Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmakda ekologik bilimiň, ylmy barlaglaryň we innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti

Turkmenistan RSS Feed ·

Häzirki döwürde howanyň üýtgemegi adamzadyň öňünde duran iň möhüm ählumumy meseleleriň biri bolup durýar. Ýer ýüzünde ortaça temperaturanyň ýokarlanmagy, tebigy hadysalaryň ýygylygynyň we güýçlüliginiň artmagy hem-de biodürlüligiň azalmagy tebigy ekoulgamlara, ykdysadyýete we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine düýpli täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak, onuň netijelerine uýgunlaşmak we geljekki nesiller üçin ekologik taýdan durnukly gurşawy döretmek halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahaty (COP) dünýä döwletleriniň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirmekde, tejribe alyşmakda we bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamakda möhüm halkara meýdança bolup hyzmat edýär. 2026-njy ýylyň 9-20-nji noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilýän COP 31 maslahatynda hem howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, uýgunlaşmak mümkinçiliklerini giňeltmek, arassa energetikany ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu ýagdaý howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň diňe bir döwlet edaralarynyň ýa-da hünärmenleriň däl, eýsem, bilim ulgamynyň, ylmy jemgyýetçiligiň we tutuş jemgyýetiň üns merkezinde bolmalydygyny görkezýär.

Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmakda ekologik bilimiň aýratyn ähmiýeti bardyr. Ekologik bilim adamyň tebigata bolan garaýşyny kemala getirmek, daşky gurşawa jogapkärçilikli çemeleşmegi öwretmek we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak endiklerini ösdürmek üçin zerur şertleriň biridir. Ekologik taýdan sowatly jemgyýet daşky gurşaw bilen bagly meseleleriň sebäplerine has gowy düşünýär, olaryň öňüni almak boýunça degişli çözgütleri goldaýar we gündelik durmuşynda tebigata zyýan ýetirmeýän hereketleri saýlap alýar.

Bu ugurda ýokary okuw mekdepleriniň orny aýratyn uludyr. Sebäbi hut ýokary bilim edaralarynda geljekde ykdysadyýetiň, senagatyň, oba hojalygynyň, energetikanyň, gurluşygyň we beýleki pudaklaryň ösüşine goşant goşjak ýaş hünärmenler taýýarlanylýar. Şol sebäpli okuw maksatnamalarynda ekologik meseleleriň, howanyň üýtgemeginiň sebäpleriniň we netijeleriniň, tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmagyň, ýaşyl ykdysadyýetiň hem-de durnukly ösüşiň ýörelgeleriniň giňden beýan edilmegi möhümdir.

Ekologik düşünjäni ösdürmekde amaly sapaklaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleriň, açyk sapaklaryň, bäsleşikleriň we düşündiriş çäreleriniň ähmiýeti uludyr. Talyplaryň tebigaty goramak boýunça meýletinçilik başlangyçlaryna ̶ bag ekmek, arassaçylyk we galyndylary aýry ýygnamak ýaly çärelere gatnaşmagy olaryň ekologik jogapkärçiligini ýokarlandyrýar. Şeýle çäreler ýaşlaryň diňe bir bilimini artdyrman, eýsem, jemgyýetçilik işjeňligini, başlangyç görkezmek we topar bolup işlemek ukyplaryny hem ösdürýär.

Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmakda ylmy barlaglaryň ähmiýeti hem örän uludyr. Sebäbi netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin ilki bilen howanyň üýtgemeginiň sebitleýin we ýerli derejedäki täsirlerini öwrenmek, ýüze çykýan töwekgelçiliklere baha bermek hem-de geljekki üýtgeşmeleri çaklamak zerurdyr. Bu ugurda klimatologiýa, gidrologiýa, agronomiýa, biologiýa, geografiýa, ekologiýa we inženerçilik ylymlarynyň gazananlary möhüm ähmiýete eýedir. Ylmy barlaglaryň netijeleri suw serişdelerini dolandyrmakda, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny gorap saklamakda, çölleşmäniň öňüni almakda, topraklaryň ýagdaýyny gowulandyrmakda we tebigy ekoulgamlary goramakda ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň tebigy-geografik aýratynlyklaryny nazara alanyňda, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy, oba hojalygynyň howa şertlerine durnuklylygyny ýokarlandyrmak, çölleşmä garşy göreşmek we tebigy baýlyklary goramak aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça alnyp barylýan işler halkara borçnamalar we milli maksatnamalar bilen utgaşdyrylýar. Türkmenistanyň Pariž ylalaşygy boýunça milli derejede kesgitlenen goşandy hem parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, uýgunlaşmak mümkinçiliklerini giňeltmek we ekologik durnuklylygy ýokarlandyrmak ýaly ugurlary öz içine alýar. Bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we ýaş hünärmenleriň goşandy möhümdir.

Häzirki zaman innowasion tehnologiýalary howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça mümkinçilikleri has-da giňeldýär. Sanly gözegçilik ulgamlary, emeli hemralardan alynýan maglumatlar, geografik maglumat ulgamlary, uzak aralykdan zondirleme usullary we emeli aň tehnologiýalary howa ýagdaýyna gözegçilik etmäge, suw we ýer serişdeleriniň ýagdaýyny seljermäge, tebigy töwekgelçilikleri öňünden kesgitlemäge ýardam berýär. Şeýle tehnologiýalaryň oba hojalygynda ulanylmagy suwaryş suwuny tygşytlamaga, ekinleriň ösüş ýagdaýyny yzarlamaga we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär. Gün we ýel energiýasy ýaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösdürilmegi bolsa daşky gurşawa edilýän täsiri azaltmakda möhüm orny eýeleýär.

Ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-barlag işlerini innowasion tehnologiýalar bilen utgaşdyrmak ýaşlaryň döredijilik we ylmy mümkinçiliklerini açmaga giň ýol açýar. Talyplaryň ylmy taslamalara gatnaşmagy, ekologik meseleleriň çözgüdine gönükdirilen täze pikirleri öňe sürmegi, tejribe işlerini geçirmegi we halkara ylmy hyzmatdaşlygyna goşulmagy olaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirýär. Şunuň bilen birlikde, ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik kärhanalarynyň we halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek hem aýratyn ähmiýete eýedir.

Ekologik bilimleriň we ylmy maglumatlaryň giň jemgyýetçilige ýetirilmegi hem möhüm wezipeleriň biridir. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, internet neşirleri, ylmy makalalar, jemgyýetçilik çäreleri we wagyz-nesihat işleri arkaly ilatyň howanyň üýtgemegi baradaky düşünjesini ýokarlandyrmak mümkin. Şeýle işleriň netijesinde tebigy baýlyklary goramak, energiýany we suwy tygşytlamak, galyndylary azaltmak ýaly endikler jemgyýetçilik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülip biler.

Netijede, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak diňe bir ekologik ýa-da ylmy mesele bolman, eýsem, jemgyýetiň ähli ugurlarynyň gatnaşmagyny talap edýän möhüm ösüş wezipesidir. Ekologik bilim, ylmy barlaglar we innowasion tehnologiýalar bu ugurda özara baglanyşykly üç esasy daýanç bolup durýar. Ýokary okuw mekdepleriniň bu ugurdaky işjeňligi ýaş nesliň ekologik düşünjesini ösdürmäge, ylmy mümkinçiliklerini açmaga we innowasion çözgütleri durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Tebigata jogapkärçilikli garaýyş, ylma daýanýan çözgütler we halkara hyzmatdaşlygy arkaly häzirki hem-de geljekki nesiller üçin has durnukly, howpsuz we amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmek mümkin.

Источник: Turkmenistan RSS Feed