Mari­ta — gyzyl çorba taýýarlanylýan täsin miwe

Amul Info ·

Mari­ta — gyzyl çorba taýýarlanylýan täsin miwe

Papua-Täze Gwineýada we Indoneziýada ösýän marita miwesi özboluşly görnüşi we ondan taýýarlanylýan gyzyl reňkli tagamlary bilen tapawutlanýar. Ondan meşhur gyzyl çorba, souslar, süýjülikler, doňdurmalar we içgiler taýýarlanylýar. Bu täsin tropiki miwe ýerli halklaryň aşhanasynda möhüm orun eýeleýär.

Papua-Täze Gwineýada we Indoneziýada ösýän mari­ta miwesi özboluşly görnüşi hem-de ondan taýýarlanylýan gyzyl reňkli tagamlary bilen tapawutlanýar. Biologik ady Pandanus conoideus bolan bu miwe ýerli halklaryň iýmit medeniýetinde möhüm orun eýeleýär. Ol marata, kuansu we buah merah ýaly atlar bilen hem tanalýar.

Mari­ta miwesi adaty miwelerden ululygy bilen tapawutlanýar. Onuň uzynlygy 30–120 santimetre, agramy bolsa 7,5 kilograma çenli ýetip bilýär. Miwäni çig görnüşinde iýmek maslahat berilmeýär, adatça, ol bişirilip ýa-da gaýtadan işlenilip ulanylýar.

Bu miweden taýýarlanylýan meşhur tagamlaryň biri «marita sousy» diýlip atlandyrylýan gyzyl çorbadyr. Ony taýýarlamak üçin miwe uzynlygyna üç bölege bölünýär. Soňra onuň daşyndaky gyzyl, däneli gatlak aýrylyp, takmynan ýarym sagat gaýnadylýar. Miwe ýumşandan soň, onuň eti el bilen ezilip, şire görnüşine getirilýär. Alnan şire biraz suw bilen garylyp, ýagly gyzyl çorba taýýarlanylýar. Bu tagam köplenç palma ýapraklary ýa-da ýaşyl sogan bilen iýilýär.

Mari­ta diňe bir çorba taýýarlamak üçin ulanylmaýar. Oňa kelem ýapraklary, kartoşka we beýleki gök önümler goşulyp, dürli tagamlar bişirilýär. Miweden süýjülikler, doňdurmalar, pudingler we içgiler hem taýýarlanylýar.

Ýygnalan mari­ta miwesi, adatça, bir hepde töweregi, bişirilen görnüşi bolsa takmynan 12 sagat saklanýar. Şonuň üçin ony ýygnamak, taýýarlamak we saklamak işlerinde degişli şertleri berjaý etmek möhümdir.

Mari­ta ösümligi pandanus maşgalasyna degişli bolup, onuň boýy 2–3,5 metre ýetýär. Agajyň şahalarynyň ujunda gamşa meňzeş uzyn ýapraklar ýerleşýär. Olaryň uzynlygy 1–2 metre, ini bolsa 10 santimetre çenli bolýar. Baldagynda ownuk tikenleri hem duş gelýär.

Bu ösümlik birnäçe ýyldan soň miwe berip başlaýar. Miwe berýän döwri takmynan 3–4 aý dowam edýär. Her bir düýp ortaça 5–10 miwe getirýär. Mari­tanyň miwesi ösüşiniň ilkinji döwründe açyk gyzyl reňkde bolýar, doly ýetişende bolsa sarymtyl-gyzyl öwüşgine geçýär.

Papua-Täze Gwineýa we Indoneziýanyň käbir sebitlerinde mari­ta ýerli aşhananyň özboluşly önümleriniň biri hasaplanýar. Onuň dürli tagamlary taýýarlamakda ulanylmagy tropiki ösümlikleriň dünýä halklarynyň iýmit medeniýetindäki baý dürlüligini görkezýär.

Источник: Amul Info