň germewleri bilen sepleşýän ýerinde ýerleşdirilýär. Kompensatoryň pes hilli ýerine ýetirilmegi gidroizolasiýa materialynyň dargamagyna getiryär. 388. Gidroizolasiýa desgalaryň daşky üstüne çalynýan ýagdaýynda, ol gorag diwarjygynyň guralmagy (zeýkeş materialynyň listleri, sintetik örtükler we şuňa meňzeşler) arkaly mehaniki zeper ýetmelerden goralmalydyr. Binýat çukuryň gapdallaryny yza garşy gömmek işleri ýerine ýetirilende, gidroizolasiýanyň abat saklanmagyny üpjün edýän çäreler göz öňünde tutulmalydyr. 389. Desgalary ýerasty suwlardan goramak üçin bentonit matalary ulanylanda, olaryň ähtimal bolan ilkinji çyglylygy almagyndan öň, gury ýagdaýda basylyp saklanmagy ýerine ýetirilmelidir (sebäbi erkin ýagdaýda öllenip, soňra guradylan bentonit özüniň süzülmäge garşy häsiýetlerini ýitirýär). 390. Binýat plitasynyň sepleşýän bölekleriniň çöküş tapawudy uly bolup, olar sepleşikleriň gurnawlary arkaly öwezi dolunmaly bolan ýagdaýynda, deformasiýa sepleşikleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berilmelidir. Metaldan gidroizolasiýa ulanylanda, sepleriň hiline we berkligine yzygiderli gözegçilik hemişelik esasda alnyp barylmalydyr. Metalyň aşagyndaky boşluklary sement ergini bilen doldurulmak arkaly alynmalydyr. Binýat plitasynda trapesiýa şekilli kesişýän suw ýygnaýan guýujyklar ýa-da lift şahtalarynyň çuňluklary bar bolsa gidroizolasiýa kontury (görnüşi) bu çuňluklaryň daşyndan bökdençsiz akmalydyr. 391. Binýat plitasynyň “sowuk” seplerinde, şeýle hem onuň “toprakdaky diwar” ýa-da desgalaryň daşky diwaryna sepleşýän ýerinde ýörite gidroşponkalary (suw saklaýjy zolaklary) gurnamak zerurdyr. Polimer materiallardan taýýarlanylan rulonly (düýrlenen) gidroizolasiýasyny gurnamazdan öň, taýýarlanylan beton üstüne azyndan 500 g/m² dykyzlygy bolan geotekstiliň bölüji gatlagy goýulmalydyr. Polimer materiallardan taýýarlanylan gidroizolasiýa polotnolarynyň kebşirleniş hilini barlamak üçin kebşirleme sepleriniň dürli ýerlerinden örtügiň nusgalyklaryny saýlap almaly we gurluşyk işleriniň barşynda şol sepleriň berkligini sertifikatlaşdyrylan barlaghanada yzygiderli synagdan geçirmelidir. 392. Jogapkärçilik desgalarynyň 3-nji derejesindäki (TDS-27751-2014 döwletara standartyna laýyklykda) sertifikatlaşdyrylan edaranyň gatnaşmagynda gidroizolasiýa işleriniň ylmy taýdan utgaşdyrylmagyny gurnamalydyr. 393. Gurluşygyň bütin döwrüniň dowamynda gurluşyk meýdançasynda iş resminamalarynyň laýyklygyna hem-de getirilýän gidroizolasiýa materiallarynyň hiline giriş gözegçiligi, taslama çözgütleriniň we gidroizolasiýany gurnamagyň tehnologiýasynyň berjaý edilişine operatiw (gurluşyk barşyndaky) gözegçilik, şeýle-de ýerine ýetirilen işler kabul edilende hil gözegçiligi guralmalydyr. 394. Seysmiki sebitlerde inženerçilik kommunikasiýalarynyň germew gurnamalaryndan geçýän ýerlerindäki gidroizolasiýasy, olaryň germetikligini bozman, özara süýşmegini (hereketini) üpjün edýän çeýe gidroizolasiýa materiallaryndan göz öňünde tutulmalydyr. XIV bap. Topraklary armirlemek 395. Topraklaryň armirlenmegi armaturlaýjy elementleriň ýerleşişine görä (dikligine, keseligine, gytak, öyjükli gurluşlar, göwrümli-dispersli), materialyna görä (demirbetondan, metaldan, geotekstilden, berkidilen toprakdan, şol sanda çüwdürilip guýulýan ýa-da