BAE-niň Prezidenti «Flydubai» awiakompaniýasynyň uçarmanlaryny döwlet sylagy bilen sylaglady
Amul Info ·

BAE-niň Prezidenti Muhammed ben Zaýed Al Nahaýýan «Flydubai» awiakompaniýasynyň uçarmanlaryny döwlet sylagy bilen sylaglady. Olar 30-njy sentýabrda Dubaýdan Tel-Awiwe uçýan uçarda ýüze çykan howpsuzlyk wakasy wagtynda görkezen edermenligi we hünär ussatlygy üçin birinji derejeli Zaid II ordenine…
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Muhammed ben Zaýed Al Nahaýýan «Flydubai» awiakompaniýasynyň uçarmanlaryny uçary basyp almaga synanyşyk wagtynda görkezen edermenligi üçin birinji derejeli Zaid II ordeni bilen sylaglady.
TASS agentliginiň Dubaýyň hökümetiniň metbugat gullugynyň «X» sosial ulgamynda ýerleşdiren maglumatlaryna salgylanyp habar bermegine görä, döwlet sylagyny Dubaýyň mirasdüşer şazadasy Hamdan ben Muhammed Al Maktum gowşurdy. Ol uçarmanlaryň hereketlerini ýokary jogapkärçiligiň we hünär borjunyň nusgasy hökmünde häsiýetlendirdi.
Waka 30-njy sentýabrda Dubaýdan Tel-Awiwe ugur alan «Flydubai» uçarynda bolup geçdi. Howpsuzlyk bilen bagly ýagdaý sebäpli uçar Saud Arabystanynyň Tabuk şäherindäki howa menziline gyssagly gondy.
Saud Arabystanynyň Içeri işler ministrliginiň 1-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, uçaryň ikinji uçarmany baş uçarmana hüjüm edipdir. Netijede, ekipažyň iki agzasy hem şikes alypdyr.
Häzirki wagtda Birleşen Arap Emirlikleriniň degişli edaralary wakanyň sebäplerini we ähli ýagdaýlaryny anyklamak boýunça derňew işlerini dowam etdirýärler.