CASCA+ ugrunda konteýner gatnawlaryny çaltlandyrmak we bitewi nyrhlar boýunça ylalaşyk gazanyldy
Amul Info ·

Türkmenistanyň we ýene-de bäş ýurduň demir ýol edaralarynyň wekilleri Daşkentde geçirilen duşuşykda CASCA+ halkara ulag ugruny ösdürmek boýunça ylalaşyga geldiler.
Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň demir ýol edaralarynyň wekilleri Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän CASCA+ halkara multimodal ulag ugruny ösdürmek boýunça täze ylalaşyklara geldiler.
Daşkent şäherinde geçirilen degişli edaralaryň wekilleriniň duşuşygynyň jemleri boýunça alty ýurduň arasynda teswirnama gol çekildi. Resminama sebitiň möhüm ulag geçelgeleriniň biri bolan CASCA+ ugrunyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we ýük daşamalaryň netijeliligini artdyrmaga gönükdirilendir.
Ylalaşyklara laýyklykda, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri ýükleriň üznüksiz daşalmagyny üpjün etmek we olaryň barmaly ýerine ýetirilýän wagtyny gysgaltmak bolar. Munuň üçin dürli ulag görnüşleriniň çatryklarynda ýüze çykýan logistiki päsgelçilikleri aradan aýyrmak, konteýnerleriň Hazar we Gara deňiz portlarynda garaşmak wagtyny azaltmak hem-de tutuş ugur boýunça konteýner platformalary bilen yzygiderli üpjünçiligi ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Duşuşykda nyrh syýasatyna hem aýratyn üns berildi. Hususan-da, oba hojalyk önümlerini we çalt zaýalanýan ýükleri sowadyjy konteýnerlerde daşamak üçin ýeňillikli hem-de çeýe tarif şertlerini döretmek boýunça pikir birligi gazanyldy.
Täze çäreleriň ýük daşamalaryň möçberini artdyrmaga, halkara söwda akymlary üçin has amatly şertleri döretmäge we CASCA+ ulag ugrunyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam bermegine garaşylýar. Şeýle hem bu ugur Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ygtybarly gury ýer ulag köprüleriniň biri hökmünde öz ornuny has-da berkitmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň CASCA+ taslamasyna gatnaşmagy ýurduň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Türkmenistanyň ösen demir ýol ulgamynyň utgaşmagy Merkezi Aziýa ýurtlaryny Kawkaz sebiti, Türkiýe we Ýewropa bazarlary bilen baglanyşdyrýan möhüm logistika halkasyny emele getirýär.
CASCA+ ugrunyň ösdürilmegi Türkmenistanyň halkara ulag geçelgelerindäki ornuny pugtalandyrmak, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmak we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.