Türkmenistan türki döwletlere media hyzmatdaşlygynyň bäş ugruny teklip etdi

Amul Info ·

Türkmenistan türki döwletlere media hyzmatdaşlygynyň bäş ugruny teklip etdi

Türkmenistan türki döwletleriň arasynda media hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça bäş ugurdan ybarat teklipleri öňe sürdi. Ankarada geçirilen «Türk dünýäsinde media we kommunikasiýalar» forumynda Annasähet Kakaýew ygtybarly maglumat alyş-çalşygyny, bilelikdäki media taslamalaryny, sanly mazmuny…

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew Ankarada geçirilen «Türk dünýäsinde media we kommunikasiýalar» atly panel mejlisinde çykyş etdi. 2026-njy ýylyň 30–31-nji oktýabrynda geçirilýän forum Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýalar müdirligi tarapyndan guraldy.

Türk dünýäsiniň dialog forumyna ilkinji gezek gatnaşýan Annasähet Kakaýew öz çykyşynda maglumatlaryň halklary ýakynlaşdyrmakda we jemgyýetçilik pikirini kemala getirmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Onuň nygtamagyna görä, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň esasy wezipesi özara ynamy we hormaty berkitmekden ybaratdyr. Maglumatlaryň ýaýraýyş tizliginiň artmagy bolsa olaryň takyklygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmegiň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.

Türkmenistanyň wekili türki döwletleriň arasyndaky media hyzmatdaşlygyny ösdürmek we maglumat alyş-çalşygynyň mazmunyny baýlaşdyrmak maksady bilen bäş ugur boýunça tekliplerini öňe sürdi.

Birinji teklip telewideniýe we radio ýaýlymlarynyň, şeýle hem habarlar agentlikleriniň arasynda ygtybarly maglumatlaryň alyş-çalşygyny giňeltmek bilen baglydyr.

Ikinji ugur bilelikdäki media taslamalaryny durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar. Şunda türki halklaryň umumy taryhy we medeni mirasy barada telewizion gepleşikleri, dokumental filmleri hem-de söhbetdeşlikleri taýýarlamak, olary dürli dillerde subtitrler we seslendirme arkaly ýaýratmak teklip edildi.

Üçünji teklip sanly giňişlikde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Bu ugurda ýaş tomaşaçylar üçin häzirki zaman formatlarynda milli mazmunly media önümlerini döretmek boýunça tejribe alyşmagyň zerurdygy bellenildi.

Dördünji ugur maglumatlaryň ygtybarlylygyny we media sowatlylygyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Annasähet Kakaýew maglumat çeşmelerini barlamagyň, faktlary deňeşdirip seljermegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle-de emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň aç-açanlyk, awtorlyk hukuklaryna hormat goýmak, şahsy maglumatlary goramak we taryhy hakykaty ýoýmazlyk ýörelgelerine esaslanmalydygyny belledi.

Bäşinji ugur ýaş žurnalistleriň, redaktorlaryň, režissýorlaryň, operatorlaryň, ses we sanly tehnologiýalar boýunça hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmagy öz içine alýar. Munuň üçin ussatlyk sapaklaryny, okuw maslahatlaryny we hünär tejribeligini guramak, şeýle hem telewideniýe, radio we kino arhiwlerini sanly görnüşe geçirmek teklip edildi.

Bu başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň wekili türki döwletleriň media edaralarynyň arasynda yzygiderli iş gatnaşyklaryny ýola goýmagy we möhüm medeni hem-de media wakalary barada öňünden maglumat alyşmagyň mehanizmlerini işläp düzmegi teklip etdi. Şunda hyzmatdaşlygyň gatnaşyjy taraplaryň milli kanunçylygyna we redaksion garaşsyzlygyna hormat goýmak esasynda alnyp barylmalydygy aýratyn nygtaldy.

Çykyşynyň ahyrynda Annasähet Kakaýew Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýandygyny ýatlatdy. Ol Türkmenistanyň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we umumy bähbitler ýörelgeleri esasynda türki döwletler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Şeýle-de ol Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge we sanly tehnologiýalardan giňden peýdalanmaga aýratyn üns berilýändigini nygtady.

Источник: Amul Info