AŞGABAT BILELIKDÄKI BAŞLANGYÇLARY DURMUŞA GEÇIRMEK ÜÇIN MAÝA GOÝUM HYZMATDAŞLYGYNYŇ ÖSDÜRILMEGINE HEMMETARAPLAÝYN ÝARDAM BERER
yashlar.gov.tm · · asgabat, ashgabat

Türkmenistanyň paýtagtynda ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi bilen Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bilelikde guralan maýa goýum forumy öz işini tamamlady. Giň gerimli çäre döwlet edaralarynyň ýokary wezipeli wekillerini, halkara maliýe institutlarynyň, degişli guramalaryň we öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Foruma möhüm işewürlik öwüşginini Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň çykyşy berdi. Ol daşary ýurt maýasyny çekmek, infrastrukturany ösdürmek we dünýä ykdysady proseslerine goşulyşmak babatda ýurdumyzyň strategik ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi. Foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, daşary işler ministriniň orunbasary dünýäde energetika, logistika we önümçilik zynjyrlarynyň düýpli özgerýän şertlerinde maýa goýumlaryň ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýandygyny belledi. «Dünýä ykdysadyýetiniň energetika, logistika we önümçilik zynjyrlaryndaky gurluşlaýyn özgerişlere uýgunlaşmagyny dowam etdirýän şertlerinde maýa goýumlaryň durnukly akymynyň üpjün edilmegi milli ykdysadyýetleri döwrebaplaşdyrmagyň, täze iş orunlaryny döretmegiň we adamlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň esasy şertine öwrülýär» diýip, A. Gurbanow belledi. Diplomat ýurdumyzda maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigine hem ünsi çekdi. Hususan-da, maýadarlaryň hukuklaryny goramak, salgyt we gümrük düzgünleşdirmesi, şeýle hem döwlet-hususy hyzmatdaşlygy babatda kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär. Daşary ýurt maýasyny erkin ykdysady zolaklarda ýerleşdirmek üçin mümkinçilikleri giňeltmäge aýratyn üns berilýär. A. Gurbanow esasy mysallaryň biri hökmünde Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny görkezdi. Bu zolak sebit derejesindäki...