Amsterdamda geçirilen emeli aň sammitinde Hytaýyň täze işläp taýýarlamalary görkezildi
Amul Info · · g2759794

Niderlandlaryň Amsterdam şäherinde geçirilen Bütindünýä emeli aň sammitinde Hytaýyň kompaniýalary emeli aň we robototehnika ugurlaryndaky täze işläp taýýarlamalaryny görkezdiler. «DeepSeek», «Moonshot» we «Alibaba» ýaly kompaniýalaryň tehnologiýalaryna aýratyn üns berildi. Forumda emeli aňyň…
Niderlandlaryň paýtagty Amsterdamda geçirilen Bütindünýä emeli aň sammitinde (World AI Summit) Hytaýyň kompaniýalary emeli aň we robototehnika ulgamlaryndaky täze işläp taýýarlamalaryny tanyşdyrdylar. Halkara forumyň dowamynda Hytaýyň tehnologiýa pudagyndaky täsiriniň artýandygy we ýurduň dünýäniň innowasion ösüşinde eýeleýän ornunyň güýçlenýändigi aýratyn bellenildi.
Sammitde emeli aňyň howpsuzlygy, täze algoritmleriň işlenip taýýarlanylmagy, emeli aň agentleriniň mümkinçilikleri hem-de bu tehnologiýalary dünýä işewürliginde netijeli ulanmak ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň çäginde geljek ýyl sammitiň aýratyn görnüşini Hytaýda geçirmek baradaky başlangyç hem pikir alşyldy. Bu teklip emeli aň tehnologiýalary boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek we dürli ýurtlaryň tejribesini birleşdirmek bilen baglanyşyklydyr.
«Nvidia» kompaniýasynyň wekili Saýmon Si sammitde eden çykyşynda Hytaýyň innowasion bäsleşikde gazanan üstünliklerine ýokary baha berdi. Ol «DeepSeek», «Moonshot» we «Alibaba» ýaly hytaýly işläp düzüjileriň emeli aň algoritmlerini kämilleşdirmekde gazanan netijelerini aýratyn nygtady.
Emeli aň tehnologiýalarynyň çalt ösýän döwründe şeýle halkara duşuşyklar täze işläp taýýarlamalary tanyşdyrmak, tehnologiýalaryň howpsuz ulanylyşyny ara alyp maslahatlaşmak we olaryň ykdysadyýetde hem-de gündelik durmuşda ulanylyş mümkinçiliklerini giňeltmek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.