ABŞ-da howa gatnawynyň giň gerimli bökdençliginiň sebäbi mälim edildi
Amul Info ·

ABŞ-da köp sanly uçuşyň gijikmegine we wagtlaýyn togtadylmagyna howa hereketini dolandyrýan merkezlerde radar aragatnaşygynyň durnuksyz işlemegi sebäp boldy. Ulag ministri Şon Daffiniň bellemegine görä, bu ýagdaý köne howa gözegçilik ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyny görkezdi. Ministr…
ABŞ-nyň ulag ministri Şon Daffiniň aýtmagyna görä, howa hereketini dolandyrýan merkezlerde radar aragatnaşygynyň durnuksyz işlemegi uçuşlaryň gijikmegine we wagtlaýyn togtadylmagyna sebäp boldy.
«The New York Times» neşirine salgylanyp, «Report» habar gullugynyň habar bermegine görä, ministr bu barada içerki howpsuzlyk ministri Markweýn Mallin bilen bilelikde geçiren metbugat ýygnagynda mälim etdi.
Şon Daffiniň bellemegine görä, ABŞ-nyň Federal awiasiýa administrasiýasy (FAA) uçuşlary togtatmak barada görkezme beren pursadynda 3 500-den gowrak uçar eýýäm howada bolupdyr.
Ulag ministri ýüze çykan bökdençligi howa hereketini dolandyrmak ulgamynyň aşa könelmegi bilen baglanyşdyrdy. Ministrlerden bu ýagdaýyň kiberhüjümiň ýa-da gözegçilikden çykan emeli aňyň netijesi däldigine doly ynam bildirip biljekdikleri soralanda, Markweýn Mallin häzir munuň barada ýüz göterim kepillik bermegiň mümkin däldigini, emma ilkinji maglumatlara görä, munuň şeýle däldigini aýtdy.
Neşiriň ýazmagyna görä, Şon Daffi soňky birnäçe aýyň dowamynda howa hereketini dolandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin Kongresden goşmaça 30 milliard dollar bölünip berilmegini talap edip gelýär. Uçuşlardaky bökdençlikden soň bolsa, ministr bu maksat üçin indi 50 milliard dollar gerekdigini mälim etdi.