Türkmen lukmanlary Samarkantda geçirilen halkara saglygy goraýyş forumlaryna gatnaşdylar
Amul Info ·

Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti 20–23-nji oktýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen halkara saglygy goraýyş forumlaryna gatnaşdy. Çärelerde çagalaryň onkologik kesellerini bejermegiň döwrebap usullary, takyk onkologiýa, gen terapiýasy…
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti 20–23-nji oktýabr aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde iş saparynda boldy . Türkmen hünärmenleri «Silk Road Samarkand» kongres merkezinde geçirilen «Çagalaryň abadançylygyna maýa goýumlary: geljek nesiller üçin durnukly we adalatly ösüşe tarap ýol» atly Bütindünýä sammitine hem-de Çagalaryň onkologiýasy we gematologiýasy boýunça II halkara kongresine gatnaşdylar.
Halkara çäreleriň dowamynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we dünýäniň öňdebaryjy ylmy merkezleriniň hünärmenleriniň çykyşlary diňlenildi. Gatnaşyjylar çagalaryň arasynda duş gelýän onkologik keselleri bejermegiň döwrebap usullaryny, takyk onkologiýany, gen terapiýasyny we öýjük transplantasiýasyny lukmançylyk tejribesine ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Samarkant döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem boldy. Ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda lukmançylyk bilimi we ylmy barlaglar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garaldy.
Taraplar mugallymlaryň we talyplaryň akademiki alyş-çalşygyny ýola goýmak, tejribe alyşmak hem-de bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmek boýunça ylalaşyklary gazandylar. Şeýle-de türkmen wekiliýetiniň agzalary uniwersitetiň kafedralarynyň, döwrebap barlaghanalarynyň we taryhy muzeýiniň işi bilen tanyşdylar.
Samarkantda geçirilen halkara çäreler türkmen hünärmenlerine dünýä lukmançylygynyň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmäge, çagalaryň saglygyny goramak boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de iki ýurduň lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berdi.