burawlap-gatyşdyrylýan tehnologiýalar boýunça), gurluş usulyna görä (inwentar elementleri çuňlaşdyrmak, betonlamak we inýeksiýa etmek, armaturlaýjy elementleri ýazmak hem-de tertipleşdirip goýmak we üstüni toprak bilen doldurmak) klassifikasiýalaşdyrylýar. Topraklary armirlemek işleri ýerine ýetirilende şu aşakdakylara gözegçilik edilmelidir: 1) berklik we deformasiýa häsiýetnamalaryna; 2) armaturlaýjy elementleriň meýilnamada we beýiklige ýerleşdirilişine; 3) dökme topragyň dykyzlandyrylyş derejesine; 4) armaturlaýjy elementler agressiw topraklarda ýa-da ýerasty suwlarda gurnalanda - armaturlaýjy elementleri poslamadan goramak boýunça ýerine ýetirilen işleriň hili we olaryň taslama görkezijilerine laýyklygyna. 396. Polatdan ýasalan armaturlaýjy elementler, demirbeton we beton elementleri degişli kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmelidir. Geosintetik materiallar degişli kadalaşdyryjy resminamalarynyň talaplaryna laýyk gelmelidir. Berkidilen toprakdan ýasalan armaturlaýjy elementler şu Kadalara 9-njy goşundynyň talaplaryna laýyk gelmelidir. 397. Topragyň geotekstil bilen armirlenmegi topragy saklaýjy desgalary, dik ýapgytlary we gum düşemeleri gurnamak üçin, armaturanyň gatlaklarynyň arasynda ürgün materialy saklamak we daşky täsirlerden goramak bilen örtgileri ulanmak, şol sanda desganyň esasynda, gowşak we/ýa-da çöküntgili topragyň zolaklarynyň üstünden armaturanyň bir gatlagyny düşemek arkaly ulanylýar. Armaturlanan toprakly desganyň esasy daş-töwerekdäki binalaryň (gurluşyklaryň) ýerleşişi hasaba alynmalydyr we taslama laýyklykda taýýarlanmalydyr, mundan başga-da, maşynlar we mehanizmler üçin giriş ýollary göz öňünde tutulmalydyr. Meýdança önünden arassalanmalydyr we meýilleşdirilmelidir. 398. Armaturlanan toprakly desganyň aşagynda dik zeýkeşleri gurnalanda, mehanizmleriň we enjamlaryň agramynyň täsiri astynda drenleriň bütewliligini saklamak üçin ýeterlik bolan düşegiň galyňlygyny üpjün etmelidir. Paýalaryň ujunyň üstünden geotekstilden ýasalan armaturlaýjy material düşelende, ony zeper ýetmekden goramak bilen, paýalaryň ujunyň ýiti burçlaryny we gyralaryny kesmeli ýa-da zeper ýetmez ýaly, paýalaryň ujunyň üstüni ýörite gapaklar bilen ýapmalydyr. 399. Armaturlanan toprakly desgany gurnamazdan öň, onuň esasyny deslapdan dykyzlandyrmalydyr. Armaturany düşemezden öň, topragyň ýüzündäki beýiklik tapawutlaryny goşmaça dökme arkaly ýa-da taýýarlyk gatlagyny dykyzlandyrmak arkaly tekizlemelidir. Taýýarlyk gatlagy ýa-da geosintetik materialyň bölüji gatlagy esasyň topragyndan suwuň süzülmegini bozmaly däldir. 400. Ep-esli suw akymy bolan ýagdaýynda, armirlenen toprak diwarynyň aşagynda ýeterlik galyňlykdaky drenaž gatlagyny ýa-da geokompozit gurnamalydyr we suw akymyny onuň dabanynyň çäginden daşary çykarmalydyr. Armirlenen toprak ýapgytlarynyň zeýkeşi armirlenen toprak direg desgalaryndaky ýaly ýerine ýetirilýär. Ygallaryň ýagmagy ýapgydyň göwresinden dökme materialyň ýuwulyp gitmegine sebäp bolmaly däldir. 401. Armirlenen toprak desgalary her bir tapgyrda örtük elementlerini gurnamak bilen gatlakma-gatlak gurlup galdyrylýar. Ähli örtük ulgamlary üçin wagtlaýyn berkitme ulgamlary ýa-da galyplar (opalubka) zerurdyr. Örtük elementleriniň ýa-da galyplaryň gurnalyşynyň her bir tapgyrynda, olaryň biri-biriniň üstüne basyşyny hasaba almak bilen keseligine ýerleşdirilişi, dikligine we keseligine deňlenilişi, şeýle hem gyşaryş burçy barlanylmalydyr we zerur bolan ýagdaýynda gurluşygyň her bir tapgyrynda düzedilmelidir. 402. Taslamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, armaturany örtüge ýa-da ýapgyt gyra mümkin boldugyça perpendikulýar ýerleşdirmelidir. Polimer materiallardan taýýarlanan armaturanyň häsiýetleri ýagtylygyň (günüň) täsiri astynda peselip biler, şonuň üçin ol dökme material bilen goralmalydyr. Eger-de düşemek möhleti görkezilmedik bolsa, onda gorag 1 gije-gündiziň dowamynda üpjün edilmelidir. 403. Dökme materialyň däneçilik (granulometrik) düzümini we çyglylygyny taslamanyň talaplaryna laýyklygy boýunça yzygiderli barlap durmalydyr, aýratyn-da dökme materialyň daşky görnüşinde we häsiýetinde üýtgeşmeler bellenilse, bu barlag hökmandyr. Dökme materialy düşemegi we tekizlemegi örtüge ýa-da ýapgydyň üstüne parallel görnüşde ýerine ýetirmelidir. Dökme materialy düşemek, tekizlemek we dykyzlandyrmak işleri amala aşyrylan wagtynda, armirleýji elementleriň hem-de örtügiň zeperlenmezligine aýratyn üns berilmelidir. Mehanizmleriň we ulaglaryň armirleýji elementleriň üstünden geçmegine ýol berilmeli däldir. Massasy 1500 kg-dan geçýän ähli ulag serişdeleri we gurluşyk tehnikalary (enjamlary) örtükden ýa-da örtülmedik ýapgydyň üstünden azyndan 1 metr aralykda ýerleşmelidir. 404. Dökme materialyň gatlaklarynyň galyňlygy taslamada we iş önümçiliginiň taslamasynda görkezilen çäklerde bolmalydyr hem-de talap edilýän derejä çenli dykyzlandyrmaga mümkinçilik bermelidir. Bu galyňlyk armaturanyň dikligine düşeliş ädimine deň bolmalydyr. Elementleriň we birikmeleriň zeperlenmeginiň öňüni almak, şeýle hem deformasiýalary (gurluşyň üýtgemegini) azaltmak üçin, örtügiň golaýynda dökme materialyň dykyzlandyrylmagyna aýratyn üns berilmelidir. Bu ýagdaýda desganyň burçlaryna-da aýratyn üns bermek zerurdyr. Armirlenen toprak desgalary gurlan wagtynda, daşky gurşawa, şol sanda golaýda ýerleşýän binalara we inženerçilik ulgamlaryna ýetip biljek ähtimallyk täsirleri hasaba alyp ýerine ýetirilmelidir. 405. Iş gününiň ahyrynda dökme materialy şeýle bir dykyzlandyrmaly, ýagny onuň üsti örtükden ýa-da ýapgydyň tarapyndan daşlaşdyrylyp, 2%-den 4%-e çenli ýapgytlyga eýe bolmalydyr we suwy akaba sowmak üçin suw sowujy dykyzlandyrylan gatlak bilen örtülmelidir. 406. Toprak-sement elementleri arkaly esaslary armirlemek, deformasiýa we göterijilik ukyby boýunça gowulandyrylan görkezijileri bolan massiwleri döretmek bilen gowşak topraklarda esaslary gurnamak üçin ulanylýar. Toprak-sement elementleri arkaly esaslaryň armirlenilmegi desgalaryň gurluşygynda, ýer süýşgünlerine garşy we golaýda ýerleşýän binalaryň hem-de kommunikasiýalaryň goralyp saklanmagyny üpjün edýän gorag çäreleri hökmünde ýerine ýetirilýär. Armirlenen esasyň düzüm bölekleri hökmünde toprak-sement elementleri şu aşakdaky görnüşlerde ýerine ýetirilip bilner: 1) dikligine – çüwdürip sementleme we çuňňur garyşdyrmak; 2) ýapgytlaýyn – çüwdürip sementleme; 3) keseligine – çüwdürip sementleme. 