Belet platformasynda Ewerestiň rowaýata öwrülen alpinisti Tenzing Norgaýyň durmuşy baradaky film görkezilip başlandy

Amul Info ·

Belet platformasynda Ewerestiň rowaýata öwrülen alpinisti Tenzing Norgaýyň durmuşy baradaky film gö…

Belet sanly platformasynda dünýäniň iň beýik nokady bolan Ewereste ilkinji bolup çykan alpinistleriň biri Tenzing Norgaýyň durmuşy baradaky «Tenzing» atly film elýeterli boldy. Hakyky wakalara esaslanýan filmde onuň ýönekeý şerpalykdan tejribeli dag ýolbeletine çenli geçen ýoly, kynçylyklary ýeňip…

Belet sanly platformasynda meşhur şerpa Tenzing Norgaýyň durmuşy barada gürrüň berýän «Tenzing» atly terjimehal we başdan geçirmeler žanryndaky drama filmi elýeterli boldy. Tenzing Norgaý 1953-nji ýylda täze zelandiýaly alpinist Edmund Hillary bilen bilelikde dünýäniň iň beýik nokady bolan Ewerest dagynyň depesine ilkinji bolup çykan dag alpinistleriniň biri hökmünde taryha girdi.

Awstraliýanyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň we Nepalyň bilelikde döreden filmi hakyky wakalara esaslanýar. Onda Tenzing Norgaýyň ýaklaryň bakuwçysyndan başlap, tejribeli dag ýolbeletine çenli geçen ýoly beýan edilýär.

Filmiň awtorlary baş gahrymanyň şahsy göreşine, onuň kynçylyklary ýeňip geçmegine we Ewerest dagyna bolan ruhy garaýşyna aýratyn üns berýärler. Tenzing üçin Ewerest diňe bir basylyp alynmaly belentlik bolman, eýsem mukaddes dag hasaplanypdyr.

«Tenzing» filmi tomaşaçylara dünýä alpinizminiň taryhynda möhüm orun eýeleýän şahsyýetiň durmuşyny we onuň beýik maksada ýetmek ugrunda geçen ýoluny açyp görkezýär.

Источник: Amul Info