Türkmen halkynyň Milli Lideri Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Amul Info · · turkmenbasy, balkan

Türkmen halkynyň Milli Lideri Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ol «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisine görülýän taýýarlyk işleri, halkara…

2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «MilliInfo» neşiri habar berýär.

Gahryman Arkadag paýtagtdan Balkan welaýatyna ugramazyndan öň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda ýurdumyzyň resmi adamlary bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisiniň ähmiýeti barada aýdyldy. Milli Lider bu çäräniň Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilýändigini görkezýändigini belledi.

Şeýle hem Gahryman Arkadag 20-nji noýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen bilelikde guramagynda «Arzuw ganatlary» atly dabaranyň geçiriljekdigini habar berdi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklar berildi.

Milli Lider Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelenden soň, bu ýerde ony resmi adamlar mähirli garşyladylar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisini geçirmek üçin alnyp barlan taýýarlyk işleri barada maglumat berdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna baryp, GDA agza ýurtlaryň parlamentleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşyga GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko hem gatnaşdy.

Duşuşykda Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýylynda Parlamentara Assambleýanyň mejlisiniň ýurdumyzda geçirilmeginiň ähmiýetini nygtady. Gahryman Arkadag 19-njy noýabrda Assambleýanyň Geňeşiniň mejlisiniň, 20-nji noýabrda bolsa 61-nji plenar mejlisiniň geçiriljekdigini belläp, çärä gatnaşyjylara üstünlik arzuw etdi.

Çykyşynyň dowamynda Milli Lider BMG bilen GDA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy we özara utgaşykly hereketleri pugtalandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Ol bu ugurda BMG-niň Baş sekretarynyň GDA-nyň Baş sekretary bilen yzygiderli geňeşmeler geçirmegi baradaky teklibi hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, maksatnamalarynyň, gaznalarynyň we halkara maliýe institutlarynyň GDA bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary barada durup geçdi.

Walentina Matwiýenko duşuşygyň geçirilendigi we oňa döredilen şertler üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Ol Awazada geçirilýän çäreleriň GDA ýurtlarynyň halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge we hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigini belledi.

Iş saparynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen bagly hasabaty hem diňledi. Welaýatyň häkimi R.Jumaýew häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Milli Lider möwsümleýin oba hojalyk çäreleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmeginiň möhümdigini nygtap, degişli işleri ýokary depginde dowam etdirmegi tabşyrdy.

Saparyň ahyrynda Gahryman Arkadag Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelip, ýurdumyzyň resmi adamlary bilen söhbetdeş boldy. Ol GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň we plenar mejlisiniň Awazada ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň Arkalaşygyň çäklerinde parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de Türkmenistanyň halkara giňişligindäki ornuny pugtalandyrmak üçin ähmiýetlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa degişli tabşyryklar berildi.

Источник: Amul Info