Balkan welaýat tapgyry geçirildi

Turkmenistan RSS Feed · · balkanabat, balkan

Balkan welaýat tapgyry geçirildi

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ̶ bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda guralan bäsleşik baý mazmuna, egsilmez joşguna, aýratyn ähmiýete eýe boldy. Oňa welaýatyň etraplardyr şäherler boýunça geçen tapgyrlarynda ýeňiji bolan çeper elli gelin-gyzlar işjeň gatnaşdylar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden bu bäsleşigi ýokary işjeňligi, şatlyk-şowhuny bilen tapawutlandy. «Türkmen keşdeçilik sungaty ̶ milli mirasymyz» atly bu bäsleşik ýatdan çykmajak özboluşly, gyzykly pursatlary özünde jemledi. Ajaýyp bäsleşik halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän medeni mirasynyň naýbaşy derejedäki nusgalarynyň biri bolan keşdeçilik sungatynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täzeçe, döwrebap öwüşginlere beslenýändiginiň ýene bir mertebe aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ösüp gelýän ýaş nesillerde milli keşdeçilik sungatyna bolan höwes- söýgini has-da artdyryp, ony wagyz etmegi maksat edinen bäsleşikde oňa gatnaşyjylar keşdeçilik sungatyna, taryhy eýýamymyza ýürek buýsançlaryny joşgunly ýerine ýetirdiler. Olar bäsleşigiň şertlerine görä, keşde çekmäge görýän deslapky taýýarlyklary hakynda gürrüň bermek bilen, bu işleri ezberlik bilen amal edip görkezdiler. Bäsleşigiň dowamynda sünnäläp taýýarlan owadan keşde-nagyşlarynyň, biri-birinden üýtgeşik gelen el işleriniň tarypyny şygyrlaryň, gazallaryň üsti bilen ýetirdiler. Özleriniň nusgalyk görnüşlerde tiken, keşdelän milli lybaslaryny hem geýip, olaryň waspyny çeper sözler, rowaýatlar, goşgular arkaly mynasyp beýan etdiler. Şeýle-de täze taryhy döwrümizde döredip berlen döwrebap şertlerdir mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolup, ägirt uly işleriniň mundan beýläл hem hemişe rowaçlyklara ulaşmagyny arzuwladylar.

Täsirli, şowhunly geçen bäsleşigiň jemleri boýunça welaýatyň Esenguly etrabynyň çeper elli zenanlaryndan düzülen topar 1-nji orna mynasyp bolup, onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bu bäsleşikde Balkanabat şäheriniň we Türkmenbaşy şäheriniň toparlary bolsa degişlilikde 2-nji, 3-nji orunlary eýelediler. Ýeňijilere hem-de bäsleşige gatnaşyjylaryň hemmesine ýörite sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Источник: Turkmenistan RSS Feed