«Hazar Logistik» hytaý kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Amul Info ·

«Hazar Logistik» hytaý kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

«Hazar Logistik» hojalyk jemgyýeti Hytaýyň «Xian Zongheng Multimodal Transport Co., Ltd» kompaniýasynyň wekiliýeti bilen Aşgabatda iş duşuşygyny geçirdi. 15-nji oktýabrda habar berlişi ýaly, duşuşykda logistika ulgamynda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp…

«Hazar Logistik» hojalyk jemgyýeti Hytaýyň «Xian Zongheng Multimodal Transport Co., Ltd» kompaniýasynyň wekiliýeti bilen iş duşuşygyny geçirip, logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada kompaniýa 15-nji oktýabrda özüniň sosial sahypasynda habar berdi.

Aşgabat şäherindäki «Hazar Logistik» kompaniýasynyň ofisinde geçirilen duşuşyga hytaý kompaniýasynyň wekiliýetine ýolbaşçylyk eden Dai Jiang gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplaryň logistika ulgamynda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek boýunça mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşandyklary bellenilýär.

Halkara logistika kompaniýalarynyň arasyndaky şeýle duşuşyklar ýük daşamalaryny guramak, ulag ugurlaryny ösdürmek we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri döredip biler.

Источник: Amul Info