Alp Arslan Begenjow Ýaponiýada geçirilýän Aziýa oýunlaryna ýeňiş bilen başlady

Amul Info ·

Alp Arslan Begenjow Ýaponiýada geçirilýän Aziýa oýunlaryna ýeňiş bilen başlady

Türkmenistanyň erkin göreş boýunça milli ýygyndysynyň agzasy Alp Arslan Begenjow Ýaponiýanyň Nagoya şäherinde geçirilýän XX tomusky Aziýa oýunlarynda ilkinji duşuşygyny ýeňiş bilen tamamlady. 86 kg çenli agram derejesinde çykyş edýän 20 ýaşly pälwan 1/8 finalda Hytaýyň wekili Hade Aýiduşini 5:1…

Türkmenistanyň erkin göreş boýunça milli ýygyndysynyň agzasy Alp Arslan Begenjow Ýaponiýanyň Nagoya şäherinde geçirilýän XX tomusky Aziýa oýunlarynda ilkinji duşuşygyny ýeňiş bilen tamamlady.

20 ýaşly türkmen pälwany 86 kilograma çenli agram derejesinde 2-nji oktýabrda Nagoya City Inae Sports Center sport toplumynda geçirilen 1/8 final duşuşygynda Hytaýyň wekili Hade Aýiduşi bilen göreşdi.

Duşuşykda Alp Arslan Begenjow hasaby 5:1 edip, utuk boýunça ýeňiş gazandy we ýaryşyň çärýek finalyna çykdy.

Indiki tapgyrda türkmen pälwanynyň garşydaşy Mongoliýanyň wekili Suldhu Olonbaýar bolar.

Halkara derejeli sport ussady Alp Arslan Begenjow soňky ýyllarda türkmen erkin göreşinde üstünlik gazanýan ýaş türgenleriň biri hökmünde çykyş edýär. Ol 2024-nji ýylda Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde geçirilen U20 dünýä çempionatynda 86 kilograma çenli agram derejesinde altyn medal gazanyp, Türkmenistanyň bu olimpiýa görnüşindäki ýokary derejeli dünýä ýaryşlarynda ilkinji altyn medalyny getirdi.

2025-nji ýylda Bolgariýanyň Samokow şäherinde geçirilen U20 dünýä çempionatynda bolsa çärýek finala çenli baryp ýetdi. Ýakynda Bratislawada geçirilen 20 ýaşa çenli pälwanlaryň dünýä çempionatynda hem Alp Arslan Begenjow 86 kilogram agram derejesinde bürünç medal gazandy.

XX tomusky Aziýa oýunlary 19-njy sentýabrdan 4-nji oktýabra çenli Ýaponiýanyň Nagoya şäherinde geçirilýär. Bu iri sport ýaryşynda Türkmenistanyň ýygyndysyna jemi 57 adam, şol sanda 8 sport görnüşinde çykyş edýän 34 türgen gatnaşýar.

Alp Arslan Begenjowyň indiki duşuşygy çärýek final tapgyrynda geçiriler.

Источник: Amul Info