407. Sütün uçlarynyň goragy wagtlaýyn görnüşde, ýagny toprak-sement elementleriniň (mundan beýläk - TSE) üçlarynyň üstüne ýol plitalaryny ýazmak arkaly, ýa-da taslama we iş önümçiliginiň taslamasyna laýyklykda hemişelik görnüşde (gumdan paýlaýjy ýassygyň ýa-da beton taýýarlygynyň we başga materiallaryň kömegi bilen) ýerine ýetirilip bilner. Iki ýagdaýda hem gorag çäreleri iş önümçiliginiň taslamasynda işlenip düzülmelidir. TSE-niň uçlary gurluşyk işleri döwründe doňmakdan goralmalydyr. Goramagyň usullary iş önümçiliginiň taslamasynyň işlenip düzülýän wagtynda göz öňünde tutulmalydyr we olar TSE-niň temperaturasynyň 10 °C-den pes bolmazlygyny, alnan başlangyç gatama döwründe (14 gün) bolsa 15 °C-den pes bolmazlygyny üpjün etmelidir. 408. TSE-niň hiline gözegçilik şu kadalaryň XII babynyň tablisasynyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Meýilnamada TSE-leriň aralygy taslama arkaly bellenilýär we berklik hem-de deformasiýa häsiýetnamalary boýunça esasa bildirilýän talaplar - çäkli ýagdaýlaryň 1-nji we 2-nji toparlary boýunça hasaplamalar arkaly kesgitlenilýär. Armirleme çyzgydyna (shemasyna) (bütewi, aýratyn öýjükler we zolaklar), taslamada toprak-semente bildirilýän talaplara, saýlanyp alnan berkitme usulyna (çüwdürip sementleme ýa-da çuňňur garyşdyrmak) baglylykda sementiň iň amatly harçlanjak mukdary kesgitlenilýär, ony saýlap almagyň usulyýeti “Akymly sementleşdirme we çuň garyşdyrma tehnologiýalary boýunça ýerine ýetirilýän toprak-sement elementleriniň gurluşynda sementiň hasaplanan mukdaryny saýlap almagyň usulyýeti” atly şu Kadalara 11-nji goşundyda getirilendir. XV bap. Ýer işleriniň ýerine ýetirilmegine bildirilýän ekologik talaplar 409. Esasy toprak işleri başlanmazdan ozal, gum düşemeleriň esasyndaky we dürli gazuw meýdançalaryndaky topragyň hasylly gatlagy gurluşyk edarasynyň taslamasynda bellenilen ölçeglerde goparylyp toprak üýşmeklerine we soňra ony rekultiwasiýa (topragy dikeltmek) işlerinde ýa-da az hasylly ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandurmak üçin wagtlaýyn dökün meýdançalaryna geçirilmelidir. Topragyň hasylly gatlagynyň goparylyp aýrylmazlygyna şu aşakdaky ýagdaýlarda ýol berilýär: 1) 10 sm-den az bolanda; 2) “Türkmenstandartlary” baş döwlet inspeksiýasynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50 karary bilen tassyklanan, “Tebigaty goramak. Ýerleri gaýtadan dikeltmek. Umumy talaplar” atly TDS-17.5.3.05-84 döwletara standartyna (mundan beýläk - TDS-17.5.3.05-84 döwletara standart), “Türkmenstandartlary” baş döwlet inspeksiýasynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50 belgili karary bilen tassyklanan, “Tebigaty goramak. Topraklar. Ýer işleriniň önümçiliginde hasylly toprak gatlagyny goramagyň talaplar” atly TDS-17.4.3.02-85 döwletara standartyna (mundan beýläk - TDS-17.4.3.02-85 döwletara standart), Türkmenstandartlary” baş döwlet inspeksiýasynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50 karary bilen tassyklanan, “Tebigaty doramak. Ýerler. Ýer işleriniň önümçiliginde hasylly toprak gatlagyny goramagyň talaplar” atly TDS-17.5.3.06-85 döwletara standartyna (mundan beýläk - TDS-17.5.3.06-85 döwletara standart) laýyklykda hasyllylygy pes bolanda; 3) ýokary böleginiň ini 1 metr we ondan az bolan çuňurlyklary (garymlary) gazmak işleri ýerine ýetirilende. 