Amerikaly alym Türkmenistanyň muzeý hünärmenlerine gymmatlyklary sanlylaşdyrmak boýunça okuw geçirýär

Amul Info ·

Amerikaly alym Türkmenistanyň muzeý hünärmenlerine gymmatlyklary sanlylaşdyrmak boýunça okuw geçirý…

ABŞ-dan gelen alym Daniel Waýs Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde muzeý gymmatlyklaryny sanly görnüşe geçirmek we resminamalaşdyrmak boýunça hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçirýär. Okuwlarda taryhy mirasy döwrebap usullar arkaly gorap saklamak, eksponatlar baradaky maglumatlary sanly görnüşde…

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ABŞ-dan gelen alym Daniel Waýs bilen duşuşyk geçirildi. Ol Türkmenistana muzeýleriň we ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri üçin muzeý gymmatlyklaryny sanly görnüşe geçirmek hem-de resminamalaşdyrmak boýunça hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçirmek maksady bilen geldi. Bu barada Döwlet muzeýiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda Daniel Waýs «Maglumat we sanlylaşdyrma» atly tanyşdyryş çykyşyny etdi. Ol muzeý gymmatlyklaryny sanly görnüşe geçirmegiň ähmiýeti, bu ugurda ulanylýan usullar we olaryň taryhy mirasy gorap saklamakdaky orny barada öz tejribesinden mysallar getirdi.

Duşuşykdan öň amerikaly hünärmen Döwlet muzeýinde saklanylýan taryhy we arheologik eksponatlar bilen tanyşdy. Ol muzeýiň ekspozisiýalarynda görkezilýän arheologik tapyndylaryň ylmy taýdan uly ähmiýete eýedigini belledi. Şeýle hem sergilerde kartalaryň, suratlaryň we maglumatlaryň ýerlikli, hünär derejesinde ulanylýandygyny, munuň bolsa eksponatlaryň ähmiýetini has-da açyp görkezýändigini nygtady.

Daniel Waýs Türkmenistana ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän Fulbraýt grant maksatnamasynyň goldawy bilen geldi. Saparynyň dowamynda ol ýurduň taryhy-medeni ýadygärliklerine hem baryp görmegi meýilleşdirýär.

Muzeý hünärmenleri üçin geçirilýän okuwlar medeni mirasy döwrebap usullar arkaly resminamalaşdyrmaga, muzeý gymmatlyklary baradaky maglumatlary sanly görnüşde saklamaga we olaryň geljekki nesiller üçin elýeterliligini ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Источник: Amul Info