«Daşoguzpagta» önümçilik birleşigi pagtany gaýtadan işlemek boýunça işleri üstünlikli alyp barýar
Turkmenistan RSS Feed ·
Häzirki günlerde «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalary meýdanlardan gelip gowuşýan täze hasylyň pagtasyny ilkinji senagat taýdan gaýtadan işlemek işlerini bökdençsiz amala aşyrýarlar. Önümçiligiň ýokary depginini saklamaga, esasan, öz wagtynda we ýokary hilli geçirilen taýýarlyk işleri ýardam berýär. Şol işleriň dowamynda arassalaýjy enjamlara we beýleki ýöriteleşdirilen tehnikalara doly tehniki gözegçilik geçirilip, abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi hem-de abatlaýyşdan soňky synaglar amala aşyryldy.
Öz wagtynda görlen çäreler önümçilik ýüküniň iň ýokary derejä ýetýän döwründe enjamlaryň näsazlyk ýüze çykarmak töwekgelçiligini ep-esli azaltmaga, şeýle hem pagta süýüminiň ýokary çykyşyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Hasylyň ýygnalyşynyň möçberlerini we depginlerini göz öňünde tutup, kabul ediş bölümleriniň, guradyjy we arassalaýjy önümçilik ugurlarynyň zerur geçirijilik kuwwatynyň üpjün edilmegi hem işleriň bellenilen depginde alnyp barylmagyna ýardam etdi.
Döwlet tarapyndan pagtaçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmek we berkitmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, häzirki wagtda diňe «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň düzüminde dokuz sany pagta arassalaýjy zawod hereket edýär. Olaryň hatarynda ýylda 40 müň tonna önüm öndürmäge ukyply, tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen iň döwrebap täze kärhana hem-de Köneürgenç etrabynda bir wagtyň özünde 10 müň tonna çig pagtany saklamaga niýetlenen pagta kabul ediş terminaly bar.
Şeýle önümçilik kuwwatlyklarynyň bolmagy sebitde ösdürilip ýetişdirilen orta süýümli pagta sortlarynyň hasylyny ilkinji gezek gaýtadan işlemek we ýokary hilli pagta süýümini, pagta çigidini hem-de beýleki ugurdaş önümleri öndürmek boýunça işleri üstünlikli alyp barmaga mümkinçilik berýär. Olaryň bäsdeşlige ukyply ýokary hilli aýratynlyklary önümlere bolan durnukly islegi üpjün edýär, sebitiň ykdysady we senagat kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, ýurdumyzyň dokma senagatynyň üstünlikli ösdürilmegine hem-de pagtaçylyk pudagynyň eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam berýär.