Aşgabatda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler
Amul Info · · asgabat, ashgabat

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Aşgabatda iş gözleýän raýatlar üçin boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler. 📍 Ýeri: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasy 🕘 Wagty: 09:00–12:00 Ýarmarka iş gözleýän raýatlar bilen işgärlere zerurlygy bolan guramalaryň arasynda göni…
Aşgabat şäherinde iş gözleýän raýatlar üçin boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler. Çäre 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda geçiriler.
Ýarmarkany Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin we Köpetdag etraplarynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde guraýar.
Çärä gatnaşmak isleýän guramalara, kärhanalara, firmalara we telekeçilere 1-nji oktýabra çenli bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlary degişli edaralara tabşyrmak hem-de ýarmarka gatnaşmak teklip edilýär.
Iş gözleýän raýatlara ýarmarka gatnaşanlarynda pasportyny we zähmet depderçesini ýanlary bilen getirmek maslahat berilýär.
Ýarmarka we boş iş orunlary boýunça goşmaça maglumatlary Aşgabat şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginden, şeýle hem Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin we Köpetdag etraplarynyň degişli iş bilen üpjünçilik bölümlerinden hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetinden alyp bolýar.
Çäräniň geçirilmegi Aşgabat şäherinde iş gözleýän raýatlar bilen işgärlere zerurlygy bolan guramalaryň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmaga mümkinçilik berer.