Türkmenistanda täze senagat kärhanalarynyň gurluşygy meýilleşdirilýär

Amul Info ·

Türkmenistanda täze senagat kärhanalarynyň gurluşygy meýilleşdirilýär

🏭🇹🇲 Türkmenistanda täze senagat kärhanalarynyň gurluşygy meýilleşdirilýär Türkmenistanda ýakyn ýyllarda dürli ugurlarda täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek boýunça iri taslamalar durmuşa geçiriler. Lebapda gurluşyk garyndylary we gipsokarton, Balkan welaýatynda karbamid, Daşoguzda azotly…

Türkmenistanda ýakyn ýyllarda senagatyň dürli ugurlarynda täze önümçilik kärhanalaryny gurmak boýunça birnäçe iri taslamany durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy .

Döwlet Baştutany Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda gurluşyk garyndylaryny we gipsokarton önümlerini öndürjek döwrebap kärhananyň şu ýylyň dowamynda işe giriziljekdigini belledi.

Şeýle hem Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän täze toplumyň gurluşygynyň dowam edýändigi habar berildi. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynyň düzüminde bolsa mineral dökünleri öndürýän önümçilik toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Mejlisdäki çykyşynda täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek boýunça meýilleşdirilýän beýleki taslamalar barada hem maglumat berildi. Şolaryň hatarynda:

Mundan başga-da, Daşoguz welaýatynda ýyllyk kuwwaty 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlemäge we ösümlik ýagyny öndürmäge niýetlenen täze kärhananyň düýbüni tutmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň çäklerinde hem täze önümçilik taslamasynyň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şol tapgyryň çäklerinde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gaz öndürmäge niýetlenen döwrebap zawodyň gurluşygyna badalga berildi.

Täze gaz önümçilik desgasynyň işe girizilmegi bilen ýakyn geljekde 1 müňden gowrak täze iş ornunyň döredilmegine garaşylýar.

Döwlet Baştutany çykyşynda Türkmenistanda geçirilýän ykdysady özgertmeleriň esasy maksatlarynyň biriniň ýurdy ösen senagat we ýokary tehnologiýaly önümçilik merkezi hökmünde ösdürmekden ybaratdygyny belledi.

Täze önümçilikleriň döredilmegi ýerli çig maly gaýtadan işlemegiň mümkinçiliklerini giňeltmek, içerki bazary dürli görnüşli önümler bilen üpjün etmek we täze iş orunlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär.

Источник: Amul Info