Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň wekilleri Estoniýanyň sanly kazyýet tejribesi bilen tanyşdylar 2026-njy ýylyň 2

Amul Info ·

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň wekilleri Estoniýanyň sanly kazyýet tejribesi bilen tanyşdylar 20…

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň wekilleri 26–30-njy oktýabrda Estoniýa amala aşyran iş saparynyň dowamynda ýurduň elektron kazyýet ulgamynyň tejribesi bilen tanyşdylar. Saparyň çäklerinde kazyýet önümçiligini sanlylaşdyrmak, döwlet edaralarynyň arasynda elektron maglumat alyş-çalşyny ösdürmek we…

6–30-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň kazyýet ulgamynyň sanly özgertmelerine goldaw bermek» taslamasynyň çäklerinde Estoniýa iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň esasy maksady elektron kazyýet önümçiligini ornaşdyrmakda, häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny ulanmakda we kazyýet dolandyryşyny kämilleşdirmekde halkara tejribesini öwrenmekden ybarat boldy.

Maksatnamanyň çäklerinde Estoniýanyň Ýokary kazyýetiniň, Adalat we sanly işler ministrliginiň wekilleri, şeýle hem kazyýet işgärleri we bilermenler bilen duşuşyklar geçirildi.

Türkmenistanyň wekiliýeti saparyň dowamynda Estoniýanyň elektron kazyýet ulgamynyň (e-Justice) iş tejribesi, onuň kadalaşdyryjy hukuk binýady we döwlet edaralarynyň arasynda elektron maglumat alyş-çalşyny üpjün edýän mehanizmler bilen içgin tanyşdy.

Saparyň möhüm netijeleriniň biri BMGÖM-niň goldawy bilen taýýarlanan Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça Ýol kartasynyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boldy. Estoniýaly hünärmenleriň beren amaly maslahatlarynyň milli ösüş ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp, resminamanyň gutarnykly görnüşine girizilmegi göz öňünde tutulýar.

Bu sapar Türkmenistanyň kazyýet ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we elektron kazyýet önümçiligini ösdürmek boýunça halkara tejribesini öwrenmäge mümkinçilik berdi.

Источник: Amul Info