Türkmen talyplary Krasnoýarskda maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadasynyň finalyna gatnaşýarlar
Turkmenistan RSS Feed ·
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 27-nji sentýabrdan – 2-nji oktýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäherinde Sibir Federal uniwersitetiniň binýadynda geçirilýän maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadasynyň finalynda çykyş edýärler.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 27-nji sentýabrdan – 2-nji oktýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäherinde Sibir Federal uniwersitetiniň binýadynda geçirilýän maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadasynyň finalynda çykyş edýärler.
Halkara gözden geçirilişiniň jemleýji tapgyry dünýäniň 40-dan gowrak ýurtlaryndan 700-e golaý zehinli mekdep okuwçylaryny we talyplaryny bir ýere jemledi.
Olimpiadanyň baş temasy emeli aňyň maliýe howpsuzlygy ulgamynda ulanylyşy we şunuň bilen baglanyşykly töwekgelçilikler bolup durýar.
Olimpiadanyň çäklerinde türkmen talyplary öz deň-duşlary bilen bilelikde maliýe kiberhowpsuzlygy, maliýe gözegçiligi, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunylaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereket etmek, halkara hukugy hem-de halkara gatnaşyklary ulgamlarynda giň gözýetimli bilimlerini işjeň görkezýärler.
Final hepdeliginiň maksatnamasyna 100-den gowrak çäreler, şol sanda maslahatlaşmalar, ussatlyk sapaklary, meşhur hünärmenler bilen duşuşyklar we başga-da köp sanly çäreler girizildi.
Maliýe howpsuzlygy boýunça her ýyl geçirilýän halkara olimpiada 2021-nji ýyldan bäri Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň görkezmesi boýunça geçirilip gelinýär. Bu abraýly we iri bäsleşige gatnaşyjylaryň sany ýyl-ýyldan barha artyp, täze zehinleri ýüze çykarmaga hem-de ýaşlaryň dünýädäki maliýe sowatlylygynyň we howpsuzlygynyň wajyp meselelerine bolan gyzyklanmalaryny ösdürmäge ýardam edýär.
Türkmen talyplarynyň bu olimpiada gatnaşmagy dünýä tejribesini öwrenmek, bilimlerini baýlaşdyrmak, başarnyklaryny kämilleşdirmek, dürli ýurtlardan bolan deň-duşlary bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmek, şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny we ýurdumyzyň üstünliklerini dünýä derejesinde öňe ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.