Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy
Amul Info ·

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Samarkantda geçirilen «C5+1» formatyndaky ministrler duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşykda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny…
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Samarkantda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen «C5+1» formatyndaky ministrler derejesindäki duşuşyga gatnaşdy.
Duşuşyga ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio, Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow, Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew we Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek, sebitara özara baglanyşygy pugtalandyrmak hem-de durnukly ykdysady ösüşe gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde «C5+1» formatynyň ähmiýetini nygtadylar. Bu formatyň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin netijeli gepleşik meýdançasy hökmünde kemala gelmeginde taraplaryň taryhy ornuna aýratyn üns berildi.
Şeýle hem söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek we üpjünçilik zynjyrlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerine garaldy.
Duşuşygyň çäklerinde strategik taýdan möhüm mineral serişdeler, energetika, sanlylaşdyrma we innowasiýalar ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplaryň uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, şeýle hem gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassyklaýan Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.