«Gazpromneft-SM» kompaniýasy çalgy materiallarynyň doly görnüşlerini hödürleýär

Turkmenistan RSS Feed ·

«Gazpromneft-SM» kompaniýasynyň (Russiýa) Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Dmitriý Statiwa kompaniýanyň «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT-2026) atly halkara maslahata we sergä gatnaşmagynyň netijelerini jemledi we «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysyna sebit bazaryndaky işiniň netijeleri barada gürrüň berdi.

Dmitriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýanyň depginli ösýän, häzirki zaman ykdysady şertlerine işjeň uýgunlaşýan döwletidir. Bu sebit wekilhananyň gönüden-göni jogapkärçilik zolagyna girýär. Bu bolsa önümleriň öndürijiniň özünden gönüden-göni iberilmegini kepillendirýär.

– Ösen distribýutorlar ulgamynyň kömegi bilen kompaniýamyz Türkmenistanyň bazaryny «Gazpromneft», hususan-da, giňden tanalýan «G-Energy» haryt nyşanly önümleriniň ýokary hilli çalgy materiallary bilen üpjün edýär. Önümlerimiziň görnüşleri sarp edişiň ähli diýen ýaly ugurlaryny öz içine alýar. Olara ýeňil we ýük awtoulaglary üçin ýaglar, önümçiligiň ähli görnüşlerinde ulanylýan çalgy materiallary, şeýle hem gämi we awiasiýa ýaglary girýär – diýip, D. Statiwa aýtdy.

«Gazpromneft-SM» kompaniýasynyň Türkmenistanda işjeň alyp barýan işiniň taryhy eýýäm sekiz ýyldan gowrak döwri öz içine alýar. Şu wagtyň dowamynda kompaniýa bölekleýin sarp edijiler we täjirçilik kärhanalary bilen bir hatarda, ýurduň döwlet edaralary bilen hem netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagy başardy.

Kompaniýanyň nyrh syýasaty we harytlaryň strategiýasy barada aýdyp, D. Statiwa kompaniýanyň önümleriniň sarp edijilere bahanyň we hiliň amatly sazlaşygyny hödürleýändigini belledi.

Mysal üçin, «G-Energy» haryt nyşanly önümi ýokary tehniki we ulanyş häsiýetnamalary boýunça «Mobil», «Total» we «Elf» ýaly dünýäniň premium derejeli meşhur haryt nyşanly önümleriniň ýokary hilli alternatiw görnüşi bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde, «G-Energy» önümleri ep-esli arzan bahadan hödürlenýär.

– Biziň maksadymyz ýokary hil derejesini hemişe saklamak bilen, has elýeterli nyrhlar toplumyna gönükmekden ybarat. Şeýle çemeleşme bize Ýewropanyň öndürijileri, şeýle hem Russiýanyň öňdebaryjy «LUKOIL» we «Rosneft» haryt nyşanly önümleri bilen üstünlikli bäsleşmäge mümkinçilik berýär – diýip, wekilhananyň ýolbaşçysy belledi.

– Wekilhananyň sebitde alyp barýan işiniň ýokary netijeliliginiň mysaly hökmünde Merkezi Aziýanyň iň iri bazarlarynyň biri bolan Gazagystanyň bazaryny görkezmek bolar. Bu ýerde kompaniýanyň paýy 25 göterimden geçýär. Şeýle görkezijiler we müşderileriň ynamy önümleriň ýokary hiliniň hem-de harydyň Merkezi Aziýanyň ähli giňişliginde ygtybarlydygynyň iň gowy subutnamasydyr – diýip, söhbetdeşimiz sözüni jemledi.

Источник: Turkmenistan RSS Feed