Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen bagly maglumatlaryň aýdyňlygyny üpjün etmek boýunça mümkinçiliklerini pugtalandyrýar

Turkmenistan RSS Feed ·

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde «Howa maglumatlaryndan tehnologiýalara tarap: “Pariž ylalaşygyna laýyklykda Giňeldilen aýdyňlyk çarçuwasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly taslama bagyşlanan tematiki sessiýa geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen bilelikde guraldy.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri ýurduň Pariž ylalaşygynyň maksatlaryna ygrarlydygyny nygtap, howanyň üýtgemegi bilen bagly amaly çäreleri durmuşa geçirmekde ygtybarly howa maglumatlaryny we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmagyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem Merkezi Aziýa üçin Sebitleýin howa tehnologiýalary merkezini döretmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjyna aýratyn üns berildi. Bu merkez sebitde halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek we innowasion çözgütleri ornaşdyrmak üçin geljegi uly platforma hökmünde häsiýetlendirildi.

Sessiýanyň işine türkmen tarapyndan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory M. Kuliýewa hem gatnaşdy. Çäräniň moderatorlygyna FAO-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekiliniň orunbasary, FAO-nyň Merkezi Aziýa boýunça kiçi sebit utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Nabil Ganjy çykyş etdi.

Gatnaşyjylaryň esasy ünsi milli derejede howa maglumatlaryny ýygnamak, seljermek we hödürlemek ulgamlaryny kämilleşdirmek, şeýle hem howa görkezijilerine gözegçilik etmek we olara baha bermek boýunça häzirki zaman gurallaryny ornaşdyrmak meselelerine gönükdirildi.

Sessiýanyň dowamynda Pariž ylalaşygynyň çäklerinde kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişiniň aýdyňlygyny ýokarlandyrmak, institusional mümkinçilikleri pugtalandyrmak we daşky gurşawy goramak boýunça netijeli çäreleri işläp taýýarlamakda howa maglumatlaryndan peýdalanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň geçirilmegi milli howa hasabatlylygy ulgamyny kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmaga we amaly çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem Türkmenistanyň bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam etdi.

Источник: Turkmenistan RSS Feed