Malaýziýanyň 14 nebitgaz kompaniýasynyň wekilleri Türkmenistana geler

Amul Info ·

Malaýziýanyň 14 nebitgaz kompaniýasynyň wekilleri Türkmenistana geler

Saparyň dowamynda B2B hyzmatdaşlygy, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, maýa goýum mümkinçilikleri we nebitgaz infrastrukturasyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Malaýziýanyň nebitgaz pudagynda hyzmatlary we enjamlary bilen meşgullanýan 14 kompaniýasynyň ýolbaşçylary oktýabr aýynda Türkmenistana iş saparyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Saparyň dowamynda iki ýurduň kompaniýalarynyň arasynda B2B hyzmatdaşlygyny ösdürmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we nebitgaz pudagynda maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Malaýziýanyň Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Akmal Nasrulla Mohd Nasir Kuala-Lumpurda geçirilen metbugat ýygnagynda meýilleşdirilýän iş sapary barada maglumat berdi. Işewürler toparynyň sapary Malaýziýanyň döwlet korporasiýasy Malaysia Petroleum Resources Corporation (MPRC) tarapyndan ýurduň halkara bazarlara çykmagyny goldaýan IMAP maksatnamasynyň çäklerinde guralar.

Malaýziýanyň nebitgaz pudagyna hyzmat edýän kompaniýalary üçin Türkmenistan Merkezi Aziýadaky möhüm bazarlaryň biri hökmünde çykyş edýär. Ýurtda köp ýyllaryň dowamynda iş alyp barýan «Petronas Carigali» kompaniýasynyň tejribesi iki ýurduň nebitgaz pudaklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin binýatlaryň emele gelmegine ýardam berdi.

Indiki tapgyrda Malaýziýanyň nebitgaz hyzmatlary, inženerçilik we ýokary tehnologiýalar boýunça ýöriteleşen kompaniýalarynyň Türkmenistandaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirýändigi bellenilýär. Olar buraw işlerini döwrebaplaşdyrmak, nebitgaz infrastrukturasyny ösdürmek, önümçilik desgalarynyň tehniki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak hem-de sanly tehnologiýalary önümçilik proseslerine ornaşdyrmak boýunça çözgütlerini hödürläp bilerler.

Malaýziýanyň OGSE diýlip atlandyrylýan nebitgaz hyzmatlary pudagy takmynan 3 müň kompaniýany öz içine alýar. Bu pudagyň ýyllyk önümçilik möçberiniň 20 milliard ABŞ dollaryna golaýdygy habar berilýär.

Türkmenistanda nebitgaz pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we ekologiýa taýdan has arassa tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler daşary ýurt kompaniýalary üçin täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini döredýär.

Oktýabr aýynda Malaýziýadan geljek işewürler toparynyň sapary iki ýurduň nebitgaz pudaklarynda göni işewür gatnaşyklary ösdürmäge, tehnologiýa tejribesini alyşmaga we täze bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer.

Источник: Amul Info