Gyrgyzystanda dolandyryş-çäk özgertmeleriniň täze tapgyry geçirilýär

Amul Info ·

Gyrgyzystanda dolandyryş-çäk özgertmeleriniň täze tapgyry geçirilýär

Gyrgyzystanda dolandyryş-çäk ulgamyny özgertmegiň ikinji tapgyry taýýarlanylýar. Meýilnama laýyklykda, oblastlary we raýonlary ýatyryp, olaryň ýerine 20-den gowrak aýmak döretmek göz öňünde tutulýar. Özgertmeleriň ilkinji tapgyry 2023-nji ýylda başlanyp, käbir raýonlaryň serhetleri üýtgedildi we…

Gyrgyzystanda dolandyryş-çäk ulgamyny özgertmegiň ikinji tapgyrynyň çäklerinde oblastlary we raýonlary ýatyryp, olaryň ýerine 20 aýmak (okrug) döretmek meýilleşdirilýär. Bu barada ýurduň Ýerli öz-özüňi dolandyryş işleri boýunça döwlet agentliginiň direktory Elçibek Žantaýew habar berdi.

«Kabar.kg» agentliginiň maglumatyna görä, özgertmeleriň netijesinde ýurduň dolandyryş gurluşynda düýpli üýtgeşmeler bolup, aýmaklaryň sany 20-den geçer diýlip garaşylýar.

Gyrgyzystanda dolandyryş-çäk özgertmelerine 2023-nji ýylda badalga berildi. Birinji tapgyrda käbir raýonlaryň serhetleri üýtgedildi we birnäçe ilatly ýer şäherleriň düzümine goşuldy.

Häzirki wagtda ýurtda 40-dan gowrak raýon, 7 oblast we 33 şäher bar. Meýilleşdirilýän özgertmeler ýerli dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Источник: Amul Info