Aşgabatda «Garri Potter» filmleriniň meşhur sazlary orkestriň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar

Amul Info · · asgabat, ashgabat

Aşgabatda «Garri Potter» filmleriniň meşhur sazlary orkestriň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar

8-nji dekabrda Aşgabatdaky Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda «Garri Potter we Tahyr Ataýewiň orkestri» atly konsert geçiriler. Onda meşhur film toplumynyň sazlary janly orkestriň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar, uly ekranda bolsa filmlerden ýatda galyjy sahnalar görkeziler. Petekler we…

8-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda «Garri Potter we Tahyr Ataýewiň orkestri» atly sazly agşam geçiriler. Konsertde ýaş jadygöý baradaky meşhur filmler toplumynyň tomaşaçylara tanyş bolan sazlary janly orkestriň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar.

Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestriň ýerine ýetirmegindäki sazlar diňleýjilere Hogwartsyň jadyly dünýäsine gaýdyp barmaga, filmleriň ýatda galyjy pursatlaryny ýatlamaga mümkinçilik berer.

Konsertiň aýratynlygy sazlaryň wizual şekiller bilen utgaşdyrylmagydyr. Uly ekranda «Garri Potter» filmleriniň ähli bölümlerinden saýlanan pursatlar görkeziler. Şeýlelikde, tomaşaçylar meşhur kino eserleriniň sazlaryny we täsirli sahnalaryny bir wagtyň özünde synlap bilerler.

Joann Roulingiň döreden jadyly dünýäsiniň aýrylmaz bölegine öwrülen bu sazlar dünýäniň dürli künjeklerinde millionlarça tomaşaçynyň söýgüsini gazandy. Konsertde olaryň janly ýerine ýetirilmegi diňleýjilere tanyş heňleri täze duýgular bilen kabul etmäge mümkinçilik berer.

Petekleri almak we goşmaça maglumatlary bilmek üçin 55-90-15 ýa-da +993 62 53-28-71 telefon belgilerine ýüz tutup bolýar. Şeýle hem maglumatlar orkestriň Instagram sahypasynda (@tahir_atayev_string_orchestra) ýerleşdirilýär.

Источник: Amul Info