Lebaply şaşkaçylar Türkmenistanyň çempionatynda birnäçe medal gazandylar
Amul Info · · turkmenabat, lebap

Balkanabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň şaşka çempionatynda Lebap welaýatynyň türgenleri üç medal gazandylar. Türkmenabatly Farhat Arslanow 64 öýjükli şaşka boýunça erkekleriň arasynda çempion bolup, 100 öýjükli şaşka ýaryşynda kümüş medal eýeledi. Mahym Mätiýewa 100 öýjükli şaşkada ikinji,…
Balkanabat şäherindäki şaşka-küşt we sport dynç alyş merkezinde geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda lebaply türgenler üstünlikli çykyş etdiler. Bu barada «Lebap.biz» saýty habar berýär.
Türkmenabat şäherinden telekeçi Farhat Arslanow 64 öýjükli şaşka boýunça erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempiony boldy. Şeýle-de ol 100 öýjükli şaşka boýunça geçirilen ýaryşda ikinji orny eýeläp, kümüş medala mynasyp boldy.
Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebiniň şaşka boýunça tälimçisi Mahym Mätiýewa hem iki medal gazandy. Ol 100 öýjükli şaşka boýunça zenanlaryň arasynda ikinji, 64 öýjükli şaşka boýunça bolsa üçünji orny eýeledi.
Şeýle hem 64 öýjükli şaşka boýunça erkekleriň arasyndaky bäsleşikde Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebiniň tälimçisi Gurban Jumaýew üçünji orna mynasyp boldy.