410. Topragyň hasylly gatlagyny goparyp aýyrmagyň zerurlygy we goparylyp aýrylýan gatlagyň galyňlygy, hasyllylyk derejesi we tebigy zolagy hasaba almak bilen, şu Kadalaryň dört ýüz dokuzynjy böleginiň talaplaryna laýyklykda gurluşyk edarasynyň taslamasynda bellenilýär. 411. Topragyň hasylly gatlagyny goparyp aýyrmak we düşemek işleri toprak doňmadyk ýagdaýynda ýerine ýetirilmelidir. 412. Hasylly topragy saklamak işleri TDS-17.4.3.02-85 döwletara standartyna we “Türkmenstandartlary” baş döwlet inspeksiýasynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50 belgili karary bilen tassyklanan, “Tebigaty goramak. Ýerler. Ýerleri gaýtadan dikeltmegiň umumy talaplary” atly TDS-17.5.3.04-83 döwletara standartyna laýyklykda amala aşyrylmalydyr. Topragy saklamagyň hem-de depejikleriň (burtlaryň) eroziýadan, suw basmagyndan we hapalanmakdan goramak usullary gurluşyk edarasynyň taslamasynda bellenilmelidir. Topragyň hasylly gatlagyny goraýjy bentleri, düşekleri we başga hemişelik hem-de wagtlaýyn toprak desgalaryny gurmak üçin ulanmak gadagan edilýär. 413. Ýer işleri ýerine ýetirilen wagtynda arheologik we paleontologik desgalar ýüze çykarylsa, şol sebitdäki (meýdançadaky) işleri togtadylmalydyr we bu barada ýerli häkimiýetlere habar bermelidir. 414. Topraklaryň doňmagynyň öňüni almak üçin çalt gataýan köpürjigi ulanmaga şu aşakdaky ýagdaýlarda ýol berilmeýär: 1) suw geçirijileriniň we suw çeşmeleriniň sanitar gorag zolagynyň birinji we ikinji guşaklarynyň çäklerinde ýerleşýän açyk suw üpjünçilik çeşmesiniň suw ýygnaýjy çäklerinde; 2) ýerasty merkezleşdirilen hojalyk agyz suw geçirijileriniň sanitar gorag zolagynyň birinji we ikinji guşaklarynyň çäklerinde; 3) ýerasty suwlar hojalyk agyz suw zerurlyklary üçin merkezleşdirilmedik görnüşde peýdalanylýan etraplarda ýerasty suw akymynyň ugruna görä has ýokarda ýerleşýän çäklerinde (bu ýagdaýda suw alýan desgalardan köpürjigiň peýdalanylyp bilinjek çäklerine çenli bolan aralyk çäkleýin edaralar we guramalar tarapyndan bellenilýär); 4) ekin meýdanlarynda, köp ýyllyk ekilýän agaç nahallarynda we öri meýdanlarynda. 415. Suwasty ýer işleriniň ähli görnüşleri, gury ýer gurluşygyndan soň aýdyňlaşdyrylan suwy akdyrmak, şeýle hem suw basýan arnalarda ýerine ýetirilýän toprak işleri Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Balykçylyk boýunça ygtyýarly edarasy bilen ylalaşylan taslama laýyklykda amala aşyrylýar. 416. Balyk hojalygy ähmiýeti bolan suw howdanlarynda düýbi çuňlaşdyrmak işleri ýerine ýetirilende ýa-da suwasty toprak üýşmekleriň ýuwmalarynda gury ýer gurluşygy amala aşyrylanda, mehaniki gaýmalaryň (wzwesleriň) umumy konsentrasiýasy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Balykçylyk boýunça ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilen ölçegleriň çäklerinde bolmalydyr. 417. Toprak daşaýan gämileriň palubalaryndan topragy ýuwup akdyrmaga diňe suwasty toprak üýşmekleriň ýerleşýän çäklerinde ýol berilýär. 418. Suwasty ýer işleriň ýerine ýetirilýän zolagyndaky ekologik ýagdaýy we tebigy biologik ritmleri (balyklaryň işbilleme döwrüni, göçüşini we şuňa meňzeşler) hasaba almak bilen, suwasty ýer işleriniň ýerine ýetirilýän möhletleri we usullary bellenilmelidir. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2026-njy ýylyň 02-nji oktýabrynda 1974 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.

Источник: TÜRKMENISTANYŇ ADALAT MINISTRLIGI