Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
Turkmenistan RSS Feed ·
Häzirki döwürde ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän iri möçberli beýik özgertmeleri, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 36 ýyllyk baýramyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýetini, Watanymyzyň dünýädäki belent şan-şöhratyny, milli medeni mirasymyzy we gadymy gymmatlyklarymyzy kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän zehinli döredijilik adamlary ýüze çykarmak, olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmek hem-de höweslendirmek, türkmen edebiýatyny iri göwrümli eserler bilen baýlaşdyrmak, milli sungatymyzy has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti edebiýat, medeniýet, sungat işgärleriniň we döredijilik bilen meşgullanýan beýleki adamlaryň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler. Şeýle hem bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi hem-de dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi yglan edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary “Edebiýat we sungat” gazetinde dolulygyna çap ediler.