Ženewadaky BMG-niň Milletler köşgünde döwrebaplaşdyrylan Türkmen zaly açyldy
Amul Info ·

Ženewadaky BMG-niň Milletler köşgünde täzelenen Türkmen zalynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Taryhy keşbi we türkmen halyçylyk sungatynyň ajaýyp nusgalary saklanyp galan zal halkara gepleşikleriniň we diplomatik hyzmatdaşlygyň möhüm merkezi bolmagynda galýar.
Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Milletler köşgünde Türkmen zalynyň täzelenen görnüşiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. BMG-niň taryhy mirasyny gorap saklamak boýunça strategik meýilnamasynyň çäklerinde geçirilen çäre açyk gapylar gününe gabat geldi.
Dabara BMG-niň Ženewadaky bölüminiň baş direktory Tatýana Walowaýa, birnäçe diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara bilermenler hem-de Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky Hemişelik wekilhanasynyň wekilleri gatnaşdylar.
1930-njy ýyllarda Milletler Ligasynyň zerurlyklary üçin gurlan taryhy binada ýerleşýän Türkmen zaly Türkmenistanyň milli medeniýetini we sungatyny dünýä tanatmakda möhüm orun eýeleýär. Bu zalyň giň gerimli ilkinji dikeldiş işleri 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümetiniň goldawy bilen amala aşyrylypdy. BMG-niň taryhy mirasyny gorap saklamak boýunça strategik meýilnamasynyň nobatdaky tapgyrynda bolsa zalda döwrebap tehnologiýalar arkaly täzeleniş işleri geçirildi.
Täzeleniş işleriniň dowamynda zalyň taryhy keşbini we milli aýratynlyklaryny gorap saklamaga aýratyn üns berildi. Şol sanda onuň bezeginde ulanylýan gadymy mebelleriň hem-de türkmen halyçylyk sungatynyň ajaýyp nusgalarynyň öňki görnüşi saklanyp galdy.
Açyk gapylar gününiň dowamynda myhmanlar Türkmen zaly bilen bir hatarda, Geňeş zalynyň, Fransuz, Rus we Çeh-slowak zallarynyň bezeg aýratynlyklary bilen hem tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Döwrebaplaşdyrylan Türkmen zaly ýokary derejeli gepleşikleri geçirmek, halkara araçylyk işlerini alyp barmak we köptaraplaýyn diplomatik gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm meýdança bolmagynda galýar.
Bu taslama Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň birini şöhlelendirýär. Şeýle hem ol türkmen milli medeni mirasynyň halkara giňişliginde wagyz edilmegine we dürli halklaryň medeni gymmatlyklaryna hormat goýulmagyna goşant goşýar.