Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary logistika kompaniýasynyň işi bilen tanyşdylar
Amul Info · · asgabat, ashgabat

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň logistika hünäri boýunça bilim alýan talyplary «Hazar Logistik» kompaniýasynyň Aşgabatdaky ofisine baryp gördüler. 28-nji oktýabrda geçirilen duşuşykda ýaşlar ýük daşamalaryny guramagyň döwrebap usullary, logistika amallary we…
28-nji oktýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň logistika hünäri boýunça bilim alýan talyplary «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýetiniň Aşgabatdaky ofisine baryp gördüler. Duşuşygyň dowamynda ýaşlar kompaniýanyň işiniň aýratynlyklary, ýük daşamalaryny guramagyň döwrebap usullary we logistika ulgamynyň amaly taraplary bilen tanyşdylar.
Kompaniýanyň bölüm müdirleri we beýleki hünärmenleri talyplar bilen umumy okuw sapagyny geçirip, öz iş tejribelerini paýlaşdylar. Olar ýük daşamak işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, logistika amallaryny sazlaşykly guramagyň hem-de bu ugurda döwrebap çemeleşmeleri ulanmagyň ähmiýeti barada gürrüň berdiler.
Duşuşyk talyplaryň ýokary okuw mekdebinde alan nazary bilimlerini amaly tejribe bilen utgaşdyrmagyna mümkinçilik döretdi. Hünärmenleriň anyk mysallar arkaly beren düşündirişleri geljekki logistleriň bu ugurdaky düşünjelerini giňeltmäge we hünär başarnyklaryny ösdürmäge ýardam etdi.
Şeýle hem talyp ýaşlar kompaniýanyň Aşgabatdaky ofisinde işleriň guralyşy we bölümleriň alyp barýan işleri bilen tanyşdylar. Bu duşuşyk olaryň saýlan hünärine bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda hem-de geljekde logistika ulgamynda netijeli zähmet çekmekleri üçin zerur tejribeleri toplamaga höweslendirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.