Kaktusda ösýän «tikenli armyt»: täsin miwäniň aýratynlygy

Amul Info ·

Kaktusda ösýän «tikenli armyt»: täsin miwäniň aýratynlygy

«Tikenli armyt» Merkezi Amerikadan gelip çykan ekzotik miwe bolup, häzirki wagtda birnäçe ýurtlarda ösdürilip ýetişdirilýär. Ol kaktusyň ýasy, tikenli şahalarynda ösýär we daşky görnüşi gyzyl-gülgüne öwüşginlidir.

Ýewropa ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýän ekzotik miweleriň arasynda kaktusda ösýän «tikenli armyt» hem aýratyn orun eýeleýär. Daşy tikenli bu miwe Merkezi Amerikadan gelip çykyp, häzirki wagtda birnäçe ýurtlarda giňden ösdürilip ýetişdirilýär.

«Tikenli armyt» diýlip atlandyrylýan miwe kaktusyň adaty şahalarynda däl-de, onuň ýasy we tikenli ýapraklarynda ösýär. Miwäniň daşky görnüşi gyzyl-gülgüne öwüşginli bolup, üstünde örän inçe we ownuk tikenler bolýar. Şol sebäpli oňa käbir ýerlerde «aždar injiri» hem diýilýär.

Bu miwe geçmişde adalarda ýaşaýan halklaryň iýmitleriniň biri bolupdyr. Kenarýaka sebitlerinde ýaşaýan halklaryň arasynda bolsa «adanyň banany» diýen at bilen hem tanalýar.

«Tikenli armydyň» tagamy garpyzyň we kiwiniň tagamlarynyň utgaşmasyny ýatladýar. Ýumşak we şireli miwäniň düzümindäki ownuk tikenler bolsa ony ýygnamakda we iýmekde seresaplygy talap edýär.

Miwäni ýygnamak üçin adatça ellik geýilýär ýa-da ony kagyza dolap tutulýar. Iýmezden öň bolsa gabygyny örän seresaplyk bilen arassalamaly.

«Tikenli armydy» köpçülikleýin bazara çykarýan daýhanlar miweleriň ownuk tikenlerinden saplanmagy üçin özboluşly usuldan peýdalanýarlar. Olar ýygnalan miweleri içi suw bilen doldurylan neýlon haltajyga salyp, ony iki baka çaýkaýarlar. Şeýle edilende miweler biri-birine sürtülýär we olaryň üstündäki inçe tikenler aňsatlyk bilen aýrylýar.

Şeýlelikde, adaty bolmadyk görnüşi we özboluşly tagamy bilen «tikenli armyt» dünýäniň dürli künjeklerinde gyzyklanma döredýän ekzotik miweleriň biri bolmagynda galýar.

Источник: Amul Info