Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hytaý kalligrafiýasy boýunça onlaýn bäsleşige gatnaşarlar
Amul Info ·

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Hytaý kalligrafiýasynda halk pähimleriniň estetik sazlaşygy» atly onlaýn bäsleşigi geçirer. Bu barada bäsleşigiň Düzgünnamasynda habar berilýär.
Bäsleşik Aşgabat wagty bilen sagat 15:00-da ZOOM platformasy arkaly wideoaragatnaşyk görnüşinde başlanar. Oňa «Hytaý dili we edebiýaty» hünäri boýunça bilim alýan, şeýle hem hytaý dilini okuw dersi hökmünde öwrenýän talyplar gatnaşyp bilerler. Ýurdumyzdaky her bir ýokary okuw mekdebinden bäsleşige alty talyp gatnaşmaga hukuklydyr.
Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylara halk pähimlerini we nakyllaryny kalligrafiýa serişdeleriniň kömegi bilen ýazmak, ýazuwda estetiki sazlaşygy gazanmak tabşyrylar. Ýumuşlar onlaýn wideoaragatnaşyk platformasynyň çat bölüminde paýlaşylar. Olary ýerine ýetirmek üçin 45 minut wagt berler.
Bäsleşik tamamlanandan soň, gatnaşyjylar wideoaragatnaşykdan çykmazdan, 10 minudyň dowamynda ýerine ýetiren işlerini kafedragundogar@gmail.com elektron poçta salgysyna ibermelidirler. Işleriň ugradylmagy jogapkär mugallymyň web-kameranyň öňünde bolmagynda amala aşyrylmalydyr.
Bäsleşige gatnaşjak talyplar baradaky maglumatlar bellenilen görnüşde şol elektron poçta salgysyna 28-nji oktýabra çenli iberilmelidir.
«Hytaý dili we edebiýaty» hünäri boýunça okaýan talyplaryň işleri hytaý dilini okuw dersi hökmünde öwrenýän talyplaryň işlerinden aýratynlykda bahalandyrylar. Eminler topary işlere seljerme geçirip, bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlär.
Bäsleşigiň netijeleri 9-njy noýabra çenli Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň resmi web sahypasynda — tdmugi.edu.tm — ýerleşdiriler. Ýeňijiler institutyň diplomlary bilen sylaglanar.
Bäsleşik barada goşmaça maglumat almak üçin +993 62 65 12 59 we +993 64 20 95 73 telefon belgilerine ýa-da kafedragundogar@gmail.com elektron poçta salgysyna ýüz tutup bolýar.