Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda wodorod energetikasy ulgamyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
Turkmenistan RSS Feed ·
2026-njy ýylyň 14-16-njy oktýabry aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Ýaponiýa sapary amala aşyryldy. Saparyň esasy maksady ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek we wodorod energetikasy ulgamyndaky özara gatnaşyklary giňeltmekden ybarat boldy.
Saparyň çäklerinde Sukuba Uniwersitetiniň Prezidenti Keýsuke Nagata bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek, hünärmenleri taýýarlamak we tebigy gazdan wodorod öndürmegiň innowasion tehnologiýalaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Tsukuba Uniwersitetiniň arasynda 2025-nji ýylyň 7-nji aprelinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň öňüsyrasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda ösdürilýär.
15-nji oktýabrda wekiliýet Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň (METI) Tebigy serişdeler we energetika agentliginiň hem-de Täze energiýa we senagat tehnologiýalaryny ösdürmek guramasynyň (NEDO) wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Şeýle hem wekiliýet Chiyoda korporasiýasynyň Kiyasu Research Park ylmy-barlag merkezine baryp gördi. Mundan başga-da, Tsukuba Uniwersitetiniň Wodorod baglanyşyklaryny öwreniş merkeziniň (HBRC) we TIAR ylmy-barlag institutynyň işi bilen tanyşdy.
Hünärmenleri taýýarlamak meselesine aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üç mugallymy Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) goldawy bilen durmuşa geçirilýän «SDGs Global Leader» maksatnamasynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde hünärlerini ýokarlandyrýar.
Bu sapar Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak başlangyjyny durmuşa geçirmekde ýene bir ädim boldy, bilelikdäki ylmy-barlag işleri we wodorod energiýasyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.